Howa tomusdy, sagat günortan Iki töwerekdi. Şol sebäpden köçelerde adam azdy, jokrama ysdy diýilýänidi. Tomus bolsa ýaňy başlapdy. Daşarda tomus bolsa-da, ýeriň aşagynda hemişe bir pasyldy. Rahman gözlerini ýeriň aşagynda açdy we tümüň içinde daş-töweregine sermendi. Ol ýeriň aşagynda ýeke däldi, onuñ gapdalynda ýene biri bardy. Gapdalda ýatan zadyň nämedigi baradaky pikir Rahmany eýmendirdi. Ol ýatan jaýynyň çäklerini el aýagy bilen anyklajak boldy, ýöne anyklamalar rahatlyk getirmedi. Rahma ... Yzyny oka »

Категория: Powestlar | Просмотров: 97 | Добавил: Rahman | Дата: 26.07.2023 | Teswirler (0)

1-nji bölüm.

Jahangir ýesir düşüpdi, oň ýesir düşenine-de 40 gün bolupdy. Duşman barada köp erbet zatlar aýdýardylar, ýöne näme diýselerem duşman rehimdar bolup çykdy, özem öz rehimdarlygy bilen Jahangiri örän geň galdyrypdy. Jahangiri 40 günläp diňe bakdylar, oňa hiç kim azar bermedi. Her hepdäň aýagyna bolsa, Jahangiriň ýatýan jaýyna owadan gyzy salýardylar, gyzlar her gezek başgady. Jahangir öz ýurdynda, azatlykda ýaşap ýören wagty, beýle hezilligi görmändi. Beýle sylag hormat üç ... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 606 | Добавил: Awtor | Дата: 06.08.2020 | Teswirler (1)

Rahmanyň garşysynda dört sany adam otyrdy. Rahman bilen ol dört adanyň arasyndan, edil çeşme ýaly bolup giň saçak geçýärdi. Saçagyň üsti her dürli nygmatlardan dolydy. Rahman bolsa geň galýardy. Bu dört adamyň göçüp gelenine 4 sagat hem bolanok, bular bolsa eýýäm bir giden zat taýýarlap ýetişipdirler. Rahman hiç zat gürlemän diňe daş töwregi synlaýardy. Ol asla az gürleýärdi, nätanyş adamlaryň arasynda welin aslada agzyndan birje söz gaçyranokdy. Bu gün ol hiç wagt düşmeýän ýagdaýyna düşüpdi. Ol ... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 1024 | Добавил: Awtor | Дата: 26.06.2020 | Teswirler (1)

Berlinyň eteginde

4-nji bölüm

Ýene Näzik barada...

Göz ýaşlary indi diňdi, duýgylar öçdi. Näzige mahsus sowuklyk ýene-de gaýdyp geldi. Ol indi aglasy gelenok, esasanda ol haramzada üçin. Suraty köp wagytlap göz öňünden aýyrmady. Işe sagat 2-den gijä galman barsaň bolýar. Şol wagyta çenli ol boşdy. Bolan zatlar we etmeli işler barada oýlandy. Keselhanadaky näsagyň adyny ýatlajak boldy, seýregräk hem köne at bolmaly, —pikirlendi Näzik.

& ... Yzyny oka »

Категория: Powestlar | Просмотров: 668 | Добавил: Awtor | Дата: 25.03.2019 | Teswirler (0)

Berliniň eteginde

1-nji bölüm

Karidorda aýak sesleri eşidildi, kafel polyň ýüzünden biri öz ökjelerni urýardy, elbetde ol zenan. Mämmet palatada ýatan ýerinden, gapyň aňarsyndan gelýän sesleri diňledi. Başda ol sesler uzakdan gelýärdi, soň ýuwaş ýuwaş ýakynlaşdy, iň soňunda palataň deňine ýetdi, we aşhana tarap sowulyp, geçip gitdi.

—Bibi dogtar öýdýän, ýöreýşi şoňky. Bu gije şoň nobatçylygymyka? —Mämmet öz pikirlerini daşyndan aýdanyny duýman galdy.
... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 707 | Добавил: Awtor | Дата: 25.03.2019 | Teswirler (0)

Hakyky adalat biz (1-nji bölüm)

Rahmanyň bolup gelşi, gaçyran puluny gözleýän garry adamy ýatladýardy. Ol her ädimini zordan ädýärdi, başy ýere salykdy, ol öýine tarap gidesi gelenokdy, ýöne başga alaç hem ýokdy, eýýäm gün ýaşyp barýardy, isleseň islemeseň öýe ýatmaga baraýmalydy. Öýde bolsa oňa Jähennem garaşyp durdy. Rahman öz aýalynyň adyny şeý diýip tutýardy, hakykatda bolsa ol gyzyň ady Jahandy. Gara saçly owadan gyz, has takygy ol öň gyzdy, bu wagt bolsa gelindi, Rahmanyň geli ... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 846 | Добавил: Awtor | Дата: 13.01.2019 | Teswirler (0)