03:18
Älem hasapçysy (fantastiki hekaýa)
Älem hasapçysy (ylmy fantastika hekaýa)

5-nji mekdep, meň okan mekdebim. Okuwy gutaranyma eýýäm 13 ýyl boldy. Gör nähili wagt çalt geçýär? Men bu ýerik gaýdyp gelmezdim, ýöne gaýdyp gelmäge düýpli sebäpler bar. Sebäpler barada adaty adama gürrüň bersem düşinmejegine gözüm ýetýär. Şonuň üçin men bärde, öz tamamlan mekdebimde. Dogrymy aýtsam şonça ýyllardan soň bosagasyndan ätlemegem bir tüýsli. Ol mekdepde eýýäm köp zatlar üýtgäpdir, ýöne köp zatlar edil öňküsi ýaly. Täze ýaş mugallymlar peýda bolupdyr, köne mugallymlardan käbirleri ýogalypdyr, ýa-da işden gidipdir? Iň eseasy zat maňa gerekli mugallymlar şu ýerde bar bolsa bolýar, galan zat maňa wajyp däl.

Men bu mekdebe Murçe mugallym üçin geldim, galan zatlar maňa gyzykly däl. Diňe şol mugallym entek işden gitmedik bolsa bolýar, entek ýogalmayk bolsa bolýar. Ol mugallym bizi Fizika we Astranomiýa sapagyndan okadardy. Fizika bilen meň aram kän gowy däl, ýöne Astranomyýa meň iň gowy görýän sapaklarymyň biri.
Murçe Mugallym, meň kakamy okadan garry mugallym. Okuw synpyň ýeňsesinde kiçijek iş otagy bardy. Ana şol ýerde matematika mugallymy Myrat bilen mydama küşt oýnardy. Ine ençeme ýyllardan soň men ýene şol ýerik barýan. Meň Mürçe mugallyma soraglarym bar, elbetde ol maňa jogap bermäge razylaşsa? Belkide ol maňa edil dälä sereden ýaly seredip mekdepden kowup göýberer?

Men mekdebe baran wagtym birinji çärýegiň soňydy, okuwçylar ýokdy. Mekdepde diňe käbir mugallymlar bardy. Geň zat, Mürçe mugallymyň iş otagyna barynçam öňümden ýekeje mugallym çykmady, eger çykaýan bolsalar nirä barýaň diýip sorardylar.

Men seresaplyk bilen iş otagyň gapysyny kakdym.

–Giriberiň, –garry mugallym seslendi.

Men gapyny açyp otagyň içine girdim. Şol öňki otag, üýtgän zat ýok, diwarlardaky tekçelerde köne kitaplar örilgi dur. Otagyň penjiresi bolmansoň içi ala garaňky. Göräýmäne ýokardan çyra sallanybam duran ýaly welin içini ýagtyldanok. Sebäbi otagyň diwarlaryndaky tekçeler dürli kitaplar bilen örülen. Şol kitaplaryň aralygynda çyradan gaýdýan yşyk azaşýar we gaýdyp hiç haçan yzyny tapanok.

–Hä, bu senmi Zulfikarow? –Mürçe mugalym meni tanady.

Ol ýeke däldi, oň ýanynda oň baky ýoldaşy we küşt tagtasynda baky garşydaşy Myrat mugallym otyrdy.

–Zulfikarow gowmy inim, gör sen nähili semräpsiň, –Myrat mugallym hem maňa ýüzlendi.

Meň geň galmakdan ýaňa dilim tutuldy, şunça ýyldan soň meni bu mekdepde birje adam tanar öýdemokdym. Bolýa, Mürçe mugallymyň tanany hiçle welin, ýöne Myrat mugallymyň tanamasy näme diýsene? Ýa-da ol Murçe mugallymyň yzyndan gaýtalaýdymyka?

–Salawmaleýkim, –men zordan salamlaşdym.

Mugallymlaryň ikisem gezekli gezegine meni synladylar we ýene öz küşt oýunlary bilen hümra boldylar. Men bolsa öz habarymy nämeden başlajagymy bilmän, gapyň ýanynda doňyp galdym.

–Biz saňa garaşdyk Zulfikarow, –Mürçe mugallym birinji seslendi.

–Hawa, kän garaşdyk, –Myrat mugallym yzyny alyp göterdi. –Seniň üçin bizi täzeden direltdiler diýseňem bolýar.

Myrat mugallym düşniksiz bir zatlar diýip Mürçe mugallyma gözini gyrpdy. Mürçe mugallym hiç zat jogap bermän küşt tagtasyndaky çöpleriň birini süýşirdi.

–Sen bize azajyk garaşarsyňa Zulfikarow? –Mürçe sorady.
Men hiç zada düşinmän edil girşim ýaly gapydan yzyma çykjak boldym, ýöne Mürçe mugallym meni saklady:

–Hiç ýerik çykmak gerek däl, şu ýerde oturyber, men häzir Murat mugallymy utaýyn, onsoň seň bilen gürleşeris.

–Utaýyn diýýäňmy Mürçe mugallym? Entek matematiklaryň fiziklardan utylan ýerleri ýokdyr, –Myrat mugallym ýylgyrdy.

***

–Aýdyber Zulfikarow, seni mekdebe näme getirdi? –Mürçe mugallym küştde utulyp menden sorady.

Men oňa hiç zat jogap bermedim, jogabyň ýerine agzymy açyp bir zatlaer moladym.

–Myrat mugallymdan çekinme, ol öz oglanymyz.

–Men çekinemok, ýöne nämeden başlajagymy bilemok, –men Myrat mugallyma seretdim.

–Bolýada Zulfikarow, eger sen başlap bilmeseň men başlaýyn. Sen şol döwülen aýna barada soramaga geldiňmi?
Mürçe mugallym göwresini maňa tarap öwürdi. Myrat mugallym entek biziň gürrüňmize goşylanokdy, ol küşt tagtasynda çöpleri täzeden örýärdi.

–Hawa, şol döwülen aýna barada soramaga geldim. Ýöne ýende başga soraglarymam bar.

–Hää, –Mürçe mugallym çekdirdi, –diýmek sen durmuşda ýene şoňa meňzeş gudratlara gabat gelipsiňdä?

–Hawa, –diýdim men. –Has beterinede gabat geldim.

–Ol näme barada soraýara Mürçe mugallym? –Iň soňynda Murat mugallym gürrüňe goşyldy. Ýöne Myrat mugallym gepiň näme barada gidýänini bilýärdi, ol bilgeşleýin soraýardy.

Murat mugallym Mürçe mugallym bilen deňeşdireňde has ýaşdy. Takmynan Mürçe mugallymyň ogullary bilen deň diýseňem boljak.

–Düşünýäňmi Myrat, bu oglan öz durmuşynda geň taň zatlar bilen sataşyp başlady. Soraglaryna jogap gözläp biziň ýanymyza geldi. Sebäbi şol geň taň zatlar bilen ol ilkinji gezek meň fizika sapagymda sataşypdy.

–Hawa, –men tassykladym. –Döwülen aýna hiç zat bolmayk ýaly ýenede ýerine dikeldi.

–Ýok Zulfikarow, döwülen aýna hiç haçan öz özünden ýerine diklemez, bu fizikaň kanunlaryna ters gelýär. Ol aýna hiç wagt döwülmedik ýaly boldy.

–Ýöne nädip? Aýnany döwen oglana bir zatlar boldy mugallym, –diýdim men.

–Aýnany döwen oglanyň ady Guwanç Aýdogdyýewdy, şeýlemi? –Mürçe mugallym sorady.

–Hawa, ýöne ol oglan 5 nji synpda okaýan wagtymyz maşgalasy bilen Arçmana göçüp gitdiler. Ýöne aýnany 7 synpda wagtymyz şol oglan döwdi.

–Eýsem bu nädip beýle bolýar? –Mürçe mugallym ýylgyryp sorady. –Ýa-da oglan 7-nji sypda okaýan wagtyňyz Arçmandan yzyna gelip, aýnany döwüp ýene yzyna gidýärmi?

–Mürçe mugallym, siziň şol teoriýaňyz ýene bir gezek tassyklanjak bolýarmy? –Myrat mugallym ýene gürrüňe goşyljak bolýar.

Ol mugallymyň ýylgyrşy meni bir hili gorkyzýar. Ol asla bärde näme işläp ýör? Men mekdebi tamamlanymdan soň Myrat mugallym Mary welaýatyna göçüp gitdi diýen gürrüňler eşidilipdi, ýöne ol ine meň öňümde otyr.

–Hawa Myratjan, ýene bir gezek subut ediljek bolýar, ýöne bu gezek şaýatly boljakda.

–Mürçe mugalym, şol Guwanç Aýdogdyýew bilen bolan zat bilen men ýene bir iki gezek gabat geldim. Men şonuň üçin siziň ýanyňyzda.

–Guwanç Aýdogdyýew bilen näme bolanyny maňada düşindiräýiň? –Myrat mugallym soraýar.

–Üýtgeşik bolan zat ýokla Myratjan. Ine şu Zulfikarowdagy 7-nji synpda okaýan wagytlary men bulary klasda goýyp seň bilen şu otagda küşt oýnap otyrdym. Onsoň klasdan döwülen aýnaň sesi eşidildi, men ylgap çykdyp, seň ýadyňdamy?

–Ýok, –Myrat mugallym başyny ýaýkady.

–A seň ýadyňdamy Zulfikarow? –Mürçe mugallym maňa seredýär.

–Hawa ýadymda, men aýna golaý otyramsoň siz maňada gyrydyňyz.

–Görýäňmy nähili gowy ýatkeşlik? Karoçe şol gün men ýaman gaýga batdym. Döwülen aýna gapy ýaly uly aýna, özem iki gat aýna. Garaz pulyňa tapdyrjak aýna däl, öňümizem şonda gyşdy, aýnaň ýerine gazet tutanyň bilen sowugy saklap boljak däldi. Ana şonda men aýnaň düzelerini isledim, özem bar güýjim bilen isledim. Goý fizikaň we älem-jahanyň bar kanunlary bozulsyz, ýöne aýna hiç zat bolmadyk ýaly yzyna düzelsin. Onsoň sen näme bolandyr öýdýäň Myratjan? –Mürçe mugallym Myrat mugalyma tarap seretdi.

Myrat mugallym eginlerini gysdy.

–Aýnany döwen oglan Guwanç Aýdogyýew, ana şu Zulfikarowyň klasdaşy taryhdan ýitrim boldy. Ol oglan hamala 5-nji synpda ene atasy bilen Arçmana göçen ýaly boldy. Şeýle dälmi Zulfikarow? –Mürçe mugallym maňa seretdi.

–Hawa, ýöne ol 7-nji synpda okaýan wagtymyz bardy. Meň şu günki ýaly ýadymda, siziň klasyňyzdaky aýnanam şol döwdü.

–Menä hiç zada düşinemok, –Myrat mugallym ýene ara sokuldy.

–Düşünmez ýaly bärde näme bar Myratjan? Älem jahan bir hekaýa boýynça ýazylanok. Hekaýalar ýaman kän, mysal üçin hekaýalaryň birinde Guwan Aýdogdyýew 5-nji sypda Arçmana göçýär we 7-nji synpda fizika klassyň aýnasyny döwenok. Ýöne hekaýalaryň ýene bir boýynça Guwanç Aýdogdyýew hiç ýerik göçenok 7-nji synpda fizika klassyň aýnasyny döwýär. Onsoň men fizika mugallym bolan zatlara örän gynanyp aýnaň düzelenini çynym bilen isleýän. We göz öňüne getir Alem-jahan maňa jogap berýär. Älem-jahan Guwan Aýdogdyýew 5-nji synpda Arçmana göçüp giden hekaýasyny esasy hakykat edip ulanýar we aýna hiç zat bolmadyk ýaly ýene ýerinde. Düşdüňmy Myratjan?

–Düşdim welin şu Zulfikarowyň näme aladasynyň bardygyna düşinemok. –Myrat mugallym soraýar.

–Meň bar zat ýadymda, –diýýän men. –Älem-jahanyň iki hekaýasam meň ýadymda.

–Alem-jahanyň hekaýalary iki sany däl Zulfikarow. Hekaýalaryň sany asmandaky ýyldyzlardanam kän. Mysal üçin sen şu gapyny kakaýmakaň miliýonlarça hekaýalar döredi. Şolaryň birinde sen gapyny kakmaga çekinip yzyňa gidýäň, birinde gapyň aňarsynda biz dälde başga mugallymlar otyr, ýene bir hekeýeda eýýäm 5-nji mekdep ýok. Ýene bir hekaýada seň ataň Gyzylarbatdan göçüp gelmedi. Hekaýalaryň saňy sanardan kän, has takyk aýdaňda hekaýalaryň sany çäksiz.

–Men entegem şu oglanyň aladasyna düşinemokda Mürçe mugallym, –Myrat mugallym ýene gürrüňe goşyldy/

–Bu oglan edil men ýaly käbir ýerde hekaýalaryň çalşylany ýadynda galýar eken. Mysal üçin şol döwülen aýnaly wakada bu oglan hakykatda näme bolanyny bilýär. Tutuş mekdep üçin Guwanç Aýdogdyýew 5-nji synpda Arçmana göçüp gitdi. Ýöne näme üçin diňe mekdep üçin? Ol oglan tutuş älem-jahan üçin 5-nji sypda Arçmana göçüp gitdi. Eger ol oglan 7-nji synpda aýnany döwmedik bolsa ol şu wagydam Aşgabatda ýaşasa ýaşardy, ýöne meň een dilegim üçin Alem-jahanyň programmsy çalşyldy, oň yzy bilen bir giden ykballar köki bilen çalşyldy, –Mürçe mugallym süýem barmagyny asmana bakdyrdy.

–Bäh, –Myrat mugallym diňe şony diýdi. –Seň aýnaň üçin gör näçe hereket bolupdyr.

–Sen diňe şol aýna üçin geleňoga Zulfikarow? Sende başga aladalaram bar öýdýän inim? –Mürçe mugallym sorady.

–Hawa, –diýdim men. –Şol aýna döwülmeden soň meň özüm bir näçe gezek ykballaň üýtgemegine şaýat boldym.

–Giňişräk aýdyp ber Zulfkarow, –Mürçe mugallym maňa tarap egildi.

–Men gullukda wagtym bir erbet iş etdim, –men Myrat mugallyma seretdim. Dogrymy aýtsam şonyň ýanynda hiç zat gürläsim gelenokdy. Ýöne görýän welin alaç ýok öýdýän? –Men gullukda wagtym bir oglana köp azar berdim. Ol oglan menden kiçidi we ejizdi. Iňsoňynda oglan öz janyna kast etdi. Men ony şol ýagdaýa iterdim. Soň meni 15 ýyl türmä basylar, meň sud we başgada köp zatlar ýadymda. Sudym bolanda ejemiň aglaýşyny görüp bilmän Hudaýdan dileg etdim. Men şol wagt näme üçindir bar zadyň geçmişde üýtgäp biljegine ynandym. Hudaýyň bar zady kökden düzetjekdigine ynandym. Iň soňynda şeýlede boldy.

–Älem-jahan öz ugryny üýtgetdimi? –Mürçe mugallym orady.

–A sen näme üçin ol oglana azar berýärdiň? –Myrat mugallym sorady.

–Sebäbi ol oglanda bar zat bardy, mende welin hiç zat ýokdy. Ol oglan meň arzuw edýän durmuşymda ýaşady, meň bolsa oňa gözüm gidýärdi.

–Şu wagt nirde indi ol oglan? –Myrat mugallym sorady.

Men oň soragyna jogap berip bilmedim, sebäbi Mürçe mugallym birinji bolup jogap berdi:
–Edil Aýdogdyýew Guwanç ýaly Arçmandadyr, ýa-da başga bir ýerdedir. Aý garaz oglan diridir.

–Men şol wagt elhenç ykbaldan sypdym. Men dileg eden gijäm türmede ýatypdym, ertesi gün bolsa öz harby bölümimizde oýandym. Gullukdaşlamdan sorasam men hiç ýerik gitmedin, hiç hili sut hem bolmady, meň azar beren esegerimem hiç wagt bizde gulluk etmändi. Soň wagtym geçmegi bilen sud we türme baradaky ykbal adaty düýş ýaly bir zada öwrüldi. Ýöne men bilýän, şol zatlaryň bary meň bilen bolup geçdi. Men şu wagydam erbet iş etmekden gorkýan, birden ýokardan seredip duran güýç men ykbalymy ýene bir gezek üýtgedip men şol ýyl çyndanam türmä düşen edip goýar?

–Sen biderek ýere gorkaňok Zulfikarow, seň diýýänleriňde jan bar. Seň programmaňy gowy tarapa üýtgeden, ertesi gün ýene ýaramaz tarapa üýtgedibem biler. Ýöne seň ýene bir üýtgeşik ýeriň barda. Başga adamlar programmaň üýtgänini ýadynda saklap bilenoklar, olaryň ýatlamalary tutuşlygyna täzelenýän ýaly? Ýöne seň ýädyňda näme üçindir bar zat galýar, dogrymy aýtsam meň ýadymda hem galýar. Men ýadymda seň ýadyňdan 100 esse gowy galýar. Sen mysal üçin näçe gezek ykbalyň üýtgänine göz ýetirdiň?

–O diýen kän däl. Bir iki gezek ownuk ýerlerde ýadymda galdy, ýöne türmeden başga ýene bir ýerde erbet betbagytlykdan sypdym?

–Onsoň ol näme zatdy?

–Meň oglymy maşyn kakyp öldürýär, meň bar zat ýadymda, men aglaýan, aýalyma gygyrýan, ony urýan söwýän. Soň ýene gullukda düşen ýagdaýymy ýatlap ýene dileg edip bar zadyň düzeljegini göz öňüme getirýän we ýene bar zat düzelýär.

–Beýbä Zulfikarow, beýbä. Sen Älem-jahany dolandyrmagy öwrenipsiňow. Ýöne ýadyňdan çykarma Zulfikarow, eger gelejekde öz oglyňdan närazy bolup, oň ýiterini ýekeje gezek isleseň. Şol maşynly ykbal şol bada esasy ykbala öwrüler, ýöne bu gezek sen ykballaryň çalşylanyny duýmarsyň. Oglumy gorap bilemdim diýi şol öziňi kösär ýörersiň.

–Ýaş oglanyň kellesine öz “Gepotizalaryňy” guýmasana Mürçe mugallym, –iň soňynda Myrat mugallym seslendi.

–Aý goý bilsindä nämäň nämedigini.

–Bileni gowy welin ertir bir ýerlerde Mürçe mugallym däldiräpdir diýip samahyllap ýörmese bolýar.

–Samahyllamaz, görýäňä akylly oglana, ylym bilen gyzyklanýar. Şeýle dälmi Zulfikarow?

–Men mugalym bolýan zatlaryň näme üçin bolýanyny soramaga geldim, –diýdim men. –Näme üçin ykballar çalşylýar we näme üçin meň ýadymda galýar?

–Ohow, görle muny. Maşynyň kapodyny açyp oň dwigatelini göresiň gelýärdä seň? Maşynyň ýöräp ýöreni saňa ýeterlik däldä? Düşinýän Zulfikarow düşinýän, men hem edil sen ýaly bilesigelji. Birinji aýtjak zadym hemme adamlaryň ykballary üzniksiz çalşylyp dur, ýöne bu barada hemme kişi bilenok. Sen we men ýaly seýrek adamlar bilýär. Hatda Myradam bilenok, –Mürçe mugallym ýylgyryp Myrat mugallyma barmagy bilen görkezdi. –Ýöne Myrat maňa ynanýar. Şeýle dälmi Myrat?

–Hawa ýaşuly hawa, –Myrat mugallym öýun edip başyny atýar.

–Älemjahan dörände Myrat, çäksiz kopyýalar bilen döreýär we şol kopyýalaryň sany üzy üzilmän şol köpelip gidip otyr. Özen bilýäňmi näme üçin köpelýär?

–Ykbalyndan närazy adamlar üçinmi? –Bu soragy eýýäm men berdim.

–Hawa.

–Bolýa, eger bar zat seň diýşiň ýaly bolsa, onda men Prezident bolsym gelýär, hany aýt men nädip bolmaly? –Myrat ynanmazlyk bildirýär.

–Bar zat ýönekeý Myratjan, sen boljagyňa ynanaňok, şonuň üçinem bolaňok. A bu oglan bolsa, –Mürçe mugallym amaňa eli bilen görkezýär. –Bu oglan bolsa geçmişiň üýtgäp bilýäninede ynanýar. Şonuň üçin öz programmasyny çalşyp bilýär.

–Mürçe mugallym şu güne siz meni gaty geň galdyrdyňyz, –Myrat mugallym ýylgyrýar. –Düýn agşam aýdan zadyňyzyň täsirinden şu wagydam çykyp bilemok.

–Seň pikirňçe men ýalan sözleýänmi? Häzir Zulfikarow saňa bar zady aýdyp berer. Zulfikarow şu Myrat mugallym barada bar bilýän zadyňy aýdyp ber inim.

Men oýa batdym, men bu mugallym barada näme bilýän? Matematika mugallym, Owgan urşyna gatnaşan, özem mardydan. :A” klasyň klas ýolbaşçysy.

–Owgan urşyna gatnaşan, Matematika mugalymy, –men ýaňybir başladym welin Myrat mugallym meň sözlerimi böldi.

–Men hiç bir urşa gatnaşamok, men Taşkentda gulluk etdim, hawa men gulluk döwrüm Owganda urş gidip durdy, ýöne meni Hudaý sowdy.

–Sen çyndnam Owganda gulluk etdiň, –Mürçe mugallym gürledi. –Şu mekdebe işe gelen wagtyň seň urşa gatnaşandyň. Seň ýene aýagyňdan okam degipdi, ana şul aýagyňdan.

Myrat mugallym hamala Mürçe mugallymyň sözlerine ynanmaýan ýaly çep aýagynyň injigini barlady.

–Dogrydanam şu aýagym abat bolsada aram aram ýeman agyrýarlaý mugallym.

–Men bolsa 5 ýyl mundan öň ýogaldym, –diýdi Mürçe mugallym. –Ýöne birine gaty gerek bolan bolýmasam? Meň hem ykbalym üýtgedi, ýöne meň ykbalym näçe gezek üýtgesede men barybir şu mekdepde fizika we astranomyýa mugallymy.

–Men siziň öleniňiz barada eşitdim, ýöne bir hili düýş ýaly kimden eşidenim ýadymda ýok. –men bir hili gorky bilen gürledim.

–Ana gördüňmi Myrat? Aýdýana biziň programmalarymyz çalşylýar diýýip.

–Gel küşt oýnalylaý agam, –Myrat teklip etdi.

–Bolýa, ýöne birje minut garaş? Zulfikarow inim seň başga soragyň barmy?

–Bar mugallym. Kim ýa-da näme biziň ykballarymyzy çalşýar? Hudaý çalşýarmy ýa-da başga bir güýçmi?

–Beýbäh Zulfikarow, indi men saňa çyndanam hakykaty aýtmaga gorkýan. Men ateist bolamsoň hudaýa ynanmok, ýöne ýokardamy ýa-da aşakda bir hasapçyň bardgyna ynanýan. Men oňa Älem hasapçysy diýýän, ana şol oglan biziň barýan ýolymyzy üýtgedip bilýär. Hawa ýöne ýaňy aýdyşym ýaly eger oň çyndanam başarýandygyna ynasaň Zulfikarow.

Mürçe mugallym söziniň soňynda tagtada duran çöpleriň birini alyp öňe göçdi we şol bada meň gözümden ýitip gitdi. Oň yz ýany bilen Myrat mugallym hem ýitrim boldy. Soň meň gözümiň arynda olaryň otyran iş otagy hem üýtgäp başlady. Diwarlardaky tekçeler ýitrim boldy, olaryň yzy bilen kitaplar bir ýerik ýitrim boldy. Otagyň diwarlary meň gözümiň arynda gök reňkden ak reňka öwrüldi. Az salymyň içinde otag tanamaz ýaly özgerdi. Men bilýän näme bolanyny, ýöne dil ýarmaga gorkýan, meň gözümiň arynda Älem-jahan ýene bir gezek öz hekaýasyny çalşdy, ýöne bu hekaýada eýýäm Mürçe mugallym bilen Myrat mugallyma ol hekaýada ýer ýok. Myrat mugallym Mary welaýatynda zähmet çekim ýör, Mürçe mugallym bolsa eýýäm bir näçe ýyl bäri ýeriň aşagynda ýatyr. Men ýok adamlar bilen, ýa-da ölen adam bilen gürleşdim diýip biljek däl. Ýöne bar bolan zat Älem hasapçyy ýene bir gezek meň arzuwymy amala aşyrdy we ýene bar zady bolmalysy yzyna düzetdi. Elbetde oňa bu hereket üçin miliýonlarça adamlaryň ykballaryny üýtgetmeli bolandyr, ýöne ol hasapçyň başarmaýan zady barmy näme? Hasapçydan ýekeje sorag, näme üçin üýtgän ykballar meň ýadymda galýar?

Rahman Zulfikarow

Aşgabat
26.10.2018ý
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 510 | Добавил: Awtor | Теги: 5-nji mekdep., Ylmy fantastika. | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Azazylyň hatlary (Fantastiki hekaya).
Berlinyň eteginde (1-nji bölek).
Biwepa.
139-njy tussag.
Sadaka /esse.
Mollanepes teatrynda (t.
Ýorgan (mistiki hekaýa).
Äjit-Mäjit.
Gürleýän guýy (gyzykly waka).
Allahyň arşy ýerden näçe km. beýiklikde ýerleşýär?.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: