14:26
Näme üçin ýer titreýär?
Hudaý adamlara we belli-belli halklara ugradan jezalarynyň görnüşi kän. Belki ähli jezalaryň içinde, iň elhenji ýer yranma bolmagy mümkin? Sebäbi ýer yranmadan gelen ölüm ýeňil däl, harabanyň aşagynda, el-aýagyň döwük, otsuz suwsyz haýaljakdan jan bermeli. Eýsem ýer titre jezasy ugradylýan halkyň ahlagy nähili derejede bolmaly? Allatagala öz iň agyr jezalarynyň birini ugradar ýaly? Eger bu soraga jogap tapsak, belki 1948-nji ýylda ýok edilen öz ata babalarymyzyň ahlak derejesine hem düşüneris? Kurany Kerime görä geçmişde bir ýerde bir halk ýaşapdyr we olar Hydaýa ynanmandyrlar. Alla ol halkyň ýanyna Salyh Pygamberi ugradypdyr. Şu ýerde bir bellemeli zat, Allah duýduryş bermän hiç bir halky ýok edenok. Bu diýmek Türkiýede bolan ýer yranmasynda hökman Ärdogan, ýa-da başga biri duýdurlan bolmaly. Salyh pygamber hem adamlary duýdurmaga gelýär, emma oňa hiç kim ynananok. Ýöne ynamsyzlygyň hem dürli dürli görnüşi bar. Mysal üçin aýdaly Musa Pygamber Faraony duýdyrmana gelende, Faraonyň ýüreginde Hudaýa bolan ynam döreýär, ýöne Faraon hiç bir güýje boýun bolup gezesi gelenok. Faraon Hudaý ýok diýenokda, Musaň Hudaýy diýýär. Ýöne Faraony we oň goşunyny Beýik Ýaradyjy rehimdar usul bilen ýok edýär, olar suwda gark bolýarlar. Gepiň gysgasy jezaň görnüşi bilen, günäkäriň arasynda gönümel baglanşyk bar. Onda ýer yranmadan ýok bolmak üçin näme etmeli? Salyh Pygamberiň duýduryş bilen baran halky, diňe bir Hudaýyň sözini kabul etmän, eýsem Salyh Pygambere, "bol söz berýän jezaňy biziň başymyzdan indir" diýip başlaýarlar. Salyh bolsa meýdanda Allahyň düýesi otlap ýör diýýär. Adamlar bolsa haýal etmän barýarlarda düýäni öldürýärler. Eger adamlar Hudaýa ýetip bilseler, oňada bir zyýan etjek bolardylar. Eger Musa Pygamber faraona Allahyň düýesi meýdanda otlap ýör diýen bolsa, belki faraon düýä degmäge gorkardy? Salyh Pygamberiň ugradylan halkynyň ahlak dünýäsy düýbinden başga bolmaly. Hudaýa ynamsyzlyk dälde, Hudaýa bolan ýigrenç, Hudaýa degişli ähli zatlary ýok etmek, bol güýjini görkezsindä diýip talap etmek. 1914-nji ýyldan başlap, SSSR döwletiň syýasatyna görä, din diýen zat tutuşlaýyn aradan aýryldy. Belki musulman respublikalarda has hem aktiw işler alynyp barylan bolmagy mümkin? 1948-nji ýyla çenli, belki adamlar Salyh Pygamberiň döwründäki adamlaryň ahlak derejesine baran bolmagy ähtimal? SSSR hökümediniň göwnünden turjak bolup, musulmançylyga degişli ähli zatlary ýok etmäge synanşyp, birek biregi satyp. Edil Allahyň düýesiniň öldürülşi ýaly, adamlar hem indi Hudaýyň nämesi öldürip borka diýip, gije gündiz alada-da gezen bolmaklary ähtimal? Garaz Allanyň zemindäki iň agyr jezasy ýöne ýere ugradylanok. Ýer yranma jezasynyň ugradylmagynyň ýene bir mysaly bar, emma ol mysal mukaddes kitaplardan däl. "Balamudyň ýazgylary" atly bir kitap bar, Jynyň we arwahyň sözlerinden ýazylan kitap. Şol kitapda Ýewropa sebtiniň azgynçylygyna jogap berýän jyn, etmeli işler barada pikir ýöredýär. Jynyň aýdyşy ýaly, adam azgynçylyklarynyň görnüşi kän, we şol azgynçylyklaryň ählisini owadanlap bolýar, buýsanja öwürip bolýar. Mysal üçin zynany alaly, şu wagt zynany aýal hukuklaryny goramak, erkinlik, döwrebaplyk, ýewropa medenýetine aralaşmak diýip owadanladylar. Beçebazlyk hem haramlyk derejesinden çykarlyp, medenýetli halkyň iň esasy görkezjisine öwrüldi. Ýene bir mysal, biziň ýurdumyzda parahorluga bolan garaýyş hem başga derejä çykarlan, ugurtapyjylyk, gowy gazançly adam, başga söz bilen "şustry" oglan. Haram pul iýýän adama seredip bizde hiç hili ýazgarma döränok. Bu işleriň barsyny, eger ýokarda agzalan kitaba ynansaň, şeýtanlar amala aşyrýarmyşyn, özem bir günde däl, ýyllar boýy. Garaz islendik haramlygy, jynlar we şeýtanlar buýsanja öwürmäge ukyply. Şu ýerde haram sözi dälde, rus dilinde "parok" sözi bolmaly. Adamzadyň günä hasap edilýän kemçilikleri. Gorkaklyk hem kemçilik, "parok" hasap edilýär. Indi jynlaryň aýdyşyna görä, olar wagtyň geçmegi bilen islendik kemçiligi (haramy) buýsanja öwürip bilýärler, ýöne diňe gorkaklygy buýsanja öwürip ýetişenoklar. Haçanda gorkaklyk tutuş halkda buýsanja öwürlende, ýara ýer yranýar diýär, ýa-da uruş başlaýar diýýär. Garaz Allah adamzady ýok edýär. Indi şu ýerde türk ülkesinde bolan ýer yranma ýada düşýär. Türk halky esasanda hyzmat we söwdä bilen günini görýär. Söwdä we hyzmat bilen meşgullanmak üçin, öz gedemligiňi syrtyňa sokmaly we näme diýilse diňe lepbeý diýip durmaly. Garaz gorkaklyga gapma garşy ähli häsýetleri aradan aýyrmaly, podhalym bolmaly. Eger çakym çak bolsa, türk halky hem gorkaklygy we podhalymçylygy buýsanç derejesine ýetirdimikä diýýän? Öz ýurdumuzdan mysal getireýin, edil häzirki wagtda, öz edaramyzdan bir podhalym çyksa, biz üýşip şoň üstinden gülýäs, ştangist, pagtaçy we şoňa meňzeş lakamlary ulanýas. Biz şu wagt podhalymçylygy ýazgarýas, mertlige buýsanýas. Ýöne wagtym geçmegi bilen bar zat üýtgese näme? 9 sany podhalym bilen 1 mert oglan bolsa näme? Kim kimiň üstinden güler? Mertlik eýýäm kemçilige öwrüler, mert bolsaň ýaşamak kynlaşar. Pohdalymlar öz häsýetine başga bir at dakarlar, mysal üçin sylag hormaty bilýän adam diýerler, ýa-sa sypaýçylyk diýerler, garäz düşünjäni üýtgederler. Türkde hem bar zat şol ýagdaýa gelen bolmagy ähtimal, gorkak we podhalym bolsaň sen normalny adam, eger mert bolsaň sen durmuşda öziňi alyp çykyp bilmejek adam. Edil biziň ýurdumuzdaky ýaly, eger diňe halal iýän bolsa, öziňi oňarmajak adam, kem ryskal adam ýaly bolup görünşiň ýaly. Eger "Balamudyň ýazgylary" kitpdaky pikiri azajyk ýaýbaňlaşdyrsaň şeýle bolýar: Haýsam bolsa bir ülkede, Mertlik we batyrlyk atly gowy häsýetler, ol häsýeti göterýän adamlary gark edip başlasa, gorkaklyk we podhalymçylyk bolsa, adam durmuşyny çeňilleşdirip başlasa, Beýik Ýaradyjy şol halka ýer yranma ýa-da urş ugradýar. Belki diňe heläkçilik şertlerinde mertlik we batyrlygyň bahasy artýandyr? Şäher şertlerinde mertlikden peýda ýok bolsa, urş meýdanynda iň gowy häsýet mertlik we batyrlyk. Garaz hiç bir zat bu dünýede tötänden we ýöne ýere däl...
Категория: Makalalar | Просмотров: 103 | Добавил: Rahman | Теги: Ýer titreme | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

QAnon hereketi we Adrenahrom.
Biwepa.
Berlinyň eteginde (1-nji bölek).
Iki şäher.
Awtorlaryň öwülýasy (syrly wakalar).
Maýsa / hekaýa.
Çagalaryň özüňden bolar ýaly näme etmeli?.
Mämmet.
Alkor.
Emeli Arwah (Täsin hekaýa).

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: