10:26
Milli ideýa
Her bir döwletiň milli ideýasy bolmaly, ideýasyz döwlet tokaýda azaşan gyzjagazdan gowy däl. Milli ideýanyň näme aňladýanyny gowy düşüner ýaly käbir döwletlerde mysal getireýin:

ABŞ-larynyň milli ideýasy demokratiýa, hususy eýeçilik we kapitalizm.

Ýewropa ýurtlarynyň milli ideýasy adam hukuklaryny goramak, şahsýete sylag. Şol sebäpden Ýewropada geýleriň hereketi ösýär.

Musulman ýurtlaryň milli ideýalary yslam dini bilen baglanşykly. Muhammet pygamberiň (s.a.w) ýoluny dowam etmek, yslam dinini ýer ýüzüne ýaýmak.

Ýewreýleriň milli ideýasy Ysraýyl ýurduny dikeltmek, öz "watanlaryny" gaýdyp almak, ol ýerden araplary kowmak.

Ruslar barada aýdaňda olar şu wagt milli ideýalaryny ýitirdiler we şol ideýanyň gözleginde.

SSSR döwletiniň milli ideýasy köplere belli bolşy ýaly komunizm jemgiýetini goramakdy, eger başa barsa başga kommunist ideýaly döwletlere goldaw bermek we kapitalizmi ýok etmek.

Nemesleriň milli ideýasyny öz wagtynda Adolf Gitler ýazyp berdi. Ol ideýalar hem köpümize mälim bolsa gerek?

Meň bilýänje milli ideýalarym şulardan ybarat. Elbetde bulardan başga maňa Eýranyň we Türkiýäniň milli ideýalary gyzykly, ýene bilip bolsa Hytaýyň milli ideýasy hem gyzykly. Eger bilýän bolsaňyz teswirlerde ýazyň.

Milli ideýa ýok bolanda döwlete nähili zyýan ýetýär? Milli ideýa ýurduň ösüş ugruny aňladýar, eger ösüş ugry ýok bolsa, diýmek, onuň ters tarapy bar. Ýurtda çykýan ähli kanunlar edilýän işleriň barsy, milli ideýa hyzmat etmeli. Milli ideýa ýoklygynda çykýan kanunlar bir birinden bolgusyz we manysyz bolýar, beýle ýagdaýlary Russiýa Federasyýasynyň mysalynda görse bolýar. Ondan başga milli ideýa watançylyk duýgularyny güýçlendirýär, halky bitewileşdirýär.

Rahman ZULFIKAROW.
Категория: Makalalar | Просмотров: 215 | Добавил: Awtor | Теги: Milli ideýa | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

Däliň oýlanmasy, ýa-da Kawaçi barada.
Gürleýän guýy (gyzykly waka).
Täze Paradigma: Bizi iýýärler.
Çynaryň saýasynda (täsin hekaýa).
Äjit-Mäjit.
Klasdaşlar (täsin hekaýa).
Piramida (fantastiki hekaýa).
Kärhana "Arzuw" (söýgi hakynda).
Alesdir /hekaýa.
20-ýyl aýlaw.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: