07:39
Tagmaly gyz

Men eýýäm köpden bäri arak içemok, şol sebäpden tanyş oglanlar köplenç meni sürüji edip alyp gidýärler. Men kän ýer tutamok, köp iýemok we kän gürlämok. Islendik oturluşykda sessizje oturyp bilýän. Oturlusyk gutaranyndan soň welin, öz içgili tanşymy öz ulagyna mündürip alyp gaýdýan. Tanşym maňa ýol kreý bahanasy bilen pul berýär. Ol pul mydama bolmalsyndan bir näçe esse kän. Belkem bu hudaý-ýoly bermegiň bir usuludyr, meň bilemok, dogrusy bilesim hem gelenok. Meni umuman alaňda ýagdaý kanagatlandyrýar, meň tanşym hem razy. Şeýle oturluşyklara hemmesine diýen ýaly satlyk gyzlar hem gatnaşýarlar. Ol gyzlaryň ählisi diýen ýaly maňa bir eýýäm tanyş. Hemişe 2-3 gyzdän kän gyz gelenok, oglanlaryň sany näçe bolsa bolubersin. Gyzlaryň ählisiniň ady, nähili geň bolsada, Maýa. Şu ýerde garagumyň obalarynyň birinde   ýaşaýan garry bir adam ýadyma düşýär. Ana şol adam öýden birni çagyrjak bolsa, oturan ýerinden hökman Owadan diýip gygyrýardy. Öýde owadan atly aýal maşgala ýok, ýöne 2 sany gelinden we 3 şany gyzdan kim özini owadan hasaplaýan bolsa çakylyga hä beräýmeli. Maýalar bilen hem edil şolar ýaly, Maýa diýsen hökman biri hä beräýmeli. Maýalaryh hyzmatyndan men hiç haçan peýdalanamokdym. Sebäp diýseň prosesiň özi bir tüýsli tersdi. Hemişe gyz bilen başda tanyş bolunýardy, soň oň elinden tutulýardy, soň öpülýärdi we gujaklanylýardy. Bu ýerde welin ähli zady taşlap göny ýatylýan jaýa geçmelidi. Dogrymy aýtsam meň hyýalymda beýle aklama hiç wagt döränokdam, men ýöne Maýalary islämokdym, bolany, bolmasa olaryň içinde her tüslisi bardy. 

 

Günleriň birinde bir zat üýtgedi. Meni nobatdaky oturluşyga çagyrdylar, men hemişeki ýaly sürji bolmalydym. Elbetde meni oturluşygyň ahyrynda-da çagyrsalar bolýady, ýöne men öz tanşymy öýünden öz maşynynda alyp gitmeli bolýardym. Şeýle günleriň birinde gapydan Maýalar girdi, olary oturluşygyň ortarasynda çagyrypdylar. Gyzlar owadandy we ýaşdy, hemişeki ýaly. Olar saçagyň başyna geçdiler we arak içip başladylar. Bu gezek gyzlar näme üçindir 4 sanydylar. Olar hiç haçan 4 sany bolup gelmeýärdiler, iň köp bolanlarynda 3 sanydylar. Köplenç bary ýogy tutuş oturluşygy özünde 2 sany gyz alyp çykýardy. Häli aýdyşym ýaly, bu jige bir zatlar ters gitdi. 4-nji gelen gyz Maýa däldi, ol gyzda bir zat tapawut edýärdi. Ol gyz näme üçindir meň gapdalyma geçip oturdy. Men ýaly arak içmeýän sürüjimi, -men içimden oýlandym we ýylgyrdym. Gyz hiç zat gürlemedi, ol diňe maňa golaý gysyldy. Daşyndan seretseň men ol gyzyň ýoldaşy ýalydym. Belki şol sebäpden gyza hiç kim üns bermeýän bolmaly? Birinji gezekmi işe çykyşyň? -Men oýlandym. Galan 3 sany gyzy eýýäm bir näçe gezek ýatylýan jaýlara aýlap ýetişdiler. Ýöne men ýanyma gelip gonan gyzy hamala hiç kim görmeýän ýalydy. Men daş töweregime seretdim we hyýalymda näçe pulyn bardygyny sanadym. Meň Maýalara tölemäge pulum ýetjekdi, ýöne maňa gapdalymdaky gyz gerekdi. Ol bolsa eýýäm sesini çykarman maňa hyzmat edýärdi. Meň bulgurum boşasa maňa suw guýýardy. Saçagyň her ýerine süýnüp, diňe meň göwnüme ýaraýan zatlary alýardy, meň näme gowy görýänimi bilmesede, hamala meň pikirimi okaýan ýaly? Şol gije maňa näme bolanyny bilemok, ýöne şol gyz bilen meni ykbal sataşdyrdy. Men ýüregim bilen syzýardym we ýatylýan jaýlaryň ählisi boşaýança garaşýardym. Her oglan bir iki gezek girip çykanyndan soň, Maýalardan eýýäm peýda ýokdy. Oglanlaryň ählisi diýen ýaly öýlenip çykypdy. Hemişe bolşy ýaly oturluşygyň soňunda her tüýsi samsyk jedeller başlaýardy, mysal üçin Işan aga diýilýän adam bir sagadyň içinde 5 gezek Maýa bilen ýatyp biljegini aýdýardy we oňa hiç kim ynananokdy, netijede jedel pula geçýärdi, Maýalaryň biri bolsa, Işan aga öz hyzmatlaryny teklip edýärdi, eger birden jedelde utup bolsa, utuş ýarpa paýlaşylmalydy. Elbetde jedelde hiç kim aldamaz ýaly, bar zat märekäň göz astynda bulup geçmelidi. Men bolsa şeýle jedelleriň başlaryna garaşyp oturdym. Dogrymy aýtsam gapdalymdaky gyza pul teklip etmäge dilim aýlanar öýdemokdym. Ýagdaýyň şeýle kyndygyna men diňe şu wagy düşündim. Gapdalymdaky gyzyň men adyny hem sorap bilemok, oň bahasyny soramak aňarda dursun. Galan 3 sany gyzdan haraý isläp olaryň ýüzlerine seredýän, ýöne olar hem eýýäm içgili. Iň geň ýeri meň gapdalymda oturan gyz, hamala diňe meň gözüme görünýän ýaly, oňa hiç kim üns berenok. Özem ol gyz näme üçindir meň göwnüme diýseň ýaraýar. Diňe bir ýaraýar dälde, eýsem men ony ömrüme tanaýan ýaly, eger ol gyz menden ýüregiň içindäki iň gyzlin syry näme diýip sorasa, men şol bada pikirlenmän oňa jogap berjek, sebäi ol gyz barybir men barada ähli zady bilýär. Näme üçindir mende şeýle duýgular bardy, men bilemok.

 

Märekäň ýarsy daşaryk çilim çekmäge çykdy, ýarsy şäherden gelmeli bir zatlary garşy almaga çykdy, käbir adamlar bolsa saçagyn başynda uklap galdy. Gyz bilen men ikiçäk diýen ýaly galdym. Men gyzyň ýüzýne manyly seretdim, gyz düşündi we ýerinden turup ýatylýan jaýlaryň birine ugrukdy, maňa artykmaç gürlemek hem gerek bolmady. Bar zat öz özünden düşnükli boldy. Otagyň içi garaňkydy, hiç zat görünenokdy, emma men çyrany ýakasym hem gelenokdy. Men diňe gyzy gujaklap göresim gelýärdi, ony beýle hapa ýerde ýalaňaçlasym gelenokdy. Gyz hem meň pikirlerimi okan ýaly krowadyň üstüne süýndi, men hem oň gapdalyndan.

 

9-10 ýaşymdan başlap, men her gije hyýalymda hamala gyz bilen ýatýan ýaly bolýardym. Ýassygy ýa-da ýorgany gujaklap ony gyz diýip göz öňüme getirýärdim, belkem oglanjyklaryň ählisi hem şeýle edýändir? Ählisi!. Öýlenjek wagtlarym, toýa sanaýmaljak gün galanda men begenýärdim, ine meň hyýalyňdaky zatlar hakykada öwrüler men indi janly gyzy gujaklaryn. Ýöne bar zat beýle ýönekeý däl bolup çykdy. Birinji gijede men öz aýalymy bir sagat ýaly gujaklap gördüm we oňa aýtdym: -Men ençeme ýyllap ýeke ýatyp öwrenşdim, indem seni gujaklap ýatyp bilemok, seň teniň gyzgyn, men bolsa sowgy gowy görýän, şonuň üçin meň ýanymdan süýş. Men öz aýalymy gujaklap ýatmaga synaşýan, emma mende mydama bir oňaýsyzlyk duýgusy döreýär, bilemok näme üçin, hyýaly gyz, hakyky gyzy mydama ýeňýär. Soň men kelläme başga bir pikir geldi, meň 9-10 ýaşymdan bäri göwnüme ýaraýan başga bir gyz bardy, belkem şol gyzy men gijelerine gujaklaýandyryn? Göräýmäne ähli zat dogry ýaly, ýöne wagtyň geçmegi bilen men ol gyzada ýetdim we ony gujaklap gördüm. Barybir bir rat oňaýsyz, ençeme ýyllap hamala söýgi ýaly bolup duýulan zat bir gijede puç boldy, maňa hiç kimiň gerekdäldigine düşündim. Aýalymy hem söýýän gyzymy gujaklap görüp, men näme üçindir oňaýsyzlygy duýýardym, hamala meni hyýaly gyz gabanýan ýaly? Aradan ençeme wagt geçdi, we men diňe şu gün we şu gije, nätanyş bir gyzy gujaklap, hiç bir oňaýsyzlygy duýamokdym. Oň tersine, şu wagtky gujagymdaky gyz, şol men 9-10 ýaşdan başlap, her gije ýanymda bolan gyzdygyna düşündim.

 

-Sen meni tanadyňmy? -gyz mylaýym ses bilen tümüň içinde sorady.

 

-Hawa, men seni tanadym, -diýdim men.

 

Gyzyň egnine göz ýaşlarymy süpürdim. Başga hiç bir gyzyň ýanynda öz göz ýaşlarymy görkezmerdim, emma bu gyzdan hiç zady gizlemeseň bolýardy. Gyzy hiç ýerik göýberesim gelenokdy, ony şeýdip kyýamata çenli gujaklap ýatmaga razydym. Hudaý aýaly erkegiň gapyrgasyndan ýasan bolsa, meň ýanymdaky gyzy Hudaý hut meň öz gapyrgamdan ýasan bolmalydy? Meň durmuşymdaky aýallaryň ählisi, maňa ýat adamlardy, meň ejem we uýam, meň aýalym we söýýän gyzym. Diňe şu wagt ýanymdaky gyz, näme üçindir maňa ýakyndy. Eger ol gyzy, meni tanaýan adamlar ýekelikde görseler, şol bada oň meň aýalymdygyna düşünjekdiler, hamala onda meň möhürüm bar ýaly. Ähli zady düşündürme kyn, ýöne mende şol wagt şeýle duýgular bolup geçipdi.

 

-Sen eýýäm ýarty ýoly geçdiň, -diýdi gyz. -Ýene azajyk garaş we biz duşuşarys, soň hiç wagt aýra düşmeris.

 

-Nirede duşuşarys? -Men soradym we uka gitdim.

 

Gyzyň jogaby meň ukyma öwrüldi we men düýşümde gyzy gördüm. Biz oň bilen beýik dagyň depesinde, hiç hili hasrat we alada gaýgy ýok. Men ondan başga hem köp zatlary gördüm, emma meni oglanlaryn biriniň sesi oýardy. Näme üçindir eýýäm daň atypdy, myhmanlaryň ýarsy diýen ýaly gaýdypdy. Meň gujagymdaky gyzdan bolsa eýýäm nam nyşan ýokdy.

 

Soň ol gyza men hiç haçan duşmadym, şol gijeki Maýalaryň hiç biri hem gyz barada hiç zat bilenokdylar. Biz 3 sany gyz bolup geldik, 4-nji gyz ýokdy diýdiler maňa. Oglanlaryň käbirleri meň gapdalymda bir gyzyň bardygyny ýatlan ýalam edýärdiler, emma arak diýen zat hiç bir görülen zatda ynam goýanokdy. Wagtyň geçmegi bilen men ol gyzyň kimdigine düşündim. Ol gyz meň ol dünýedäki aýalym, ol maňa dünýe döräp garaşyp otyr we mana ýakynlaşan islendik aýala gargaýar. Tagmaly gyz, meň göze görünmeýän tagmam basylan gyz. Biz diňe meň ölüminden soň duşuşup bileris, ýöne näme üçin Hudaý bizi şu wagt az salymlyk duşurdy men bilemok. Dogrusy duşuşuk meň üçin hiç hili yzsyz geçmedi, şol gijeden başlap mende hiç bir aýala jynsy isleg döränok, medisa dili bilen aýdaňda meň jynsy agzam işlänok, işjeň ýagdaýa geçenok. Dogrymy aýtsam meň özüme hem işläni gerekdäl, men indi hiç kimi söýemok, hiç kimi begendiresim gelenok. Maňa indi diňe şol gyz gerek, Hudaýyň hut men öz gapyrgamdan ýasan gyzy.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 171 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 2

Başga hekaýalar

Näme üçin ýer titreýär?.
Mämmet.
Kärhana "Arzuw" (söýgi hakynda).
Emeli Arwah (Täsin hekaýa).
Älem hasapçysy (fantastiki hekaýa).
Gymmatlyklar basgançagy.
Hakyky Asman (makala).
Adalat enjamy (fantastiki hekaýa).
Ateistler çyrany söndürenoklar.
Teňňe (esse).

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: