02:43
Awtorlaryň öwülýasy (syrly wakalar)
Aşakdaky okajak zatlaryňyzy w serýoz kabul etmezligiňizi haýyş edýärin.

Menden size maslahat; eger kitap okamakçy bolsaňyz, eýýäm merhum bolan awtorlaryň kitaplaryny okaň. Bu sözleri men ilkinji gezek öz gowy görýän ýazyjymdan eşitdim. Onuñ beýle sözleri aýtmaga öz ýeterlik sebäpleri bardy. Hamala merhum awtorlary, olaryň eden işleri üçin bagyşlap bolýar. Merhumlar barada ýaramaz gürlemek bolmaýar. Eger merhum diri wagty ýaramaz kitap ýazan bolsa, kim ony ölüminden soňra taňkytlasyn? Hawa, eger okajak bolsaňyz merhum awtorlary okaň, ýöne meniň gowy görýän awtorymyň aýdyşy ýaly; bagyşlamak aňsat bolýanlygy üçin däl-de, eýsem olaryñ merhumlygy üçin okaň. Okan merhum awtorlarymyň bary meniñ aňymda diri, olaryň bary oňurgamyň ýülüklerinde ýaşaýarlar. Olaryň bary meniñ pikirleniş proseslaryma gatnaşýarlar. Men olaryň bardygyny duýýan, olaryň bary kapyr, olaryň köpüsi ateist. Olaryň bary meniň arkamda otyr. Men olary kowup bilýän, ýöne kowmaga sebäp göremok. Ýöne barybir men olary ömrümde ýekeje gezek kowup gördüm. Men bir gün uzakly agşam Kuran okadym. Ana şonda meniň oňurgamyň ýülüklerinde ýaşaýan merhum awtorlaryň bary meni taşlap gitmeli boldylar. Ýöne uzak wagtlyk däl eken. Daňdana ýakyn entek gün dogmanka olaryň bary gaýdyp geldiler we ýene meniň bedenimi eýelediler. Olar yzlaryna gargynyp sögünip geldiler, olar meniň bagrymyň üsti bilen girdiler. Şol gün gije men ýatyp bilmedim, her bir gaýdyp gelen meni oýardy, meni öler ýaly gorkuzdy. Olaryň sypatlary enämiñ göwresinde önüp ösýän çagajygy ýatladýardy, olar edil bagyr ýaly ýumşakdy, ýöne her biri edil köçe küntüsi ýaly sögünýärdi. Olara meniň Kuran okanym ýaramady. Kuranyň sözlerini eşiden her bir kapyr, ýa-da jyn-arwah, gaçara deşik tapanok diýýäler welin, çyn bolmaly. Gepiň tümmek ýeri her bir kitap okaýan adam ýeke däl. Okalan kitabyň awtory merhum bolsa, ol mydama okyýjyň ýanynda, ol onuň oňurgasynyň ýülüklerinde ýaşaýar. Ol oýlanýan wagtyň kömek edýär, ýa-da zyýan edýär, ol kelläňe edil ýanyp duran oda odyn oklaýan ýaly, her hili kir-kimiirleri oklaýar. Awtor seniň üstüň bilen ýaşajak bolýar. Onuň ýazan eserleri dirileriň dünýäsine gapy.

Merhumlara hemme ýerde ýol ýok.

Meniň arkamda näçe awtor ýaşasa-da olara bar ýerik ýol ýok. Olar diňe meniň ýaşaýan öýüme arkaýyn girip bilýärler, sebäbi men olary tanaýan, olar menden meni ýasadylar, olaryň eserleri dünýägaraýşymy üýtgetdiler. Käbir manyda bolsa men olaryň bir bölegi. Ýöne barybir olar bilen meni aýra düşürip bilýän ýene bir zat bar. Adam eli bilen gurulan desgalaryň tüýnükleri, bilemok sizde nähili gudrat bar? Hiç bir merhum tüýnükden geçip bilenok. Her bir öýüň tüýnügi şol öýüň merhumlary tarapyndan berk goralýar. Ana şolar ýaly tüýnükden ätlän wagtym, görgüli awtorlaryň bary meniň yzymda galmaly bolýarlar. Olary tüýnügiň sakçylary göýberenoklar. Sakçylar göýberer ýaly men olary yzym bilen çagyrmaly, çagyrar ýaly bolsa, men olaryň barynyň adyny tutmaly. Elbetde men tüýnükde durup ýekän ýekän öz arwahlarymy çagyrmaga wagtym ýok. Wagtym bolaýanda-da daşyndan seretseň örän geň ýagdaý bolardy. Ýöne çykalga bar, tüýnükden geçen wagtyň birje gezek çalaja paýyş sögünseň ýeterlik, onsoň yzyň bilen gelýän arwahlaryň bary edil agzy açylan awtobusdan dökülýän mekdep okuwçylary ýaly tüýnükden bärligine eňýärler. Gara güýçler we arhawlaryň bary, atlaryny bilmedik çagyň, ýa-da atlaryny tutasyň gelmedik çagyň, hapa sögünç söz bilen çagyrylýandyr. Eger siz, hormatly okyjy, haýsydyr bir tüýnükden ätlejek bolan wagtymyň, ýadyňyza ýakymsyz bir zat düşüp, sögünýän bolsaňyz, bilip goýyň, siz ýeke däl. Siziň yzyňyz bilen hökman biri gelýär. Ol biri siz bilen ýoluny dowam etmek üçin siziň ýatlamalaryňyzda ýakymsyz bir zady oýaryp, size hapa sögmäge mejbur edýär we şeýle ýol bilen tüýnükden ätleýär. Eger yzyňyz bilen gelýäni galdyrasyňyz gelse tüýnükden geçeniñizde musulmanlarda aýdylýan bir sözi aýdyp geçiň.

Gynansam-da meniň iň gowy görýän awtorym entek diri. Men oň ölerine çynym bilen garaşýan, ol eýýäm garry adam, oňa az galdy. Men onuň eserleriniň baryny diýen ýaly okadym, onuň pikirleriniň bary diýen ýaly maňa aýan. Ol ölensoň onuň ruhynyň birje bölegi hökmän maňa goşular we başga awtorlar ýaly oňurgamyň ýülüklerinde ýer tapar. Ol hem başgalar ýaly meniň oýlanmalaryma gatnaşar. Merhumlarda uly güýç bar, diri awtordan merhum awtor müň esse güýçli. Olaryň ýaşaýan dünýäsinden biziň dünýämiz, edil balyk saklanýan akwarýumuň görünşi ýaly görünip dur. Edil adamlaryň dünýäsiniň kanunlary bolşy ýaly, merhumlaryň dünýäsiniň öz kanunlary bar. Ol kanunlar barada maňa bar zady KA düşündirdi. (KA atly oglanyň kimdigini men size soň düşündirerin.)

Men köplenç "Gurbansoltan eje" köçesiniň ugry bilen gezelenç etmegi gowy görýän. Gulagyma gulaklyk (nauşnik) dakyp aýdym diňleýän. Gezelenç ortaça üç sagada golaý wagt alýar. Ol köçäniň ugry bilen men ýönelige ýörämok, ýoluñ ugryunda türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ýatan gonamçylygy bar. Ana şol gonamçylyk meniň esasy nyşanym. Şol gabrystanlykda meniň iň gowy görýän türkmen şahyrym ýatyr. Ýaňy aýdyşym ýaly merhumlaryň elinden gelýän zatlar, diri adamyňkydan kän. Tümmekleriñ aşagynda ýatanlar meniñ iň esasy arzuwymy amala aşyrmaga ukyply adamlar. KA-nyň öwredişi ýaly men ol merhumlary oýarýan, men olary biynjalyk edýärin. Men olar ýatyrka mazarlaryñ içi bilen ýöräp geçýän. Iki elimi gapdala ýaýyp aýtmaly jadyly sözleri gaýtalaýan. Merhum görgüliler meniň ýaýylan ellerimden ýapyşyp aşak çekýärler. Ýöne olaryň güýçleri ýetenok, sebäbi daşarda Gün çykyp dur. Gün bolsa diri adamyň tarapynda. Ýöne men ol gonamçylyga gije hem girýän, ýöne gije özümi düýbünden başgaça alyp barýan. Sebäbi gije eýýäm merhumlaň tarapynda. Iň soňunda merhumlar çydaman gygyryp başlaýarlar;

—Saňa näme gerek, bizi öz günümize goý, biz rahatlyga mynasyp.

—Maňa siziň pikirleriňiz gerek, — diýýän menem. Maňa siziň entek diri wagtyňyz aýdyp ýetişmedik pikirleriňiz gerek.

Şeýdip merhumlar öz pikirlerini maňa berýärler we men olary öz gününe goýýan. Merhumlary göründen galdyrmaga maňa KA öwretdi. Men size-de öwredip bilerdim, ýöne bu bilimleriň bary, adamlaryň köpüsi üçin ýöne bir erteki...
Şeýle günleriň birinde men öz iň gowy görýän şahyrymyň guburynyň ýanyna bardym. Dogrymy aýtsam men ony biynjalyk edesim gelenokdy. Ol dogrudanam rahatlyga mynasyp adam. Ýöne men ondan barybir bir haýyşym bardy. Men ýazyjy bolasym gelýär, meni hemme kişiniň tananyny isleýän. Goý tanamaýanlar tanasyn, tanaýanlar magtansyn, tanasy gelmeýänler ökünsin. Goý türkmen edebiýaty meni öz sahypalaryna kabul etsin. Goý meniň adym ölümimden soň hem ýaşasyn, ýöne başga awtorlaryňky ýaly sessizje däl. Edil öňümde ýatan şahyryň ady ýaly älem-jahany ýaňlandyryp ýaşasyn.

Adam ölümden soň hem adam. Merhum hem diri wagty nämäni gowy görýän bolsa, ölümden soň hem öz endiklerine biwepalyk edenok. Men öňümde ýatan şahyryň näme gowy görýänini bilýän, men ol zady onuň baş ujuna getirdim. Ol zat üýtgeşik bir gymmat zadam däl, ýöne merhumyň diri wagty halan zady. Elbetde meniň sowgadym onuň baş ujunda edil onuň özi ýaly çüýräp gider, ýöne merhum üçin meniň eden işim eýýäm uly hereket. Herekete bolsa hökman hereket bilen jogap bermeli. Merhumlaryň dünýäsiniñ kanunlary şeýle. Ol meniň sowgadymy alar we arzuwymy hasyl eder. Ol meniň sowgadymy alman bilenok, sebäbi merhumlarda aň bolanok. Ol oýlanyp bilenok, ol diňe hereket edip bilýär. Şeýle-de ol meniň beren sowgadymyň kiçidigi barada we soraýan zadymyň uludygy barada oýlanyp bilenok, ýaňy aýdyşym ýaly olarda aň bolanok. Halaýan zadyny berseň alýar, bir zat haýyş etseň edýär. Bolany.

Aşgabat:16.12.2018
Rahman Zulfikarow
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 1426 | Добавил: Awtor | Теги: Syrly wakalar. | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

Gymmatlyklar basgançagy.
Döwülen ganatlar (oýlanma).
Piramida (fantastiki hekaýa).
Nastolgiýa / fantastiki hekaýa.
Alkor.
Awgust meň kükregimden basýar.
114-nji süre.
"X" näbellilik nyşany hökmünde.
Däliň oýlanmasy, ýa-da Kawaçi barada.
Kuran 22:2.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: