18:49
Isgender Zülkarneýn we äjit-mäjit

Zülkarneýn ady Gurhanda bir näçe gezek agzalýar we biziň döwrümizde Zülkarneýni Aleksandr Makedonskiý bilen bir adam hasap edýärler. Hakykatyň nirededigi maňa belli däl, eger Aleksanr taryhy şahs bolan bolsa, Zülkarneýn ertekilerdäki patyşany ýatladýar. Sebäbi Zülkarneýn günüň ýaşýan ýerine çenli barýar we günüň bir batga çümýänini görýär. Bu informasyýa Gurhanda bar we şu wagtky ylymy diýseň oňaýsyz ýagdaýa goýýar. Şol sebäpden Gurhanyñ şol aýatyny her tüýsi ýoýmaga synaşýarlar. Hamala gün günbatarda bir batga batýar, bu bolsa günbataryň abraýyň gowy däldigini Gurhan öňden gürüpdir diýjek bolýarlar, we ýene şoňa meňzeş traktowkalar. Meniň pikirimçe bar zat ýönekeý we harpma harpmyka diýýän. Ýadro energetika barada azda kände düşünýän adamlar, günüň näme üçin batka batýanyny düşünmekleri hem mümkin? Iň birinji boýun almaly zat, ýer togalak däl, gün diýen zat ep-esli kiçi we ýeriň ýüzünden aýlanýar. Ýadro elektro stansyýalarynda bolşy ýaly, çenden aşa gyzýan elementlary, aram aram sowatmaly bolýar. Gün hem 24 sagadyň içinde bir gezek sowadylýan bolmagy ähtimal? Ýadro sterzenlary, Deýteri atly agyr suwa batyrylýär, eger şeýle edilmese, sterzenler çenden aşa gyzýar we iň soňunda partlaýar. Kurany Kerimde agzalan güne degişli proseslar, ýadro elektro stansyýalaryndaky proseslara diýseň meňzeş. (Gün radiasyýasy diýip eşdip görüpmidiňiz?). Elbetde hakykatyň nirededigini ýer ýüzüni dolandyrýan adamlar bilýär, emma hakykaty adamlara aýtsaň, -bu zatlary kim ýasady? -Diýen oňaýsyz soraglar başlaýar we iň soňunda Hudaýyň bardygynyň subutnamalary daşyna çykýar, öz özünden. Gepiň gysgasy geçmişde bir ýerde güýçli bir Patyşa bolupdyr we hakyky dünýä göz ýetirmek maksady bilen, günüň ýaşýan tarapyna ýöräpdir. Az ýöräp köp ýöräp, iň soňynda ýeriň çägine ýetipdir. Elbetde Zülkarnaýyň ýolunda ýatan ýat ýurtlar ony öz üstünden göýbermeseler göübermezdiler, ýöne güýçli goşunly we Hudaýyň gullugyndaky adam, ähli zady böwsüp geçen bolmalyda? Biziň göwnümize geçmişde bir zatlar bolup geçipdir diýseler, hemişe elleri gylyçly, atly ýaragly adamlar janlanýar. Ýöne Kuranda agzalýan Zülkarnaýyň döwründe bar zat beýle ýönekeý däl bolmaly? Eger çakym çak bolsa, Zülkarnaý 5-nji rasaň (nesliň) döwründe ýaşan bolmaly? Piramidalary guran nesliň döwründe. Şol nesliň adamlarynyň boýlary 5-7 metr bolupdyr, özleri bolsa 4-5 müň ýyl ýaşapdyrlar, tehniki taýdan ösüşleri, biziň döwrümizden hem öňde bolupdyr. Ýeri gelende aýtsam, biziň neslimiz şu wagt şolardan galan tilsimatlary ulanyp ýör. Garaz Zülkarnaý nirä baryp ýeten bolsada, atly ýaragly dälde, fantastiki ähende ýasalan uçýan gämilerde ýeten bolmaly? Zülkarnaýyň ikinji duralgasy, bu ýeriň iň çetki nokady. Ol ýerde ýaşaýan adamlar, adam diline zordan düşünýärler we Zülkarnaýdan, dagyň deşigini ýamap bermegi haýyşt edýärler. Sebäbi ol ýerden Äjit we Mäjit atly milletler çykýarmyşynlar, we ýer ýüzüne biabraýçylyk ekýärmişler. Şu ýerde Kerimi Kuranda aýdylýan zatlary aksiýoma diýip kabul etmeli we nämeleriň bolýanyna düşünjek bolmaly. Aksioma bolanda subutnamasyz kabul edilýän hakykat. Mysal üçin asmanyň reňki gök, ot çöpler ýaşyl we ş.m. Dagyň aňarsynda ýaşaýan bir millet halk bar, ol daglardan geçmek üçin ýekeje geçelge bar. Eýsem ýer ýüzüýnde şeýle ülke barmy näme? Daglaryň gurşawundan çykyp bolmaýan ülke? Bize belli hiç bir ýerde beýle ülke ýok, diýmek bize belli bolmadyk dagly bir ülke bir ýerlerde bar. Elbetde resmi ylym bize beýle informasyýany bermez, emma ertekiler we rowaýatlar berer. Kap dagy diýip biz Magtymguly Pyragyň goşgularyndan kän eşden bolsak gerek? Äjit-Mäjit Kap dagyny deşip çykar diýip hem köp okan bolsak gerek? Diýmek Zülkarnaý Kap dagyna ýetipdir we şol ýerdäki ýeketäk gädik ýerini ýamapdyr. Kap dagyna halkara dilinde Kaf diýýärler. Kap dagy ýer ýüzüýniň daşyny guşak bolup aýlaýar, biziň günümiz Kap dagyndan aňaryk jyklanok.

Kap dagy ýaşyl buzdan ýa-da şoňa meňzeş bir jisimden. Kap dagynyň beýikligi, 18-20 kilometr we ol beýiklige howa gämileri galanoklar we Kap dagyny uçup geçmek mümkin däl. Kap dagyny buraw bilen hem deşip bolanok, sebäbi Kap dagynyň buzlary adaty suw dälde, kislata meňzeş bir element, erän wagty ähli zady eredýär. Garaz Hudaý tarapyn goýulan böwet. Kap dagyny görjek bolsaň, Awstraliýa, ýa-da Antarktida barmaly, ýöne ol ýerlerik hiç kimi göýberenoklar. Awstraliýanyň meýdany 6000 km diwarlar bilen aýlangy dur.
Eger çakym çak bolsa, Awstraliýadan Kap dagyna gur ýer bilen çyksaň bolýar? Kap dagy ýer ýüzüni aýlanansoň, oň köp ýeri deňiz bilen çäkleşýär. Kap dagdan aňarda täze we başga dünýäler başlaýar we şol dünýäde biziň ertekilerdäki görýän jandarlarymyz ýaşaýar. Minatawrlar, azdarhalar we başga jandarlar. Ana şol Kap dagyndaky gädigi, Zulkarneýn ýapyp bermegi boýun alýar, özem diýseň täsin usul bilen. Ol gädilen ýerik eredilen mis guýýar. Şu wagt biziň döwrümizde, ösen tilsimatlaryň bar wagty, erän mis bilen kiçijik derwezäni ýamap bilerler öýdemok. Diýmek Zülkarnaýyň elinde, Müsüriň piramidalaryny guran adamlaryň tilsimatlary bolan bolmaly? Äjit Mäjit diýilende biziň aňymyzda wagşy bir jandar janlanýar, öňünden näme çyksa iýýän jandar. Dogrusy bize mas-mediýä hem şeýle obrozlary ilteşdirmäge synanşýar. “Tihoýo mesto” çeper filmi, “Welikaýa stena” çeper filmi. Dogrymy aýtsam meň özüm hem, Äjit Mäjit diýilýän jandarlar, iň soňky gün, biýologiki arassalaýyş etmek üçin saklanylýan ýaragdyr öýdüp ýördüm. Emma Kurany Kerimiň aýdyşy ýaly, Äjit-Mäjit halky biabraýlygy we bunamyslygy ekip bilýän halk eken. Beýle hereketleri bolsa, diňe aňly düşünjeli jandarlar amala aşyryp bilýär. Özem sosial-injineriýadan gowy başy çykýan. Aýdaly şu wagtky beçebazlygyň köpelmegi, ýa-da zynaň köpelmegi, biabraýçylygyň we binamyslygyň ýaýramagy diýseň bolar. Diýmek Äjit bilen Mäjit kim bolsalar hem, adam däl, ýöne şol bir bada wagşy hem däl. Örän ösen we aňly düşünjeli jandarlar.

Galyberse-de, Zülkarnaýyň Kap dagynyň gädik ýerine mis bilen doldurmasy hem tötänden däl ýaly bolup dur. Mis diýen metal radio signallary geçirenok. Bar zat, dagyň aňarsynda galan Mäjitleriň we äjitler, telewidenýe we başga habar beriş enjamlarynyň signallary dagdan bärik geçip bilmez ýaly edilene meňzeýär? Ýöne başga bir tarapdan mis metaly eretmek aňsat. Zülkarnaýyň ol gädige näçe tonna mis guýany belli däl, eger şu güne çenli eredip dynmadyk bolsalar, diýmek örän kän guýylan bolmaly? Beýik ýaradyjyň söz berşi ýaly, zamana ahyr bolanda, ol iki halk, biziň dünýämize dökülmeli we uly weýrançylyk başlamaly. Elbetde gädik ýapylany bilen hem, diwaryň bär tarapynda (biziň dünýämizde) galan jandarlar hem bar bolmaly? Edil şol wagt binamyslyk ekip ýörenler? Hawa, şeýle oglanlar bar, olary tapmak üçin bolsa, gowja edip internedi döräýmeli. Adamyň arasynda gizlinlikde ýaşaýan aňly düşünjeli jandarlar barada iň köp ýaýran çaklama, (gepotyza), bu reptiloitlaryň taýpasy. Eger gyzykly bolsa internetdan okap göriň. Meň pikirimçe başga planetadan gelenler diýip hasap edilýänler hem Äjit, ýa-da mäjitden biri bolaýmasa? Gepiň gysgasy Dagyň biz tarapynda galan kiçijek topar, adamzady ruhy taýdan gowşatma bilen meşgullanýar, dagyň aňarsyndaky esasy güýçler bolsa, Zülkarnaýyň guýyp giden misini eretmek üçin energiýa gözleýärler we ýuwaş ýuwaşdan eredýärler. Haçanda gädik doly açylanda welin, hakyky söweş başlamaly. Şeýle beýik işler bolup duran wagty, “biziňkiler” näme işleýär diýip sorarsyňyz? Biziňkiler bir eýýäm ýok, ýer ýüzüniň ähli wajyp adamlary bir eýýäm reptiloýtlar. Barak Obamaň şahsy gorag gullygy, oň özi, Angliýaň şa zenany we başga bir giden güýçli adamlar, bularyň barsy adam dälligi barada aklyňy azaşdyrýan çaklamalar bar, ählisi internetda we wideo görnüşde. Ýene bir çaklama, köne döwür ýer ýüzüni dolduran dinozawrlar hem şol gädikden biziň dünýämize geçen bolmagy ähtimal? Gädik ýamalanyndan soň, diri galan dinozawrlaryň ählisini, adamlar gyryp gutardylar, sebäbi beýle äpet ýyrtyjylar bilen goňşyçylykda ýaşamak hiç kime gerek däl.

Категория: Makalalar | Просмотров: 21 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

139-njy tussag.
Teňňe (esse).
Mollanepes teatrynda (t.
Näme üçin ýer titreýär?.
Hakyky Asman (makala).
Näme üçin ýer titreýär?.
Kyýamat —ölümden soň bize näme garaşýar?.
Çynaryň saýasynda (täsin hekaýa).
Iki şäher.
Iň agyr günä / esse.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: