18:51
Iňňäniň gözünden düýe geçende...

Meň bir tanşym maňa bir sorag berdi: —Näme üçin köne döwürler gudrat diýen zat kän bolýardy, indi welin gudrat diýen zat asla bolanok? Jogap ýönekeý däl, ýöne jogap bar. Köne döwürler adamlar gudrata ynanýardylar, indi welin hiç kim gudrata ynananok. Orta mekdepleriň çagalaryň aňynda gurýan dünýäsinde, gudrat diýen zada döremäge mümkinçilik ýok. Başga gürrüň medreseler, medreselerde berilen ylym, Magtymguly Pyragy ýaly filosoflaryň döremegine getirýär. Şäherde ýaşaýan adamlar, üýşip bilelikde "hakykatyň" bir görnüşini, modelini döredýärler. Eger şäherde ýaşaýan adamlaryň aglaba bölegi gudrata ynanmaýan bolsalar, diýmek şol şäherde gudrat ýok. Şol sebäpden jyn-arwahlar hem adamlaryň az ýerinde göze görünýär. Şäherlerde olara hiç kim ynananok.

 

Kurany Kerimiň 7-nji süresiniň 40-njy aýadynda, Hudaý şeýle diýýär:

 

—Hudaýyň alamatlaryna ynanmadyk adamlar, Düýe iňňäň gözünde geçinçä, Jennede girmezler.

 

Gepiň gysgasy, jennede girmek üçin, adam gudrata ynanmaly, has dogrysy, fizikaň kanynlaryny we başga kanunlary bozýan hadysa ynanmaly we diňe şondan soň jennetiň gapylary açylýar. Edil şu ýerden azajyk pikir ýöretseň, mekdep programmasy bizi gös göni dowzaha alyp barýan ýaly bolýar. Bolýa, dowzah entek daşda we oňa çenli ýaşamaly we ýaşamaly. Entek diri wagtyň näme etmeli? Kurany Kerimde ýene bir gowy mysal bar: Bibi Merýeme sereden bir garry adam, ady Zakirýa bolmaly, Hudaýdan perzen dileýär, Hudaý bolsa oňa bolýa, perzent berjek diýýär. Zakirýa bolsa geň galýar, men we meň aýalym garry, çaga dogurar ýaşdan biz bir eýýäm geçdik diýýär. Hudaý bolsa Men seni hiç zat ýok ýerde döretdim, saňa çaga bermegem başararyn diýýär. Bu ýerde ýene gudrat temasy orta çykýar. Adamyň ýüreginde ynam ýok, adam fizikaň we biýalogiýaň kanunlary bozulmasyzdyr öýdýär, başgaça söz bilen aýdaňda Hudaýyň Kuwwadyna ynananok. Eger adamyň ýüreginde, öz dileýän zadyna ynam ýok bolsa, Hudaý näme üçin ony bersin? Meň özüm hem şeýle bir çykgynsyz ýagdaýlarda Hudaýy çagyrýan, emma oň meň üçin fizikaň kanunlaryny bozup bilmezdir öýdýän, bu bütinleýin ters dünýägaraýyş. Bu dünýägaraýşyň fundamendyny orta mekdepler guýýar. Azym işanjan türmede oturan wagty, zyndanyň ähli gapylary öz özünden açylypdyr diýip biz köp eşitdik. Eýsem bu gudrat nireden peýda boldy? Bar zat ýönekeý, Azym işan, düýäň iňňäň gözünden geçip biljegine ynanan adam, şeýle adam üçin fizikaň islendik kanuny bozulyp bilýär, sebäbi şeýle adamlar fizikaň kanunlaryna ynananoklar, olar diňe Gudraty Güýçli Ýaradyja ynanýarlar. Gudratly pirler, gaýbana Käbä baryp gaýdyp bilýän adamlar, bularyň barsy geçmişde galdy, entek medreseleriň ylym berýän döwründe galdy. Eger maňa Allah, seni şu duran ýeriňden Käbä teleportasyýa etjek diýse, meň birinji kelläme geljek pikir "nädip?" Bu mümkin däl, bu fizikaň kanunlaryna gabat gelenok we şoňa meňzeş. Şol sebäpden ylym bilen meşgullanýan adalaryň ykbaly agyr we gözleri kütek bolýar. Ylym kitap köp okasaň gözleriň kütelýär, çeper edebiýat köp okasaň gözleriň ýitelýär. Göräýmäne ikisi hem kitap ýaly bolsada?

 

—Meň alamatlarymy görmeýän bolsaň göz saňa nämä gerek, —Diýýär Hudaý. Ylym bolsa ähli gudraty öz meýdanyna geçirmäge synanşýar.

 

Fantastiki edebiýat adamlarda gudrata bolan ynamy artdyrýar. Fantastikaň iň ösen ýeri bolsa Amerikaň birleşen ştatlary. Nämäň hasabyna amerikaň ýaşaýjylary baý başaýarlar? Hudaý hiç bir halky ýöne ýere gowy ýagdaýda saklanok. Eger ýurt garyp bolsa, diýmek halkda günä bar, men asalatsyzlyga ynanamok. Içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol. Bu dünýäň ähli kanunlaryny bozup bolýandygyny, Hudaý her bir adama görkezýär. Biziň ählimiz, adatdan daşary gabat gelme, ýa-da şoňa meňzeş bir zatlar bilen köplenç gabat gelýäs, ylym düşündirip bilmeýän zatlary bilen. Hudaý bize bu dünýäň hakyky däldigini düşündirjek bolýar, ýöne bizde ynam diýen zat diýseň gowşak. Synçy adamlar, wagtyň geçmegi bilen, bu dünýede bir zatlaryň tersdigine düşünýärler, ähli zatlar fizikaň kanunyna boýun egenok, kimdir biri biziň durmuşymyzy dolandyrýar. Şeýle netijä her bir adam iň soňunda gelmeli, asasanam ýaşyň geçdigiçe. Emma şeýle adamlara garşy, matrisa çeper filmi düşürildi. Diňe bir düşürilmedi, eýsem bir giden ylmy çaklamalar we teorýalar döredildi. Biziň barymyz kompýuter similýasyýasynsa ýaşaýas, şol sebäpden islendik matrisaň ýalňyşlyklary bolup bilýär. Saňa Hudaý bir kiçijek gudrat görkezdi, seň kelläňdäki ýalňyş sütinleri ýykmak maksady bilen, sen bolsa telewizorda müň gezek gaýtalanan sözleri aýdýaňda geçiberýäň, hamala hiç zat bolmadyk ýaly: Bu matrisaň ýalňyşy, —diýýäň sen. Elbetde Matrisa ideýasy iňlis we rus dilinde gürleýän halklar üçin nýetlenensoň, bizi känbir ol zatlara düşümmersem welin, ýöne ähli zat meň aýdyp otyran teorýamyň çäginde dogry ýaly eşdilýär. Biziň döwrümizde, entek dowzahdan we jennetde öň, her bir adama gudrata ynanmak diýseň zerur, sebäbi Hudaý hem adama, diňe oň ynamynyň çäginde kömek edýär. Öz çaga doguryp bilmejegiňe ynanyp, Hudaýdan çaga diläp bolanok, çaga dogurmajagyňy bolsa, lukmanlar aýtdy, ýa-da rak keseliň bejerip bolýanyna ynanman, Hudaýdan şypa diläniň hem.peýdasyz. Garaz ýene bar zat, iňňäň gözünden geçýän düýä barýar.

Категория: Bellikler | Просмотров: 182 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol (Oçerk).
Iň agyr günä / esse.
Hudaýdan gorkaý adam hiç zatdan gorkanok. Hudaýdan gorkmanaý ähli zatdan gorkýar..
Penjireden giren aýal, (ene hakda).
Näme üçin ýer titreýär?.
Google (fantastiki powest).
Nastolgiýa / fantastiki hekaýa.
Epilepsiýa.
Azazylyň hatlary (Fantastiki hekaya).
Däliň oýlanmasy, ýa-da Kawaçi barada.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: