03:09
Mollanepes teatrynda (t
Howa sowukdy, daşarda Fewral aýy höküm sürýärdi. Eýýäm bir hepde bäri gar sepeleýärdi. Şonuň üçin gurçun reňkli asman öňkisinden has pessaý ýaly bolup görünýärdi. Maýa gelinejäň göwnüne şeýle howada Aşgabadyň üstine äpet alýumin gazan düňderlen ýalydy. Gazanyň aşagyndan çykyp ýetişmedikleriň bary bolsa, Mollanapes tatryň içinde gizlenipdi. Nähili ýürekgysgynç we biderek adamlar? —Maýa gelineje olar barada pikir edýärdi. Tomaşalar wagytlaýynça ýatyrlypdy, onsoňam beýle howada hiç kim teatra geljek däldi. Ýollar sürçekdi, köçeler garaňkydy, şäher bir tüýsli gorkunçdy. Ýaz pasly entek howluganokdy. Şeýle tukatly güniň ahyrynda Maýa gelineje Mollanepes tatryň içinde içini gysdyryp otyrdy. Oň göwnüne bolmasa oň ýaşlygy bütünleýin diýen ýaly şu teatryň diwarlarynda köýen ýalydy. Ol ýaş wagty teatra işe gelende başlangyç tejribe üçin gelipdi, ýöne näme üçindir artistlyk ýoly şu tatryň çäklerinden uzaga gitmändi. Ýöne Maýa gelinejäň öz durmuşyna närazylygyna garamazdan, oň teatrda sylagy örän ulydy. Sebäbi Maýa gelineje teatrda janlandyrylýan aýal-gyzlaryň keşpleriniň baryny diýen ýaly janlandyryp görüpdi. Şol sebäpden tatra işe gelýän ýaş gyzlara halypalyk etmekde Maýa gelinejäň goşandy juda ulydy. Ýöne şu gün Maýa gelinejäň hiç bir zada goşandy ýokdy. Şu gün näme üçindir başga günlerden üýtgeşikdi. Şäheriň üstine äpet gazan düňderleni üçinmi, ýa-da Maýa gelinejäň 56 ýaşap barýany üçinmi, belli däl. Şu güniň bir zady üýtgeşikdi. Ony Maýa ýüregi bilen syzýardy. Edil syzşy ýaly hem boldy. Iş wagtyň soňlanmagy bilen daşary hem garaňkylap başlady. Häzir hä diýmän Maýa gelinejäň durmuşyny bütinleýin ýakan, oň ýanýoldaşy ony işden almak üçin gelmelidi. Elbetde ol biheppe bu garda öz maşyny sürüp bilse diýsene? Elbetde ol sürüp bilmez we iň soňky menutda teledondan jaň eder we titreýän sesi bilen Maýajan bu gün öziň gaýtmasaň bolanok, ýa-da yzyňdan baraýynmy diýip sorar. Ol biheppäň sesi ikinji insultdan soň has hem ýigrenji eşidilýärdi. Hawa ol adam iki gezek insult geçiripdi.

—Haramzada, —öz ýanýoldaşyny ýatlapmy, ýa-da tutuş durmuşyny? Maýa daşyndan söwündi we irdenden bäri sesini çyjarman duran telefona gözüni dikdi. Telefon bolsa ullakandy we edil pamidor ýaly gyzyldy. Ol telefon uklap ýatan pişigi ýatladýardy.

Maýaň Mollanepes teatrda öz aýratyn kabinety bardy. Şol kabinetda bolsa Maýaň öz başyna gyzyl telefony bardy. Ol telefon ilki başda gyzyl däldi, ol akdy, ýa-da çaldy, şu wagt hiç kimiň anyk ýadynda ýok. Ýöne wagtyň geçmegi bilen telefon utanjyndan gyzardy.

—Haramzada meýit, —Maýa gelineje gijä galýan ärini ýatlap ýene bir gezek söwünjek boldy, ýöne sözlerini soňlap ýetişmedi.

Sebäbi täsin bir ys Maýaň ünsini özine çekdi. Bir ýerlerden waharman gawunyň ysy Maýaň burnuna urdy. Maýa öz burnyna ynanmady. Fewral aýynyň ortasynda nirden waharman peýda bolsun diýsene, özem şeýle gar ýagyp duran wagty? Ýöne ony burnynyň entek aldan ýeri ýokdy. Karidordan bir ýerden çyndanam waharman gawunyň ysy gelýärdi. Maýa gelineje ýerinden haýaljakdan turdy we gapyny açdy. Oň öňünde boş karidor uzalyp gitdi. Karidorda adam gara ýokdy. Maýa gelineje seresäp adimler bilen karidora aýak basdy. Ol aýal edil it ýaly ysyrganýardy. Ol aýal edil şu wagt öler ýaly waharman gawuny iýesi gelýärdi. Edil şu wagtky ýaly duýgy, onda ençeme ýyl mundan öň bolupdy. Awtoryň anyk ýadyna düşenok, ýöne Maýa gelin birinji ýa-da ikinji çagasyna göwreli wagty waharman gawundan aş saýlapdy, ýa-da saýlaýan diýip öz äri bilen gaýyn enesini aldapdy? Nähili bolandada Maýa gelineje şu wagt edil aş saýlaýan aýal ýaly waharman gawuny iýesi gelýärdi. Ýöne gawuny iýmek üçin ony ilki bilen tapmalydy. Waharman diňe Tejende ýetişýär, —Maýa pikir ýöredip başlady. Diýmek tatra gawuny diňe Tejenli işgärler getirip bilerler. Bizde welin tejenli işgärlerden kim bar? —Maýa çalt-çaltdan öz ýatlamalaryny dörüp başlady. Bir samsyk gyz bilen bir samsyk oglan. —Maýa iki sany işgäri ýatlap ýüzüni kürşertdi. —Eger şol işgärleriň birinden şu wagt waharman gawun çykaýsa hökman olara gowja rollaryň birini bererin. Gyza Aýnaň rolyny bererin, oglany welin näme rol berjegimi bilemok, —Maýa pikirlerini jemledi. Ýöne artyp galan gawun tapylanokdy. Maýa gelineje her bir gapyň alkymynda eglenip, öýkenini burnuň üsti bilen çekilen howadan doldyrýardy. Emma bary biderek, gawunyň ysy näme üçindir ähli tarapdaň deň gelýärdi. Hamalla Mollanepes taetry, äpet gawunyň içinden oýulup ýasalan bina ýalydy. Maýa gelineje teatryň bar gapylaryny diýen ýaly aýlandy, ýöne gawynyň ysynyň barkurýan merkezini tapmady. Başga tarapdan seretseň fewral aýynda waharman näme işlesin diýsene? Elbetde Tejenliler ol gawuny gyş paslynda ýatişdirmegiň täsin usulyny tapmadyk bolsalar? Olar tapan bolmaly, eger beýle däl bolsa bar zat Maýa daýzaň aňkasynyň aşyp başlandygyny aňladýar. Garry daýzaň huşy gidipdir we eýýäm oň aňyna ýok yslar görünip başlapdyr. Maýa gelineje öz huşunyň gidip barýanyny göz öňüne getirip başyny silkdi.

Iň soňunda Maýa gelineje teatry aýlana aýlany oň köçä çykýan gapysynyň deňine geldi. Gapydan daşaryň ýagtysy düşenokdy, sebäbi daşary eýýäm garaňkylapdy. Ýöne oň ýerine waharman gawunyň ysy bark urýardy. Hiç hili jedelsiz, gawunyň ysy köçeden gelýärdi. Hamala gapydan çykan ýeriňde
uly gawun mellegi ýaýylyp ýatan ýalydy. Soňlasy gelmeýän gyşyň ýerine bolsa, ýakyp ýandyryp barýan tomus bolmalydy. Maýa gelineje bolýan gudrata näme at dakjagyny bilmän gapa tarap ýöredi. Oň agzy eýýäm edil oglan bilen öpüşen mekdep okuwçy gyzyň agzy ýaly suwarypdy. Dodaklarda entek iýilmedik gawunyň tagamy peýda bolupdy. Maýa gelineje ädimlerini çaltlaşdyryp gapa tarap ýöredi. Ol aýalyň paltosy iş otagda galypdy, ýöne ol aýala şu wagt parhy ýokdy. Ol waharman gawuny iýmek üçin ylgap barýardy.

Birden bar zat gutardy. Gapy edil Maýa gelinejäň öňünde açyldy. Ol ýerde boýu uzyn hor bir oglan peýda boldy. Maýa gelineje şol bada saklandy, öz hereketlerinden utandy. Ol aýal hiç wagt hiç ýerik ylgap görmändi. Ol aýal mydama sowuk ganly, hiç ýerik hiç wagt huwlukmaýan aýal syraýardy. A bu wagt ýolsa ony gapa tarap howlukmaç barýanyny gördüler. Özem kim gördi diýsene? Çal paltoly bir ýaş oglan. Maýa oglany görüp doňup galdy. Oglanyň egninde çal itiň dersini ýatladýan köne palto bardy. Paltoň eginleri we oglanyň gara saçlary gar bilen örtülendi. Oglan gapydan girip, edil it ýaly kellesindäki gardan silkindi. Soň bolsa egnindäki gary kakyşdyrmaga durdy. Ol oglan Maýa gelinejä bir bada üns bermedi. Maýa bolsa duran ýerinde doňup galdy, sebäbi waharman gawunyň ysy näme diýseňem şu oglanyň üstunden gelýärdi. Gawunyň ysyny eýýäm duhy ýasamak üçin ulanyp başladylarmyka? —Maýa oýlandy, ýa-da haýaljakdan pyşyrdady? Awtoryň anyk ýadynda ýok.

Maýa obaň gyzy bolsada, şu ýaşyna çenli gawunly atyzy görmändi, ýöne ol aýal anyk bilýärdi, içi waharman gawundan doly atyzdan gelýän ys, edil şu oglandan gelýän ys ýalydy. Maýa gelinejäň asly obaly gyzdygy diňe awtora aýan syr.

—Salam Maýa, —oglan salamlaşdy.

Ol ses Maýaň içinden parran geçdi. Oglan Maýa gelinejeň ýaşyny hormat goýýan hiç bir söz ulanmady. Ne gelineje diýdi, ne-de daýza diýdi. Salamlaşmak üçin bolsa "siz" diýen ýüzlenme gerek bolmady. Şonuň üçin oglan Maýa gelinejä, edil öz deňduşyna ýüzlenýän ýaly boldy. Ýöne şerraýlyk etmäge entek düýpli bahany ýokdy.

—Siz meniň adymy nirden bilýäňiz? —Maýa tassana sorapdy, ýöne birden sägindi. Ol näme diýseňem teatr işgäri ahyryn, ony adamlaryň tanaýanlygy känbir geň halat bolmaly däl. Esasanda awtoryň gürrüň berýän döwürleri adamlar teatra köp güdýärdiler, sebäbi radio we telewidenýa entek gowşak ösüpdiler.

—Men siziň ýanyňyza geldim, —oglan dowam etdi.

"Siziň" diýen ýüzlenme Maýany köşeşdirdi. Oglan öz sylagyny görkezdi. Maýa azajyk köşeşensoň waharman gawunyň ysy ýene gelip beýnä urdy. Oglandan hökman oň ysy barada soramaly, ol nireden beýle duhyny tapdy? Onsaňam ol duhyň ysy ýaş oglana gelşenok, ol duhy ýaş gyzada gelşmezdi, ýöne Maýaň özine welin edil asmandan oturdylan ýaly boljakdy.

—Siz kim? —Maýa sorady we iki elini döşünde kesertdi. Ol köplenç şeýle endigi nätanyş adamlaryň öňünde edýärdi, edýänini bolsa özi aňlanokdy.

—Bagyşlaň, men size özimi tanyşdyrmandyryn, —oglan birden seslendi. —Meň Möjekow Gurt Börüýewiç, —oglan sözüniň soňunda ýylgyrdy. Ýöne oň ýylgyrşynda hiç hili mähir eşdilmedi. Oň sypaty, dişlerini syrtardýan iti ýadyňa salýardy.

Maýa eşiden adyny aňynda aýlap gördi. Ýaşajyk oglan üçin möjekler azajyk köpüräk dälmi?

—Adyňyz näme diýdiňiz? —Maýa hamala gulaklaryna ynanmaýan ýaly sorady. Oglan adyny gaýtalady.

—Sizi meň ýanyma näme getirdi? —Maýa başga sorag berdi. Kellesinde bolsa her tüýsli çaklamalary gurýardy. Oglan bir ýerlerde artysçylyga okapdyr we teatra işe girjek bolýar? Eger şeýle bolsa öz ajaýyp duhysyny nirden alanyny aýtsa Maýa oňa kömek etsede kömek eder? Ýok beýle däl, ol öz ajaýyp duhysy ýaly duhyň täzejesini Maýa sowgat etse Maýa öňa kömek eder. Iki işli bolmak nämä gerek?

—Meni siziň ýanyňyza söýgi getirdi, —Ýaş oglan çyny bilen jogap berdi.

Eger oglanyň ýüzi azajyk oýnatgyrak bolan bolsa Maýa gelineje oglan oýun edýändir öýderdi we ony hä diýmän teatryň gapylaryndan kowardy, elbetde oň ajaýyp ysy bilen hoşlaşmana özinde güýç kuwwat tapsa diýsene?

—Biz gapydan aýyrlyp azajyk bukurak ýerik geçsek men size bar zady gürrüň bererdim, —oglan eli bilen karydoryň jümmüşini görkezdi.

Şol sözlerden soň Maýaň ýüreginde entek görülip eşdilmedik gabaňjanlyk peýda boldy. Ol birden oglandan gelýän ysy tutuş teatrdan gabanyp başlady. Wagt işden gaýdylýan wagta ýakynlaşyp başlapdy, olar bolsa edil gapyň öňünde durdylar. Edil häzir islendik bir işgär karidorda peýda bolup biljekdi. Karidorda şu wagyda çenli hiç kimiň ýokdygy diňe bir gudratdy. Eger işgärleriň biri oglandan gelýän ys bilen gyzyklanyp ol duhyny nirden alyp bolýandygy barada soraýsa näme? Ýok ýok, beýle ajaýyp duhy Maýaň diňe özünde bolmalydy. Iň bolmanda Mollanepes teatry boýunça.

—Ýörüň, —Maýa gelineje oglany yzy bilen alyp gitdi. Olar Maýa gelinejäň iş otagyna barýardylar.

Maýa gelineje oglany öz otagyna salyp gapyny ýapdy. Indi waharman gawunyň ysy Maýaň otagyny dolduryp başlapdy. Diňe otaga salanyndan soň Maýa oglanyň nähili görmegeýdigine göz ýetirdi. Oglanyň saçlary edil boýalan ýaly garady. Ýüzüniň reňki çägäň reňkindedi. Gözleri bir tüýsli manylydy, öz ýaşynyň oglanlary ýaly aladasyz gözler däldi.

—Men geçen hepde teatra spektakla tomaşa etmäge geldim. —Oglan mylakatly başlady. Dogrymy aýtsam näme oýundygy ýadyma düşenok, —oglan başyny ýaýkady. —Men şol oýunda siziň janlandyrýan gahrymanyňyza synlamaga gelipdim. Jeren gyz bolmaly. Hawa, Jeren atly şäherli gyz barada spektakl.

Maýa spektakly ýadyna düşürip başyny atdy.

—Ýöne ol gyzyň rolynda siziň eýýäm oýnamaýanyňyzy bilip, men teatrdan şol bada çykyp gitdim.

Maýaň ýadyna Jeren gyz we spektakylyň ady düşdi. Maýa ol roly iň soňky gezek 4-5 ýyl mundan öň oýnap görüpdi. Şondan soň Maýaň göwnüne, Jeren gyzy oň özünden gowy janlandyran adam ýokdy. Aslyýetinde Maýaň janlandyran gahrymanlarynyň içinde hiç birini, oň özünden gowy janlandyran ýokdy.

Beýle sözlerden soň Maýa gelineje oglany täze göz bilen synlady. Ol ýalan sözleýärmi ýa-da çynyny aýdýar? Ol ýedi derýaň suwyny içen Maýany oýnajak bolýan bolaýmasyn?

—Siz näme üçin meň ýanyma geldiňiz? —Maýa tassana sorapdy, ýöne oglan ony öňürtiledi.

—Şasenemiň keşbini siz dälde başga bir gyz janlandyryp başlanyndan soň, men ol sahna gatnamamy goýdym.

Maýaň ýadyna Şasenemiň keşbini şu wagytky janlandyrýan gyz düşdi. Gyz umuman ýaramaz oýnanokdy, elbetde ol gyz ussatlygy boýunça Maýadan daşdady. Ýöne şol gyz Şasenemiň rolyny ýerine ýetirýär diýip oýna gatnamagy goýmak bir tüýsli geňiräk eşdilýärdi.

—Men siziň oýnaýan ähli oýunlaryňyza gelip gördüm, özem bir gezek däl, —Gurt atly gawun ysly oglan belledi.

Maýa entegem ynamsyzlyk bilen ol oglana seredýärdi. Ýöne oňa garşy hiç zat aýdyp bolanokdy, oglan açaçan ýüzüňe öwüp durdy.

—Maňa esasan Bessir gyzyň roly ýarady, eger ýalňyşmasam siz şol rolda öz zehiniňizi tutuşlygyna görkezdiňiz.

Bessir gyz diýen sözleri eşidip Maýaň gözleri edil ýetim ýyldyzlar dek ýandy. Gurt atly oglan nirä urmalydygyny bilýärdi. Maýa gelinejäň artyslyk ýoluna düşüp iň birinji janlandyran keşbi şol gyzyň keşbi boldy. Oba adamlary üçin nýetlenip goýylan sahnada Maýa oba gyzyň keşbini janlandyrýardy. Ol oýyn paýtagtda bary ýogy bir ýyl görkezilip, soň obalaryň teatrlaryna göçüpdi. Şol gyzyň rolyny Maýa gelineje çyny bilen söýüpdi. Baş gahryman gyz näme üçindir Maýaň özine diýseň meňzeşdi. Ol oýny ýazan hem goýan adam Maýa gelinejäň mugallymydy. Hawa ol adam Maýadan bary ýogy 5 ýaş uly adam teatr sungady boýunça okuw jaýda mugallymçylyk edýärdi. Diňe edeni hiçle, ol adam gizlinlikde Maýa aşykdy. Ýöne öz ýerliksiz söýgüsini aýdyp bilmän bar zady kagyza geçiripdi we kiçijek piessa ýazypdy. Şol piýessa bolsa öz duýgylary barada gürrüň berýärdi. Piessaň çyn manysy diňe Maýaň özine aýandy. Başgalar üçin bolsa piessa ýöne bir nobatdaky söýgi wakasydy. Şonuň üçin ol oýun şäher teatrynda bary ýogy bir ýyl eglenipdi. Ykbalyň täsin oýnyna görä ol piýessaň baş gahrymynyny janladyrmak nesibesi Maýa gyzyň özüne düşüpdi. Maýaň göwnüne bolsa ol öz özini oýnaýan ýalydy. Elbetde ol döwürlerden soň ençeme ýyllar geçipdi, ençeme garlar ýagypdy we ençeme waharmanlar ýetişipdi.

—Siziň şol oýny iň birinji gezek oýnan gezegiňiz meň ýadymda. Size berilen eşik azajyk dar bolýardymy nämemi, siz her gezek gürlejek bolaňyzda ulydan demiňizi alýardyňyz, —oglan ýene dowam etdi.

—Hawa, sebäbi meň ýerime ilki başda başga bir gyzy aldylar, gyzyň köýnegi hem şol gyza biçilik dikilipdi. Ýöne ol gyz näme üçindir soňky 10 gün işe gelenokdy. Onsoň režisýor nä alaç meni oýna almaly boldy. Ol gyzyň göwresi bolsa meň göwrämden azajyk kiçidi, şonuň üçin meň döşümi gysýardy. Men şonuň üçin her gezek gürlämde ulydan demimi almaly bilýardym.

Maýa gelineje yzyny alyp göterdi. Bu ýatlamalar Maýaň ýüregine ýylylyk çaýýardy, sebäbi bu ýatlamalar oň durmuşynyň iň süýji döwürleri baradady.

—Maňa esasanda Bessiriň suwuň başyndaky sahnada oýnaýşy ýaraýar, —oglan öz adaty däl ýylgyrşy bilen ýyldyrdy.

—Siziň çynyňyzmy? Maňada şol sahna hemmelerden beter ýaraýar, —Maýa gelineje çyny bilen begenip ýylgyrdy, öň gözlerinde bir mahal sönen közjagazlar ýene täzeden gyzardy. Maýa gelinejäni 10 ýyl gowrak tanaýan adamlar ony şu wagt gören bolsalar tanajak däldiler.

—Ol oýuny şäherde görkezmesini bes edenlerinde soň men obalaryň baryna aýlanyp diýen ýaly şol oýna tomaşa etdim. Bilýäňizmi men näme göz ýetirdim Maýa? —Oglan Maýa soragly gözlerini dikdi.

Maýa oň näme diýjegini aňýardy, ol belki şeýle sözlere bütin ömrüne garaşypdy?

—Bessiriň keşbini sizden ökde janlandyryp bilýän adam ýok eken. Men ol oýnyň ähli görnüşlerini gördüm. Ähli režisýorlaryň goýmasynda synladym. Ýöne baş rolda siz bolmasaňyz ol oýyn bir köpügede degenok eken.

Gurt atly gawun ysyly oglanyň agzyndan çykan sözler edil gülle deýin Maýaň ýüreginden parran geçdi. Maýa eýýäm urulan sona ýaly ýerde ýatyrdy. Ony diňe baryp ele alaýmalydy. Oglan şu wagt näme haýyşt etse Maýa gelineje ony boýun aljakdy. Elbetde yz ýanyndan özine gelip samsyklyl edenini göz ýetirse hem ýetirerdi. Ýöne şu wagtky pursat Maýaň ömründe iň birinji we iň garaşylan pursatdy. Şol samsyjak piessadaky gyzyň roly üçin Maýany hiç kim hiç haçan öwmändi. Elbetde bu oglan asmandan inen perişdedi. Başgaça bolmaga haky hem ýokdy. Sebäbi ol oýun ilkinji gezek görkezilýän döwürleri bu oglanjyk iki bölekden durýardy. Oglanyň ýartysy kakasynyň bilindedi, ýene ýartysy ejesiniň ortasyndady. Has elýeter sözler bilen aýdaňda bu oglan entek dünýä hem inmedikdi. Elbetde ýüregniň birje burçynda Maýa şeýle gödek bitakaşyklygy aňýardy, oglan näme diýseňem öz gürrüň berýän döwründe entek dünýä inmedikdi. Ýöne bu zatlaryň hiç biri wajyp däldi. Iň wajyp zatlary ol oglan eýýäm aýdypdy.

Maýa gelineje oglanyň stolyň üstinde duran ellerini gysdy. Ol edil şu wagt oglany öpesi geldi, oňa aşyk bolasy geldi. Maýany düşniksiz bir mähir içinden doldyrýardy. Şol mähir urnara ýer tapman tutuşlaýyn diýen ýaly bigäne bir oglana urjakdy.

—Sag bol Gurt, sag bol, —Maýa gözlerini ýaşardyp oglana çyny bilen sag bolsyn aýtdy.

Soň bolsa ony hyýaly alyslara bir ýerlere alyp gitdi. Maýaň göwnüne oň garşysynda otyran täsin oglan ýat oglan bolmaly däldi. Bu oglan şol Maýa entek talyp wagtlary aşyk bolan ýaş mygallymyň ogly bolmalydy. Oglan kakasynyň arzuwyny amala aşyrmaga gelipdi. Rehimsiz ykbal, bir wagtlar ol oglany Maýadan gizläpdi we ençeme ýyllardan soň ol oglany yzyna gaýdyp beripdi, ýöne has owadan we ýaş görnüşde, garaz ykbal öz eden işi üçin salgyt töleýärdi. Ýöne ençeme ýyllardan soň bu oglan näme üçin Maýaň gaşynda otyr, oňa düýbinden gyzykly däldi. Hyýallar aýdyňlaşdyrma mätäç däldi, olar öz başyna owadandy. Hakykat bolup bilmejek bolsada owadandy.

—Seň kakaň şu wagyt nirede? —Maýa öz hyýallaryndan tutuşlygyna boşap bilmän sorady.

—Meň kakam Müsürde ýogaldy, —Gurt hiç hili duýgusyz jogap berdi.

Gurdyň jogaby Maýany ýere düşmäge mežbur etdi. Adaty hakykat ýene öz tagtyna geçdi, hyýýallar dünýäsi ýene bir ädim yza tesdi. Zyýany ýok, bu täsin duýgyň lezzetine Maýa gelineje ýene bir gezek ýatmaka gaýdyp geler. Ukyň öň ýanyndaky hyýallar Maýaň köne endigidi.

—Waheý bolmandyr, —Maýa ýasama duýgydaşlyk bildirjek boldy. —Seň ejeň nirede? —Näme üçindir Maýa sorady.

—Meň ejem hem Müsürde ýogaldy, —Gurt hamala sagadyň näçe bolandygyny aýdýan ýaly jogap berdi.

Bu jogaba Maýa näme diýjegini bilmän sakynyp galdy. Oň garşysynda tes-tegelek ýetim oglan otyrdy. Ýöne ol haçandan bäri ýetim? Onsoňam näme üçin oň ene atasy Müsürde ýogaldy? Bu soragy Maýa bermäge çekinýärdi. Onsoňam Gurdyň jogabyndan soň bir tüýsli oňaýsyz ümsümlik öz şalygyny sürip başlady. Ýöne şalyk gysga boldy, säbäbi Gurt Maýaň entek bermedik soragyna jogap berdi.

—Meň kakam Müsürde ýerleşýän ilçihanada işleýärdi. Ejem bolsa hakyky Müsürli gyzdy. Şol döwür Müsür bilen SSSR-yň arasynda dostlukly gatnaşyklar dikeldiljek bolýan wagt bolansoň, milletara nikalar gollanylýardy.

Maýa gelineje agzyny açyp, Gurt atly oglanda Müsürli gyzdan peşgeş düşen alamatlary gözläp başlady. Oglanyň saçy adatdan daşary garady we ennamy çägäň reňkindedi. Belki bar alamatlar şondadyr?

—Meň kakam ýogalanyndan soň kakamyň watanyna dolanmaly diýen karara geldim, näme üçindir meni ýüregim şu ýerik çekýär. —Gurt atly oglan ellerini gapdala ýaýdy.

—Sizde bu ýerde garyndaş barmy? —Maýa gelineje ýene bir merhumyň üstinden baraýmaýyn diýip seresaplylyk bilen sorady.

—Ýok, kakam meni öz garyndaşlarynyň hiç biri bilen tanyş etmedi. Ýöne Müsürde meň daýylarym ýaman kän.

—Ýöne barybir siz bärik geldiňiz? —Maýa gelineje entegem nämäň bolýanyna düşünmän sorady.

—Hawa, men kakamyň watanynda galmaly diýen karara geldim. —Gawun ysly oglan dowam etdi.

—Siz gawun ysly duhyny Müsürden getirdiňizmi, —diýip Maýa sorasy geldi, ýöne ol sorag ýaman ýerliksiz göründe. Oň ýerine Maýa başga zat sorady:
—Menden näme hyzmat?

—Sizden hyzmat ýaman ullakan Maýa, —Gurt ýene öz it ýylgyrşyny etdi.

Maýaň göwnüne bolmasa bu oglan baradaky ähli gowy duýgylary diňe şol gorkunç ýylgyryş pozýardy. Bir zat edip gelejekde oglana şol ýylgyryş barada duýdurmalydy. Elbetde bu tanşlygyň gelejegi bar bolsa diýsene?

—Men bir türkmen gyzy söýýän, —Gurt dowam etdi.

—Söýýäň? —Maýa bir tüýsli geň gaýtalady.

Şol bir bada ýürekde gabanjaňlyk duýgysy peýda boldy. Wah gargyş siňen ykbal Maýa hiç hili gyz bermändi, ýekeje bolan gyzjagazam bir ýaşaman ýogalypdy. Bolmasa bu oglany şol bada eneli-gyzyň toruna düşerdi.

—Kim ol gyz? —Maýa geň galyp sorady.

Maýany bu soragda öziniň nähili usul bilen dahyllylygy gyzyklandyrman, eýsem ol gyzyň kimdigi gyzyklandyrýardy.

—Ol gyz bizde, teatrda işleýärmi? —Maýa gorkyly gözler bilen sorady.

Teatrda işleýän hiç bir gyzy, Maýa gelineje bu oglana rowa görenokdy. Teatryň bar gyzyny bu oglana bir bada berseňem bu oglana taý boljak däldiler. Asla Aşgabatda iň owadan türkmen gyzy bu oglana taý bolup biljek däldi. Maýa gelineje näme hakda pikir edýänine düşünmesede dogry aýdýardy. Bu oglana çyndanam hiç bir gyz taý däldi.

—Gurt türkmen gyz alma, Rus gyzyny al. Seň ýanyňda türkem gyz gelşmez. Sen türkmenlerde näme tapdyň meň düşünemok. Ne edep bar, ne terbiýe, bilimleri nol. Bar bilýän zatlary iýmek ýatmak çaga dogurmak. Yzyňa düşürip bir ýerik alyp gitmäge utanýaň.

Gurt hiç zat jogap bermän süýem barmagyny agzyna ýetirip "ýuwaş" diýen yşarady etdi. Nähili geň bolsada Maýa gelineje sem boldy.

—Maňa türkmen gyzy gerek, —Gurt seslendi.

—Saňa türkemen gyzy gerek? —Maýa edil gepnozlanan ýaly Gurdyň yzy bilen gaýtalady.

—Maňa seň kömegiň gerek, —Gurt Maýaň ýüzüne ýakynlap ýene gürledi.

—Saňa meň kömegim gerek? —Maýa hem Gurda tarap ýakynlady.

Maýaň gözleri edil okara ýaly açykdy, ol gözlerini gyrpanokdy. Ol aýala bir zatlar bolýardy.

—Maňa şu teatryň artistlary gerek, —Gurt Maýa has ýakynlap gürledi. Bu gezek bu oglanyň dodaklary Maýaň dodaklaryna gaty howuply aralyga ýakynlaşdy.

—Saňa şu teatryň artistlary gerek? —Maýs hem Gurdyň yzy bilen gaýtalady.

—Ylalaşdykmy Maýa? —Gurt yza gaýşaryp ellini çarpdy.

Maýa birden täsin ukydan açylan ýaly gözlerini çalt çaltdan gyrpyp başlady.

—Ylalaşdyk, ýöne size teatr näme gerek? —Maýa howlukmaç sorady.

—Düşünýäňizmi men ýetim oglan, türkemenlerde bolsa ýetime aňsat gyz berenoklar, esasanda men ýaly Müsürden göçüp gelen oglana.

—Siz Müsürden gelen bolsaňyzam türkmençe ýaman gowy gürleýäňiz? —Maýa belledi.

—Sag boluň, meň kakaň diňe türkemen dilinde gürleýärdi. Ýaňy aýdyşym ýaly men bir türkmen gyzy gowy görýän, ýöne mende bu şäherde hiç hili tanyş garyndaş bolmansoň maňa hiç kim gyz bermeýär. Öziňiz pikirlenip görüň, siz öz gyzyňyzy men ýaly hiç kimi bolmadyk, hiç kim tanamaýan oglana bererdiňizmi?

Wah seň geljegiňi öňünden bilen bolsam 5-6 sany gyz doguryp goýardym, —Pikirlendi Maýa, —özem şäheriň iň owadan oglanlaryndan. Eger islän bolsaň gyzlarymyň baryny saňa bererdim.

Täsin myhman Maýaň pikirini okan ýaly elhenç ýylgyrdy.

—Bu kyn soragda men size näme kömek edip bilerin? —Maýa hem ýylgyrdy.

—Maňa galp eje bilen kaka gerek. Eger mümkin bolsa galp gelineje we ýene bir topar adam gerek. —Ýüzünden ýylgyrşy düşürmän Gurt jogap berdi.

—Näme näme? Maýa gelineje sorady.

—Siziň teatryňyzdaky artystlar meň maşgalamyň rolyny ýerine ýetirmeli. Gyzyň öýüne gudaçylyga barmaly, garaz toýa degişli ähli däp dessurlary ýerine ýetirmeli. Men siziň teatrňyza bergili bolup galmaryn. Men jomartlyk bilen siziň ähli hyzmatyňyzy tölärin.

Maýa gelineje näme jogap berjegini bilmän diňe agzyny açdy durdy. Ol aýalyň agzy çyndanam açykdy. Oň edil şu wagt bar pikirleri bulaşypdy. Ol öňünde oturan oglana hiç bir ýagdaýda ýok diýip biljek däldi. Ol oglan oň bar erkini alypdy. Elbetde oglanym haýyşt edýän zadyndan jenaýatyň ysy gelýärdi. Bar zadyň üsti açylsa nämeleriň boljagy belli däldi.

—Bu siziň ömrüňizdäki iň esasy rollaryň biri bolar, siz meň ejemiň keşbini janlandyrarsyňyz. —Gurt ýene dowam etdi.

Maýa razylygyň ýerine diňe gözlerini öňkinden beter açdy. Ol şu oglan bilen ýene az salym wagt geçirmek üçin bar zada kaýyldy. Oglan süýem barmagyny agzyna salyp gowja ölledi we çyg barmagyny Maýaň agzyna ýetirdi. Ol oglanyň barmagyndan gawunyň tagamy gelýärdi. Maýa gysgançlyk bilen barmaga ýapyşdy. Ondaky bar çygy sorup aldy, ýöne gawunyň tagamy ony gandyrmady. Ol tagam ýöne bir aldaw ýaly bolup eşdildi. Kanagatlanmadyk Maýa gyz oglanyň üstine bökesi geldi, ony dadyp göresi geldi. Gawyn ysly oglanyň tagamy hem edil gawyn ýaly bolmalydy. Ýöne oglanyň gözlerindäki biparhlyk ol gyzy beýle hereketlerden saklaýardy. Maýa yssa çydap bilmän eli bilen ýelpendi, köýneginiň ýakasyny açasy geldi, ýöne beýle edip bolmajagyny bilip penjiräni açasy geldi, ýöne ýerinden bytnamana özinde güýç tapmady.

—Bolýa, biziň teatrmyz saňa kömek eder.

—Örän oňat, —Gurt ýylgyrdy. —Bu bolsa awans, eger bar zat gowy gutarsa ýene şunça alarsyňyz.

Stoluň üstinde altyndan şaýlar peýda boldy. Ol şaýlar sap altyndandy. Olary Gurt haçan stoluň üstine goýup çetişdi, Maýa aýan däldi. Altyn şaýlar 6 sanydy.

—Meň kakamyň rolyna şu wagytky Göroglyň keşbini janlandyrýan adamy alyň, —şeýle sözler bilen Gurt ýerinden dikeldi. —Men ertir şeýle wagt ýene gelerin we nirä barmalydygy aýdaryn, gyzyň suratyny görkezerin, —Gurt ýylgyrdy.

Maýa bolsa stoluň üstinde duran 6 sany şaýdan gözlerini aýyryp bilmän durdy. Ol şaýlaryň bir gapdalynda Möjegiň kellesi bardy. Ikinji tarapynda bolsa oragyň.

—Meni ugratmak zerur däl, —Gawun ysly oglan gapyny açdy. —Ertir şu wagyda çenli artistlary saýlap goýuň. Men gelerin, —şeýle sözler bilen gapy ýapyldy we Möjek atly we gawun ysly oglan hiç wagt Mollanepes teatra gelmedik ýaly boldy.

Maýa bolsa altyn teňňeleri eýläk beýläk itekleýärdi we olaryň bahasy barada pikirlenýärdi. Ol gyz bir täsin güýjiň täsiriniň astyndady. Birden Maýa täsirden açyldy, ony oýlanmalardan gyzyl telefon çykardy. Gyzyl telefon irginsiz diýen ýaly seslenýärdi. Maýa telefony galdyrdy.

—Men işde, aha, gygyrma maňa. O nähili sagat 8 boldy? Bir minut dur. —Maýa telefony başyndan aýyrman diwarda asylgy duran sagada seretdi. Dogrysanam 9-dan işleýär. —Beýle alada edýän bolsaň yzymdan geläýmeli ekeniňdä, —Maýa dowam etdi. Maşynyňa näme bolypdyr beýle? Maňa gezek gelse maşynada bir zatlar bolaýar.

Şeýle sözler bilen Maýa telefony gaharly ýerine goýdy. Soň bolsa stolyň üstinde duran 6 sany altyn şaýa gözi düşdi. Şaýlaryň yzy bilen başga zatlar hem ýada düşdi. Maýa tagamy ýakymsyz bir zady dadyp gören ýaly stolyň aşagyna tüýkirdi. Soň ýerinden çaltlyk bilen turup, penjiräni açyp aşaklygyna ýene bir gezek tüýkürdi. Daşary bolsa eýýäm tümdi, gar entegem diňmändi. Maýa başyny gaňyryp "Swaboda" köçäni synlajak boldy, ýöne başa barmady. Kellede şol bir pikir aýlanýardy, nädip 60 ýaşap barýan aýal öz ogly ýaly oglany tassana zorlapdy? Aň dessine bu soragdan çykalga tapdy. Sebäbi oglanyň özi özini şeýle alyp barýardy. Maýa bolsa ýaşy ulyrak hem bolsa, näme diýseňem entek umytly aýal. Ýakymly sözler we görmegeý ýaş oglanlar entegem öň kalbynyň taryna kakýar.

—Men Gurtdan oň täsin duhysy barada soramagy unudypdyma? —Maýa birden seslendi we Gurdyň yzyndan ýetjek boldy. Ylgap baryp gapyny açdy, ol dyhyň ysy entegem karidorda ýatmalydy. Ýöne waharman gawunyň ysyna derek, karidorda ýagyşda ezilen itiň ysy gelýärdi. Ol ys ýüregi bulaýardy we ähli tararapdan gelýärdi. Hamala Mollanepes teatryň her bir künjinde ezilen it gizlenen ýalydy. Karidordan gelýän ysa çydap bilmän Maýa gapyny ýapdy we ylgap baryp serpilgi duran aýnaň ýanyna bardy. Zäherli ys indi Maýaň hem otagyndan gelýärdi. Maýa penjireden başyny aşak sallap bir iki gezek ögedi, ýöne hiç zat gaýtarmady. Oň ýüregini ezilen köpegiň ysy bulaýardy. Soň bir ýerlerden köne hassalyk peýda boldy. Maýaň içinden bir zat tutdy, garynyň aşagynda bir ýerlerde sanjy peýda boldy. Maýa ýere çökdi, pejiräni ýapdy. Penjireden gelýän howa ýap ýaňja lezzet berýän ýaly bolsada, indi örän sowuk ýaly bolup göründi. Maýa sumkasyndan ýüň şarfyny alyp biline sarady. Bu erbet duýgular Maýa tanyşdy, ýöny bu duýgular hiç bir ýagdaýda bolmaly däldi. Eýýäm 3-4 ýyl bäri Maýada bu duýgular gaýtalanmandy. Ýöne näme üçin şu gün, —Maýa öz özine sorag berdi. Bu zatlaryň bary şu günki täsin oglan bilen bir baglanşygy bardy. Bu oglan Maýada köpden bäri ýat bolan duýgulary oýarypdy. Maýaň bedeni bolsa ol duýga jogap beripdi we täzeden janlanypdy. Oň janlanýanyny Maýa duýýardy, sebäbi oň içinde bir ýerde bir zatlar sançan ýaly bolýardy. Soň sançýan ýaly duýgylar bes etdi we edil gan ýaly gyzgyn bir zat Maýaň aýagyndan aşaklygyna inip başlady. Bar zada şol oglan günäkär, —diýdi Maýa, ýöne ol günäkär bolsada ony ýene bir gezek görmek üçin köp zatdan geçse boljakdy. Ol oglan Aşgabatda seýrek peýda bolýardy. Ýöne peýda bolan wagty köp zat üýtgeýärdi. Ol oglany iň birinji gezek Aşgabatda 1948-njy ýylda görüpdiler, soň ol oglan 1976-njy ýylda peýda bolupdy, iň soňky gezek bolsa ol oglany Aşgabatda 2006-njy ýylda gördüler. Şondan soň Gurt Möjekow Börüýewiç hiç ýerde görünmedi.

08.07.2020

Awtory: Rahman Zulfikarow
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 340 | Добавил: Awtor | Теги: Gurt Möjekow Börüýewiç | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

Cagyrylmadyk myhman (Mistiki hekaya).
Awtorlaryň öwülýasy (syrly wakalar).
Nastolgiýa / fantastiki hekaýa.
Kerimi Kuran edebiýat eseri hökmünde.
Iki şäher.
Aň, hoş gal indi!.
Zümerret ýa-da däliň oýlanmasy.
Biwepa.
Altyn goşun.
Kuran 22:2.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: