17:22
Alkor
Hekaýa ýa-da oýlanma, tapawudy ýok, doly oýlanyp tapylan we hakyky durmuş bilen gabat gelmeler ýöne bir tötänlik. Din bilen hiç hili gapma-garşylyk ýa-da ugurdaşlyk gözlemäň. Bar zat fantastika. Ýadyňa düşýämi, sen bir mahallar aýaldyň? A men bir mahallar erkekdim.. Indi biz ýöne gaýmalaşyp ýören we göze görünmeýän bir ruhlar bolup galdyk... Alkor - asmanyň iň ýagty ýyldyzy. Şol ýyldyzyň daşyndan sekiz planeta aýlanýar. Planetalaryň biriniň ady Jennet. Biz şol planeta tarap uçyp barýarys. Ol ýyldyz örän daşda eken. Ýol surnukdyryjy hem muşakgatly. Maňa ýolda kömekçi gerek. Sen meniň kömekçim bol. Asman gämisini ýekelikde dolandyrmagam kyn. Ýerde biz är-aýaldyk. Asmanda bar zat başgaça. Asmanda-da sen meniň kömekçim. Men sensizem ýola düşüp bilýärdim. Men bir mahallar Ruha öwrüldim. Mäňa indi Ýerde dogulmak gadagan. Men sen taýyn bolýançaň garaşdym. Ýer seni goýberesi gelmedi. Seň eden günäleriň kän. Men sen arassalanýançaň garaşdym. Indi seni Ýer boşatdy. Biz bile uçşak bolýar. Biz Jennete hökman ýeteris. Ýöne diňe seniň bilen. Sensiz maňa Jennet gerek däl. Ýadyňa düşýämi, biz bir mahallar adamlardyk... Her döwürler her sypatda doguldyk. Näme bolsa-da biz biledik. Men seni bir gezek öldürenimem ýadymda. Gabanýadym-a seni. Ölümiň ýokdugy bir gowy zat. Indi biz ýöne bir Ruhlar. Alkor ýyldyza barýan ýol 5.000 ýyl. Ýöne biz Ýerde ondan hem köp ýyl ýaşadyk. Ýer planetasynada biz bir ýerlerden uçyp geldik. Biz iñ gowy ýatlamalary Ýer planetasynda gazandyk. Ýer planetasynda her gezek dogulanymda men seni gözläp başlaýardym. Birinji görenimde göni düşünýärdim, "Ine meniñ Alkor ýyldyzyna tarap uçuljak ýoldaky kömekçim şü..." diýip. Men diňe seniň bilen ýola düşerin. Maňa başga kömekçi gerek däl. Şonda-da biz bir birimizi kän kösedik. Käbir durmuşlaryň birinde biz ýeke gezegem duşuşyp bilmedik. Ýöne meniň ýüregim syzýardy, sen golaýdadyñ. Men Ýerde köp günä etdim. Men seniň günäleriňi hem göterdim. Sen menden ejiz. Şonuň üçin sen meniň kömekçim. Men asman gämisiniň kapitany. Ýer planetasy indi bizden daşda. Biz gaýdyp Ýere dolanmarys. Ýadyňdamy, sen ýaşap geçen durmuşlaryň birinde Ýeriň iň owadan gyzy bolup doguldyň. Men bolsa ýönekeý oglandym. Men saňa şonda aşyk boldum. Men şonda saňa ýetip bilmedim. Armanly ölmeli boldum. Ýöne men şol kysmata mynasypdym. Ondan öň geçen durmuşymyzda men seni gabanyp öldüripdim. Şonuň üçin maňa jeza berdiler. Maňa hemmelerden beter seň 13-nji dogluşyň ýarady. Şu günki ýaly ýadymda. Seniň gara saçlaryň owadan ýalpyldaýardy. Şonda sen maňa ýeke gezegem biwepalyk etmediň. Sen gowy kömekçi. Şonuň üçin men saňa 1000 ýyl garaşdym. Seni dowzahdan boşadýançalar garaşdym. Men ýene-de şonça garaşmaga taýyn. Men Alkora gitmän, Ýerde baky galmaga-da kaýyl. Maña sen ýanymda bolsaň bolýar...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 320 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Ýorgan (mistiki hekaýa).
QAnon hereketi we Adrenahrom.
Çynaryň saýasynda (täsin hekaýa).
"X" näbellilik nyşany hökmünde.
Hakyky adalat biz (20.01.19 üýtgedildi).
Rahman Zulfikarow (Powest).
Allahyň arşy ýerden näçe km. beýiklikde ýerleşýär?.
Jeza (antiutopiýa).
20-ýyl aýlaw.
Azazylyň hatlary (Fantastiki hekaya).

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: