18:43
Kyýamat —ölümden soň bize näme garaşýar?

Ölümden soň bize näme garaşýar? Meň ýaşymdaky islendik adamyň özine berýän soragy, men bolsa şu ýyl 37 ýaşaýan. Köp sanly okalan kitaplaryň netijesinde ölümden soňky boljak zatlaryň keşbi meň kellämde azda-kände döredi. Eger size hem gyzykly bolsa okamagy dowam ediň. Ölümden soň Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly bize iki sany perişde garaşýar, olar Müňkir bilen Nekir. Kerimi Kuranda hem gönümel bolmasa-da, adamyň ölüminden soň Perişdeleriň soragnyň bardygy agzalyp geçilýär. Erbet adamlar entek ölüm ýassygynda ýatan wagty olary Perişdeler gynap başlaýarlar, şol sebäpden erbet adamlar bu dünýeden kösenç bilen gidýärler. Meň çaklaşyma görä Magtymguly Pyragyň aýdanlary dogry, biz ölenimizden soň 2 sany Perişdäň eline düşýäs we olar bizi kyýamata çenli sorag edýärler. Eger biz haram adam bolsak bize gün berenoklar, gowy adam bolsak belki känbir zat diýýän däldirler? Her hepdäň 4-nji güni Müňkir bilen Nekir ruhlara dinç berýärler, Anna agşamy hem şondan gelip çykýar, Ýaponlarda 4 diýen san ölüm diýen söz bilen kywapdaş eşdilýär, käbir milletler hepdäň 4 güni görülen düýşler oraşan diýip ynanýarlar. Kyýamata çenli entek hiç bir adam ruhy Jennedede düşenok, dowzahada. Diňe ahyrzamandan soň, Beýik Ýaradyjy, ähli kişini ýygnap, sugut edeninden soň, adamlar dowzah bilen Jennede bölünýär, ondan öňünçä kim ýogalsa, Müňkir bilen Nekiriň şalygynda.
Biziň şu wagytky özümizi alyp barşymyz gönüden göni biziň ata-babalarymyza täsir edýär. Eger biz örümizi ýaramaz alyp barsak, Müňkir bilen Nekir, biziň gabyrda ýatan atamyzy ýa-da kakamyzy kösäp başlaýarlar. Hamala öz çagalaryny gowy terbiýelemedikleri üçin. Eger biz özümizi gowy alyp barsak, onda bar zat oň tersine, biziň toprakda ýatan ata babalarymyz bize buýsanýarlar we Müňkir bilen Nekirden sylag alýarlar. Mysal üçin meň kakam diri wagty maňa hiç haçan irde giçde namaz okagyn diýmedi, agzyňy beklegin diýmedi, gowy zatlar aýtmady, dogrysy maňa ýaramaz zatlary hem aýtmady. Eger men şu dünýede özimi gowy alyp barsam, namaz okasam we Beýik Ýaradyjyň başga-da buýran zatlaryny ýerine ýetirsem, meň kakam öz göründe arkaýyn ýatar, iň bolmanda meň üçin ony kösemezler. Eger diri adam sögünse, näme üçindir oň aýal tarapyndan ýedi arkasyna çenli kösenç çekýär diýilýär. Her bir adam 30 ýaşanyndan soň, ol adamdan gorag aýrylýar, ol adam öz görde ýatan 40 arkasyna elýeter bolýar. Sebäbi sen özüňi ýaramaz alyp barsaň, seň aňaryňa zyýan, we şol bir bada kanal bäri tarapada işläp başlaýar. Renkornasiýa teorýasy hem bir zat edip şu ýerik ýerleşýär. Eger çakym çak bolsa, Müňkir bilen Nekiriň zarbyna çydaman, täzeden dünýä inip, öz alňyşlaryny düzetmegi dileýän adamlar hem bar bolmaly? Belki Kyýamata çenli wagt kän bolup, Beýik Ýaradyjy käbir adamlary biziň dünýämize täzeden göýberýän bolmagy hem ähtimal? Ýeriň aşagynda boş ýataniňdan hiç kime peýda ýok, belki ýene bir durmuş ýaşap, düzelmäge şans bolsa, yzyňa ugradylýan bolmagyňam mümkin?
Laýyk Kyýamata çenli ýokarda agzalan zatlar dowam edýär, Kyýamatdan soň bolsa iň gyzykly zatlar başlaýar, nesip bolsa. Ol wagyda çenli biziň ýerimiz tep tekiz bolýar, deňizdir derýalardan hiç zat galanok, daglar hem tozap gidýär. Garaz bukulara gizlenere ýer galanok. Aý bilen gün asmanda baky togtaýar we mekdep programmasyndaky astranomyýanyň ýogyna ýanýarlar. Esrafyl öz suryny çalýar we ähli kişi direlýär. Ýer ýüzünde kim ýaşan bolsa barsy direlýär. Adamlaryň hiç biri garry däl we ýaş däl. Adamlary birek birekden tapawut edýän zat, diňe olaryň günäleriniň agyrlygy, adamyň ýüzine seredip, garry ýa-da ýaşdygyny bilşimiz ýaly, kyýamat güni birek biregiň ýüzüne seredip, günäň kändigini ýa-da azdygyny görüp bilýäs. Eger çakym çak bolsa, ýeriň dürli ýerlerinde direlen adamlaryň barsyny, Perişdeler we Jarçylar bir nokada ýygnaýarlar. Adamlar üç sany toparlara bölünýärler, Jennede düşmeliler, dowzaha düşmelier we Allaha ýakynlar.Kyýamat güni Beýik Ýaradyjynyň tagtynyň ýere aralaşmagy bilen, wagt diýen zat hem asmana görä akyp başlaýar. Şol säbäpden ýerde ýaşalan 41 ýyl, Kyýamat güni bir sagat ýaly bolup görünýär. Men şu wagt 37 ýaşymda, asmanda bolsa meň dogulanyma entek 1 sagadam bolanok. Kerimi Kuranda, kyýamat güni wagtyň üýtgeýändigi barada köp agzalyp geçilýär. Adamlar direldi, her kim öz ýakyn garyndaşyny köpçüligiň içinden gözläp tapdy, adamlar begendiler, ýöne uzak däl. Esrafyl ýene bir gezek öz suryna üfledi we ýene bir gudrat amala aşdy. Dogan garyndaşlyk sistemasy düýbinden öçürildi. Indi adamlar birek birege hiç zat duýanoklar. Ejeň kakaň we çagalaryň saňa ýat adam ýaly bolup görünýär. Kerimi Kuranda bu babatda agzalyp geçilýär. Eje öz ýaňja doguran çagasyny zyňyp bilýär. Meň çaklamalarym dogry bolsa, Beýik Ýaradyjy bu zatlary biziň ýüregimiz agyrmaz ýaly etdi. Sebäbi biziň ýakyn garyndaşlarymyzyň içinde Dowzaha düşjekleri bar, belkide biziň özümiz düşeris, onsaň biziň maşgala agzamyz bize hiç hili ýüregi awamaz ýaly, wagtlaýyn Beýik Allah şol ulgamy öçürýär. Wagytlaýyn diýýänim sebäbi Kerimi Kuranda öz çagalarymyzy Jennetde görüp bolýar diýýän ýerem bar. Belki Kyýamatdan soň, Allah bar zady öňki ýerine getirip goýýandyr?
Indiki ädim has hem elhenç, dogrysy men haýsy ädimleriň birinji bolýandygyny bilemok, ýöne direlen adamlara kitap paýlama adimi hem Kerimi Kuranda agzalýar. Perişdeler, adamlaryň hataryna girip, her bir adama kitap gowşurýarlar. Eger kitaby çep eliňe tutdyrsalar, seň ýeriň Dowzahda, eger sag eliňe tuydyrsalar, seň ýeriň Jennetde. Berilen kitapda bolsa, seň eden ähli işleriň ýazylgy dur. Şu ýerde sorag döreýär, seň eliňe berilen kitaby çep eliňden sag eliňe geçirmäge näme päsgel berýär? Elbetde beýle edeniň bilen Jennede düşmersiň, ýöne iň bolmanda daş töweregiňdäkiler senden ýaýdanyp durmazdylar. Meň çaklamama görä, kyýamat güni adamlaryň eline kitap berenoklar, adamlaryň eline başga bir zat berýärler. Elbetde ol beriljek zat kitabyň funksiýasyny ýerine ýetirmeli, ýöne şol bir bada adamyň çep, ýa-da sag elinde aýrylmaz ýaly berkidilmeli. Meň kelläme biziň şu döwrmizdäki smartfonlara meňzeş bir enjam göz öňüme gelýär. Seň çep ýa-da sag eliňe, demirden bizelige meňzeş bir guraly berkidip gidýärler. Ol guraly seň eliňden aýryp bileňok. Ol guralda edil telefonyňky ýaly ekran bar, ol gyraly dolanduryp bolýar, ol guralda sen barada bar zat ýazylgy. Mysal üçin sen çep eliňdäki enjama seredip şeýle diýýäň: 
—Okeý Googl, men näçe gezek zyna etdim?
Seň çyndanam ýadyňa düşenok.
Seň enjamyň, ýa-da elektron kitabyň saňa jogap berýär. Kerimi Kuran, Kyýamatda kitaplaryň paýlanjakdygy aýtdy, olaryň kagyzdan boljagy barada hiç zat aýtmady. Onsoňam kitaplary ol eliňden bul eliňe geçirip bolmaýanlygy kitaplar barada örän geň pikirleriň döremegine eltýär. Eger çakym çak bolsa bize beriljek kitaplardan, ýa-da noutbuklardan, diňe özümiz barada, dälde, eýsem ähli kişiler barada informasiýa bilip bolýar. Mysal üçin:
—Okeý Googl, näçe sany adam maňa ýamanlyk etdi? Näçe sany adam men barada ýaramaz pikir etdi? Meň aýalymyň oýnaşlarynyň sanawy, we şuňa meňzeş.
Kyýamat güni uly masgaraçylyk boljagy belki şol paýlanjak kitaplar üçin aýdylýan bolmagy mümkin? Onsoňam meň ýene bir anyk bilmeýän bir zadym bar, ol hem kitaplaryň birinji paýlanjagymy, ýa-da dogan-garyndaşlyk uglamynyň birinji öçüriljegimi? Eger kitaplary birinji paýlap çyksalar, adamlaryň arasynda uly masgaraçylygyň başlanjagy görnüp dur. Her kim öz geçmişini derňäp başlar, her kim ar aljak bolar we şuňa meňzeş.
Kyýamat güni biziň aňymyz nähili işlär? Biz özümizi nähili duýarys, Perişdeleri we Beýik Ýaradyjyny görüp biz şok geçirerismi ýa-da ýok? Kiýamatda adamyň özini duýşy barada, Kerimi Kuranyň 22-nji süresiniň 2-nji aýatynda agzap geçilýär. Ol ýerde adamlaryň edil içgili ýaly boljakdygy barada, serhoş boljakdyklary barada aýdylýar. Eýsem buňa nädip düşünmeli? Näme üçin adamlar serhoş ýaly bolmaly? Edil şu ýagdaýy düşünmek üçin bize başga ylymlar gerek bolýar, dogrusy meň bar aýtjak zatlarym ýöne bir çaklama, ýöne örän gowy bagat gelýän çaklama:
Adamyň içki dünýäsi, oň mental bölegi, ýa-da kalby iki bölekden durýar. Ol bölekleriň biri ruh, ikinjisi bolsa aň. Adamyň aňy biziň pikir edýän dünýämiz, biz öz aňymyzda bar zady deňeşdirýäs we ölçeýäs, analizlaýas, wagt diýen zady biziň aňymyz duýýar. Adam ruhy diýen zat ol başga zat. Ruh bilen aň aýry zat, ruhyň öz logikasy bar. Mysal üçin biz ýatan wagtymyz biziň aňymyz öçýär, biziň ruhymyz ýeke galýar. Biz düýş göremizde biziň ruhymyz syýahat edýär. Eger siz öz gören düýşleriňizi ýadyňyza salsaňyz, ol ýerde siz hiç haçan hiç zada geň galýan dälsiňiz, ýa-da bolýan zatlary analizlajak bolýan dälsiňiz. Analiz diňe siz ukydan oýananyňyzdan soň başlaýandyr. Mysal üçin men düýşimde ýogalan kakamy görýän, ýöne düýşimde oň diridigini hiç bir ýagdaýda geň göremok, diňe düýşden oýananymdan soň geň galýan, näme üçin meň kakam, meň özümden ýaş görünýär, näme üçin oň sakgaly ösgün we şuňa meňzeş. Adamyň aňyny diňe bir uky öçürenok, adamyň aňyny arak bilen narkotik serişdeleri hem öçürýär. Içgili adamyň mydama hakyky ýüzi açylýar. Içgili adam öz hakyky ýüzini görkezýär, başgaça aýdaňda öz ruhyny ýalaňaçlaýar. Adam içdigiçe oň aňy gowşaýar, ol öz edýän hereketlerini we aýdýan sözlerini analizlap bilenok. Eger çakym çak bolsa, Beýik Ýaradyjyň Kuranda aýdyşy ýaly, biz Kyýamat güni edil içgili ýaly bolarys. Sebäbi Hudaýa diňe biziň ruhymyz gaýdyp barar, biz edil diri wagtymyzdaky ýaly hiç bir zady analyzlap bilmeris. Hudaýy dirilikde görüp, —eýwaý, Hudaý dogrudanam bar eken, gel men gowsy oňa ynanaýyn, bolmasa maňa bir zat edäýmesin, —diýer ýaly bizde gaýdyp aň diýen zat bolmaz. Aň öz işini biziň ölümizden soň tamamlaýar. Eger biz Hudaýa şu wagt ynanmasak, ol dünýäde biziň ynamsyzlygymyz 1000 esse artar. Kerimi Kuranyň özi hem şony diýýär, dirilikde azaşanlar, ol dünýäde beter azaşarlar. Biziň her birimiziň içimizde, edil demir ýaly berk ruh bar. Biziň aňymyz öçen wagty, biziň ruhymyzyň özini nähili alyp barjagy belli däl. Mysal üçin meň özüm, ýakyn garyndaşlar bilen gatnaşyk saklamok, habarlaşamok, gürleşemok. Emma şol bir bada özümiň günä iş edýänimi bilýän. Men aňym bilen nämäň dogrydygyna düşünýän, emma meň ruhym kesirlik edýär. Has dogrusy ýekeçiligi gowy görýär, gedemlik edýär. Eger men şu halymda janymy tabşyrsam we kyýamatda Beýik Ýaradyjyň gaşynda durmaly bolsa, meň häsýetim birje damjada üýtgemeýär, sebäbi üýtgelýän pursat eýýäm geçdi. Üýtgelýän pursat biziň diri wagtymyz, nähili geň bolsada, islendik kesir ruhy dogrulap bolýar. Belli bir informasyýany, ýa-da dünýä garaýşy öz ruhyňa siňdirmek üçin, şol informasyýany köpräk öz aňyňda saklamaly. Dogrymy aýtsam, adam öz aňynda ters pikirleri saklamasyn diýip, adama kesel we başga bela beterler ugradylýar. Eger adam gije gündiz diňe bahyl pikirleri edýän bolsa, Beýik Ýaradyjy ol adama agyr kesel ugradyp bilýär. Sebäbi keselli adamyň eýýäm görüpçilige eli degenok, şeýle adam öz ruhyna hapalanok, ony ters dünýägaraýyş bilen programmirlanok. Eger zandynda Hudaýa ynanmaýan adam, ol dünýäde gözlerini açsa we Hudaýy görse, ol adam barybir Oňa ynanmaz, sebäbi Kyýamat güni biz bilen bile, biziň aňymyz direlenok. Biz hiç zady ölçäp, terezä goýup deňeşdirip bilmeýäs. Biz ýüregimiz nähili bolsa, özimizi şolar ýaly alyp barmaly bolýas. Kosmos baradaky fantastiki kinolary göz öňüne getiriň. Kosmosa uçurlan raketany diňe zeminiň atmosferasynda eýläk beýläk dolandyryp bolýar, rakets kosmosa çykanyndan soň, eýýäm oň ugryny üýtgedip bolanok. Adamlar hem şolar ýaly, nähili dünýägaraýyş bilen ölüp gitsek, şoň bilen hem Kyýamata girip gidýäs. Kyýamatda eýýäm waý Hudaý çyndanam bar ekenä diýip bolanok. Eger çakym çak bolsa, şeýtan atly güýç, biziň kyýamat günindäki boljak dünýä garaýşymyzy "formirowat" etjek bolýar. Şeýtanyň maksady adamzady dowzaga gabamak bilen gutaranok, şeýtanyň maksady adam dowzahdan çykyp bilmez ýaly etmek. Aşakdaky aýtjak zatlarym dogrymy aýtsam iň güýçli fantastikalara gaýra dur diýýän bolmagy mümkin? Ýöne barybir aýtmaga synanşaýyn. Biziň döwürimizde ýaşaýan adamlar, Kyýamat güni gözlerini açyp, asmandan Allahyň tagtynyň inip gelýänini görseler, waý Hudaý bar eken diýmeýärler. Sebäbi biziň dünýägaraýşymyz tutuşlygyna üýtgedilen. Biziň aýdaýjak zadymyz asmandan başga planetadan gelenler gelýä diýeris. Sebäbi bize şol obrazy Golliwud, kinomatografiýaň üsti bilen ençeme ýyllap görkezip gelýär. Şeýtanyň adamlara edýän zyýany, diňe şu dünýe üçin diýip pikir edýärdim, ýöne şeýtan has öňden görüji bolup çykdy. Ol adamlara Kyýamat güni hem zyýan ýetirmäge çalyşýar. Biziň çagalarymyz we biziň özümiz kosmos barada fantastiki kinolary görýäs we kosmosyň bardygyna ynanýas. Biz üçin şu wagtky obrazlar we dünýägaraýyşlar hiç hili zyýansyz bolup görünýär. Eger çakym çak bolsa kinoň üsti bilen berilýän obrazlaryň barsy, kyýamat güni öz hasylyny bermeli. Asmandan injek güçleri görüp, biziň köpümiziň ilkinji pikir etjek zadymyz, kosmosdan bir peläket bizi basyp almaga geldi. Ýokarda aýdyşym ýaly, bize başgaça pikir etmäge bizde eýýäm aň diýen zat bolmaýar. Allahy Kyýamatda görüp, ony düşman hasaplajagymyz kän. Şoňa meňşez obrazly Marweliň düşürýän kinolaryny ýatlap görüň. Ýere öz goşunyny çekip gelýän kosmos basyp-aljylary.

Категория: Makalalar | Просмотров: 130 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 3.0/ 2

Başga hekaýalar

114-nji süre.
"Köşeş" programmasy (esse).
139-njy tussag.
Hum (syrly waka degişli).
Teleportasyýa Kerimi Kuranda.
Älem hasapçysy (fantastiki hekaýa).
Daş töwerek durşuna ýalan.
Iň agyr günä / esse.
2048 (absurd hekaýa).
Awtorlaryň öwülýasy (syrly wakalar).

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: