Ýazaňda hamala hiç wagt hiç kime okamaga bermejek ýaly ýaz.

2-nji bölüm: (Şol gyzy).

Daňdana golaý men ukladym, sebäbi Kirpi uklamak zererur diýdi, uklamasaň bolanok, esasy şert şol. Ýöne biri sen ýatmaly diýse, diňe ýatanyňdan soň bar gyzykly zatlar başlanýar diýse, ýatyp bolýarmy näme? Şeýdip men daňdana çenli oý pikire batyp otyrdym, çaga bilesigeljiligi meň ukymy baglady. Ýöne barybir uklapdyryn, ýöne bilşim ýaly uzak däl eken. Men bir gorkynç düýşden oýandym, basyrgandym diýseňem bolýar, düýşimde biri meni aşa beýiklikden ýere oklaýar, ... Yzyny oka »
Категория: Romanlar | Просмотров: 30 | Добавил: Awtor | Дата: 18.03.2019

Birinji bölüm: (Kirpi lakamly oglan)

Kirpi lakamly oglan bilen men 8 ýaşymda tanyş boldym. Tanyş bolan günüm kakam özini atjak bolupdy, ýa-da atdy, meň anyk ýadymda ýok. Atam pahyryň tüpeňini aldyda maňlaýyna diredi, ynanmaýanlar üçin bolsa meň janymdan ant içdi. Şol wagt men gapyň ýeňsesinde bukulupdym, hiç zat eşitmez ýaly gulaklarymy berk ýumupdym. Daş töwerek lal açypdy, öz ýüregimiň urşundan başga hiç zat eşidilenokdy. Ýöne şol sessizligiň içinden bir oglanyň sesi meň adymy sor ... Yzyny oka »
Категория: Romanlar | Просмотров: 31 | Добавил: Awtor | Дата: 18.03.2019

Hakyky adalat biz (1-nji bölüm)

Rahmanyň bolup gelşi, gaçyran puluny gözleýän garry adamy ýatladýardy. Ol her ädimini zordan ädýärdi, başy ýere salykdy, ol öýine tarap gidesi gelenokdy, ýöne başga alaç hem ýokdy, eýýäm gün ýaşyp barýardy, isleseň islemeseň öýe ýatmaga baraýmalydy. Öýde bolsa oňa Jähennem garaşyp durdy. Rahman öz aýalynyň adyny şeý diýip tutýardy, hakykatda bolsa ol gyzyň ady Jahandy. Gara saçly owadan gyz, has takygy ol öň gyzdy, bu wagt bolsa gelindi, Rahmanyň geli ... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 66 | Добавил: Awtor | Дата: 13.01.2019

Berlinyň eteginde

4-nji bölüm

Ýene Näzik barada...

Göz ýaşlary indi diňdi, duýgylar öçdi. Näzige mahsus sowuklyk ýene-de gaýdyp geldi. Ol indi aglasy gelenok, esasanda ol haramzada üçin. Suraty köp wagytlap göz öňünden aýyrmady. Işe sagat 2-den gijä galman barsaň bolýar. Şol wagyta çenli ol boşdy. Bolan zatlar we etmeli işler barada oýlandy. Keselhanadaky näsagyň adyny ýatlajak boldy, seýregräk hem köne at bolmaly, —pikirlendi Näzik.

—Çerkez, — ... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 18 | Добавил: Awtor | Дата: 25.03.2019

Berliniň eteginde

1-nji bölüm

Karidorda aýak sesleri eşidildi, kafel polyň ýüzünden biri öz ökjelerni urýardy, elbetde ol zenan. Mämmet palatada ýatan ýerinden, gapyň aňarsyndan gelýän sesleri diňledi. Başda ol sesler uzakdan gelýärdi, soň ýuwaş ýuwaş ýakynlaşdy, iň soňunda palataň deňine ýetdi, we aşhana tarap sowulyp, geçip gitdi.

—Bibi dogtar öýdýän, ýöreýşi şoňky. Bu gije şoň nobatçylygymyka? —Mämmet öz pikirlerini daşyndan aýdanyny duýman galdy.
... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 14 | Добавил: Awtor | Дата: 25.03.2019

—Işden kowylan Perişde göresiň gelýärmi? —sorady Oraz.

—Işden kowylan Perişde? —men geň galdym.

—Howwa, kowylan Perişde, —Oraz tassyklady.

—Bäh, beýlede däliler bolýamy?

—Bolýan eken dos, —diýdi Oraz. Özim geň galyp otyryn. 8 ýyl bäri işlesemde özine Perişdedir öýdýän näsagy birinji gezek görýän. Özine Şeýtandyr öýdýäni gördük, özine Hudaýdyr öýdýäni gördük. Ýöne işden kowylan Perişdäni g ... Yzyny oka »

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 75 | Добавил: gowshak-off | Дата: 16.12.2018

Hekeýäň ady göçme manyda däl, guýy hakykatdanam gürleýär, siz muňa özüňiz göz ýetirip bilersiňiz. Süýji suwly guýy, edil obaň ýüreginde. Obaň ady üç guýy, sebäbi ol obada üç sany guýy bar, iki guýy ajy suwly, bir guýy süýji suwly. Guýular bir birinden daşda däl, el uzadaýmaly, ýöne barybir suwlary tapawutly. Biziň wakamyz süýji suwly guýy barada gider. Ajy suwly guýular bize gyzykly däl, ol guýulardan adamlar suw içenoklar, ol guýulardan diňe mal-gara suw berýärler. Süýji suwly guýy adamlar ü ... Yzyny oka »

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 15 | Добавил: gowshak-off | Дата: 16.12.2018

Otagyň içi tümdi we çygdy, daşarda ýagyş ýagýardy. Daş töwerekden palçyk bilen öl otlaryň ysy gelýärdi. Giçlik başlan ýagyş entegem diňmändi. Wagyt bolsa eýýäm daňdana ýakyndy. Jemal ýatan ýerinden gymyldaman başyndan sypan ýaglygyny gözläp tapdy, we düwinini çözdi. Täzeden daňmaga taýýarlap epledi, we baş ujynda goýdy. Aýagy bilen itişdirip dyzyndan geçen köýnegini düzetdi, howwa, ol ýerinden turasy gelenokdy.

Jemal bir gorkynç düýşden oýanypdy, ýöne düýşinde gören zatlary öldür ... Yzyny oka »

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 25 | Добавил: gowshak-off | Дата: 16.12.2018

—Sen kim, —ol menden gaty geň galyp sorady.

Ýaňy ölen adama näme jogap berjek? Men Çynar diýdim men. Ol meň jogabyma geň galmady. Şahalarymyň birinde otyryp, ýere seretdi.

—Ýerde ýatan menmi? —sorady ol. Eli bilen bolsa oturguçda ýatan jesedi görkezdi.

—Howwa, —diýdim men. Sen ýaňja diridiň indi, bolsa öli, ýok, öli diýip edil ölem däl, ýöne başgaçarak diri.

Ol meň sözlerime pikirlenjek boldy, ýöne başa ba ... Yzyny oka »

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 14 | Добавил: gowshak-off | Дата: 16.12.2018

1-nji bölüm.

Tiz kömek maşyny 9 gat jaýyň öňüne gelip saklandy. Maşynyň entek gapylary açylmaka, oň ýanyna bir iki sany aýal golaýlady. Maşyndan ilki bilen ýaş lukman düşdi. Lukman azajyk üşeýärdi, sebäbi daşarda ýagyş ýagýardy. Ýagyşyň ýagýanyna garamazdan jaýyň öňi märekeden dolydy, tutuş jaý köçä çykan bolmaly, ondan az däl. Ýaş lukmanyň yzy bilen maşyndan iki sany daýaw sanitar düşdi. Olar hem lukman ýaly çyplaň geýnipdiler, ýöne näme üçindir olar üşänokdylar, ýa-da üşemedik ... Yzyny oka »

Категория: Powestlar | Просмотров: 25 | Добавил: gowshak-off | Дата: 16.12.2018

1 2 »