17:27
139-njy tussag
1-nji bölüm. Goýnyň içegeleri ýaly egrem-bugram karidorlar bilen sakçylar meni kän ýöretdiler. Meň gözlerim daňykdy, şonyň üçin nirden nirä barýanymy bilemokdym. Kazyýetiň kararyndan soň meni ölim jezasy berilen tussaglaryň saklanýan türmesine geçirmelidiler. Inede geçirdiler, şu ýerde men ömrümiň iň soňkyja günlerini ýaşamalydym. —Dur, —sakçylaryň biri buýryk berdi. Men saklandym. Öňümde elhenç ses edip, demir gapy açyldy. Ýalňyşmasam biz tussag otagyň öňüne gelen bolmaly? Birden burnyma adam peşewi siňen ýorgan düşegiň ysy urdy. Gapdalymda duran sakçylaryň biri paýynç sögündi. Men oňa düşinýän, otagdan gelýän ysa çydar ýaly däl. Ol ys hatda karidory tutyp duran ganyň ysyny hem basypdy. —127-njy tussag, diwara tarap, —sakçylaryň biri buýruk berdi. 127-nji tussag men däldim. Men 139-njy tussagdym. Eger ýalňyşmasam 127-nji tussag meň täze kameradaşym bolmaly? Otagyň jümmüşinde bir adam howlukmaç bir ýerden bir ýere towusdy, ýöne ol ýol ugry bir zada büdredimi nämemi, ýykylyp ala başagaý boldy. Oň bolşyna meni getiren sakçylar gülişdiler. Bolýan zatlary men görip bilemokdym, diňe eşidýärdim. Şonyň üçin hakykatda nämäň bolanyny men aýdyp biljek däldim. —Tussagy çaltyrak kamera dykyň. Sidigiň ysy üstimize çykmaka bärden ýöräliň, —sakçylaryň baştutany teklip etdimi, buýryk berdimi, belli däl. Olaryň öz ara gatnaşyklary barada men hiç zat bilemokdym. Meň gözlerimi çözdüler, garaňkylyga öwrenşen gözlerim karidoryň ýagtysyna gamaşyp başlady. Entek özime gelmäkäm meni ýeňsämden itip otaga saldylar. Otagyň gapysy doly açylanokdy. Bir adam zordan sygar ýaly çala açylýardy. Gapy doly açylmaz ýaly ýere demir gazyk kakylandy, ana şol gazyk gypyny saklaýardy. Elbetde bu zatlaryň bary tussag adam otagyň içine kynçylyk bilen girip çykar ýaly edilen. Gapy bilen diwara oýkanyp men otagyň içine zordan sümdim, bolmasa men daýaw oglan däldim. Daýawlar şu gapydan nädip geçmeli bir Allah bilýär? Ýöne tussaglaň içinde daýaw adamlar bolanok ahyryn. Olaryň bary bu ýerleriň naharyndan, alada gäýgysyndan çöp ýaly horlanýarlar, ondada süňk başy iri adam näçe horlansada barybir daýawlygyna galýar dämi? Ana şeýle adamlar şu gapydan nädip sygmaly, maňa belli däl? Sakçylar gyssasa syçanyň hininede sygarsyňla, gitjek ýeriň ýok. Men otaga girdim, ýeňsämde demir gapy ses edip ýapyldy. Gapy ýapylansoň peşewiň ysy 10 esse güýjän ýaly boldy. 127-njy tussag diýilýän çüňke gysylyp iki eli bilen kellesini aşak basyp otyrdy. Ýapylan gapyň sesini eşitsede ol ýerinden turmaga howlyganokdy. Oň näme üçin ýerinden turmaýanyna men düşindim, sakçylar entek hiç ýerik gitmändi. Olaryň gidýän aýak sesleri eşidilenokdy. Ýeňsämde demiriň demire oýkalýan sesi eşidildi. Men yzyma öwrülmekden saklandym, dogrymy aýtsam sakçylar kakabaş hereketleri kän bir halanoklar. Görüp otyrsam demir gapyň böwründäki kiçijek penjire açylan eken. —139-njy tussag, eliňi bärik uzat, —sakçylaryň biri buýruk berdi, oň sesi adamzada bolan ýigrençden örülen ýalydy. Men ýeňsämde baglanan ellerimi açylan penjireden daşyna çykardym. Sakçylaryň biri elimi öz ebeteýine gaňyryp, demir bizeliklerden boşatdy. Soň bolsa meni itip göýberip penjiräni ýapdy. —Erkin, —olaryň biri gapyň ýeňsesinden gygyrdy. Diňe "Erkin" buýrykdan soň otagyň töründe iki bükülip otyran 127-nji tussag diýilýän adam howlukman ýerinden turdy. Oň ýerinden turuşy çişirilýän gurjagyň haýaljakdan ýelden dolyp dikelşini ýadyňa salýardy. * * * Demir bizelikleriň goşarymda galdyran yzlary entgem agyrýardy. Olary alty aýlap häli-şündi dakynsamda öwrenşip bilmedim. Men otagyň içine göz gezdirdim, adaty kiçijek otag, bir birine bakyp durak iki sany demir krowatdan başga hiç zat ýok. Otag otlyň küpe wagonlaryny ýadyňa salýardy, edil şolar ýaly dar. Düşnikli zat penjire ýok. Ýalňyşmasam tussaghana ýeriň aşagynda bolaýmasa? 127-nji tussag hamala men otagyň içinde ýok ýaly hiç zat gürlemän, öz krowadyna geçip arkan düşip ýatdy. Ýassygnyň aşagyndan kitap bilen äýnek çykardy. Äýnegi gözine dakyp kitaby okamaga başlady. Hamala otagyň içinde özinden başga adam ýok ýaly. Men bir bada salamlaşjak boldym, ýöne salamlaşma pursady eýýäm elden gidipdi. Gapydan giren badyňa salam bermeseň soň salamlaşmak bir hili gelşiksiz. —Meň adym Rahman, —men sakawlap diýen ýaly gürledim. 127-nji tussag okap duran kitabynyň ýokarsyndan çalaja jyklady, ýöne hiç zat gürlemedi. Nazaryny mende az-salym egläp, ýene kitabyň aňarsynda bukuldy. Ikimiziň otaga bolan hukugymyz des deň bolsada men özimi alynmadyk myhman ýaly duýýardym. Gel-geç diýmeseler öz krowadymada geçip hem biljek däldim. Hemişe hökümet işgärleriniň kabinetlarynyň bosagasyndan ätlämde meni şeýle duýgylar gurşap alýardy. Dilim tutulaýar, gürlämde sakawlap zordan gürleýän, käbinetdan çaltyrak çykyp gidesim gelýär. Hamala näbelli bir güýç meni daşyna kowýan ýalydy. Düşnikli zat, kabinetiň eýesine sen artykmaç ýük. Sen oň işini köpeldýäň, ony artykmaç ýadadýaň. Eger sen şu gün gelmedik bolsaň gowy bolardy, has dogrysy sen asla dogulmadyk bolsaň gowy bolarday. Sebäbi sen şu gün gelmeseň ertir ýa-da soňky gün häkman gelersiň we hökman meň işimi köpeldersiň. Iş kabinet bolsyn, tussag saklanýan otag bolsyn, ýa-da birniň ýaşaýyş jaýy bolsyn, tapawudy ýok. Ol ýerleriň hemmesi öz eýeleriniň içgi dünýesiniň aýnasyna öwrülýär. Garasöýmez adamyň öýinden çaltyrak çykyp gidesiň gelýär. Öýüň diwarlary ýyllar boýy garasöýmezligiň güýjini özine siňdirip iň soňynda ol güýji daşyna sözhlelendirip başlaýarlar. Hökimet işgärleriniň kabinetlary hem şeýle, ýyllar boýy näçe işgär çalşsada olaryň bary şol bir zadyň pikirni edýär; —Goý gapydan hiç kim girmesin, goý gapydan hiç kim girmesin. Eger barybir giräýse goý ol gysganç däl adam bolsyn. Ýyllar boýy şol bir pikiri özine siňdiren diwarlar iň soňynda şol pikiriň çeşmesine öwürilýärler. Elbetde hemme kişi men ýaly diwarlaryň pikirni okap bilenok. Dogrymy aýtsam men azajyk duýgurrak adam. Şu wagyt hem tussag otagyň meni daşyna kowýanyny duýýan. Hamala diwarlar şol bir sözi yzyny üzmän gaýtalaýan ýaly; —çyk bärden, bu seň otagyň däl, bosagadan ätlemäge milt etme. Wah, eger meň ygtyýarymda bolsa, men bu ýerlere tarap bakyp buşugjagam dälle welin. Ýöne ykbalyň meýilnamasy başgaça bolup çykdyda. —Otyr 139-njy, —kameradaşym maňa garşydaky krowatda ýer görkezdi. Ol meň öz erkime otyryp bilmejegime göz ýetiren bolsa gerek? Men görkezlen demir krowadyň bir ujynda oturdym. Geň zat, meň krowadymda matras we ýassyk ýokdy, diňe tor ýaly örülen ýalaňaç demir bolup durdy. Men ýassygymy ýaman çalt tapdym, ol 127-nji tussagyň baş ujyndady, ol iki ýassyga ýaplanyp ýatyrdy. Belki matrasy hem şol alandyr? Näme üçin almasyn diýsene? Sowuk otagyň içinde artykmaç matras zyýan edesi ýokla. Ýöne ol özinden bilip matrasy yzyna berse bolýar, sebäbi özim sorap alyp bilerin öýdemok. Meň häsýetim şeýledi, hiç haçan adamlardan öz hakymy sorap bilemok. Mydama ýüz görýän. Şol gowşak häsýet hem meň başyma ýeten bolmagy ahtimal? —Sen 139-njy tussag, men 127-nji tussag, düşindiňmi? Hiç hili at familiýa ulanmak bolanok, düşindiňmi? Meň kameradaşym bu sözleri aýdanda, elinden kitaby düşirip bar ünsi bilen gapa tarap seredipdi. Oň näme üçin beýle edýänini men soň düşindim. Görüp otyrsam sakçylar her 15 minutdan tussag jaýlaryň baryny ýekeme ýeke diňleýän ekenler. Ol biziň gapymyzyň öňi boşaýança garaşan bolmaly. 127-nji tussag barada aýdamda ol 40-45 ýaşlarynda örän ylymly adam eken. Oň köp okanlygy gözlerinden bildirip dur. Ol hem edil men ýaly ölime buýrylan tussag, näçe gün ýaşajagy belli däl. Ýöne barybir birje güninem kitapsyz geçirenok, hökman bir zatlar okaýar. Meň pikirime görä ömrüň soňky günlerini kitap okap geçirmek iň biderek iş. Ýöne bu 4 diwarda kitap okamakdan başga hiç hili güýmenje ýok bolsa näne etjek diýsene? Tussag jaýyň içine öz geýimiňden başga salyp bolýan ýekeje zat bar, ol hem kitap. Bir iki güniň geçmegi bilen men 127-nji tussaga öwrenşim, ýa-da ol maňa öwrenişdi? Bilemok haýsy düşinjäň dogrydygyny? Görüp otyrsam ol 13 çagaň atasy, 2 aýalyň ýoldaşy we Döwlet edaralaň birinde baş hasapçy bolyp işlän eken. Şol kär hem oň başyna ýetipdir. Biziň tutulan ýyllarymyz Döwlet emlägini aşa köp mukdarda talanlara ölim jezasyny berýän ekenler. 127-nji tussag hem şol derejeli kanuny bozanlaryň hataryndan bolup çykdy. Ýöne özini gürletseň welin oň günäsi ýok, eger ol günäli bolsa oň bilen bile ýenede bir giden adamy atmaly bolardy. Oň başlygny atmaly bolardy, başlygyň orunbasaryny atmaly bolardy. Şäher milisiýaň başlygyny, bir iki sany prokurory we, çekistlardanam bir iki sansyny atmaly bolardy. Olaryň bary bir tabakdan bile iýipdirler, ýöne tabagyň eýesi hasabat soranda welin diňe 127-nji tussag gaçyp ýetişmändir. Galany welin zym-zyýat bolan akja jüýjeler. —Bar zada ylym günäkär, —diýýär 127-nji tussag. Adam näçe köp bildigiçe şonçada Allah ondan köp zat talap edýän eken. Edil şol ýagdaýda Allaha düýbinden parhy ýok, seň bilimiň haýsy ugurdan, matimatikamy, fizikami, edebiýatmy? Kelläňi ylym bilen doldyrdyňmy? Seresap bol. Samsygyň ýalňyşyp aýagyn döwdüren ýerinde sen buýnyňy döwdürersiň, ýa-da ölüp gidersiň. Meň bilen hem edil şeýle boldy, —diýýär 127-nji tussag. Ýalňyşanym üçin indi janym bilen tölemeli boldym. 2-nji bölüm. Tusaghanaň içiniň öz düzgüni bardy, tussaglara otagdan daşyna çykmak bolanokdy. Düzgün boýynça günde bir gezek hajathana çykmaga rugsat berilýärdi, ol hem 4 sany sakçyň äkidip getirmeginde. Eger sakçylar ýaltanmasalar hepdede bir gezek diýen ýaly hajathana çykarýardylar. Şonyň üçin otaglardan peşewiň ysy gelýärdi. Eger ýatdan çykarmasalar bizi günde 3 wagtyna naharlaýardylar, irden agşam bir döwüm çörek bilen ýarty bulgur gara çaý. Günortanlaryna möhleti geçen suwa gaýnan makaronlar. Men günortanlyk nahary iýemokdym, diňe gury çörek iýýärdim, aram aram çörekden hem ýüz döndürýärdim. Işdäm düýbinden ýokdy, öňümde garaşýan zatlar göz öňüme gelse iýenje zadymam şol bada gaýtarýadym. Bilemok aradan näçe gün geçdi, 5 günmi, 10 günmi? Bu ýerde kalindarlar ýok. Güniň dogyp ýaşýany hem görünemok, ýekeje görünýän zat biziň otagymyzyň içinde çyranyň ýanyp sönýänligidi. Eger çakym çak bolsa ol çyra gije sagat 10-da öçürlip, ertir irden sagat 6-a ýakylýan bolmaly? Bar zat edil harby gulluldaky ýaly. Garaz men bärik gelenim bäri ol çyraň näçe gezek öçüp ýananyny bilemok, ýöne ýanan günleriniň biri biziň gapymyzyň aňarsyna sakçylar geldi. —Tussaglar diwara tarap, dyza çöküň, eliňiz yza, —Sakçylaryň biri hamala bizden ary bar ýaly buýryk berdi. 127-nji tusag hasyrdap ýerinden turdy, kitabi bilen äýnegini ýassygyň aşagyna salyp ýetişdi. Ylgap baryp diwara bagryny berdi, hamala oň bir bölegi bolmaga synanşýan ýalydy. Gynansamda men bolýan zatlara haýal düşindim. —139-njy tussag, buýryk size degişli dälmi? —Ýene şol ses maňa sorag berdi. Men howlukmaç täze dostymyň ýanyna çökdüm. Ýuwaşlyk bilen çepe öwrülip oň ýüzine seretdim. Oň bir zatlar yşarat ederine garaşdym, ýöne yşarat näme işlesin diýsene? Ol hamala bir zatdan gorkan kiçijek çaga ýaly gözlerini bar güýji bilen ýumupdyr. Dişleri hem tisgi ýaly gysylan, dodaklardan nam-nyşan ýok. Elleri bilen ýapyp, kellesini urgudan goraýar. Ýeňsämizde gapyň böwründäki penjirejik açyldy, ol ýerden otagyň içine başgaçarak ýagty düşdi. Karidorlar näme diýseňem biziň otagmyzdan has ýagty bolmaly? —139-njy tussag, —biri maňa ýüzlendi. Bu eýýäm başga sesdi. —Men 139-njy tussag, —men jogap berdim. —139-nji tussag, sizde tussaghanaň saklanyş şertlerine bolan nägilelik barmy? Men oýa batdym, ýadyma düşen nägilelikleň bary edil bir bada agyldan çykjak bolýan goýunlar ýaly meň dilimden sogurylmaga taýyndylar. Ýöne bolsada meni 127-nji tussag saklady. —Hiç ýok diý, hiç ýok diý, —ol maňa çalaja pyşyrdady. Men aýdylany edip "Hiç ýok" diýdim. —Örän oňat, size bizde myhman bolmagyň ýarandygyna men örän şat. —Ýene şol ses dowam etdi. —Size medisina kömegi gerekmi? —Hiç ýok. —Örän oňat, —ses höwes bilen belledi. —Tussaglaryň bary siz ýaly bolýmala. Size —Ýuristiň hyzmatlary gerekmi? Aklawjy ýa-da başga şoňa meňzeş edaralaryň kömegi? —Hiç ýok. —Bäh, hiç ýok diýiňsene? Belki size dindarlaň kömegi gerekdir? —Hiç ýok, —men awromat ýaly şol bir jogaby gaýtaladym. Maňa sorag berýän ses azajyk sägindi, çalaja pyşyrdap bir zatlary gaýtalady. Eger göwnüme bolmasa ol meň jogaplarymy bir sanawa bellik edýän ýalydy. —Tak, indi iň soňky soraga geçeliň, —az salym dymyşlykdan soň ol seslendi. —siz öz günäňiz geçilmegi barada ýokary derňew topara ýüz tutasyňyz gelýärmi? —Hiç ýok, —men şol jogaby ýene gaýtaladym. —Hiç ýok diýýäňizmi? —meň söhbetdeşim geň galdy. Siz dogrydanam geň tussag 139-njy. Eger "hiç ýok" bolsa size berilen jezany şu gün agşam ýerine ýetiribermelidä? —Ýüz tutasym gelýär diý, ýüz tutasym gelýär diý samsyk, —127-nji tusag meň budymdan çümmükledi. —Ýüz tutsym gelýär, —men sakawlap gürledim. —Şeý diýsene, men bolsa siz Ýaradyjy bilen duşuşmaga howlukýansyňyz öýütdim. Dogrymy aýtsam jezany ýerine ýetirmäge biziň özimizem howlygyp baramzok. Howa entek sowuk, Fewral aýy, näme diýjek. Ýerleriň doňy çözilenok. Doňan ýeri gazmak nähili kyn, siz bir bilsediňiz. Aý borda, bu alada eýýäm size degişli däl. 139-njy tussag, men size ak kagyz bilen galam goýyp gidýän, agşamlyk naharyna çenli öz haýyşnamaňyzy ýazyň. Haýyştnamany agşamlyk nahary paýlaýan sakça berersiňiz. Ertir işe gelemde derňew topara özim ugradaryn. Şeýle sözlerden soň otagyň içine bir zat gaçdy. Yz ýanyndan gapyň böwründäki penjire ýapyldy. Men yzyma öwrüljek boldym, ýöne 127-nji tussag meni wagtynda saklady. —Dur, Erkin buýruk bolmaka ýeriňden gymyldama, sakçylara seni ýençmäge bahana döretme. —Erkin, —gapyň aňarsyndan sakçyň sesi eşidildi. 127-nji haýaljakdan ýerinden turup balagynyň tozanyny kakdy. Men gapyň düýbinde ýatan galam bilen ak kagyzy ýerden galdyrdym. —Sen kimiň gelenini bilýäňmi? —127-nji menden sorady. —Ýok, nirden bileýin? Sakçylaryň biridirdä, ýa-da olaryň başlygy? —Ýaňky gelen adam türmäň başlygy. —Türmäň başlygy? —men geň galdym. —Howwa, türmäň başlygy. Sen 139-njy öziňi gaty dogumly alyp barýaň. Bu meň günäm bolsa gerek. Men saňa bu ýeriň kada-kanunyny düşündirmelidim. Gapyň aňarsyndan ýaňky ýaly buýryk eşidilse, ýa-da biriniň golaýlaýanyny eşitseň men ýaly ylgap diwara söýen, bolmasa sakçylar it ýenjen ýaly ýenjerler. Bar zady dogry we wagtynda edeniň bilen urulmakdan sypanyňy aňladanok. Kamera giren sakçy bizi urman daşyna çykanok. Deňinden geçen sakçymyz bizi hökman uraýmaly. Hepdede bir gezek hajathana gidemizde bizi ýol boýy urup alyp gidýärler. Bu ýerleriň kada kanuny şeýle, tussagy urmak, öz işiňi gowy ýerine ýetirmegi aňladýar. Gelenim bäri men entek hajathana çykyp görmändim, diýmek meň gelenime entek bir hepde bolanok. —Men şu ýerik gelen günim sakçylar sizede zat diýmediler maňada. —139-njy, sen meni geň galdyrýaň. Men aýdýan zatlarymy oýlap tapandyr öýdýäňmi, ýa-da ol gürrüňler türmede birek birige aýdylýan gorkynç ertekilerdir öýdýäňmi? Sakçylar täze gelen tussaga bir bada hiç zat diýenoklar, eger ýagdaý bolsa oň göziniň arynda başga tussagada azar bermejek bolýarlar. —Näme üçin beýle? —Anyk bilemok, ýöne öz çaklamam bar. Täze gelenleriň içinde öz janlaryna kast edýänler kän. Dogryňy aýt, gelen güniň sendede şeýle pikirler bardy geräm? —Howwa, bardy, dogrymy aýtsam şu wagydam bar—men boýun aldym. —Hana görýäňmi, köp adamlarda bar. Sakçylar seni öz janyňa kast etmäge iteresi gelenoklar, şonyň üçinem ownuk düzgün bozmalaryňa gözlerini ýumýarlar. Ýöne beý diýsem begenme, saňa galan bolsa 5 gün galandyr. Soň bu ýeriň hakyky sypatyny görersiň. Öziňe täze gelen gilin diýip düşinäý, —127-nji söziniň soňynda ýylgyrdy. —Bolýar, oňa düşindim. Indi haýyştnama barada aýtsana, derňew toplymy diýdimi, näme diýdi türmäň başlygy? —Oňa Ýokary derňew topary diýilýär. Her bir ölim jezasyny alan adam ol topara ýüz tutmaga haky bar. Eger topara öz günäňi geçmeklik barda ýüz tutmasaň, ýaňy seň etjek bolşyň ýaly, "Hiç ýok" diýip. —Men nirden bileýin ol topar barada? Siz hiç zat aýtmadyňyza? —Howwa, ol meň günäm, saňa gelen güniň aýtmalydym, ýöne men ýok bolanym bilen saňa türmän başlygy bar zady düşindirerdi, öz wagtynda edil maňa düşindirişi ýaly. —Ol bir zatlar düşindirýämi bir? Daşyndan göräýmäne zordan gürleşýär. —Howwa, diňe daşyndan göräýmäne şeýle. Karoçe diňle. Toparyň adyna haýyştnama ýazýas, haýyştnamada ökünýänligiňi aýtmaly, eden işleriň tersdigine düşineniňi aýtmaly. Meni bi-günä basdylar, adalat ulgamy ýalňyşdy, we şoňa meňzeş hiç zat ýazmaly däl. Sen maňa düşinýäňmi? Men "howwa" diýip başymy atdym. —SSSR-yň adalat ulgamy dünýäde iň kämil ulgamlaryň biri, —ol dowam etdi. —ol ulgamyň ýalňyşmaga haky ýok. Düşindiňmi? —Düşindim, —diýdim men. Şol gün agşamlyk naharyna çenli biz haty ýazyp boldyk, has dogrysy haty meň kameradaşymyň özi ýazdy, men diňe gol çekdim. —Ana indi boldy, häzir nahar paýlaýan geler welin haty bereris. —Hatyň jogaby haçan gelýär? —Her wagyt bir tüýsli, eger ýalňyşmasam 3 aýdan 12 aý çenli. Haçan gelendede seň günäňi geçerler, men ony bilýän, ýaş oglanlary atanoklar. —Günäňi geçseler ömürlik basýandyrlarda, bu atuwdan gowymy näme? —Aý ýok, men beýle diýmezdim. Seni ölünçäň ekläp saklap hökümet aklyndan azaşan däl. Günäňi geçseler Uran çeşmelerine işlemäge gidersiň. —Uran çeşmeleri? —Howwa, Uran çeşmeleri? Uranyň nämedigini bilemok bir diýme. Seň kitap okamaýanyň ýüzüňde ýazylgy dur, ýöne telewizor görýänsiňä? —Uran, şol Aton bomba ýasalýan zatmy? —men öz matimatika mugallymymy ýatladym. Atom bomba barada biziň tutuş klasymyza birinji gezek şol gürrüň beripdi. —Aý berekella. Howwa, şol Atom bomba ýasalýan zat. Sen meň diýenimi etde kitaphanadan bir iki sany kitap alda azajyk okasana, bolmasa şol uzakly gün ýatyrsyň. Ýenede meň ünsümem bölýäň. —Öljek bolup durkam nämäň kitaby agam? —Men seň agaň däl, men 127-nji tussag. Seni atmazlar, sen ýaly ýaşlary atanoklar. Uran çeşmelerinde işlemäge sen ýaly ýaş oglanlar gerek, seni şol ýerik ugradarlar, maňa hä diýäý sen. Şonyň üçin boş wagtyň barka kitap oka, ol ýerde eliňe kitap bermezler. —Bolýa, meni atmadylar diýeli, Uran çeşmelerine ugratdylar diýeli, onsoň näme? Ol ýeri hem türmedirdä? Ölünçäm bir döwüm çörege eşek ýaly işläp geçmelidirindä? Ondan şu gün ölenim gowy dälmi? —Seň ýaşyňda men hem ölümden gorkamokdym, —127-nji tussag ýylgyrdy. Ýöne sen ölmersiň, sen Uran gazmaga gidersiň. 5 ýyl işläp berersiň welin, hökümet seni azatlyga göýberer, elbetde ol azatlyga azatlyk diýip bolýan bolsa. —5 ýyldan soň göýberer? —men geň galdym. —Howwa göýbererler, ýöne diri galyp bilseň göýbererler. Ýaşaýan ýeriňi çalşarlar, adyňy familýaňy çalşarlar. Ukraýynaň, ýa-da Gruziýaň obalarynyň birine zyňarlar. Ana şoňa hökümediň dilinde "göýberdim" diýilýär. —O nähili diri galyp bilseň? Näme ol ýeriň işi şeýle agyrmyka? —Aý ýok, agyr işden däl. Sen dogrydanam Uran barada hiç zat bileňokmy? Men bilemok diýdim, nirden bileýin? Men alym däl professor däl. Asla uran barada bilmek maňa nämä gerek? Durmuşda ol bilimlerden ylymlardan maňa näme peýda diýsene? Görýän welin Uran barada ylym maňa gelejekde gerek bolmagy ähtimal eken? 127-nji tussag meň öňümde Uran barada bir giden leksiýa okady. Sözleriň ýetmeýän ýerinde ol eli bilen bir zatlary görkezýärdi. Eliniň ýetmeýän ýerinde meň elleri hem goşýardy, howwa, ol adamdan gowy mekdep mugallymy çyksa çykardy. Bir sagat şeýle leksiýadan soň men Uranyň nämedigine we atom bombalaryň nämedigi 100 göterim düşindim. Görüp otyrsam Uran atly jisim adamlar üçin zyýanly şöhle göýberýän eken. Şol şöhle orta hasap bilen adamy 5 ýylyň içinde öldürýän eken. Şonyň üçin Uran çeşmelerinde diňe ölim jeza buýrylan tussaglar işleýär. Ol ýerlerde sakçylary saklap bolanok. Hatda esgerlerem ulanyp bolanok. Tussaglar öz erkine gezip ýörler. Sakçylar diňe Uran çeşmelerinden 1-2 kilometr bärsinde bolýan ekenler. Ondan golaý barmak eýýäm janyňa howuply. Düzgün tertibe sereder ýaly adamlar tussaglaryň öz içinden bellenýän. Tussagda gaçmaga höwes döremez ýaly, ony 5 ýyldan soň hökümediň özi azatlyga göýberýär, ýöne adyny familýasyny ýaşaýan ýerini çalyşýar. Garyndaşlaň bilen habarlaşmak, öz hakyky adyňy aýtmak bolanok. Eger düzgün tertibi bozaýsaň, göni atuw, bu gezek hiç hili ýokary derňew topary ýok. —Siz bu zatlary nirden bilýäňiz? Telewizorda bir gördüm diýmäň? —sapagyň soňyndan men soradym. —Ýok, telewizorda göremok, —127-nji tussag meň sözlerime gaty görmedi. —Meň bir täze göçüp gelen goňşym bardy, bu wagyt ol ýok, ýogally neresse. Ana şol Uran çeşmelerinde 5ýyl işläp, azatlyga göýberlen adamdy. Günde agşam "uçastgawoýyň" ýanyna baryp bellikden geçýärdi. Öýsüz it ýaly hordy, saçlarynyň bary dökülendi, agzynda bolsa bir iki sany diş bardy. Sypaty ýaman gorkynçdy. Şol wagytlar ol bolsa 40-45 ýaşlaryndaky adamdyr. Uranyň döredýän keseline şöhle keseli diýýärler. Ana şol adamda şol keseliň alamatlary bardy. Men örän bilesigelji adam, bir zady bilesim gelse tä bilinçäm köşeşemok. Şol goňşymyň nireden şöhle keseli bilen kesellänini bilesin geldi. Iň soňynda bildimem. Oň özi maňa bar zady gürrüň berdi, ýöne meň bilen şert baglaşdy. Ol maňa Uran çeşmeleri barada gürrüň berýär, men bolsa ony ölümden soň adam ýaly jaýlaýan we Ukrainadaky çagalaryna ol barada habar berip, kakalarynym mazaryny görkezýän, —127-nji tussag söziniň söňynda gözine ýaş aýlady. —Onsoň siz berin söziňizde durdyňyzmy? —Howwa, durdym, dogrymy aýtsam ýörüte Ukraina gitmeli boldy, oň galdyran salgysy boýynça oň maşgalasyny gözläp tapdym. Bolsada hiç ýerik göçmändirler. Hökümet ol adamyň maşgalasyna 6 ýyl mundan öň ölüm jezaň ýerine ýetirlenligi barada habar beripdir. Göz öňüne getir, bärden bolsa men barýan we ol adamyň ýaňja ölenini habar berýän. —Iň soňynda näme boldy? Görmäge geldilermi? —Bilemok, men kakalarynyň jaýlanan öwülýasynyň salgysyny we täze at familýasyny goýyp gaýtdym. Gelip görüp giden bolsalaram bilemok, gelmän oňan bolsalaram bilemok. Iň esasy zat men beren sözimde durdym, galany maňa eýýäm gyzykly däl. 3-nji bölüm. —Rahman, Rahman oýan, —meni kameradaşymyň sesi oýardy. —Näme boldy agam? Otagyň içi tümdi, hiç zat görünenok. Gözleriňi aç, gözleriňi ýum, hiç hili parhy ýok, diňe gapyň gapdallaryndan taýak ýaly bolyp düşýän ýagtylyk şöhleleri görünýärdi. Diýmek entek sagat 6 bolmandyr. Tümüň içinden 127-nji tussagyň "çüüüüşşşş" diýýän sesleri eşidildi. —Sen ýatyrkaň bir gyzyň adyny tutup samradyň. Olýa diýdiňmi, Ýuluýa diýdiňmi? Kim ol gyz? —kameradaşym pyşyrdap sorady. —Olýa ol gyzyň ady. Men şol gyz üçin şu ýerik düşdim. Ýöne agam sen meni diňe şonyň üçin turuzdyňmy? —Men seň agaň däl jigim, men 127-nji tussag, —ol tümüň içinde ýylgyry. Oň ak dişleri gapyň gapdalyndan düşýän ýagtylykda ýalpyllady. —Ýok, men seni samranyň üçin turuzamok. Şu gün agşam birni atýarlar, men seni şonyň üçin turuzdym. —Atýarlar? —Men tirsegime galdym, netijede meň krowadym aýylganç ses etdi. Dört aýakda bolsada bir tarapa ýykylaýjak ýaly boldy. —Ýuwaş, —kameradaşym meň ýatan krowadymy eli bilen saklady. —ýuwaş samsyk, karidorda adamlar bar. —Siz nirden bilýäňiz birniň atylýanyny? —men pyşyrdap soradym. —Karidordan dogtaryň ysy gelýär, —ol hem pyşyrdap jogap berdi. Dogrydanam karidordan keselhanaň ysy ýaly bir ys gelýärdi. —Näme üçin dogtaryň ysy gelýär? —Ölüm jezasy ýerine ýetirleninde hökman dogtar bolmaly. Diňe dogtar atylan adamyň çyndanam ölenini kesgitläp bilýär. Dogtardan başga hökman prokuror we türmäň başlygy gatnaşýar. —Bu zatlary agam siz nirden bilýäňiz? Okaýan kitaplaryňyzda barmy? —Ýok, kitaplarda ýok. Men ysyny alýan. Gapyň ýanyna barda burnyňy goý, dogtaryň ysyndan başga kagyzlaryň ysyny alarsyň, bu Prokuraturaň ysy. Dogrydanam kagyzlar barada eşidenimden gapyň aňarsyndan kagyzlaryň ysy gelýän ýaly boldy. —Howwa alýan. Tozan siňen köne kagyzlaryň ysy gelýär. Ýöne agam näme üçin yslar beýle ýiti? Öň men kagyzyň ysyny alyp bilemokdym öýdýän. —Öň seň garnyň dokdy, indi seň garnyň aç. Beýni iýmitiň gözleginde seň ys alyş agzalaryňy bar güýjine işletdi. Sen şu wagt edil serhetçileriň yzçy it ýaly ys alýaň. Diňe sen däl, men hem şeýle. Muňa Anatomiýa diýilýär. —Bäh, —diýdim men. Dogrysy mende başga teswir hem ýokdy. Biz entegem gürleşerdik welin karidorda bir goh turdy. Sakçylar birini süýräp barýardylar. Ol süýrelýän bolsa yzyny üzmän bir zatlar gygyrýardy; —Meň 4 sany çagam bar, meni göýberiň men hiç kime aýtmaryn, saçymy syraryn, sakalymy ösdürerin, başga adam ýaly bolup ýaşaryn. Oň sözleri sakçylara hiç hili täsir edenokdy. Olar hamala haram ölen goýyny zyňmana barýan ýaly ony süýräp barýardylar. Ine ol tussag biziň otagmyzyň deňinde gapyň burçyndan ýapyşdy. —Men bar zada razy, kime satmaly bolsada razy, kimiň ýüzüne durmaly bolsada razy. Men ýaman köp zat bilýän, kimiň näçe para alýanyny bilýän. Men size gerek adam, —sözleriniň soňynda ol adam wägirip aglady. Sebäbi sakçylaryň biri oň gapyň burçyndan ýapyşan elinden urdy. Rezin gürzi ses edip biziň gapymyza degdi. Ol sesden meň tassana janym çykypdy. —Ine kitap okamaýan adamlar dünýeden nädip gidýärler, —meň kameradaşym ýeňsämden seslendi. —Kelleleri boş, ol dünýäň bardygyna ynananoklar, ana onsoň gitmejek bolyp her götüni berýärler. Kim boşlyga gidesi gelýär diýsene? —Seň agam bar Adamzady kitap okaýanlara we okamaýanlara bölen ýalyla? —men oň pikirine nägileligimi bildirdim. Sebäbi özim kitap okamokdym. —Howwa, —diýdi ol. Eýsem başga nämä böleýin? Baýlara we garyplara böleýinmi? Ýa-da samsyklara we akyllylara böleýinmi? Ýa-da güýçlilere we ejizlere böljekmi? Seň öziň adamlary haýsy alamatlary boýynça toparlara bölýäň 139-njy tussag? —Menmi? —Howwa sen jigim, —kameradaşym çyny bilen gaharlandy. Entek gelinim bäri ony beýle gaharly görmändim. Oň sesi gaharynyň alamatydy. Edil şol wagyt belki biz jedelleşerdik, ýöne karidordan täze sesler eşidildi; —Men adamyň gözinden atsaň bir okda ölýä diýsem, bu samsyklar barybir ýeňsesinden atýarlar. Atylmaly tussagyň yzy bilen, biziň otagymyzyň deňinde lukman bilen Prokuror geçip barýardylar. Elbetde biz olary göremzokdyk, diňe gapyň aňarsyndan gelýän yslarsan çen tutýardyk. Şu wagyt bolsa dermanlar bilen kagyzlaň ysy dünýäni tutan ýaly boldy. —Adamyň ýeňsesinden atmak ýeňil ýelpaý iş däl. Siz bolsa gözinden atyň diýýäňiz. Siz bilýäňizä her bir jellat ömründe 4-5 tussagdan köp adam atyp bilenok. Hemişe jellat bilen türmäň başlygy her 3 aýda çalşylýady welin, şu türmäň başlygy hemmelerden uzak otyrdy. Bu sözleri prokuror aýdan bolmaly? Soň sesler gitdigiçe peseldi we iň soňynda karidoryň jümmişinde azaşdy. —Dogtor bilen Prokuror geçip gitdi, —diýdi meň kameradaşym. Adam atylýan otag bizden daşda däl. Häzir pistolediň sesi eşidiler. Biziň ikimize Mollanepes teatryň zalynda, birinji hatarlarda otyran tomaşaçy diýip düşinäý, ýöne görkezilýän sahna adaty sahna däl-dä, ganly sahna, —söziniň söňynda kameradaşym ýylgydy. Göwnüme bolmasa bolýan zatlar oň göwnüne ýaraýan bolmaly? —Men öz gyz jigimi zorladym, soň ony öz dostyma durmuşa çykardym. Atylmaly adamyň iň soňky sesleri eşidildi. Ýöne oň boýyn almalary hiç kime täsir etmedi öýdýän? —Ölmäkä öz içini döküp gidesi gelýändirdä neresse? —men çakladym. —Ýok, —diýdi meň kameradaşym. —ol gyzykly waka bilen öz ölümini bir iki sekunt bolsada gijikdirjek bolýar. Ýöne jelletlar beýle waklaryň eýýäm müňisini eşitdiler. Belki sen ýaly ýaş oglan gulagny asaýmasa? Jellatlara öz ejeňi zorlap, soňam öldürip bişirip iýşiňi gürrüň berseňem, birje sekundam ünslerini çekip bilmersiň. —Bäh, —diýdim men. Sebäbi mende başga teswir ýokdy. —Sen "1001 gije" eseri okap görüpmidiň, —kameradaşym dowam etdi. Ol bu gije çemden aşa köp gürleýädi, ýa-da meň göwnümedi? Soň ol soragynyň jogabyna garaşman ýene dowam etdi; —Şol eserde bir gyz öz ölümini uzaklaşdyrjak bolup her gije Patyşa gyzykly waklar gürrüň berýär. Eger ýadymdan çykmadyk bolsa gyzyň ady Şahirizada bolmaly. Ýaňky tussagam şol Şahirizada ýaly jigim, öz ölümini gijikdirjek bolup waka oýlap tapdy, ýa-da çyndanam bolan zady gürrüň birdi…. Men kameradaşym öz pikirini jemläp ýetişmedi, sebäbi ýyldyrym çakýam ýaly pistoledyň sesi eşidildi. Men entek ömrümde ýaragyň sesini eşidip görmändim. Hatda harby gullukda wagtym hem atyşyklardan galypdym. Men gaty çykan sesi halamok, meň nerwylam ejiz. —Başlady başlady, —kameradaşym elini çarpyp begendi. Oň bolşy ýaman geňdi. Bolýan zatlarda begenere zat ýok. Goňşy jaýdä bir neressäni atyp otyrlara, bärde nämä begenjek? Oklaryň sesi ýene eşidildi, soň ýene bir gezek, soň ýene bir gezek. Allajan, olar näçe adam atýalarka bu gije? —Olar näçe adam atýalar bu gije? —men sorag berdimmi, ýa-da öz pikirimi daşymdan aýtdymmy, belli däl. Ýöne daşymdam aýdan bolmaly, sebäbi maňa kameradaşym ýylgyryp jogap berdi, ol indi adatdan daşary şadyýandy. —Bir adam atýarlar. Ýöne ol adam durmuşdan gidesi gelmeýän bolmaly, ýaňja öziň gördüňä oň ýaşaýyşdan ýapyşyşyny. —Adam bir okda ölenokmy näme agam? —Sen kinolarda gören zadyňa ynanýaň öýdýän jigim. Adam diňe ölesi gelse ölýär, bolmasa öl ölenok. Sen kellesinden at, gözinden at, syrtyndan at, tapawudy ýok. Ýaşamak isleýän adam barybir ýaşar. Meň gitmeli wagtym gelende men saňa nähili gitmelidigini görkezerin. Erkek ýaly dogyldyňmy, erkek ýaly gitmeli. Ýylgyryp gitmeli, bu dünýede öleniň bilen ýaşaýyş gutaranok. Entek biz näçe gezek dogulmaly, näçe gezek ölmeli, bir ýaradyja belli. Her gezek öleňde şeýdip masgara bolup gitseň, asmandaky Perişdelerden utanjak dälmi? Ol akylyndan azaşdy, —men öz ýanymdan belledim. Birniň ölümini göreni üçin bolanja aňyny ýitirdi. Meni dogrymy aýtsam ol ölüm kän bir geň galdyrmady. Men bir eýýäm dünýeden göwnümi üzdüm. ************************************************ —Sen agşam kimiň adyny tutup samradyň? 127-nji tussag menden sorady. Başga kim sorasyn diýsene? Men ol adamyň bir mahal belgisini aýtman, çyn adyny tutup wakany gürrüň bersemem bolýaram welin, ýöne ol maňa öz adyny aýdasy gelenok. Öz adymy özim unutdym diýýär ol. Belki şeýledir, bu Dowzahda bar zady unydýaň. Eýýäm otagyň yşygy ýanypdy, karidory doldyran agşamky ganyň ysyny, peşewiň ysy basyp başlapdy. Ertirlik eýýäm geçipdi, günortanlyk bolsa entek daşdady. Biz bir döwüm çörek bilen bir bulgur çaý içipdik. —Olýa kim, —kameradaşym has takyk sorag berdi. Diýmek men ol gyzyň adyny tutup samrapdyryn. —Olýa bir gyzyň ady. —men göwünli göwünsiz jogap berdim. —Aýdasyň gelenokda? Aýdanyň bilen bir zat bolaýar öýdýäňmi? Men düýnki samsyk ýaly ölümden öň jellatlara hiç zat gürrüň bermek nýetimde ýok jigim. Seň aýdan zatlaryňy özüm bilen ol dünýä alyp giderin, —sözüniň soňynda ol ýylgyrdy. Men gürrüň bersemem bolýar welin, özümden akylly adama öz duýgularym barada aýdasym gelenok. Ol menden akylly we tejribeli. Ol bar zadyň başgaça tarapyny tapyp bilýär. Men häzir bir gyzy söýýärdim diýsem ol hökmän öz jadyly sözleri bilen men ol gyzy söýmeýändigimi subut eder we iň erbet ýeri maňa hakykatdanam şeýledigini ynandyrar. Ylyma çokunýan adam bilen söýgüň gürrüňini edip otyrasy zat ýok. —Ol gyz saňa çyndanam gaty gymmatly öýdýän, —kameradaşym öz hötjetligini dowam etdi. Men oň sözlerine hiç zat jogap bermedim. Sesimi çykarman otyrdym. —Sen şol gyz üçin şu ýerlere düşdim diýdiňmi, sen ol gyzy öldüren dälsiňä? —Ol meň ýüzüne soragly seretdi. Men ýene sesimi çykarman otyrdym. Oňa diňe gep gerek, güýmenje gerek. Bu gargyş siňen dowzahda men şu wagt edil telewizor ýaly. Häzir meni işledip bolsa, hökman bir gyzykly gepleşik gürrüň bererin. Ýöne kameradaşym meni işledýän düwmäni hiç tapanokdy. Elbetde azatlykda bu adam men ýaly samsyklar bilen gepem alyşmazdy, men oň derejesinden pes. Ýöne bu dowzahda öz ýoldaşyňy saýlap bolanokda. —Gyz üçin ölýän bolsaň sen hakyky samsyk, —ol güldi. —Sen maňa ölmersiň diýipdiň, Uran çeşmelerine gidersiň diýipdiň, —men oň bir mahal aýdan sözlerini ýatlatdym. —Howwa, seni atmazlar, seni entek azyndan 5 ýyl ulanarlar. Soň bolsa öziň ölüp gidersiň. Ölmäkäň Olýany tapjak bolarsyň, iň soňky gezek görjek bolarsyň. Elbetde ony öžüň öldürmedik bolsaň? Soň öz ýaşaýan ýeriňden otla münip ýola düşersiň. Belki Aşgabada çenli ýetip ýetişersiň, belki seni ýolda tuturlar? Uran çeşmelerinde 5 ýyl işläňden soň seň sypatyň edil başga planetadan gelenler ýaly gorkynç bolar. Olýaň seni tanamaz, tanaýsada senden gorkar. Ýa-da hemme oglanlaryň diýşi ýaly ol gyza meň sypatym wajyp dälde, diňe meň içki dünýäm wajyp dijek bolarsyň sen? —Bilemok nämäň wajypdygyny, indi men hiç zat bilemok. —Oý…serdiň muňa, hakyky Mežnun. Zyndanda öz Leýlisiniň zaryny çekýär. Sen maňa gyzyň sypatyny aýdyp ber Mežnun, onsoň men saňa ol gyz seni gowy görýämi görenok aýdyp bereýin. Men edil şu wagyt Olýa barada gürrüň bermedigime begendim. Sebäbi iň soňynda şuma meňzeş sözler bilen üstimden gülinjegini bilýärdim. Ýöne oňa gyzyň sypaty barada aýtmaly diýen karara geldim. Sebäbi bu ylymyň seždegäri bar zatdan habarly, bar zady bilýär. Belki çyndanam gyzy sypatlandyrsam oň maňa bolan garaýşymy aýdyp berer? Soň men ýekeme ýeke gyzyň sypatyny gürrüň berip başladym. Kameradaşym hasapçy maşyn ýaly bir zatlaryň pikirini edýärdi. Soň ol has jikme jik alamatlary sorap başlady. Ýarym sagada çeken oýlanşykdan soň ol gyz seni söýýän eken diýdi. —Sen ony nirden bilýäň? —Eger sen gyzyň sypatyny dogry aýdan bolsaň şeýle sypatdaky gyzlar seň sypatyňdaky oglanlary gowy görýärler. Seň sypatyň ynanjaň oglanyň sypaty, ol gyzyň sypaty bolsa zabun enäň sypaty. Siz bir biriňize gowy gabat gelýäňiz. Sen ol gyzdan gahar gazap soryp alýaň. Ol gyz senden mähir soryp alýar. Allaň edýän oýynlary şeýledä, adamlar birek biregi süýrär ýaly güýçli bilen ejizi çatýar. —Bäh, —diýäýmesem mende başga teswir galmady. Maňa duşan ylyma buýun egen adamlaryň köpüsi Hudaýa ynananokdylar. Bu bolsa iki tarapdanam habarly. —Aýdyp berjekmi indi Olaý hakda? Men razylaşdym, barybir bärde başga gürrüň edere zat ýok, temalaryň hemesi bir eýýäm gutardy. Barybir biziň barymyz ölüme barýas. —Men Olýa bilen iki ýyl ýaşadym. Ol gyza başda Rus gyzdyr öýdýärdim, ýöne beýle däl eken. Ol Iňlisleriň şpiýony bolup çykdy. Olýany tutanlarynda menem tutdylar. Ony bu wagyt böleklere bölendirler? —Iňlis içalsy diýsene? Sen nirde işleýärdiň entek tutulmakaň? —Türkmenistanyň merkezi Arhiwinda. —Ohow, —kameradaşym geň galdy. —Indi bar zat düşnikli boldy. Seni Çekistlar sorag etdilermi? —Bilemok, diňe olaryň alyp gidişleri we yzyma getirişleri ýadymda. Nirä alyp gidip näme soranlary ýadymda ýok. —Ol şeýtanlaryň işleýşi şeýledä. Öz Dowzahlaryny hiç kime görkezesleri gelenoklar. Diňle meni Rahman jigim, —şu ýerde ol meň adymy ilkinji gezek tutupdy. —sen günäkär däl, hökümedem seň günäň ýokdygyny bilýär. Ýöne seni göz üçin atýarlar. Eger sen çyndanam günäli bolan bolsaň seni Çekistlar malekulalara atomlara sökerdiler. Seni şol gün hiç hili sudsyz prokurorsyz ýok ederdiler. Sen ol gyza hiç zat aýtmadyk bolmaly. —Olýa menden işim barada hiç zat soranokdy. —Sen bilýäňmi jigim, bärde bir mekirlik bar. Iňlisleriň aňtowçylary gaty gowy taýýarlanan adamlar. Sen şol gyzyň bişiren naharyny iýýärdiňmi? —Howwa, —men jogap berdim. —Belki gyz seň naharyňa bir zatlar goşandyr, mysal üçin bir täze narkotik, sen onsoň bar soraga jogap berýän, işiň barada gürrüň berýäň. Ýöne ertir bolan zatlar ýadyňda ýok. Seni watanyňy satdyň diýip wyždanyň kösänok. Hiç kimiň ýanynda hiç zat gürrüň bereňok. Birden ele düşäýseň welin, hiç zat bileňok, sen arrasa adam. —Bilemok näme bolanyny, meni şu wagyt Olýa näme bolanyny bilesim gelýär. —Olýa näme bolanyny bilesim gelýär? —kameradaşym meň sözlerimi yzym bilen gaýtalap sessizje güldi. —Ol gyzy ötünç sorap yzyna gaýtaryp berendirler. Depesinden ýekeje saçan gaçan däldir, tussaglykda bir iki gün sakladyk diýip dünýäň puluny sowgat edendirler. Bilýäňmi biziňkiler Iňlislerden nähili gorkýarlar? —Iňlislerden gorkýarlar? —Howwa, eger seň Olýaň şol oglany meň ýanyma karopka salyp ugadyň diýse, biziňkiler Iňlislere ýaranjak bolup seni şol bada karopka salyp gyzyl lenta dakyp Anglýa ugradardylar, —Sözüniň soňynda meň kameradaşym sesizje güldi. —Men oýyn edýän jigim, ýöne ýagdaý takmynan şoňa ýakyn. Biziň hökümetimiz ogurlan pullaryny Ezraýyl bilen Ýewropada saklaýar. Şonyň üçin Iňluslere ýok diýip bilenoklar. 4-nji bölüm. Aradan epesli wagt geçdi. Geçen günleri men hepde-de däl aýlarda ölçärdim. Men bu ýerik gelemde Fewral aýydy, bu wagyt bolsa eýýäm tomus çykandyr, ýa-da şonyň bär ýanydyr. Şonça wagydyň içinde men hakyky tussag öwrüldim. Sakçylaryň hakyky gazabyny gördüm. Ýöne ol zatlar gürrüň bereniňe degenok. Göziň bilen görmeseň bar gürrüňler biderek. Iň soňynda meň kameradaşym bilen goňşylygym tamamlandy. Oň wagty geldi. Oň ýokary derňew toparyna ýazan hatynyň jogaby gelen bolmaly. Bilemok ol nirden bildi, ýöne irden turanyndan bir zatlary ýüregi syzyp başlapdy. —Rahman, eger men seň göwnüňe degen bolsam meni bagyşla, —ol irden entek gözini açmaka şeýle diýdi. —Bolýa, —diýdim men, —ýöne näme üçin bu gün ýatladyň? —Şu gün iň soňky gün ýaly bolup dur. A belki göwnümedir? Ol uzakly gün hiç zat iýmedi. Hiç zat gürlemedi. Eger gürlän bolsada ýuwaşlyk bilen öz özüne bir zatlar samraýardy. Günortanlyk naharyndan soň bolsa ol meni hasam geň galdyrdy. Ol demir gapyny içinden kakyp depip sakçylara söwüp başlady. —Eý dowzagyň haramlary, nirde siz? Biz öldük, —diýdim men öz içimden. Ölmesegem ölümiň bir garyş bär ýany. Sakçylar bizi häzir ýassyk ýenjen ýaly ýenjerler. Men ony saklap bilýärdim, ýöne eýýäm giçdi, şu wagt ony saklasaň ol meň özimem urjakdy. —Eý haramlar geliňdä bärik, eşideňzokmy sizi kakaňyz ýaly adam çagyryp dur. Sakçylar oň sözlerini eşitdiler. Karidorsa 4-5 sany adamyň ylgaýan aýak sesleri hem eşidildi. Indi biz öldük, bizi diňe gudrat halas edäýmese diýdim men. Agyra çydar ýaly agzyma bir zat gysdyrmaly, bolmasa dişlerimi pytradaryn. Demir gapy doly boýyna açyldy, belki gapyň ýeňsesindäki gazyklar gerek wagty aýrylýan bolmalyda? Gapyda elleri gürzili 4 sany Dowzagyň haramy göründi. Çagyryp boldyňmy öz jellatlaryňy agam, —gargyndym men. —Eý haramlar näme meni garaşdyrdyňyz? —Kameradaşym sögündi. —agşam meni atanlarynda yzymdan meň puhymy aýyrmajak bolsaňyz meni hajathana äkidiň. Men suwa düşjek, sakalmy syrjak arassa eşik geýjek. Nähili geňem bolsa sakçylar oňa hiç zat jogap bermediler. Diňe oň döşündäki 127 diýen belgä seredip öz ara pyşyrdaşdylar. —Bolýa agam, sizi giçlik ýuwunmana çykararys, ýa-da siz şu wagt çykasyňyz gelýärmi? Sakçylaryň biri gaty sypaýy jogap berdi. 5-6 gün mundan öň şu sakçy bizi hajathana alyp gidende it ýaly ýenjipdi. —Ýok, agşam ýuwunasym gelýär. Ýöne indi kakan badyma geliň, köp garaşdyrmaň. —Bolýar agam, men gapyň agzynda adam goýyp gitjek, ýöne indi gaty gygyrmaň. Şeýle sözler bilen sakçylar otagy boşatdylar. Hakykatdanam meň kameradaşym şu gün agşam atylýan bolmaly. Hatyň jogaby şu gün irden gelendir. Oň günäsini geçýän däldirler. Ýöne meň kameradaşym ol zatlary nirden bildikä diýsene, belki ýüregi syzandyr? Sakçylaram ölüme barýan adamyň göwnüne degesleri gelýän däldirlerdä? Oň iň soňky islegi diýen ýaly bir zadyny ýerine ýetiresleri gelýändirler? Agşam düşdi, kameradaşym uzakly gün ýekejede söz aýtmady. Lal açan ýaly dymdy, iň bärkisi ýatan ýerindenem galmady. Şol göz öňündäki nokady burawlap ýatdy. Agşamlyk naharyndan soň ol çyndanam ýuwunmaga gitdi. Bizi her aýda ýörüte dellek saçlarymyzy syryp sakal murtumuzy alýardy. Ýöne ol dellek giçlik eşlemeýän bolmaly, sebäbi kameradaşym edil gidişi ýaly yzyna dolanyp geldi. Saçy sakkaly murty edil öňkisi ýaly ösgün. Ýöne ol suwa düşipdir, geýimini täzeläpdir. —Indi men ölmäne taýýar, —bu oň iň soňky sözleriniň biri boldy. Agşam çyra öçürildi, biz ýatmak üçin ýerlerimize geçdik. Ýöne kameradaşym ýatanokdy, şu wagyt oň beýnisi edil ullakan tok berýän generator ýaly işleýärdi. Ýöne ol togyň ýerine hasrat ödürýärdi. Ana şol hasrat şu wagt biziň otagmyzy doldyrypdy. Şol hasrat şu wagt meni ýatyranokdy. Şol hasratdan biziň otagmyzyň içi sarymtyl öwüsýärdi. Oň şu wagt näme barada pikir edýäni maňa gyzyklydy, ýöne men soramaga çekinýärdim. Gijäň ýary biziň otagmyzyň çyrasy ýandy. Sagadyň entek 6 bolmadygyny biziň ikimizem bilýärdik. 127-nji tussagyň jezasyny ýerne ýetirmäge wagt bolupdy. Men ony iň soňky minutlar görýän, durmuşymyň soňyndaky iň soňky tanşym. Biz indi diňe ol dünýede görüşeris. Ölümiň öň ýanynda şeýle akylly adam bilen ýaşamaga Hudaýyň mümkinçilik berenine men diňe şu gün düşindim. Ol aglanokdy, oň gözleri Garagum ýaly gurydy. Oň ýerine men aglaýardym, gözlerimden ýaş dökülýär, ýöne agzymdan ses çykanok. Demir gapy ses edip açyldy we 4 sany sakçy göründi. —127-nji tussag, siziň haýyştnamaňyzyň jogaby geldi. Tanyşmak üçin biziň bile gidiň. Sakçylar şu gün çenden aşa sypaýy. Belkem ykbala garşylyk görkezmän erkek ýaly gidýän adama öz hormalaryny görkezjek bolýandyrlar? 127-nji tussag ýerinden turup üst başyny düzetdi. Bäş barmagy bilen saçlaryny çepden saga darady. Soň ol maňa seretdi, bir zatlar aýtjak boldy ýöne bolmady. Oň agzy gurap dili tutuldy. Ölümden gorkman, —ana oň diýjek bolan sözkeri. Men oň dodagyndan okadym. —Agam, bizde wagt ýok. Sizi entek biz alyp gidip jaýlabam ýetişmeli. Gün dogmaka ýene yzymyza gelmeli. Sakçy adatdan daşary açyklygy görkezdi. Ol tussagyň ölüme barýanyny gizläp durmady. Belki oň garşylyk görkezmejegine göz ýetirendir? Bilemok nämeleriň bolanyny, ýöne şol wagt gören zatlarymyň çyndygyna Hudaýyň adyndan ant içmäge taýýar. 127-nji tussagyň kömür ýaly gara saçlary edil meň gözümiň arynda ýekeme ýeke çalaryp başlady. Ol otagdan çykynça depesinde eýýäm ýekejede gara saç galmandy. Ol çykdy we demir gapy ýapyldy, men bolsa arkan ýykyldym, kelläm krowadyň burçyna degip kellämi deşdirdim. Özümden gitdim, ýaragyň sesinem eşitmändirin. ************************************************ Aradan köp wagt geçdi, bilemok näçe aý, näçe gün? Kinoda türmede otyranlar diwara çyzyk çyzyp ýaşan güni belleýärler welin. Hakyky durmuşda bar zat gaşgaça, biziň ýagdaýymyzda gün belläniň hiç hili manysy ýok. Eger zyndandan iň soňynda boşaýan bolsaň onda gün sanasaň bolýar. Ýöne zyndanyň soňynda ölüm jeza boljak bolsa gün belläniň haýry ýok. Iň soňynda meň hem ölmeli günim geler. Ýa-da 127-nji tussagyň aýdyşy ýaly meni Uran çeşmelerine ugradarlarmyka? 127-nji tusag, sen maňa adyňy aýtman ölüp gitdiň. Belki biz ol dünýde duşuşarys? Belki seň öziňem edil maňa pallaşyň ýaly Uran çeşmelerine işlemäge ugradandyrlar? Eger şeýle bolaýsada saňa hemme kişi ölendir öýtmelä? Belki seni otaga salyp boş ok atyp soň alyp çykyp Uran çeşmelerine ugradandyrlar? Ýokla, ony hökman atandyrlar, beýle adamlary mydama atýarlar. Iň soňynda meň hem iň soňky günim geldi. Men ýöne öňünden hiç zat duýmadym. Men diňe gije ýatyrkam çyraň açylanyny bilýän. —139-njy tussag tur ýeriňden, —sakçyň sesi eşidildi. Men başymy galdyrdym. Eger başga gün sakçy gelip şeýle diýen bolsa men ýerimden hasyrdap turardym. Ýöne bu gije üýtgeşik gije, bu gije aýgytly gije. —139-njy tussag, siziň haýyştnamaňyzyň jogaby geldi, tanyşmak üçin yzymyza düşüň. Men olaryň yzyna düşdim. Ýaşlar ölümden gorkanok, sebäbi olar ölüme ynananok diýýäler, şol çyn eken. Mende dogrydanam hiç hili gorky ýokdy. Men iň soňynda bar zadyň gutaranyna begenýärdim. Nähili bolanda-da häzir bar zat çözülýär. Meni atarlar, ýa-da Uran çeşmelerine ugradarlar. Ýöne karidory keselhanaň ysy bilen arhiwyň ysy tutupdy. Belki meni çyndanam atarlar? Meni köp ýöretmän edil biziň otagymyz ýaly otaga getirdiler. Demir gapy ýokdy, gapyň ýeri boş. Otagyň içinde krowadyň ýerine ullakan bir demor stol dilen demir otyrguç bardy. Men ýeňsämde ädimleri eşitsim, kimdigini yzyma öwrülmän aýdyp biljek, prokuror bilen lukman. —139-njy tussag, haýyştnamaňyza gelen jogap bilen tanyş bolyň. Türmän başlygy stolyň üstünde duran ak bukjany görkezdi. Men hat bilen tanyş bolmak üçin oturguçda oturyp elime haty alanymam şol welin. Biri meň ýeňsämden bar güýji bilen urdy. Men ýere ýykyldym, hatyň içinde nämäň bardygyny görüp ýetişmedim. ************************************************ Soň men gözlerimi açdym. Näçe wagt ýatanymy bilemok. Daş töweregi ümür bürän ýaly. Men entegem ýaňky otagyň içinde ýatyryn, daş töwerekde hiç kim ýok. Men ýerimden turup ýeňsämi elläp gördüm, hiç zat ýok. Ýeňsäme urulmadyk ýaly. Sakçylaram ýok, adam gara ýok. Men karidoryň içi bilen ýöräp başladym. Men bagtymdan karidor diňe bir tarapa alyp gidýärdi. Ol hiç tarapa öwrülenok, hiç ýerde ikä bölünemok. Edil tüpeňiň nili ýaly gös göni karidor. Bilemok şol karidor bilen näçe ýöredim, ýöne iň soňynda karidor bir gapa diredi. Men gapyny açyp daşyna çykdym. Karidor uly bir gowaga çykardy. Ýok gowak däl, bärsi ýeriň aşagy bolmaly. Mende başga düşindiriş ýok. Aňarsy bärsi görünmeýän gowak ýaly bir ýer. Gowagyň her ýerinde ýokarlygyna ösen uly gara sütinler bardy. Ana şol gara sütünleri, edil men ýaly tussaglar, edi men ýaly geýimde, elleri kerkili döwüp pytradyp ýördiler. —Uran çeşmeleri, —men gygyrdym. Meň sesim gowagyň diwarlaryndan eýläk beýläk urunup hemme ýerde eşisildi. Tussaglar kerkilerini taşlap maňa tarap seretdiler. Bu ýerde hiç hili sakçylar ýokdy, tussaglaryň sypatlaryna seretseň welin erbet ýaşaýarlar diýip boljak däl. Men bu ýerik düşenime begendim. Gowagyň içi ýaman giň, aňarsy bärsi görünemok. Bu ýerde öziňi tussag ýaly sälde, eýsem erkin adam ýaly duýyp boljak. —Geldiňmi? —Meň ýanyma 127-nji tussag eli iki sany kerkili golaýlaşdy. Oň ýüzünde ne gynanç bardy, nede begenç. Ol meni görenine geň galanokdy, oň saçlary hem edil oňa duşan günüm ýaly garady. —Howwa geldim, —diýdim men. —Bu ýeri Uran çeşmelerimi? —Howwa, —ol jogap berdi. —Uran hana hol gara sütünleriň içinde. Eliňe şuny alda islän sütiniňi döwüber. Ol eli bilen maňa iň golaý gara sütini görkezdi. Men sütüniň ýokary başyny görjek bolup kellämi galdyrdym. Galdyrdym we bar zat düşnikli boldy. Biz çyndanam gowakda däl, biz ýeriň aşagynda, üstimizde bolsa meň ýigrenýän şäherim. Gara sütünler bolsa, şol şäheri ýer ýuwutmaz ýaly saklap otyr. Awtory; Rahman Zulfikarow Aşgabat; 27.07.2018ý
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 484 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Epilepsiýa.
Hudaýdan gorkaý adam hiç zatdan gorkanok. Hudaýdan gorkmanaý ähli zatdan gorkýar..
Jynlaryň taryhyndan.
Alesdir /hekaýa.
Teleportasyýa Kerimi Kuranda.
Kuran 22:2.
Klasdaşlar (täsin hekaýa).
Çynaryň saýasynda (täsin hekaýa).
QAnon hereketi we Adrenahrom.
Awtorlaryň öwülýasy (syrly wakalar).

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: