10:05
Berlinyň eteginde (1-nji bölek)
Berliniň eteginde

1-nji bölüm

Karidorda aýak sesleri eşidildi, kafel polyň ýüzünden biri öz ökjelerni urýardy, elbetde ol zenan. Mämmet palatada ýatan ýerinden, gapyň aňarsyndan gelýän sesleri diňledi. Başda ol sesler uzakdan gelýärdi, soň ýuwaş ýuwaş ýakynlaşdy, iň soňunda palataň deňine ýetdi, we aşhana tarap sowulyp, geçip gitdi.

—Bibi dogtar öýdýän, ýöreýşi şoňky. Bu gije şoň nobatçylygymyka? —Mämmet öz pikirlerini daşyndan aýdanyny duýman galdy.

Oň sözlerine Çerkez aga çalaja ýylgyrdy we şeýle diýdi;

—Sen bu Şeýtanlary aýak basyşlaryndan
tanamagy öwrenipsiňow?

—Lukmanlar şeýtan däl agam, olar adam ömürlerini halas edýärler. Biziňem janymyz şolaryň elinde, —jogap berdi Mämmet we öziniň resmi dilde gürlänine geň galdy, oň aýdýan sözleri bir hili galp bolup eşidildi.

—Ola dogryla welin, ýöne sen 43-nji ýylda meň gören zatlarymy gören bolsadyň? —Çerkez aga ýüzünden ýylgyrşy aýyrman jogap.

43-nji ýyl diýip Çerkez aga elbetde 1943-nji ýyly göz öňüne tutýardy. Şol ýyllar hiç bir esger üçin ýeňil bolmady, dogrysy olaryň yzynda galanlar üçin hem ýeňil bolmady. Çerkez aga şol ýyllar ýaş oglandy. Edil öz palatadaşy Mämmet ýaly ýaş oglandy. Urş meýdanynda köp zatlary gördi, duşman ganyny köp dökdi. Öz ganyny hem aram aram ýitirdi, ýöne diri galdy. Harby lukmanlara bolan garaýşyny, agyr ýaralanandan soň üýtgetdi. Şol günleriň birinde, duşman bilen bolan uly çaknyşykdan soň, urş meýdanynda ýaraly esgerler seçelenen ýalydy. Elmydama bolşy ýaly hemme kişini odyň aşagyndan alyp çykmaga, harby lukmanlar ýetişenok. Bu iýşi mydama şepagat uýalary ýerne ýetirýädi.
Ýaraly ýatanlar köp, olary çöpleýänler az, hemmesini harby keselhana eltip bolmaz, şoň üçin şepagat uýalary kimi halas etmelidigini gowy seljermeli. Birinji üns bermeli zat esgeriň alan ýarasy ölüm howuply bolmaly däl. Keselhana çenli süýräp elten esgeriň öli bolup çykany, ýa-da azajyk soňyrak öleni hiç kime gerek däl. Ikinji üns bermeli zat, ýaraly esger gaty agyr bolmaly däl, göwresi kiçi bolmaly. Bolmasa ony barmaly ýeriňe çenli eltip ýetişmeýäň, sebäbi şepagat uýalarynyň köpüsi horajyk ýaş gyzlar, daýaw esgeri ýerden süýräp gaty uzaga äkidip bolanok.
Üçinji üns bermeli zat, dogrysy hiç hili resmi kadalara girenok, ýöne barybir harby lukmanlar tarapyndan berk ýerne ýetirilýär. Halas edilýän ýaraly esegeriň ýanynda hökman iýilýän bir zatlar bolmaly. Bir iki guty Konserwa, ýa-da bir bölek doňyz ýagy, iň bolmanda birje bölek kir sabyn. Iýmit üpjinçiligi uruş meýdanynda mydama kemdi, şepagat uýalary bolsa ysgynsyzja horja gyzlar. Şonuň üçin uruş meýdanyndan ýaraly esgerleri çykarmaly wagtynda mydama eli zatly esgere birinji üns berýärdiler. Esgerler hem şol düzgüne kaýyl ýaly, ýaralanyp diri galaýsalar,bar emläklerni daşyna çykaryp goýýardylar, ýekeje umyt bilen, şepagat uýalaryň ünsini özine çekmek üçin. Şeýle düzgün bilen birinji gezel gabat gelen Çerkez, lukmanlara bolan garaýşyny baky üýtgetdi. Şol sebäpden ol lukmanlary Mämmediň ýanynda Şeýtan diýip atlandyrdy. Ak halatly Şeýtanlar, ine Çerkeziň doly ulanýan sözi.

Mämmet bilen Çerkez aga ikisi bir palatada bejergi alyp ýatan näsaglar. Ikisiniňem böwreklerinde ýarawsyzlyk bar. Mämmet öz böwregini hapa suwdan zaýalasa, Çerkez aga öz böwregini 1943-de suwuklatdy. Diňe böwregini däl, eýsem bilinden aşagynda bar emlägini sowuklatdy. Bu bolsa oň tutuş durmuşyny kesgitledi. Çerkeziň ne çagalary bar, ne-de aýaly. Ol ömrüniň ýaryndan gowsyny ýeke geçirdi. Mämmet bolsa düşünenok, näme üçin oň palatadaşyny hiç kim soramaga gelenok. Sebäbi ony sorara adam ýok, ol eýýäm 9 gün bäri ýatyr, şol günleriň içinde ýekeje adam Çerkez agaň halyndan habar almaga gelmedi. Beýle göze düşýän ýagdaýy elbetde Mämmet göni bildi, bilsede gönümel soramaga çekindi. Mämmediň yzyndan bolsa oň ejesi kakasy günde agşam gelýärdiler. Dos ýarlary ondan hem ýygy. Şeýle ýygy ýygy gelinmegiň Çerkez aga üçin hem bähbitli tarapy bardy, ol özüne gerek zatlary Mammediň hossarlarynyň üstünden saryp bilýärdi. Sarylýan zatlar hemişe keselhanada tapdyrmaýan we lukmanlaň gadagan eden zatlarydy. Ýöne başga tarapdan Çerkez aga garasöýmezdi, ol bu häsýeti uzak wagytlap ýeke ýaşamakdan gazandy. Palatada Mämmediň hossarlary uzak eglense kän halanokdy, binjalyk bolup eýläk beýläk ýöräp başlaýardy. Ýöne barybir Mämmet Çerkez aga ýarady, näme diýseň "ýok" diýmeýän ýaş oglan. Çaý demle diýseň çaý demleýär, plan lukmany çagyryp gel diýseň çagyrýar. Mämmediň göwnüne Çerkez aga hem ýarady, sebäbi ol gyzykly zatlar barada gürrüň berýärdi. Ol urşy öz gözleri bilen gören adam, elbetde ýatlamalar azajyk kütelşen, ýöne barybir oň urş barada aýdyp berýän zatlary, başga weteranlaryň gürrüňlerinden has täsirlidi. Mämmediň öz atasy hem weterandy, ol bu wagyt "Ýaradyjyň" gaşynda. Diri wagty ol hem urş barada köp zatlar gürrüň berýärdi, ýöne Mämmediň atasynyň gürrüň berýän zatlary bilen, Çerkez agaň gürrüň berýän zatlaryny deňeşdirer ýaly däl. Hamala Çerkez aga, uly iliň söweşen beýik Watançylyk urşynda dälde, başga bir planetada bolan urşda, söweşip gelen ýalydy. Mämmediň atasy hiç haçan öz agtygyna urşyň ýowuz hakykaty barada gürrüň berenokdy, sebäbi agtygy oň gözünde kiçijek oglanjykdy, ýöne ol dogrydanam atasy diri wagty kiçijek oglanjykdy, ýöne Mämmet şol wagyt uly oglan bolan hem bolsa, atasy barybir urş barada bar hakykaty aýtmazdy. Ýöne Çerkez aga oň tersine, urşyň bar hakykatyny bolşy ýaly gürrüň berýärdi. Oň aýdyp beren wakalarynyň içinde, Mämmet üçin iň gyzykly bolup görneni, bir esger bilen şepagat uýasy baradaky wakady;

Frontda bir esgeriň göwnüne bir gyz ýarapdyr, şepagat uýasy. Çerkeziň eýýäm ýadynda ýok, ol gyzyň ady we milleti, ýöne gyz gaty owadanmyşyn. Elbetde ol esger, ol gyza köp söz aýdandyr, duşuşaly diýendir, ýöne gyz belki "bolýa" diýen däldir, ýa-da näzini artdyrandyr? Ony Çerkeziň özi hem doly bilenok, ýa-da aýdasy gelenok bar hakykaty? Günleriň birinde parahat gijede partlama sesi eşidilýär, özem ýekeje gezek. Palatkalarda ýatan esgerler duşman awiýasyýasy bombalaýandyr öýdüp ylgap çykýarlar. Görseler bar zat gowy, ýekeje zat komandyryň palatkasy ot bilen ýalyn, biri oň içine granat zyňypdyr. Ýangyny söndürip bolup, içinden komandir bilen şol gyzyň oda ýanan jesedini çykarypdyrlar. Elbetde granady duşman zyňmady, ony şol gyzy gowy görýän esger zyňdy, ony hemme esgerler bilipdir. Ýöne urş gidip duran mahaly beýle zatlara üns bermäge wagyt ýok. Şoň üçin bar zady duşmanyň aňtawçy uçarynyň tötänlikde zyňan bombasy diýip habar beripdirler.

Bu wakany Çerkez aga Mämmede bir näçe gezek gürrüň beripdi. Her gezek Mämmet bu wakany eşidende göwnünde düşniksiz duýgy peýda bolýardy. Waka bir hili ters ýalydy, doly gutarylmadyk, ýa-da Mämmede doly aýdylmadyk. Näme üçindir Çerkez agaň ýadynda gyzyň ady galmandyr, bir mahallar bilenem bolsa, indi ýadynda ýok. Ýöne gyzyň sypatyny we häsýetini ol jikme jik bilýär. Oň ýylgyrşyny, bakyşyny, ýöreýşini we gürleşini, hereketlerini, Çerkez Mämmediň öňünde şeýle takyk şikillendirýär welin, Mämmediň göwnine gyz, ine ine gapydan giräýjek ýaly bolýar. Komandir bilen ol gyzy, granat zyňyp öldüren Çerkez agaň özi bolmagy mümkin, —diýip çaklapdy Mämmet, wakany eýýäm üçinji, ýa-da dördünji gezek eşideninde. Gyz ýönelikden Çerkez agaň ýadynda beýle yz goýana däldir? Ýöne ol beýle iş etjek adama meňzänok, şadyýän göwni açyk ýaşuly, mydama degişýär, Mämmet bilen öz dosty, deňi duşy ýaly gürleşýär, ýöne bir gyz meňki bolmady diýip, ony oýnaşy bilen ol dünýä ugratjaga meňzänok. Ol şu wagyt meňzänok, parahatçylyk wagty. Urş döwürleri adam janynyň bahasy bir okyň bahasyndan gymmat däl. Günde ýüzläp müňläp adam öz janyny tabşyrýar, adam ölümi adaty ýagdaý, edil alma agajyndan almalar ýere gaçan ýaly. Şondan beter özüne üns çekenok.
Esgerleriň bolsa göwünleri mydama ýarty, öz öýlerinden müňlerçe kilometr uzakda, adam janlaryny alýarlar we öz janlaryny berýärler. Dikenli simleriň aňarsynda duşman bar diýip, olary biri ynandyrdy. Simleriň aňarsynda bolsa edil özleri ýaly aldanan esgerler, diňe geýimleri başga we gürleýän dilleri, galan zatda tapawut ýok. Watanyň şanyna elleri tirsege çenli gan. Eger aýal-gyzlar goralýan watanyň bir bölegi bolsa, esgerler öl bölegiň hakyny bir eýýäm artgy bilen tölediler. Bu gün, ýa-da ertir öljek esgere, hiç bir gyz ÝOK diýmeli däl. Ol seň parahat ýaşamagyň üçin ölýärä, a sen ondan öz teniňi gysganýaň...Ine adaty esgerleň pelsepesi.

Karidorda ýene birniň aýak sesileri eşidildi, Mämmet ýene diňşirgendi. Çerkez aga oň bolşyna ýylgyrdy.

—Howwa, Bibi dogtor. Şu gezek toçno. Ýene bärde 10 gün ýatsam, bu dogtarlaryň haýsy köwüş geýip gaýdanlaryna çenli aýdyp biljek.

Mämmet öz üstünden özi güldi. Gapyň daş ýüzünden geçip barýan, hakykatdanam Bibi lukmandy, bu gije şoň nobatçylygy. Palatada bolsa telewizordyr radio ýokdy. Gümäp biljek zatlardan bir Çerkez aga bardy.

—Ol aşhanada oduň üstünde suw goýup gaýdandyr, ýene az wagytdan yzyna çaý demlemäne geçer", —pikirlendi Mämmet, ýöne barybir öz çaklamasyny pyşyrda öwürdi.

—Sen sesleri gowy saýgarýaň, sazçylyk barada hiç pikirlenip görmediňmi? —Häliden bäri dymyp otyran Çerkez aga birden seslendi.

—Ýokla agam, men saza höwesim ýok. Köpçüligiň öňüne çykmagy halamok. Utanýam, sakawlap başlaýan.

Aýdym aýtmak we saz çalmak üçin, birinji bilen gulagyň inçe selseri saýgarmagy başarmaly. Soň bolsa owazly sesiň gerekdigi barada Mämmet birinjin gezek Çerkez agadan eşidip görüpdi.

—Ýok diýsene?! —Çerkez aga eýýäm gürrüňe gyzyklanmasyny gaçyran ýaly gürledi.

—Agam, biziň palatamyza täze dogtar gelýär. Ol “Otpuskadan” ertir çykýar diýdiler. Biziň ikimizi indi şol aýal bejerer.

Oglanyň näme bilen meşgullanýanyny Näzik oň daş keşbinden netije çykarjak bolup köp oýlandy

Bu habary Mämmet gündiz eşitsede, näme üçindir edil şu wagyt ýadyna düşdi. Mämmediň özüne ýaramaýan bir häsýeti bardy. Kellä näme gelse şol wagyt aýdyp göýberýär. Aýtmaly zat ýerlikli, ýerliksiz parhy ýok, göni orta taşlaýar. Mysal üçin gürrüň ikinji jahan urş barada gidip duran bolsa, Mämmet plan aýal lukmanyň şu gün saçy owadan diýip bilýär. Mämmet ulandygyça özüniň şol häsýetiniň tersdigini bilýärdi, ýöne ennik eýýäm berk ornaşdy. Elbetde bir habary aýtjak bolsaň gürrüňiň akymyny birinji bilen şol tarapa öwürmeli, ýa-da öz sözleriňi "men şeýle täzelik eşitdim" diýen buşlukçy söz bilen berkitmeli. Mämmet bolsa açyk asmanda ýyllyrym çakan ýaly öz habaryny orta taşlap göýberýärdi. Şu wagytky aýdan habary edil bir ýerliksiz hem bolmasada, pikirlenmän gürläni Mämmedi binjalyk etdi. Öl özünde bir düzgin berkitjek bolýardy, bir zat gürlemakäň öňünden hökman pikir et. Pikirlenmän gýrlemek endigi ony durmuşda köp öňaýsyz yagdaýlaň üstinden eltipdi.

—Sen kimden eşitdiň, — Çerkez aga täze habar bilen gyzyklandy.

—Irdenjik iki sany dogtaryň gürrüňlerini eşitdim. Ertir gelýän dogtaryň ady Näzik diýdiler öýüdýän.

—Bäh, a men Bibi lukmana eýýäm öwrenşip ýetişdim. Borda, Näzik diýmek Näzik.

—Menä Bibi dogtary kän bir halamadym.

—O-nä beýle? —geň galdy Çerkez aga. Ol guwy lukman ahyryn.

—Gowy bolansoň halamokda. Gaty berk tutýa ol bizi.

—Mährä jaň etdirenok geräm agşamlaryna? —Çerkez aga ýylgyrdy.

Mähri atly gyz Mämmediň halaşýan gyzydy, ol gyza Mämmet, agşamlaryna nobatçylaryň otagynda duran telefondan jaň edýärdi. Diňe Bibi lukman näme üçindir Mämmede jaň etdirenokdy. Galan lukmanlar bir iki sagat gürleşmäne rugsat berýärdiler. Mämmet Mähri barada kän gürleýärdi, belkem Çerkeziň ýüregine düşerçe gürländir, ýöne palatada bir biriň samramalaryny diňläýmeseň, başga edere gürrüňem ýokdy.

—Howwa, diňe şol jaň etdirenokda maňa, galany gowylaý.

Çerkez aga Mämmediň sözlerini doly diňlemän balkona çykdy, çilim çekmänemi, ýa-da Mährili tema açylyp başlanyny bilip, öňünden gaçdymy, belli däl.

2-nji bölüm

Näzik barada.
Näzik atly gyz irden sagat 6:00-da turdy. Ýatan ýerini şo durşuna taşlady. Düşek ýorgan we üç sany ýassyk tötänden seçilen ýaly bolup ýatyrdy. Uly gyza samsyklygam bolsa, ol üç ýassygyň hersiniň öz ady bardy. Ol hiç haçan ýatan ýerini ýygnananokdy, sebäbi ýeke ýaşaýardy. Elbetde kä mahallar ýatan ýeriňi düzgün tertibe getirmek üçin üýtgeşik sebäp bolýardy, ýöne hemişe däl. Gyz hemişeki ýaly irden turup ýuwundy, soň işe geýýän geýimini geýdi, yz ýanyndan saçlaryna serenjam berdi. Oň saçlary gysga, lukmanlara asla uzyn saç götermek teklip edilenok. Ol bilýärdi oglanlara uzyn saçly gyzlaryň ýaraýanyny, ýöne diňe şoň üçin saçlaryňy uzyn saklanyňa degenok. Aýnaň öňünde özini synlap azajyk semränine düşindi. Biliniň deňinde köýnegini çekdirdi, figurasy edil ýalaňaç duran ýaly aýdyň boldi. Soň çepe saga aýlandy. Azajyk garyn bildirýär, zyýany ýok. Rugsada çykmaka ol garyn tekizräkdi.

—Otpusga çyksaň şeýle bolaýada jora, —Näzik aýnadaky öz ekiz taýyna ýüzlendi.

Ekiz taý hiç zat jogap bermedi, diňe hemişeki ýaly tabynlyk bilen Näzigiň yzyndan oň heretlerini gaýtalady.

07:30-da Näzik öýden çykdy we awtobuz duralgasyna tarap ýöredi. Oň bilen goňşy öýleriň birinden çykýan bir deň duşyrak oglan ugurdaş boldy. Ol oglan mydama Näzige gabat gelýär, göräýmäni tötänden ýaly. Näzik tötänlik diýen zady ortadan aýyrmak üçin, işe giç we ir çykyp gördi. Oglan barybir bir ýerlerden çykyp Näzige ýoldaş bolýar. Sessiz ünsiz ýoldaş, hiç zar gürlänok, tanyşjak bolanok. Sessiz Näzigiň münen awtobusyna münýär we ýoluny dowam edýär. Näzik ondan ir düşensoň ol oglanyň nirä barýanyny bilenok. Ol hökman öýünden ir çykyp, Näzigi garawullaýan bolmaly? Oň ýöräp gelýänini görüp, hamala tötänden gabat gelen ýaly öýleriň arasyndan ýöräp çykýar. Daşyndan göräýmäne ýönekeý oglan, oňa Näzik gyzykly, ýöne nädip gürrüňe başlajagyny bilenok. "Özüne göwni ýetenok" —diýip Näzik bir mahal oňa "diýagnaz goýupdy. Näme diýseňem lukmançylyk inistitutynyň psihologiýa sapaklary boş geçmändi. Ýöne oglanyň çekinjeňdigini anyklamak üçin psiholog bolmak hökman däl.

"Ol bu gün meni görüp begenendir" — pikirlendi Näzik.

Näzik15 gün dinç aldy, diýmek oglan şonça günläp Näzigi görmedi. Näzik bolsa näme üçindir bir nätanyş oglany şonça günläp kösäp bilenine begenýärdi. Ol eýýäm iki ýyl bäri Näzige irden gabat gelýär. Şonça wagyt bärem hiç zat gürlänok, ýöne ýüzi aýdyp dur gürläsi gelýänini. Belki amatly pursada garaşýandyr? Näme bolsada oň bolşy Näzige ýaraýardy, sadaja oglan, geýinşem sada, bolşam sada, gürländede belki sada zatlar barada gürleýändir?

"Çalaja gürlese bolýar, yzyny özüm alyp çykýan" —Näzik şol oglan barada bir mahallar bellik edipdi. Ýöne ol oglan hiç zat diýenok, Nazigiň özem birinji bolup oňa bir zatlar diýerdi, ýöne eýýäm öl döwürler yzda galdy, Näzik eýýäm 29 ýaşynda, şoň üçin özüňi ýaşyňa görä agras alyp barasy gelýärdi.
Bu gezek hem bar zat öňküler ýaly boldy, oglan Näzigi görip, ondan gözüni aýyrman seretdi, ýene hiç zat gürlemedi, ýene 10 ýyldanam hiç zat gürlemez, dünýe ýykylyp, diňe Näzik ikisi galsada hiç zat gürlemez, oň sypaty gürlemejege meňzeýärdi. Ol ikisi bile awtobuza mündi, soň Näzik keselhanaň deňinde öz duralgasynda düşdi, oglan bolsa oň yzyndan garap galdy, oň duralgasy Näzigiňkiden soňdy.
, ýöne belli karara gelmedi. Ol ýapyk jaýyň içinde işleýär, sebäbi tomusyň günem güne ýananok. Gözleri kämahal äýnekli, diýmek kompýuteriň öňünde köp otyrýar. Iş diýip öljek, 2 ýylyň içinde ýeke gezek dinç alyş rugsadyna çykmadyk.

Keselhana öz ýerinde dur, 15 günüň içinde hiç zat üýtgemedi, bar zat öňki öňkilik. Näzigiň işe gelmegi bilen Bibi lukman dinç alyş rugsadyna çykdy. Näzigiň jogapkärçiliginde iki sany näsagyň bardygyny oňa duýdyrdylar. Düzgüne görä lukman näsaglar bilen tanyşmaly, goýylan diagnoz, nähili bejergi edildi we nähili bejergi indi etmeli. 15 gün dinç alyşdan soň bir bada işe girişmek kyn, hamala bolýan zatlar çyndan däl ýaly, Näzige eýýäm bu duýgular tanyş, ol birinji gezek dinç alyşdan çykanok. Gündiz sagat 10 töweregi Näzik öz iki sany näsagynyň ýanyna ýöredi, palata girmäkä elbetde Näzik öz näsaglarnyň ýaşyny, adyny hem keselni bilýärdi, ýöne onda-da hemişe hökman garaşylmadyk bir zat bolaýýarda. Näzik gapyny açdy we palata girdi, sowuk we gysgaçyk salamlaşdy, hamala “salam” sözi jansyz we duýgysyz enjamdan çykan ýaly boldy. Iki sany ýatan näsaga gözi düşdi. Olar ak halatly gyzy görüp janlandylar. Olaryň biri ýaş oglandy, göräýmäne özini gowy duýýar, ýaramaýana meňzänok. Oýnatgy ýaly ýylgyrýar, diýmek kän ýüz bermeli däl, bolmasa ters düşinip, hakyky kelle agyra öwrüler, —hasaplady Näzik. Ikinjisi näsag bolsa uly ýaşly adamdy, Näzigi görüp dili tutulan ýaly agzyny açyp dur. Ine ine oň gözleri öz hanasyndan böküp, öz eýesiniň etegine gaçar. Bu näsag bilen bir zatlar ters, —belledi Näzik. Bir bada ol örän tanyş bolup göründi. Ýatlamalaryň tozanly tekjelerinde gizlenen bir ýarym tanyş adam. “Medinstitut” —pikirlendi näzik, yz ýanyndan “ÝOK” diýdi oň ýatlamalarynyň tekjelerini dörýän kitapçy daýzä. Medinistitutda beýle mugallym ýa-da işgär bolmandy. Onda sen kim? Başga nirde men saňa gabat gelip bilerdim? —öz özine sorag berdi Näzik. Hemişe şeýle ýagdaýda ol hökman soraýardy, siziň ýüziňiz tanyş, nirde gabatlaşdyk diýip. Ýöne edil şu wagyt ol sorasy gelmedi, sebäbi ol adam bilen näme üçindir ýaramaz zatlaryň baglydygy oň ýüregi syzdy.
Birden Näzigiň aýagynyň ysgyny gaçdy, ol ýykylaýmaň bärýany bolup, bir elini diwara goýdy. Ýany bilen alyp gelen iki sany näsaglaryň resminamalaryny tassana gaçyrypdy. Oň bolşy 40 gradus gyzgyn howada, awtobuzda dik durup barýan göwreli aýaly ýatladýardy. Ine palatadaky oglanam eýýäm ýylgyranok, Näzigiň özini ýaramaz duýýanyny bildi. Bar zadyň sebäbi bolsa, ýatlamalar tekjesini dörýän kitapçy daýzaň, gerekli bukjany tapandygyndady. Näzik eýýäm öňünde kimiň duranyny bilýärdi, oň ýadyna düşdi.

—Bu sen, —diýdi Näzik we gaşlaryny çytdy. Gözlerinden çykýan ot ejizräk bolsaň öldürjekdi. Ýöne Çerkez aga ejiz däldi. Beýik watançylyk urşy ony gowja taplapdy.

—Bu sen haramzada, —Näzik duýgylaryny saklap bilmedi.

Palataň ol çetinde otyran ýaş oglanyň ýüzi üýtgedi. Ol bolýan zatlara degişli dälem bolsa gorkdy.

Çerkez hem edil şol wagyt dilini ýuwytdy. Daşdan guýylan ýadygärlik ýaly doňyp galdy, bir bada çep elini gyza tarap uzadyp, bir zatlar aýtjak ýaly hem boldy, ýöne elini gyza tarap uzatmana milt etmän, eliniň aýasy bilen agzyny ýapdy. Bir zatlar pyşyrdady.
Näzige eýýäm diwara söýenip durma gerek däldi. Oňa bir ýerlerden güýç geldi. Güýç bilen bolsa gahar gazap.

—Sen meň ejemi, sen meň käbämi, —diýdi Näzik we sözini gutaryp bilmedi. Ol aglap başlady, göz ýazlaryma hiç kim şaýatlamasyn diýip palatadan çykyp gitdi.

Ol gitmek islemedi. Diňe gözýaşlaryny gizläsi geli. Ol ýene gaýdyp geler, sebäbi bu palatada ýatan adamy ol ömür boýy gözledi, inede olary beýik Ýaradyjy ahyrsoňy duşyrdy.
Keselhanaň içinde, adam baryp bilmejek ýere baryp, Näzik aglady. Grandy açdy, suwyň sesi öz aglaýan sesini basar ýaly. Ine gözlerinden boýag syryldy, gözleri çiýşdi, içi gyzardy. Göze çalynýan gara boýagyň iki sany damjajygy ak halada damdy. Epesli wagyt aglan Näzik ahyrsoňy köşeşdi. Ol öwrenipdi öz duýgylaryny basmaga, ýöne bu gün bolmady, duýgylar gaty könedi we özünden rüstem.

“Gyssagly öýe gitmeli” , —karara geldi Näzik.

Diňe öýde bar soraglaryň jogaby. Öz ýerine biriniň işlemegini haýyşt edip, Näzik öýüne tarap ýöredi, keselhanaň edil agzynda taksy saklady we içine mündi. Öýüne çenli 15 minutlyk ýol gaty uzak bolup göründi. Ýol yşyklaryň baryny sanap we olara gargap, ahyrsoňy öýüne ýetdi. Sandyraýan elleri bilen öýüniň gapysyny açdy we göni ýogalan ejesiniň otagyna ylgap girdi. Ençeme ýyllap binjalyk edilmedik ejesiniň goşlaryny döküşdirip başlady, ol köne suraty gözleýärdi. Ahyrsoňy gözleýän zadyny tapdy. Suratda 25-30 ýaşly oglan dur. Ejesi entek diri wagty, boýun almasada, Näzik bilýärdi, ol surat oň kakasy dur. Diňe ejesi ony söýensoň, suraty şonça ýyllap zyňman saklapdy. Näzik suraty iki eli bilen gysdy, ony ýyrtyp zyňasy geldi. Suratdaky oglan keselhanada ýatan näsaga örän meňzeş. Şübhe ýok, ol ikisi bir adam. Ol meň kakam, biologiki kakam, —pikirlendi Näzik we ejesiniň otagynda köwüşli gezip ýörenine düşindi. Duran ýerinde köwşini çykardy we eline aldy. Syrat bilen otagdan çykdy, öz otagyna girip ýene aglady. Suratdaky ýylgyryp duran oglan, Näzigiň göwnine mydama oň keç ykbalynyň stinden gülýän ýaly bolup görünýärdi. Aglap köşeşenden soň, bolan zatlar barada hiç hili duýgysyz, sowuk kellä pikirlendi.
Ol meni tanady, —içini gürletdi Näzik. Howwa, kakam meni tanady. Taşlanyna ençeme ýyl bolsada ol meni tanady. Ol meni görüp, menden beter geň galdy, ol meni tanady, başga düşindiriş ýok. Ejem menden gizlen oň ýanyna gatnap, meň suratlarymy görkezen bolmaly?

3-nji bölüm

—Ýaňja näme bulup geçdaý? —Mämmet sorag berdi, ýöne ol sorag Çerkez aga dälde, umyman giňişlige degeşli ýaňsalyp berlen soragdy.
Soragsyzam Mämmede düşniklidi, dogtor gyz bilen Çerkez agaň arasynda bir dartgynlyk bar.

“Gyzy bolaýmagy mümkin”, —çaklady Mämmet. Dogrydanam Çerkez agany şu güne çenli sorap gelen adam ýok. Megerem ol maşgalasyndan aýrylyşandyr? Ýaňja palatadan çykyp giden dogtar gyz bolsa, oň öz gyzydyr, we ony ýigrenýändir? Mämmet Çerkez agadan gönümel hiç zat soramady, ýaş bolansoň öler ýaly bilesi gelýärdi, ýöne alan terbiýesine görä hereket etdi, dilini dişleriniň aňarsynda saklady. Eger aýdasy gelse oň özi gürrüň berer.
Ýöne Çerkez aga hiç bir zady gürrüň bermäge howlyganokdy, ol asla şol gyz gelip giden soň çalşylan ýaly boldy. Hamala oň ýerine diňe ÝOK, HOWWA jogaby berip bilýän, samsyk robot goýylan ýalydy. Uzakly gün Mämmetden gözlerini gizledi, söz alyşmady. Mämmet bir iki gezek oň gözlerniň ýaşlydygyna gördi. Çerkez agany beýle keýpsiz ýagdaýda ol birinji gezek görýärdi, ýöne Mämmet ony bary ýogy bir-näçe gün bäri tanaýar. Ony ömür boýy tanaýanlar hem şu wagyt gören bolsalar, gaty geň görerdiler. Howwa, Çerkez agaň haly gaty keçdi. Şadyýan wetiran ýaşula bir zatlar boldy. Ol döwüldi.
Keselhanada berilýän günortanlyk nahardan Çerkez boýun gaçyrdy, agşamlyk naharyndan hem şeýle. Ol güniň dowamynda hiç zat iýmedi, hatda çilim hem çekmedi. Gün ýaşandan soň bolsa, Mämmediň hiç bir garaşmaýan zatlary bolup başlady, Çerkez aga öz özi bilen gürleşýärdi, birden begenýärdi, birden ýene gaýga batýardy, kimdir birinden ötünç soraýardy. Şeýle ýagdaý daşary doly tüme gaplanynça dowam etdi. Soň Çerkez aga gowlandy, Mämmet bilen söz alyşyp başlady, hatda bir iki gezek ýylgyrdam.

Bar zadyň sebäpkäri bolan, irden görünen lukman gyz Näzik, näme üçindir uzakly gün görünmedi, oň ýerine bir şepagat uýasy gelip, etmeli sanjymlary edip gitdi. Belkem biz ony gaýdyp görmeris, —çaklady Mämmet. Ýöne gyz ýaman owadan eken, egnindäki ak halady hasam owadan görkezýär. Şeýle gyzlara mydama ýalňyşlykda aşyk bolýaň, —Pikirlendi Mämmet ýatan ýerinden, kä mahallar Çerkez aga göz aýlap.
Çerkez aga ümsüm ýatyrdy, oň çalajadan dem alşy eşidilýärdi. Ol öň beýle çüň dem alanokdy, ony palatadaşy hem aňdy.

—Mämmet, inim, —Çerekez aga birden seslendi.
Mämmet oňa göni HÄ berdi. Oň sesinde bolan üýtgeşmäni şol bada duýdy. Çerkez agaň sesi bir hili inçeden gyrylan çykýardy. Haçanda erkek adam aglanda, oň sesi şeýle äheňe eýe bolýar.

—Mämmet inim. Ýataňokmy?

—Ýok agam, —jogap berdi Mämmet.
Özi bolsa Çerkez aga tarap öwrüldi, oň sözlerini gowy eşitmek üçin.

—Men barada ýene bir waka eşidesiň gelýärmi inim? —Çerkeziň bolup ýatyşy ölüm ýassygynda ýatan näsagy ýatladýardy, pessaýja gürleýär, hiç hili gymyldanok, gözleri patalokda.

—Borlaý agam, dinjiňi alsana, ertir aýdyp berersiň. —Mämmet bu sözleri diýesi gelmedi, oň öler ýaly eşidesi gelýärdi Çerkeziň aýtjak zatlaryny, sebäbi bilýärdi, waka şü günki gelen lukman gyz bilen baglanşykly.

Çerkez Mämmediň sypaýylyk edip aýdan sözlerini gulagynyň deňinden göýberdi. Mämmet diňlese diňlemesi ol öz wakasyny gürrüň berjekdi.

—Olary men öldürdim Mämmet. Ol ikisini bara? —azajyk säginmeden soň Çerkez uldan demini alyp gürledi. Hamala agzyndan çykýan sözleri zorlyk bilen daşyna itekleýän ýalydy?

—Kim ikisini agam? —Mämmet palatadaşy samrap başlandyr öýütdi we bir bada azajyk gorkdy.

Mämmediň bir gyz jigisi bardy, näme üçindir şol jigsini köplenç gijelerne “Gara basýardy”. Her gezek basanda bolsa, ol kömege çagyrýardy, ýöne gözleri ýumukdy, özi ukydady. Mämmet bilýärdi, gyz jigsi bilen bir gorkynç zatlar bolup göçýär, ýöne näme bolup geçsede, ol zatlar barybir düýşdi. Ýöne düýş bolsada Mämmediň ýüreginde gorky galdy, ol şu wagydam düýşinde samraýan adamlardan gorkýardy. Edil çagalykdaky ýaly gorkmasada, sähelçe gorky bardy.

—Komandir bilen şepagat uýasyny men öldürdim Mämmet.

—A men mydama bilýärdim şeýledigini, —diýdi Mämmet.

—Ýöne bu meň iň erbet eden işlerimiň biri däl inim, —tümiň içinde Çerkez aga dowam etdi.

—Men urşy tutuşlygyna geçdim sen bilýäňy Mämmet? Obamyzdan ýeke men Berlina çenli baryp gördüm.

Mämmet hiç zat jogap bermedi, ol düşinenokdy Berline çenli ýetip görmegiň wetiranlar üçin derejedigini. Ýöne Çerkeze oň jogaby ýa-da teswiri gerek hem däldi. Ol hamala öz özi bilen gürleşýän ýalydy.

—Berliniň eteginde Mämmet. Meň iň erbet eden işim Berliniň eteginde inim.

Mämmet şu gün irden palata gelen lukman gyz barada bir zatlar eşider öýütdi, ýöne Çerkez aga düýbinden başga tarapa tutdyryp barýar. “Borla” —pikirlendi Mämmet. Eger uruş barada aýdasyň gelýän bolsa, meň gulaklam seň hyzmatyňda.

—Biz öz ýerlerimizden çykdyk, urş eýýäm Ýewropada gidýärdi. Ýewropadan FAŞYSTLARY hem kowyp çykardyk. Ine iň soňunda olaryň hem Watanlaryna aralaşdyk. Biz eýýäm Germanýa topragyndadyk. Öňimizden raýatly nokatlar çykyp başlady, obalar şäherler. Köpisi biziň gelýänimizi bilip, bir mahal taşlanan, zyňylan. Ýöne käbirlerinde ýaşaýjylar barybir bardy. Men saňa aýtmaýyn Mämmet, biz galan ýaşaýjylar bilen nämeler edenimizi, ýöne sen meň sözlerime ynanaý, biz gaty ganymdyk.

Mämmet hiç zat jogap bermedi, diňe pikirlendi:

—Sen şonsyzam maňa hiç bir zady gizlemän gürrüň berýärdiňä garry wetiran? Aýdanja zatlaryň men uruşa bolan garaýşymy düýpli üýtgetdi, aýtmajak bolýan zatlaryňy eşidäýsem meň aňym bilen nämeler bolarka? —Pikirlendi Mämmet.

—Biz Berline ýetdik, —Çerkez dowam etdi. Berliniň eteginde otyran obalaryň biriniň üstini basdyk. Oba howlukmaç taşlanyp gidilipdir, adam gara ýokdy. Ýöne baribir biz, bir gyza duşdyk. Ol sygyr sagyp duran eken. Ol gyzy men ilkinji gören bolsam hiç kime aýtmazdym, oňa gizlen diýerdim. Ýöne ony men birinji görmedim, ony başga bir esger birinji gördi, ol hem barymyzy çagyrdy. Ýewropa girenmiz bäri men köp şaýat boldym, biziň esgerlerimiziň raýatlar bilen edýän zatlaryna. Gyzyň biziňkileriň eline düşenine islämokdym, ýöne eýýäm giçdi, gyzy eýýäm tapdylar. Biz 13 sany esgerdik, 13 sany Şeýtan. Batalýonyň içinde iň “udaçlywy” esgerler. Bizi hiç bir zat öldürenokdy. Obany barlamagada biziň 13-imizi aýratyn göýberipdiler, hemmler bilýärdi, bizi ölim alanok. Razwetgada mydama biz gidýärdik.
Biziň ýetip gelýänimizi görüp, gyz öýlerine ýöredi. Gapyň agzynda süýtden doly bedresini goýdy. Belki pikir edendir biz süýdi alyp gideris öýdüp. Ýok. Gyz öýüň içinden bir zatlar öz dilinde gygyrdy. Men Nemys diline düşinemokdym, ýöne içimizde düşinýänler bardy.

—Maňa näme etseňiz şony ediň, ýöne ejeme degmäň, —diýen eken gyz.

—Olar iki sany, —begendi 13 Şeýtanyň biri.

Entek Nemys gyzyň sygyr sagyp duranyny daşdan göremde, öz obamyz ýadyma düşdi, soň göwnime ýaraýan bir goňşy gyz ýadyma düşdi. Ejem, gyz jigim, we başgada bir giden zatlar. Parahat durmuşyň ýatlamalary mende dörän haýwany ýeňjek bolýardylar, ýöne bary biderek. Men hem 13 şeýtanyň biri, men hem ýoldaşlarym ýaly şol gyzy isleýän.

Biz bije atmakçy boldyk, gyz birinji kimiňki bolýar. Biziň barymyzyň gözlerimiz ýanýardy. Hiç ýerik howlykmaly däl, ertir agşama çenli batalýona gaýdyp barsak bolýar. Ertir agşama çenli gyz biziň elimizde. Eger batalýonyň özi bärde bolan bolsa hiç hili bije atylmazdy, gyzy birinji komandyrlar zorlardy, soň bolsa esgerler. Gyz iň soňky esgere çenli ýetinça ol ölerdi, köplenç şeýle hem bolýardy. Ýöne haýwana öwrilen esgerleri ölümem saklanok. Biz öýüň daşyny aýlandyk, çykara ýer ýok. Ýekeje çykalgany özimiz garawullap otyrys. Gyzyň ejesi bize gyzykly däldi, bize ýaş gyz gyzyklydy, şoň üçin hem, öýde oň jesiniň
bardygyny unytdyk. Bir esger elinde 13 sany çöp saklap dur, biz ýeke ýekeden ol çöleri çekýäris. Iň soňunda gysga çöp bir oglan düşdi, şol hem gyzy birinji bolup zorlamalydy. Ol begendi, ýylgyrdy, öz halkynyň dilinde bir zatlar diýdi. Oň begenjini men sakladym, bijesini satyn aljak boldym. Gyzyň ýanyna birinji bolyp men giresim geldi, ol gyz maňa hemmämizden beter ýarady. Bijesi utan esgeriň ady ýadymda ýok şu wagyt, ýöne dilimiň užynda aýlanýar. Ady wajybam dälle. Garaz gepiň gysgasy, gyzyň ýanyna men birinji girdim. Ýöne täzeje ädigimi bermeli boldym we ýenede bir zatlar. Öýüň içinde gyz otyr, eýýäm bar zada kaýyl ýaly. Girenimi bilsede gözlerini ýerden galdyrmady, oňa maňa seretmek zerur däl, ol gyz üçin biziň barymyz bir. Ýöne men özimi beýle parahat alyp baryp bilmedim, gapydan girip azajyk säginsemem, soň gyza tarap ylgadym. Oň bar egin eşigini çykarmagada kanagat tapmadym. Ýyrtyşdyrdym. Ol bolsa jansyz gurjak ýaly doňup durdy. Nirä egseň, şol tarapa hiç hili garşylyksyz gyşarýar, ýöne meň haýryma, ýa-da meň zyýanyma, belli däl, özinden bilip birjede gymyldamady. Ýekejede ses çykarmady, men bir bada ol ölendir öýütdim. Diri bolsada ýagdaýy ölüden gowy däldi. Ýöne sesler barybir bir ýerlerden gelýärdi, goňşy jaýyň gapysyndan bir garry aýal, ýerden elleri bilen süýrenip çykdy. Ol öz dilinde bir zatlar diýýär, söwünýär we gargynýar, göwresi ýerden galanok. Söwünç sözleri düşinmek üçin hiç hili terjimeçi gerek däl. Ol sözler ähli dillerde şol bir duýgylar bilen aýdylýar. Men düşindim näme üçin gyzyň başga obaň adamlary ýaly gaçyp gitmedigine, oň ejesi ýöräp bilenok, bilinden aşagy ysmaz. Ejesini taşlap bilmän gyz galypdyr. Oň ejesi bolsa maňa tarap süýrenip gelýär, ine stolyň deňine ýetdi, ýere sallanyp duran ak matany ýere çekdi we stolyň üstindäki gap gaçlary ýere gaçyrdy. Eline ilen zatlary maňa zyňyp başlady. Men bolsa edil şol wagyt oň gyzyny zorlaýan, edil zorlaýan diýer ýalam däl, gyz hiç hili garşylyk görkezenok. Bedeni bilen garşylyk görkezenok. A ruhy? Ryhy bilen nämeleriň bolup geçýäni belli däl? Men gyzyň ejesine seretdim, oň zyňan bir zatlary maňa gelip degdi. Aşagymda ýetan gyz aglap başlady, ejesine bir zatlar diýip köşeşdirjek bolýardy. Pahyr. Men oň ejesini öldürer öýdip gorkandir belkem. Soň ol gyz meni gujaklady, ejesini köşeşdirip bilmänsoň meni köşeşdirjek boldy. Gowsy ol meni ellemän jansyz gurja ýaly ýatan bolsa gowy bolardy. Meni ogşady, öz dilinde bir zatlar diýdi, soň saçlarymyň içine barmaklaryny göýberdi. Belkem ejeme hiç zat diýme, ony bagyşla diýjek bolandyr?

Bar zat gutardy, gyz ejesini süýräp öz ýerine saldy, otagyň gapysyny ýapdy. Meň ýanyma gelip otyrdy. Edil şu günki ýaly ýadymda, gyz edil ýanyma gelip maňa ýaplanyp otyrdy.

—Gynanma esger, —diýdi ol gyz. Seň bar eden erbet işleň seň öýüňden uzakda galar. Ine uruş gutarar, sen öýüňe arassa halda gaýdyp bararsyň.

Bilemok gyz çyndanam şeýle diýdimi, ýa-da men ondan eşidesim gelýän sözler şeýledimi? Men bilemok. Soň gyz meň kellämi öz dyzyna goýdy. Iň soňky gezek entek çagakam ejem meni şeýle edipdi. Men özimi öldüresim geldi. Näçe gan bilen zorlyk görsemem, entek beýle ýagdaýa düşip görmändim.

Bilemok men şeýdip näçe otyrdym? Köp bolmaly? Gapyny ýoldaşlarymyň biri kakdy. Kakdy we gülip gygyrdy:

—Gyz hakykatdanam gyz ekenmi Çerkez?

Men ýerimden turdym, gyz menden beter ylgap turdy. Ol bilýär biziň kändigimizi, ýöne oň ejejsi bilýan däl bolmaly. Diňe meň derdimden gyzyň ejesi dowzaga düşen ýaly boldy, eger biz 13 sany bolsak näme? Men entek gyzyň ejesine dözmedim, ony uryp öldürjegimizem bardy içimizde, ony zorlajagymyzam bardy, oň ýagdaýna garamazdan. Men bilemokdym näme etjegimi, bir zat etmeli. Gyz menden kömek isleýär, men bolsa oň jellatlarynyň biri. Şol wagyt kellä ýekeje çykalga geldi, şol çykalgadanam men çykdym. Men başgaça edibem bilmezdim. Islemedim gyz bilen ejäň ýene 12 gezek kösenenini. Ölim kä halatlarda gowy wariýant Mämmet.

Çerkez aga sözini soňlady. Mämmet düýş gören ýaly, aňt-taňk bolup durdy. Ol bilmedi näme diýjegine, ýekeje sorag beresi geldi, ýöne ol soragynam soňa goýdy. Çerkez aga bolsa ýerinden turyp hajat hana ýöredi, şol ýerde grant bardy, şony açdy. Ýüzini gözini ýuwdy. Mämmede suwyň sesi eşidildi, Çerkez aga aglady, oňa hiç hili şübhe ýok. ol entek gürüň berýän wagty Mämmet oň aglaýanyny aňdy, oň sesinden bildirýärdi. Ine Çerkez aga ýene hiç zat gürlemän otaga girdi. Hajathana palata giräýeňde sag tarapyňdady. Ol ýerine geçdi, ýene arkan ýatyp pataloga seretdi, turan wagty çyrany açmandy, şu wagyt hem palataň içi tümdi.

—Men olaryň ikisinem atdym, —Çerkez aga dowam etdi. Öldürdim, —öldürdim sözi Çerkez aga has gaty aýtdy, hamala gowy zat eden ýaly, we yz ýanyndan sesli güldi. Mämmet azajyk gorkdy, sebäbi ol wakaň içine kellesi bilen giripdi eýýäm.

—Ýöne ýalňyşdym, birinji gyzyň özini atmaly ekenim, soň ejesini. Men bar zady ters etdim. Ejäni atdym, soň gyzy. Öz çagasynyň ölimini görmesin eşitmesin diýdim. Çagalar ene atadan öň ölmeli däl ahyryn Mämmet.

Mämmet tümligiň içinden başyny ýaýkady. Ol öler ýaly çyrany ýakasy geldi, ol eýýäm ýarym ynanýardy, oň palatasynda ýatan Çerkez aga, eýýäm Çerkez aga däl-de. Ol 1943-de baky galan esger Çerkez. Oň sesi hem eýýäm ýaş oglanyňky ýaly inçeldi.

—Näme diýseňem oň özini birinji atmalydy Mämmet, gyzy birinji atmalydy. Ol ejesiniň ölümini görmeli däldi, ol ejesini bizden gorajak bolyp bar zat ederdi. Men soň düşindim. Ejesini atanymdan soň gyz meň ýüzime erbet edip seretdi, edil şu gün irden palata giren lukman gyzyň seredişi ýaly seretdi. Az salym seretdi, kän däl, ýöne şolda ýeterlik boldy. Edil yz ýanyndan men gyzyň özini hem atdym. Ýöne şol gysgajyk wagyt meň tutyş ömrümi üýtgetmäge ýeterlik boldy. Gyzyň maňa bolan bar ýigrenji oň gözlerinde dökülýärdi, ýöne oň agzy, agzy bolsa: wah men saňa düşinýän diýýärdi. Oň agzy bilen gözi söwüşen ýaly, hersi bir duýgyny görkezýärdi. Şol sypatdada gyz ýykyldy, okyň sesine ýoldaşlam ylgap girdiler. Men özimi atjak bolup kelläme pistoledimi dirämde aýryp ýetişdiler. Men özimi öldirjek boldym, ýöne maňlaýymda ýaşamak bar eken. Ýöne adaty ýaşaýyş däl. Tutuşlygyna ýalňyzlyga gaplanan ýaşaýyş. Uruş gutardy, men obamyza dolandym. Bolan zatlar bir bada ýadymdan çykan ýaly hem boldy welin, ýöne beýle däl eken. Men öýlendim, soň aýrylyşdym, soň ýene öýlendim, ýene aýrylyşdym. Men uruş meýdanynda bar zadymy sowuklatdym, menden çaga önenok, meň neslim kesildi. Ony dogtarlara barmasamam bilýän welin, ikinji, ýa-da üçinji alan aýalym dogtara gideli, barladaly diýip goýmady. Iň soňunda dogtar hem menden çaga bolmajagyny aýytdy, ol asla maňa uzak durmuş pallamady. Böwrekleň zordan işläp ýör diýdi. Ine görşiň ýaly böwrekler içinem men keselhanada, ýöne ol dünýe meni kabul etmäge howluganok. Men ýaly ganhor olara gerek däl bolmalyda, —Çerkez uldan demini aldy we dowam etdi;
40 ýaşyma ýetemde men ýeke galdym, aýalam ýok, dos ýar garyndaşam ýok, çagada ýok. Uruşdan gelemde ejem bilen gyz jigimi hiç ýerden tapyp bilmedim. Bir ýerlerik göçipdirlermi nämemi? Goňşylaryň aýdyşyna görä men ýok wagtym ejem birne durmuşa çykypdyr, we gyz jigimi alyp göçüdirler. Kakam bolsa entek urşyň birinji ýyly wepat boldy. Urşyň ikilenji ýyly oň aryny almaga men gitdim. Gep olar barada däl, gep men barada. Ýaşym 40-a ýetip men hiç duşmadyk keselime duşdym, garaňky jaýda ýatyp bilemok, göz oňüme şol gyzyň ejesi gelýär. Çyrany söndürdigim bolany, gözlerim gapyda. Hamala şol gapydan gözlerimi aýyrsam ol ýerden şol gyzyň ejesi süýrenip girip barýan ýaly. Şeýdip okysyz gijeler başlady, gijelerine ýatmamy goýdym. Soň başga bir kesele uçradym, ýöne ýuwaş ýuwaşdan;
Hyýalymda şol gyz bilen gürleşip başladym. Ol sorag berýär, men jogap berýän, başda oň berýän soraglary meň özimden önýän ýalam bolsa, soň düşindim, ol soraglar meň kellämde dörejek soraglar däl.

—Şyzofriniýa, —pikirlendi Mämmet. Ol bir ýerlerden eşidipdi, öz özi bilen gürleşýän adamlaň diagnozy şol.

—Gyz meni bagyşlanok, —dowam etdi Çerkez. Oň ejesini göziniň alynda atanymy bagyşlanok. Oň özini näme eden bolsam bagyşlady, ýöne ejesiniň ölümini görenini bagyşlanok. Şu güne çenli ol gyz meň hyýalymda, men ondan gije gündiz ötünç soraýan, ýöne bolanok, ol kabul edenok meň ötünjimi düşinýäňmi Mämmet?

Mämmet dymdy, ol pikir edýärdi. Çerkez agadan eşiden zatlary bilen, şu günki palata gelen Näzik atly lukman gyz bilen nähili kesişýändigi gyzyklydy oňa. Ol ahyrsoňy çydap bilmedi, we gönimel sorady:

—Şu gün irden palata gelen gyz siziň nämäňiz agam?

Çerkez jogap bilen eglendi, bir zat ony gürlemekden saklaýardy, ýöne ol barybir özini ýeňdi.

—Berliniň etegindäki gyz bilen şu gün irden palata gelen gyz, şol bir gyz.

Mämmet ýene doňdy, ol asla ynanjaň oglandy. Başga planetadan gelmişekler, Jyndyr Arwahlar we başgada bir giden adatdan daşary zatlar oň üçin erteki däldi.

—Eýsem beýle zatlar bolýamy näme? Siz ýalňyşýan bolaýmaň agam? —Mämmet öz sözlerine ynamy ýok ýaly haýljakdan gürledi.

—Men ýalňyşamok, —diýdi Çerkez. Ol gyz şol. Diňe saçlarynyň reňki başga.

—Onsoň oňa sizden näme gerek? —Mämmet irden Näzik lukmanyň bolşyny ýatlady, ol ejesi barada bir zatlar diýipdi.

—Men janym inim, meň janym. Allah ahyry meň nalaşymy eşitdi. Gyzyň özi menden ar almak üçin adam sypatda geldi, —Çerkez bu sözleri gygyrmaň bär ýanynda aýtdy, ol begenýärdi. Ol gyz meni öldürer we şonluk bilen meni bagyşlar, meni Allajan öz huzuryna kabul eder.
Категория: Powestlar | Просмотров: 700 | Добавил: Awtor | Рейтинг: 3.5/ 2

Başga hekaýalar

2048 (absurd hekaýa).
20-ýyl aýlaw.
139-njy tussag.
Teňňe (esse).
Jynlaryň taryhyndan.
Sadaka /esse.
Hum (syrly waka degişli).
Kuran 22:2.
Näme üçin ýer titreýär?.
Nastolgiýa / fantastiki hekaýa.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: