15:17
Täzelenen

Howa tomusdy, sagat günortan Iki töwerekdi. Şol sebäpden köçelerde adam azdy, jokrama ysdy diýilýänidi. Tomus bolsa ýaňy başlapdy. Daşarda tomus bolsa-da, ýeriň aşagynda hemişe bir pasyldy. Rahman gözlerini ýeriň aşagynda açdy we tümüň içinde daş-töweregine sermendi. Ol ýeriň aşagynda ýeke däldi, onuñ gapdalynda ýene biri bardy. Gapdalda ýatan zadyň nämedigi baradaky pikir Rahmany eýmendirdi. Ol ýatan jaýynyň çäklerini el aýagy bilen anyklajak boldy, ýöne anyklamalar rahatlyk getirmedi. Rahman gabyrdady, ony diriligine jaýlapdyrlar. Ýöne ol gabyrda bolsa, onuň gapdalyndaky kim bolýar? Ony anyklamaga hiç hili wagt ýokdy, bir zatlar edip bu ýerden çykmagyň gamyny iýmelidi, elbetde ýene bir gezek ölmäkäň. Rahman ýatan ýerindan gapdala urundy, şol tarapda gabyryň içki jaýyndan çykalga bolmalydy. Ýöne çykalgadan aňarda bir näçe tonna toprak bardy, ony näme etmeli, —Rahman oýlandy. Nähili geň bolsada Rahmanda 18 ýaşly oglanjygyňky ýaly güýç bardy. Ol özini köpden bäri şeýle kuwwatly duýup görmändi. —Maňa ýagty jahana çykmak üçin Alljan güýç berýändirdä, —diýip Rahman oýlandy. Boş pikirler wagt ýokdy, bu ýeriň howasy hä diýmän gutarmalydy, Rahman eli aýagy bilen içki jaýyn örülen palçyk kerpiçlerini itişdirip, elini çyg topraga urdy. Rahmanyň jaýlananyndan köp wagt geçmedik bolmaly, sebäbi ýer ýumşakdy. Rahman daşky jaýdaky topragy, içki jaýa süýşirip başlady. Şeýle usul bilen Rahman öz ýerini çalşdy. Agyr toprak Rahmanyň üstini basýardy, ýöne ol barybir durman gazýardy. Aradan näçe wagt geçeni belli däl, ýöne birden Rahmanyň howasy tamamlandy. Dem alara ýer ýokdy, Rahman çyg topragyň arasynda dymyp galdy, hakykatdan hem ölmäge taýarlandy, ýöne beýdip öldürmek üçin oňa Allah, täzeden jan bermezdi, ýa-da bu zatlaryň barsy synagmyka? —Rahman oýlandy. Howa gutarsada Rahmanyň bedeni jan bilen hoşlaşmady, oňa indi ýaşamak üçin howa gerekdäl ýalydy. Rahman ýene täzeden ýokarlygyna gazyp başlady. Iň soňynda Rahman pellihana ýetdi. Daşarda bolsa tomus höküm sürýärdi. Topragyň soňky gatlaklary gurandy. Rahman başyny ýagty jahana çykardy we şol bada yzyna giresi geldi. Gün daş töweregi ýakyp ýandyryp barýardy, howada birje damjada çygllyk ýokdy. Rahman daş töweregine göz aýlady, ol bu öwülýada telim adam jaýlapdy, ýöne özi hamala hiç mahal bu ýerlerik gelmejek ýalydy, ýöne ýagdaýa görä baha berseň gelmeli bolupdy. Rahman ölüp direlen adamlar barada ençeme zatlary eşdipdi, ýöne özi şeýle waka uçraryn öýdenokdy. Rahman öz durmuşyndan iň soňky güni ýatlady, ol giçlik öz gowy görýän diwanynda ýatyr we birden erbet suw içesi gelýär, oň demi tutulýar we ol gapdala gyşarýar, soň welin şu güne çenli, hiç özine gelenok. Diýmek samsyk lukmanlar Rahmany diriligine jaýlapdyrlar. Eger demokratik ýurtlaryň birinde ýaşaýan bolsak, men lukmanlary suda berip, olardan dünýäň pulyny utardym, —Rahman çala ýylgyryş bilen oýlandy, ýöne şol bada öz pikirlerinden utandy, nämäň puly we sudy, seni Allah ikinji gezek bu jahana gaýtardy, sen bolsa biderek zatlaryň pikirini edýäň. Eýsem ol näme üçin gaýtardy, adamlara dowzah ýa-da Jennet barada görrüň ber diýip gaýtardymy? Rahman ne Jennedi gördü, ne-de dowzahy, ol asla hiç zat görmedi, ol diňe gözüni ýumdy we şu tümlikde gözüni açdy. Rahman diňe şu wagt özüniň ýalaňaçdygyna göz ýetirdi. Ol bize dolanan bolmalydy, ýöne ol bizde oýanmady, oň gapdalynda biri bize dolangy ýatyrdy, onuň kimdigini, ýa-da nämedigi Rahmana gyzyklydy, ýöne täzeden jahana gelme pikiri, ähli pikirleri gapdala tesipdi. —Meň indi iki sany doglan günim bar, Rahman begendi.
—Hawa, sen şu gün täzeden dünýä indiň, —Kimdir biri ýeňsede gürledi we şeýle usul bilen Rahmanyň pikirine jogap berdi.
Rahman gaňrylyp yzyna seretjek boldy, emma döşüne çenli ýere gömülen göwre oňa böwet boldy. Rahman ýeňsede duranyň kölegesini synlady we ol adamyň äpetdigine göz ýetirdi. Oňa çenli kölegäň eýesi aýlanyp Rahmanyň öňüne geçdi. Ol dogrydan hem äpet adamdy. Rahman eýtdi beýtdi, ýöne gabyrdan doly daşyna çykdy we öz söhbetdeşini gowja synlady. Ol adamyň üstinindäki lybaslar pasyla görä däldi. Ol adam asla adamada meňzänokdy.
—Biz saňa bedeni wagtlaýyn ulanmaga berdik, —adam gürledi. —Wagty gelende biz senden ony yzyna alarys. Bu wagt bolsa sen Rahman öýüňe dolanyp bar, ýöne seret, öýňüzdäkileriň ýüregini ýaraýma, ilki bilen tanyşlaryň biri bilen habarlaş, soň öýňüzdäkilere habar ber. Goý seň tanyşlaryň ilki bilen seň öýüňe barsynlarda, käbir adamlary aram aram bilmän diri jaýlaýalar diýsin, soň ýuwaş ýuwaşdan sen barada söz açsynlar, sen maňa düşündiňmi?
Nätanyş adam şeýle diýdi we yzyna öwürlip haýaljakdan ýöräp gitdi. Rahman oň yzyndan ýetip, sen kim diýip sorajakdy, indi men näme etmeli diýjekdi, iň bolmanda ondan egin eşik sorajakdy, ýöne Rahman dili tutuldy, sebäbi ol äpet adam, aýdan zatlarynyň barsyny, şygyr görnüşde aýdypdy. Ol diňe goşgyda gürleýärdi, şondan soň Rahmanyň aýagynda ysgyn galmady. Ol zordan müjewiriň oturan jaýyna tarap ýöredi.
Müjewir Rahmany uzakdan görüp eýýäm ýerinden turdy. Müjewiriň ýanynda otyran adam, oň dosty bolarly çemeli, Rahmany görüp, howlukmaç ýerinden turdyda, öz awtoulagyny otlap gaçyp gitdi. Rahmanyň üstindäki çyg toprak bolsa, eýýäm gatap ýetişipdi. Rahman müjewiriň alkymyna baranda, ol adam ýere çöküp, kisesinden bir çilim çykaryp Rahmana uzatdy.
—Men çekemok, —diýdi Rahman, —gowsy bir owurt suw ber.

2-nji bölüm

Müjewür entek ömründe beýle zatlary görmedik bolmaly, ol Rahmanyň sözlerinden soň diň arkan gaýtdy. Oň özünden bir tarapdan bähbit boldy, eger beýle bolmadyk bolsa, ol häzir tiz kömege we polisiýa jaň etjekdi. Olar bolsa haýal etmän Rahmanyň öýündäkilere habar bererdiler, özem örän geň görnüşde. Müjewiriň göwresi Rahmanyň göwresi bilen deň bolup çykdy, Rahman ilki bilen üst başyny gowja edip ýuwup, yz ýanyndan müjewiriň geýimlerini geýdi. Müjewir özinden gitmändi, ol diňe beýhuş syraýardy, oň näme üçin beýle edýänini Rahman bilenokdy. Belki gorkydan özini şeýle alyp barýandyr, —Rahman oýlandy. Nähili bolandada, müjewiri ýalaňaçlamaga Rahmana hiç zat böwet bolmady. Iň soňunda Rahman gara jalbarly we gök köýnekli, öwülýani terk etdi.
Bir ýerlerden Guwanjy tapmalydy, Guwanç Rahmanyň klasdaşydy. Rahman ol oglany mekdebi tamamlap ýekeje gezek hem görmändi. Ol oglan hiç kimiň toýundada gatnaşmandy, ýasynada. Diýmek Guwanç Rahmanyň ýogalanyny bilenokdy. Rahman Guwançlara tarap ýöredi. Nähili geň bolsada ädimler örän ýeňildi, hamala Rahman ýeriň aşagynda ýatyp okusyny alan ýalydy, hamala Rahmanyň bedeni öz bedeni däl ýalydy, hamala täzelenen beden ýalydy? Şeýle pikirler bilen Rahman şähere ýakynlanda sägindi. Rahman 13 ýaşynda wagty, bir diýşi çüýräp gaçypdy, ýene bir näçe ýyldan ol bir dişini sugurdypdy. Soň ýene ençeme ýyşlardan soň, Rahman öz ejesine garganda oň ejesiniň aýagy döwlüpdy, edil şol pursat bolsa, Rahman iki sany diýşi çüýräpdi. Rahman näme üçin dişiniň çüýremegi bilen, öz ýaramaz işlerini baglaşdyrýardy. Soň Rahmanyň ýene öňki iki sany dişleri çüýräpdi we Rahman ol dişleriň ýerine emeli diş saldyrypdy. Emeli dişler, hemişe öziniň emelidigi barada ýatladyp durýardy. Rahman ol dişleri dili bilen barlap durmagy endik edinipdi. Indem welin bir zatlar üýtgäpdi. Rahmanyň agzyndaky dişler oň hakyky dogabitdi öz dişleridi, hamala hiç haçan çüremedik we gaçmadyk ýaly. Oň 32 dişi hem agzyndady.
—Allajan, bu nämäň gudraty indi? —Rahman näme üçindir birden gorkdy we 10-20 ädim yzyn, öwülýa tarap hem ätdi. 
Soň beýle hereketlerden peýdan ýokdygyny bilip, ýene ýoluny dowam etdi. Birden Rahman köprüň üstine ýetip ýene sägindi, köpründen awtoulaglar säginmän eýläk beýläk geçýärdi. Rahmanyň ýene bir zat ýadyna düşdi, ol ýene bir beden agzasyny barlasy gelýärdi, ýöne köprüň üstinde beýle hereketlerden utandy. Rahman köprüň aşagyna aýlanyp, garagum derýäň kenaryna bardy we gamyşlyklaryň arasyna girip amanat jalbary çykaryp aşak seretdi. Rahman sünnetsizdi.

• 3-nji bölüm

Rahman Guwanjy 25 ýyllap görmändi, indem bolsa ony gapydan kowup bolanokdy. Ol günde agşam Rahmanyň ýanyna oturmaga gelýärdi we hemişe şol bir soragy berýärdi. —Hudaý barmy, ýa-da ýok, sen ony gördüňmi? Edil Guwanç bilen bilelikde, golaýdaky metjitden ýaşy-ulylar hem Rahmanyň ýanyna gatnaýardylar. Ýas toýa öwrülipdi, goňşylar, ýakyn garyndaşlar we ähli tanyşlar, Rahmanyň ýanyna günde gelip başladylar. Guwanç samsyk oglan bolsada, özine ynanylan işi dogry ýerine ýetirdi. Näme gürlemelidigini, Rahman oňa gowja öwretdi. Guwanç ilkinji gün baryp, Rahmanyň ýas gidip duran öýünde, bilmän diri gömülýän adamlar barada her tüýsli wakalary gürrüň berip başlady, soň meň göwnüm syzýar, Rahman diri bolaýmasyn diýdi. Soň maňa Rahmanyň mazaryny görkeziň, oň ölendigine ynanamok diýdi. Soň bir iki günden gelip, Rahmany obada gördüm diýdi, garaz 2-3 güne giden işlerden soň, Guwan Rahmanyň garyndaşlaryny täsin habara azda-kände taýynlady. Iň soňynda bolsa täsin gudrat bolup geçdi we Rahman ol dünýeden gaýdyp geldi. 10-12 günden soň Rahman öz täze ýagdaýyna öwrenşdi. Gudratyň güýji eýýäm çala çaladan gaýdyp başlady we ýowuz hakykat öz işine başaldy. Elbetde oň direlene gowy zatdy, ýöne hökümet bilen nähili bolmalydy? Ony täzeden işine alarmydylar, öwülýadaky müjewir bilen ýagdaý nähilidi, Rahmanyň çykyp gaýdan mazaryny tapyp, oň şahsyýetini anyklamak başartdymy ýa-da ýok? Nähili bolandada özüň barada yglan etmegiň wagty gelipdi. Rahman ilki bilen polisiýa jaň etmeli diýen karara geldi, ýöne her güni ertire goýýardy. Iň soňynda bolsa polisiýaň özi geldi. Rahmany şäher polisi alyp gitdiler, özem örän sypaýy iki sany oglan. Rahmanyň baran ýerinde eýýäm oňa bir giden adam garaşyp durdy. Rahmanyň direlendiginde, onda hiç hili günä ýokdy, ýöne tassana 3 hepdeläp hiç kime aýtmandygy üçin, ony ýazgarmaklary ähtimaldy. Ýöne ýagdaý Rahmanyň çaklamagyndan has agyr bolup çykdy. Rahmany ilki başda lukmanlar gowja edip barlagdan geçirdiler, ondan gan aldylar, iki sany polisiýaň işgärleriniň göz astynda, Rahmany şäheriň iň gowy hassahanalaryna äkidip, ony her tüýsli enjamlaryň içine salyp çykardylar. Gün tamamlanandan soňra welin, hiç kim Rahmany öýüne göýberesi gelmedi. Oňa polisiýaň binasynda galmaly boljakdygyny duýdurdylar. Polisaýada oňa bir iş otagy boşadyp berdiler, stoldaky hiç bir zady elläýme diýip berk duýduryp, oň daşyndan gulpladylar. Näme üçin beýle zatlaryň bolýanyny Rahman ilki başda düşünmedi, ýöne aýdyňlyk ertesi gün, günortana golaý düşdi. Rahman tussag däldi, ýöne polisyýany näme üçindir bir zatlar binjalyk edýärdi, bu olaryň ýüzünden bellidi. Sagat 11-ler töweregi, şäher polisiýaň başlygy, we ulyrak wezipeli lukmanlaryň biri, Rahmany ýanlaryna alyp şäher jesethanalaryň birine bardylar. Jesethana öwülýa tarapda ýerleşýäni üçin, Rahman bir bada özini täzeden jaýlanmaga alyp gidilýändir öýdüp gorkdy. Rahman gapydan ätläninden özini ýaramaz diýup başlady. Ol özini beýle ýaramaz gabyrdan çykanda-da duýmandy. Jesethanaň ýerzemininde, uly stoluň üstinde, ak mataň aşagynda kimdir biri ýatyrdy, Rahmany ol ýerik golaý getirdiler we matany açdylar.
—Tanaýaňyzmy? —Polisiýanyň başlygy Rahmana seretdi we sorady.
Rahman gözlerine ynanmady, ol ýerde onuň özi ýatyrdy. Azajyk gögeren we çişen beden, ýöne bu önuň özidi.
—Ýok, ýok, —şeýle sözler bilen Rahman yza tesdi we öz ýüzüni gözüni ellemäge durdy.
—Siz meň düşen günümi göz öňüne bir getirýäňizmi Rahman? —Polisiýaň başlygy sorady.
Gapdalda duran lukman, gözünden äýnegini çykaryp, kisesine saldy we diri Rahmany, öli Rahmanyň golaýyna getirip, ikisini deňeşdirmäge başlady.
—Gowy tarapy, sen entek diri wagtyň, biz seň el yzlaryňy aldyk, el yzlar gabat gelýär, sen hakykatdan hem Rahman Zulfikarow. Eger sen Rahman bolýan bolsaň, bu ýatan indi kim bolýar, —Polisiýaň başlygy stolda ýatana barmagyny uzadyp gürledi. Ol adamyň sözlerinde hiç hili ýigrenç, ýa-da gahar gazap ýokdy, ol adamyň sözlerinde diňe ýadawlyk bardy. —Işiňi taşla diýip maňa Hudaý göz görkezýärmikä, —diýip Polisiýaň işgäri çalaja pyşyrdady.
Elbetde Rahman aýdasy, geldi, men öňkim ýaly däl, serediň meň agyzymdaky dişler hem edil bolmalsy ýaly täzeje, 32-si hem ýerinde, ýöne beýle açyklygyň nireler eltjegi belli däldi. Golliwudyň kinolarynda görkezilýän, gizlin labaratoryýalaryň, biziň ýurdymyzda bolup bilmejegine Rahman ynanýardy. Hiç kim Rahmany şeýle ýerlere alyp gidip, oň üstinde gizlin barlaglary geçirip biljek däldi. Hakyky dünýä, kino ýaly däldi. Muşakkatlaryň barsy, diňe resmi taýdan döreýärdi. Şol bir adamyň iki sany nusgasy bardy, biri diri we biri merhum.
—Sen öwlüýäden çykyp gaýdan güniňden soň, aradan 5 gün geçirip müjewir bize habar berdi. Dogrysy müjewiriň özi, bize aýtman, seň çykyp gaýdan gabyryňy gözläp tapypdyr we ol ýerde şuň ýatanyny bize habar berdi. —Polisiýaň başlygy Rahmana düşündirmäge başlady. Müjewir seni diri görenini aýtdy, ýöne gynansakda soň aýtdy. Garaz biz bar zadyň anygyna ýetinçäň aradan ençeme gün geçdi. Indem welin biziň öňümizde örän kyn sorag keserýär Rahman. Biz şu jesede näme etmeli? Sen bilen bar zat düşnükli, sen ýene öňki durmuşyňa gaýdyp gelersiň, ýöne biz bu işi nädip ýapmaly? 
Poliýanyñ başlygy Rahmana soragly bakdy.
—Men hem ölsem iş aňsat ýapylýany? —Rahman sorasy geldi, ýöne wagtynda saklandy.
—Seni adaty durmuşa gaýdyp bermesek, bizde başga çykalga ýok Rahman, —Polisiýaň başlygy merhum Rahmana ýüzlendi. —Men şu gün seň iş edaraňa jaň edip, bolan ýagdaýy düşündireýin, sen öňkiň ýaly öz işiňe gatnarsyň, öýüňde oturanyňdada 1000 esse gowy bolar, eger seň gerek bolsaň, biz seni taparys. Buny bolsa, biz jaýlamarys, şeýle dälmi Ibinsina, —Polisiýaň başlygy gapdalda duran lykmanyň egnine bat bilen kakdy. Lukman zordan aýak üstinde saklandy. —Belki bize jeset ýene gerek bolar? Jeset barada sen hiç kimiň ýanynda dil ýaraýma Rahman, bolýamy?
Rahman haýaljakdan başyny atdy. Ondan soň Rahman öýüne gaýtdy we bir iki günden işe çykdy. Işde bolup geçen wakakar we oňa bolan garaýyşlar düýninden aýratyn gürrüň. Aradan bir aý geçeninden soň, Rahmanyň yzyndan ýene polisiýaň adamlary geldiler. Bu gezek Rahmany polisiýaň binasynda 4-5 gün sakladylar we sorag etdiler. Ol wakasyny 100 gezek 10 adama gürrüň berdi. Kämahallar Rahmany, başga bir edara alyp gidýärdiler, we ol bolan zatlary täzeden gürrüň berýärdi. Ol bar zady bolşy ýaly aýdýardy, ýöne ýekeje zady Rahman, ähli kişiden gizledi. Öz pikirlerini şygyr bilen beýan edýän äpet adamy. Ol adam wakany hasda kynlaşdyrjakdy. Onsoňam beýle adamyň bardygyna kim ynansyn diýsene? Galybersede Rahmanyň gözine şeýle ýagdaýda her tüýsli zatlar görünip biljekdi. Ýöne ol adam hakykatdy, tutuş dünýe ýalandy, emma ol adam hakykatdy.

4-nji bölüm

Ýuwaş ýuwaşdan bar zat öz akymyna baran ýaly hem boldy, Polisiýa indi Rahmany binjalyk edenokdy, indi Rahmanyň özi binjalyk bolýardy. Rahmanyň aýaly oň bilen bir jaýda ýatmakdan boýun gaçyrypdy. Ol aýal bir zatlardan gorkýardy. —Sen sen, ýöne sen sen däl, —diýýärdi ol aýal. Sende bir zat üýtgedi. Özem geň ýeri gowy tarapa üýtgedi. Seň başyňda ýekejede ak saç ýok. Seň öňkiler ýaly agzyňdan ýakymsyz ys gelenok. Seň bedeniň 18 ýaşly oglanyň bedeni ýaly. Seň kim bolsaňam meň öňki ýoldaşym Rahman däl, —diýärdi ol aýal.
Garaz ýogaldyňmy, ymykly ýogalmaly eken, yzyňa gaýdyp gelseň, öňki ýeriň ýok. Edil ärinden aýrylyşyp, atasy öýüne dolanyp gelen gyz ýaly, öňki ýeriň ýok. Rahmanyň özi hem bir zatlaryň tesrdigini duýýardy. Oň bedeni bilen bar zadyň  gowdygyna, ol razydy, ýöne oň akly bilen bir zatlar bolupdy. Ol indi öz aňynda ýekedi. Öňler Rahman özini ýalňyz duýanokdy, oň aňynda elmidama söweş bolýan ýalydy. Kimdir biri oň kellesine her tüýsi pikirleri oklaýardy, ol pikirler köplenç ýaramaz hereketleri talap edýärdi. Ýene kimdir biri Rahmany, ýaramaz pikirlerden gorajak bolýardy. Indem welin Rahmanyň kellesi boşap galan ýalydy. Hiç kim onda ýaramaz pikirleri oýaranokdy. Ol bütinleý ýalňyzdy, ol hiç zadyň pikirnem edenokdy, dogrysy kellede aram aram şol äpet adamyň keşbi janlanýardy. Ol adam irde giçde Rahmanyň durmuşynda ýene peýda bolmalydy, Rahmana bu täsin bedeni şol adam sowgat edipdi we öz sowgadyny yzyna almak üçin gelmelidi.

5-nji bölüm

Rahman gözlerini jesethanada açdy, öň üstine şol Polisiýaň başlygy bilen şol öňki lukman abanyp durdylar.
—Siz indi ölüp bileňzok öýdýän Rahman? —Polisiýaň başlygy ýylgyrdy.
—Maňa näme boldy? —Rahman sorady.
—Sizi uly bir maşyn basyp öldürdi, —Lukman jogap berdi, —soň sizi şu ýerik getirdiler. Inede size jan girip durşy.
—Näme üçindir meni bu hadysa geň galdyranok, —Polysiýanyň başlygy ýylgyrdy.
—Siz entek öziňize gelmäkäňiz biz ýene käbir analizlary geçirdik, siziň bedeniňiz adaty adamlaryňky ýaly däl eken Rahman. Lukman sandyraýan ses bilen jogap berdi.
Polisiýanyň başlygyndan azajyk aragyň ysy gelýärdi, şol sebäpden ol adam azajyk şadyýan ýalydy.
Rahman bolan zatlary haýaljakdan ýatlap başlady, çatrykda duýansyz peýda bolan, uly ýük ulagy Rahmany öz tekerlerine çolapdy. Ýöne eger bar zat şeýle bolsa, ol näme üçin entegem diri? Rahman öz endamyny barlagdan geçirip, ýerinden turdy. Bar ýer abat.
—Mende sen ýaly işgär bolaýmal-a, —Polisyýaň başlygy ýylgyrdy.
—Men öýe gaýtsam bolýamy? —Rahman sorady.
—Eger sizde awtoulagyň sürüjisine arz şikaýat ýok bolsa arkaýyn gaýdyp bilersiňiz. Polisiýanyň başlygy ýene ýylgyrdy. —Başga tarapdan siz arz şikaýat etseňizem, size hiç kim ynanmaz.
Jesethanadan çykyp Rahman ýol boýy oýlandy, bu jübit nireden peýda boldy, kim olara awtoulag heläkçiligine düşen adamyň mendigini habar berdikä? Ýa-da meň yzymda gije gündiz gözegçilik goýdularmyka? —Rahman oýlandy.
Aradan köp wagt geçmäkä Rahman ýene bir gözlerini jesethanada açmaly boldy. Ol ýene bir gezek ölüpdi. Ýöne bu gezek örän täsin ölüpdi. Şol sebäpden Rahman ýerinden hopugyp turdy. Öläýmäkä başdan geçen ejir doly ýatdan çykmandy. Bu gezek hem Rahmanyň başynda şol öňki jübit durdy. Bu gezek Rahman bütinleý ýalaňaçdy.
—Siz meni indi çynlakaý geň galdyryp başladyňyz Rahman, —Polisiýaň başlygy ýüzlendi. —Eger haýsam bolsa bir din, siz bilen bolup geçýän zatlaty düşündirip bilse, men şol dini pikirlenmän kabul etjek.
—Men gaýnap duran gazana gaçdymmy? —Rahman sorady.
—Hawa, siziň edaraňyz bir giden demir dümiri öz hasabyndan aýyrmaly boldy we sizi demiri täzeden işleýän zawoda ugradypdyrlar, şol ýerde welin siz, edil aklyndan azaşan ýaly, hiç kimiň diýenini etmän, demir gaýnap duran gazanyň içine böküpsiňiz, siz heý bir zatlar ýadyňyza düşýämi Rahman?
—Çalaja, —Rahman bir nokada seredip jogap berdi.
—Sizi bu ýerik getirenlerinde, siz diňe süňkdiňiz, sizden başga hiç zat galmandy. —Bu sözleri eýýäm lukman aýtýardy. —Ýöne nädipdigi belli däl, ýöne siziň süňkiňiz ýene täzeden et ördi. Men siziň süňkiňizi barlagdan geçirdim, dogrymy aýtsam, siziň süňkiňiz adaty süňk däl. Siziň süňkiňiz, üýtgeşik bir metalla meňzeýär. Belki şol sebäpden siziň süňkiňiz 3000 gradus gyzgynlyga hem döz gelmegi başarandyr?
—Bilemok, —diýdi Rahman. —Men öýe gaýtsam bolýamy?
Rahmanyň gözi bilen seretseň hiç hili gorkunç zat bolmadyk ýalydy. Ol hamala çalaja ysgyndan gidip, yz ýanyndan gözlerini jesethanada açan ýalydy. Ol eýýäm 4 aýyň içinde 3-nji gezek direlýärdi. Bolýan zatlara hökümet hem täsir edip bilenokdy, sebäbi daş töwerekdäki dünýä, diňe materiýalistik esasda gurlandy. Rahman bilen bolýan zatlary, diňe şäher polisiýaň başlygy bilen, oň ýanyndaky lukman bilýärdi. Ýöne olar hem kime aýtsynlar? Özlerinden ýokarda duran başlyklaramy? Olar öz gezeginde näme etsinler, hakyna seretseň hiç hili ölüm ýitim ýok. Rahmany islendik ýagdaýda getirip jesethana zyňaý, ol bir iki sagatdan hiç zat bolmadyk ýaly direlenden soň etjek zadyň ýok. Tiz kömegiň lukmanlary ýalňyşdy, ine Rahman, sag aman dur, el aýagy ýerinde. Oň erän demiriň içinde äräp gidenini 10 adam göreniniň näme peýdasy bar? Ine ol diri dur, diýmek 10 adamyň gözine bir zatlar görünen bolmaly. Garaz jeset ýok, iş hem ýok. Aradan bir gün geçmäkä, Rahman nämä uçran bolsada, şol mesele şol bada ýapylýardy. Rahmany ýolda kakan uly awtoulagyň sürjisi, tutuş maşgalasyny alyp, Rahmanlara töwella geldi we Rahmany aýak üstinde görüp, öz gözlerine ynanmady.
—Bolup bilmez, —ol oglan diňe pyşyrdady we Rahmany elläp gördü.

6-njy bölüm

Rahman her aýda diýen ýaly bir zatlara uçraýardy we her gezek täzeden direlýärdi.
—Men sizi öz kömekçim edip işi almalymy, nämemi Rahman? —Plisiýaň başlygy ýylgyrdy. Dogrymdan gelsemä siziň öziňiz-ä maňa ýene 1000 ýyldanam gerek däl, men diňe oýun etdim. Sizi öldürip bolmaýanlygy hem maňa gyzykly däl. Ýer ýüzünde näçe gudrat bar bolsada, adaty hakykatlar şol öňküligine galýar. Bir oglany näçe öldürseňem ýene direlýär diýip, men öz pikirlerimden dänip bilmerin. Gudrat gudrat bilen, gulluk gulluk bilen. Meň bir köne tanşymyň aýdan sözleri bar: Birden asman açylyp, ol ýerden Hudaýyň özi görünsede, ýerde hiç zar üýtgemez. Edil öňküler ýaly, iýip işjek bolsaň, ýer depmeli, derýadan suw çekmeli we başga işleri etmeli bolar. Hudaý görneni bilen hem, biziň işimizi edip bermez. Siz bilen hem bar zat şolar ýaly Zulfikarow. Siziň bu edýän oýunlaryňyz bilen, hiç kime ýylam däl, sowugam däl. Dünýä şol öňki oky bilen aýlanyp dur. Polisiýaň başlygy Rahmana ýüzlensede, ol hamala öz özini yrjak bolýan ýalydy.
Polisiýanyň başlygynyň bu sözleri, Rahmanyň durmuşyndaky iň soňjy sözler boldy. Olar gaýdyp hiç haçan duşuşmadylar. Aradan bir ýyl geçiberende, Rahman öz öýüniň öňünde, köçä seredip otyrdy. Iýun aýynyň 11-ne bir zatlar bolmalydy. Şol gün Rahman ilkinji gezek direlipdi. Ol güne bolsa sanaýmalyjak günler galypdy. Gün eýýäm ýaşypdy, daşary garaňkydy. Birden Rahman örän geň zada gözi düşdi. Eýýäm ýarym sagat bäri köçeden hiç kim geçenokdy. Ne adam, nede awtoulag. Köçe doňyp galan ýalydy? Rahman köçäň orta-arasyna baryp, iki gapdala seretdi. Uly ýolda maşynlar we adamlar görünýärdi, emma olar Rahmanyň köçesine tarap sowulanokdylar. Rahman otyran ýerine dolanjak bolup, yzyna bakdam we duran ýerinde doňup galdy. Ol ýerde şol äpet adam durdy. Ol adam otyran hem bolsa, oň boýy dik duran Rahmandan beýikdi.
—Bu sizmi? —Rahman sandyraýan ses bilen sorady.
Adam jogap bermedi, diňe Rahmany ýanyna çagyrdy.
—Sen öz etmeli işiňi dogry ýerine ýetirdiň. Ýene bir näçe günden sen ölersiň, bu gezek hakykatdan hem ölersiň, —Äpet adam goşgy ähende dowam etdi. Sözler ol adamyň pikirleri üçin örän dogry gelýärdi. Hamala türkmen dili, şul adamyň pikirlerine görä oýlanyp tapylan ýalydy.
—Men näme etmelidim? —Rahman barmagy bilen özini görkezdi.
—Sen şu bedeni synagdan geçirmelidiň, sen ony geçirdiň.
—Rahmanyň kellesinde, öldürip bolmaýan esgerler barada, we kosmos urşy barada obrazlar janlandy, ýöne ol obrazlar uzak ýaşamady. Sebäbi äpet adam ol obrazlary nädipdir okady we Rahmana öz obrazlary bilen jogap berdi. Rahmanyň gözüne kosmos boşlygy göründi we şol boşlukda bir planeta peýda boldy, ol planeta, şu äpet adamyň ýaşaýan planetasy bolup çykdy. Ol planeta, öz ýyldyzyny taşlap, zemine tarap uçup gelýärdi. Ol planetaň ýere ýetmegine az wagt galypdy.
—Hanha biziň planetamyz, —Äpet adam günbatara tarap elini uzatdy, ol ýerde bolsa soňky bir ýyl bäri, äpet ýyldyz şöhle saçýardy. Ol ýyldyz öň ýokdy, indem welin asmanyň iň ýagty ýyldyzydy. —Biz älem jahanda "bagt" diýen zady öndürýän ýeketäk jandarlar. Bagt diňe biziň planetamyzda döräp bilýär. Biz bagty tutuş kosmosa seçýäs, ähli aňly düşünjeli adamlara deň ýeter ýaly.
—Bagt? —Rahman oýlandy, —söýgi, şatlyk, begeç, ol bagt diýip şu zatlary göz öňüne tutýamy?
—Hawa, şol zatlary göz öňüne tutýan, —Äpet adam Rahmanyň entek söze öwürmedik pikirlerine jogap berdi.
Dogrusy başga planetadan gelen jandar, kosmos gämileri, gara girdaplar we adatdan daşary tehnalogiýalar barada gürrüň edäýjek ýaly welin, emma bu jandar ýetişen gyzyň gürrüňleri ýaly gürrüň edip otyr. Gepiň öwrülen tarapy Rahmana ýaramady, ol näme diýseňde ylmy adamdy.
—Bagt diýen energiýa ähli jandarlar üçin deň paýlansada, käbir planetalarda, adamlar bagty birek birekden zor bilen alýarlar. Mysal üçin siziň planetaňyz hem şeýle planetalaryň biri. Sizde bagyt diýen zadyň balansy puzulypdyr, biz bolsa şol balansy dikeltmäge geldik.
—Bagty ähli baýlardan alyp, garyplara paýlarsymyzmy? —Rahnan ýylgyryp sorady, näme diýseň hem bu äpet adam oň keýpini göterýärdi.
—Hawa, şoňa meňzeş hereketler. Biz zemine ugradan bagtymyzyň mukdaryny bilýäs, biz bagty iň soňky damjasyna çenli adalatly paýlarys.
Rahman bolsa öz öldürip bolmaýan bedeniniň bu bagtly temada nähili dahylygyň bardygyny bilenokdy.
—Siz onsoň buny nädip amala aşyrarsyňyz? —Rahman sorady, Äpet adam bolsa jogap berdi.
—Ilki bilen zemindäki ähli jandarlary ýok edersi, öldüreris, soň bolsa seň bedeniňki ýaly şekilde, ähli kişini täzeden direlderis. Ýer ýüzünde ýaşap geçen ähli adamlary direlderis, geçmişde kim ýaşan bolsa barsyny direlderis.
—Olary direltmek nämä gerek? —Rahman sorady.
—Näme üçin? Ol adamlar hem bagt diýen zady ulanany üçin. Geçmişde ýaşan hökümdarlar, baýlar, begler we ähli kişiler, biziň kosmosdan ugradýan bagtymyzy özlerine diýseň köp siňdirdiler, biz bolsa bagty yzyna almaly we deň derejede paýlamaly.
—Ýogalan adamdan bagty nädip yzyna aljak? —Rahman köşeşmedi. —Aýdaly köne döwür bir patyşa örän bagtly ýaşady diýeli, inede siz bir ýerlerden peýda bolduňyz we bagty yzyna soradyňyz, onsoň siz ony nädip yzyna almakçy?
— O Rahman, —äpet adam ýylgyrdy, ol dogrusy şu gün birinji gezek ýylgyrýardy, dogrysy ol adam ýylgyryp bilýändir diýip Rahman pikir edip hem bilenokdy. —Biz bagty öndürip, ony kosmosa şöhlelendirip bilýän bolsak, ony yzynada alyp hem bilýäs. Müň gezek eşdeniňden, bir gezek göreniň ýagşy, —Şeýle sözler bilen äpet adam, Rahmanyň eginine elini goýdy we Rahmanyň gözleri gapyldy. Rahman ömründe bir gezek gözlerine bir täsin äýnek dakyp görüpdi, ol äýnek Rahmany geň bir dünýä düşüripdi. Rahmanyň şu wagtky ýagdaýy şol äýnegi dakynan ýalydy.
Rahmanyň göz öňünde täsin bir surat açyldy. Rahman äpet bir stadionda otyrdy, ol stadionda Rahmandan başga ýekejede tomaşaçy ýokdy, ýöne stadionyň merkezinde mygylly ýetikdi. Ol ýerde 11 sany adam başyny aşak salyp durdy. Rahman ol adamlary tanaýardy, ol adamlar Rahmany döwürdeşleridi. Adamlardan başga, stadionyň merkezinde başga hem jandarlar bardy, ol jandarlary hem Rahman tanady, ol jandarlar başga planetadan gelen jandarlardy. Ol jandarlaryň ellerinde gamçydyr gürziler bardy. 11 sany adam ýöne ýere başlaryny ýere salyp duran adamlar däldi. Rahman, öz durmuşyndaky ähli kynçylyklarda, şol 11 sany adamy günäkärleýärdi. Ol adamlardan biri, ýyllar boýy Rahmanyň hakyny iýip gezipdi. Başga sözler bilen aýdaňda, asmandan gelýän bagty özine çekipdi. Ortada duran äpet jandarlaryň biri, ýogun ses bilen gürledi: 
—Şu gün, biziň sahnamyzda, 11 sany süýthor seniň üçin çykyş edýär Rahman. 
Rahman iki gapdalyna seretdi, stadionda ondan başga Rahman ýokdy. Rahman begenjinden ýaňa ellerini çarpdy, meýdançada näme boljagy gyzyklydy. Äpet adamlaryň biri eline gamçyny alyp, 11 adamdan birini saýyp başlady, ol adam aýaldy. Ol aýal aýylganç ses bilen ýere ýykyldy, emedekläp gaçjak boldy, ýöne başa barmady. Aýalyň arkasyndaky hamy gyzyl gan boldy, soň sypyrlyp başlady, gamçylar bolsa yzly yzyna ol aýala degýärdi. Gapdalda duran 10 sany adam bolsa, gapdala seretmäne gorkup, başlaryny aşak salyp durdylar. Rahman bolsa çyndan hem bagtlydy, aýalyň çekýän ezýeti Rahmana lezzet berýärdi, ol bu aýala öňki durmuşda ýetip biljek däldi. Aýal özini näçe elhenç duýsa, şonçada Rahman özini bagtly duýýardy. Öňki durmuşda bar zat tersinedi, Rahman ýaly adamlar, özini näçe elhenç duýsa, bu aýal özini şonçada bagtly duýýardy.
—Gynansak-da örän köp bagty öžine alan adamdan, bagty yzyna çykarmagyň ýeke täk usuly şul usul Rahman. —Edil gulagyň düýbinde äpet adam gürledi we Rahman özine geldi. Stadoin eýýäm ýokdy, ol hemişeki ýaly öňki ýerinde, öz öýleriniň ýanynda otyrdy.
—Ölmeýän beden size näme üçin gerek? —Rahman sorajak boldy, ýöne ýarty sözünde eýýäm özi düşündi. Bagt çykarylýan wagty adam ölmez ýaly. Adamdan bagty gaýta gaýta çykarar ýaly. Sen düşünýäňmi Rahman, zeminiň taryhynda het tüýsli adamlar ýaşap geçdi, aýdaly siziň Gitler diýýän ynsanyňyz...
—Siz Gitleri hem tanaýaňyzmy? —Rahman ýerinden begenip turdy, ýöne äpet adam oň egninden basyp, ony köşeşdirdi.
—Tanaýas, tanaýas, biz ähli kişini tanaýas Rahman. Gitler 6 million adam ýakyp öldürdi we şonça adama nýetlenen bagty özine tarap çekdi.
—Onsoň, —Rahman sabyrsyzlyk etdi.
—Onsoň biz Gitleri direlderis we 6 million adama niýetlenen bagty ondan urup-urup çykararys. 6 milion adamyň her birini aýratynlykda stadiona çagyrarys we oň gözüniň arynda Gitleri urup-urup öldüreris, oda ýakarys, oň el aýagyny sogurarys, garaz 6 million adamdan her birini aýratynlykda bagtly ederis.
Rahman petekesini gaşady, ol hamala bu äpet adamyň logokasyna düşünýän hem ýalydy, ýöne barybir bagt diýen zadyň işleýşi soňuna çenli düşnikli däldi.
Rahman bu äpet adam bilen daň atynça söhbetdeş boldy, ýöne barybir hakykata känbir ýakynlamady. Ýekeje zat aýandy, ýene az salymdan ýer ýüzünde bar zat tamamlanjakdy we ähli kişi çenden aşa alan bagtyny yzyna tabşyrmaly boljakdy.

Категория: Powestlar | Просмотров: 87 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Sadaka /esse.
Döwülen ganatlar (oýlanma).
114-nji süre.
Mämmet.
Nebitiň biziň durmuşymyzdaky orny.
Aň, hoş gal indi!.
Hakyky adalat biz (20.01.19 üýtgedildi).
Hudaýdan gorkaý adam hiç zatdan gorkanok. Hudaýdan gorkmanaý ähli zatdan gorkýar..
Çagalaryň özüňden bolar ýaly näme etmeli?.
Zümerret ýa-da däliň oýlanmasy.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: