02:45
Jeza (antiutopiýa)
Prokuror bardy, ýöne ol göze görünenokdy. Ol ýörüte kiçijek otagda, perdäň aňarsynda otyrdy. Oň diňe sesi gelýärdi. Ol şol ýerden kanun bozyjyny aýyplaýardy. Kanuny bozyjy Mämmet entek suda gatnaşyp görmändi, şonuň üçin oňa prokuroryň gizlenmegi bir bada geň bolup göründi. Soň bolsa bar zat öz özünden düşnükli bolan ýalam boldy.

–Kanun-bozujylaryň ar almasyndan çekinýändirdä Prokuror? –Mämmet oýlandy. –Eger şeýle bolsa näme üçin Prokuror ýöne bir ýüzüne nikap dakyp adamlaryň arasyna çykanok? Ony perdäň aňarsynda gizlemek näme gerek boldy? Mämmet näçe oýlansada hakykatyň aňarsyna ýetip bilmedi.

Prokuror ýüzi nikaply bolsyn, ýa-da perdäň aňarsynda gizlensin, ol barybir öz etmeli işini dürs ýerine ýetirýärdi. Ol Mämmedi aýyplaýardy. Mämmet bolsa başyny sallap durmakdan başga alaç tapmady. Öz günäňden boýun gaçyrmagyň hajaty hem ýokdy, sebäbi soňky döwürler adamyň günäsini boýnuna goýmak üçin ýörüte enjemlar ulanylýardy. Ýalan sözi aýan edýän enjam. Seň ennamyňa ýörüte detektorlary birikdirýärler we her bir soraga dogry jogap berýäňmi, ýa-da ýalan jogap berýäňmi, enjem görkezip durdy. Ol enjamlaryň peýda bolup başlan döwürleri kazyýet ulgamy olara şübheli seredýärdi. Sebäbi ilki enjamlar känbir ygtybarly däldi, olary adamlaryň käbirleri aldap bilýärdi. Dogrysy ol adamlaryň sany bary ýogy 2 göterimdi, ýöne şol 2 göterim kazyýet üçin öte ýokary bolup göründi. Soň wagtyň geçmegi bilen bolsa, ol enjamlar kämmilleşdi we 2 göterim ýalňyşlyk, 0,02 göterime çenli aşak gaçdy. Diňe şondan soň kazyýet şol enjamlary öz işine girizdi. Müň sany sorag edilýän adamdan diňe 2 sany adam şol enjamy aldap bilýärdi. Ol hem adam bedeniniň tebigy aýratynlyklary üçin. Dogrysy ýörüte edaralaryň işgärlerine şol enjamy aldamagyň usulyny öwredýär diýen gep gürrüň bardy, ýöne beýle işgärler hiç haçan adaty kazyýetiň öňünde başlaryny sallap durmajaklary belli zatdy.

Mämmet hem ömründe birinji gezek şeýle enjam bilen çaknyşdy. Ony ýörüte oturguçda oturtdylar we ennamyna detektorlary berkitdiler. Oň garşysynda otyran şol enjamyň operatory, Mämmede öňünden taýýarlanan soraglary okaýardy, Mämmet bolsa ol soraglara ýok, ýa-da hawa diýip jogap berýärdi. Operator ýaş oglandy, eger Mämmet ýalňyşmadyk bolsa ýokary okuw jaýlarynyň biriniň talybydy. Ýöne näme üçin biriniň? Ol oglan ýurista okaýan bolmaly? Başgaça bolmaga haky ýok, bu işi gelejekgi ýuristan başga kime ynanjak diýsene? Oglan öňünde duran enjamyň düwmelerini basyşdyryp Mämmedi sorag etmäge başlady.

–Siz plan senede kanuny bozduňyz, şony boýun alýaňyzmy?

–Hawa, –Mämmet jogap berdi.

Enjam oň jogabynyň dogrudygny tassyklady.

–Siz kanuny bozmazyňyzdan öň köp oýlandyňyzmy? –Oglan ýene sorady.

Mämmet ýene hawa diýip jogap berdi we enjam oň jogabynyň dogrydygyny tassyklady.

–Siz kanuny bozmazyňyzdan öň, agyr jeza çekjigiňizi bilýädiňizmi? –Oglan ýene sorag berdi.

Mämmet bir bada ýalan sözlejek bolup sagindi, azajyk oýlandy, ýöne barybir hawa diýip jogap berdi. Enjam oň jogabynyň dogrydygny tassyklady. Oň garşysyndaky oglan öňündäki kagyzda bir zatlar bellik etdi.

–Siziň aýalyňyz siziň kanuny bozýanyňyzdan habary bardymy? –Oglan ýene sorady. Ýagdaýyň agyrlygyna garamazdan oglanyň bolşy ýaman rahatdy, ol hamala işe girmek üçin anketa doldyrýan ýalydy. Ýönewelin oň tersine Mämmet örän binjalykdy.

–Bu jenaýata aýalymyň näme dahylly ýeri bar? –Mämmet zeýrendi. –Bar zada men günäkär, men, siz bu ýere meniň aýalymy goşmaň, ol hiç zatdan habary ýokdy.

Mämmet gürleýän wagty oň endamyna çatylan enjam yzygiderli her dürli sesler bilen saýrady. Oň näme diýýänini diňe oň öňünde oturan oglan düşünýärdi.

–Ýene bir gezek gaýtalaýan, diňe ýok, ýa-da hawa diýip jogap beriň. Siziň aýalyňyz, siziň kanun bozýanyňyzdan habary bardymy?

–Ýok, –Mämmet başyny aşak sallap jogap berdi. Ýöne enjam oň jogabyna ynanmady we gargaň sesine meňzeş ses çykardy. Ýaş oglan bolsa öňündäki kagyzda täze bellik etdi.

–Siziň aýalyňyz, sizi kanun bozmadan saklajak boldymy? –Oglan ýene sorady.

–Hawa, –Mämmet bu gezek hem ýalan sözlejek boldy, ýöne hiç zat başa barmady. Enjam ýene gargaň sesine meňzeş ses çykardy. Oglan bolsa şu güniň dowamynda ilkinji gezek ýylgyrdy. Ýöne şol bada ýylgyrşyny gizledi. Oňa ýylgyrmak howuplydy, sebäbi oň garşysyndaky tussag islendik maýda zat üçin özüni ýitirip biljekdi.

–Siziň aýalyňyz sizi kanun bozma iterdimi? –Oglan ýene howuply soragy berdi.

Mämmet başyny ýerden galdyrman ümsüm otyrdy. Ol hiç zat jogap bermedi. Enjamyň başynda oturan oglan goranmak üçin haýaljakdan yzy gaýyşdy, ol tussag topular öýdüp gorkýardy, şeýle halatlar seýreklik däldi. Emma Mämmet topulmady, ol pessaý ses bilen “ýok” diýip jogap berdi. Bu gezek hem enjam oňa ynanmady we ýene gargaň sesi ýaly ses çykardy. Indiki soragy bermäge oglan howluganokdy, ol azajyk säginmeli diýen karara geldi, ony Mämmediň ruhy ýagdaýy alada goýan bolmaly. Elbetde Mämmet gorsanmaz ýaly ony oturguja daňsaňam boljakdy, ýöne beýle etseň ýalan sözi kesgitleýän enjem dürs işläp bilenokdy. Ol enjamyň pidasy tutuşlygyna azat bolmalydy, bedende gan aýlanşyny hiç zat bozmaly däldi. Iň bärkisi goşary bagly adamyň jogaplary enjamyň işinde näsazlyk döredip biljekdi.

–Siziň eden jenaýatyňyzyň 50 göterimine aýalyňyz günäkär diýseň bolarmy? –Oglan iň soňky soragy berdi we ýerinden turdy, ol eýýäm otagy taşlap gitmäge taýýardy. Ol dogram etdi, sebäbi Mämmet otyran oturgujyny eline alyp enjamy bar güýji bilen urdy. Enjam iň soňky gezek garga ýaly ses edip kül pytrak boldy. Enjamyň pytranyny görüp Mämmet oturgujy oglanyň yzy bilen zyňdy, ýöne oglan eýýäm otagda ýokdy. Oň ýerine iki sany daýaw oglanlar girip Mämmedi ýere ýykdylar.

*****

Prokurordan aýratynlykda hormatly kazy hiç zadyň aňarsynda gizlenmändi we oň ýüzünde nikap ýokdy. Ol Mämmet bilen deň-duş oglandy. Ol eýýäm ýarym sagat bäri ýalan sözi kesgitleýän enjamyň görkezmelerini diňläp otyrdy. Oňa bar zady prokuror gürrüň berýärdi.

–Siz näme üçin enjamy hatardan çykardyňyz? –Hormatly kazy sowuk sesi bilen sorady.

Oň gürleýşi bolýan zatlara hiç hili gyzyklanmasy ýok ýalydy. Ol sesniň äheňi bilen ne Mämmedi ýazgarýady, nede oňa duýgydaşlyk bildirýärdi. Hormatly kazy hiç kimiň tarapynda däl ýalydy.

–Gaharymdan, –Mämmet gysgaça jogap berdi.

–Siz enjamyň bahasyny tölemeli bolarsyňyz, size şu gün hasap bererler, –kazy gysgajyk sözini jemledi.

Mämmet bolsa ol enjamyň bahasyny pal agtaryp biljek boldy. Enjam daşyndan göräýmäge adaty kompýyteri ýatladýardy, ýöne bahasy bilen kompýuterden 10 esse gymmatdygy bildirip durdy. Enjam hiçle, –Mämmet oýlandy. Iň esasy zat maňa näme jeza bererler we meň bu eden etmişime aýalymyň dahyllylygy nä derejede täsir eder?

–Sizi sorag edilende ýüze çykarylan maglumatlara görä, –kazy howlukman dowam etdi, –siziň eden günänizde, siziň aýalyňyz, plany planyýewanyň, –kazy şu ýerde Mämmediň aýalynyň adyny we familýasyny dolylygyna tutdy, –eliniň hem bardygy ýüze çykaryldy. Ýalan sözi kesgitleýän enjamyň görkezmeliri meň aýdan zatlarymyň baryny tassyklaýar, –kazy elindäki uzyn kagyza göz gezdirdi.

–Hormatly kazy, –Mämmet başlady, –eger mümkin bolsa bu waka meň aýalymy goşmaýalyňda. Men bar zady öz elim bilen etdim, aýalymyň hiç hili dahylly ýeri ýok, hawa ol maňa maslahat berdi, ýöne meň beýle etjegimi nirden bilsin? Aýallaryň agzy dek durýamy näme? Siz näme sorasaňyz menden soraň, ýöne aýalymy goşmaň, bolmasa çagalarym ýetim galar. –Mämmet göz ýaşlaryny saklap zordan sözlerini jemledi.

–Köşeşiň hormatly tussag, bar zat beýle gorkyly däl. Belki bar zat gowy tamamlanar, we biz siziň, göni şu ýerde bar günäleriňizi geçeris? Nähili geň bolsada meň iş tejribämde şeýle ýagdaýlaram az däldi.

Mämmet hormatly kaza ynanasy geldi, ýöne içinde edil möý ýaly bir zat öz kerebini örýärdi. Ol entek ýokary kazyýet bilen iş çalşyp görmändi, oň iş çalşan tanyş bilişlerem ýokdy. Ýöne halkyň içinde ýaýran gürrüňlere görä, ýokary kazyýet dünýäde iň zabun we şol bir bada rehimdar kazyýetmişin. Ýöne oň haýsy ýagdaýda rehimdar bolýanyny, we haýsy ýagdaýda zabun bolýanyny hiç kim bilenokdy.

Hormatly kazy oturan ýerinden öňünde duran uly kitaby açdy we sahypalaryny agdardy. Ol elbetde Mämmediň eden günäsine berilmeli jezany gözleýärdi. Mämmet jogaba garaşyp dem almasyny goýdy. Ol edil ýagyşyň aşagynda duran ýaly derleýärdi. Çep burçda perdäň aňarsynda gizlenip oturan prokuroryň ýylgyrşy eşidilýärdi. Ol elbetde berilmeli jezadan habardar, oňa kitap agdarmak zerur däl, näme diýseňem ol birinji gün işlänok ahyryn. Hormatly kazy hem şeýle bolmaly, ol hem kitaby açmasada näme jeza bermelidigini bilýär. Ol diňe Mämmet gaty görmez ýaly işlän syraýar. Jezany ýatdan bileniň ýeterlik däl. Eger jezany kitapdan okap aýtmasaň, öňünde duran tussag saňa ynanmazlygy mümkin. Sen hamala zejany şu wagtyň özünde oýlap tapan ýaly? Iň soňynda hormatly kazy sahypalary agdarmasyny goýdy we kitapda nazaryny egledi.

–Siziň günäňiz üçin hormatly tussag kanunyň berýän jezasy şeýle, –Kazy birde gözüni Mämmede bakdyryp, birde kitaba bakdyryp dowam etdi. –Siziň aýalyňyzyň dahyllydygyny we 3 sany oglyňyzyň bardygyny göz öňüne tutup kanun şeýle diýýär. Siziň eden etmişiňiz üçin uly oglyňyzyň sag gözüni medisin hirurgiýasynyň üsti bilen soguryp aýyrmaly we bu iş ýerine ýetirilýän wagty hiç hili agyryny gowşadýan serişdeleri ulanmagy gadagan etmeli.

–Näme etmeli näme etmeli? –Mämmet howlukmaç sorady, ol eşiden zatlaryna düşünmedi, ýa-da ynanmady. Kazy oňa jogap bermedi, oň ýerine perdäň aňarsynden prokuror seslendi:

–Hormatly kazy jezany okaýan wagty oň sözüni bölmek bolmaýar biheppe. Eger düşünmedik bolsaň men saňa gysgaça düşündireýin. Seň eden işiň üçin seň uly oglyň ömrüniň soňuna çenli bir gözi bilen geçirmeli bolar, sen şoňa düşünýäňmi?

–Ýuwaş boluň, –Hormatly kazy prokuroryň sözlerini böldi we dowam etdi, Mämmet bolsa barybir hiç zada düşünmän çalt çaltdan daş töweregine garanjaklaýardy. Ýöne daş töwereginde adam gara ýokdy. Olar uly otagyň içinde 3 bolup durdylar, prokuror, kazy we Mämmet. Eşiden zadymy menden başga eşidýän barmy? Mämmediň gözlerinde şol sorag bardy, eger diňe men eşidýän bolsam diýmek men dälliräpdirin. Mämmediň ýagdaýyna garamazdan hormatly kazy dowam etdi:

–Agzalan jezany 40 günüň içinde ýerine ýetirmeli, hasap şu günden başlanýar. Eger şol 40 günüň içinde tussag, ýagny Planyýew Mämmet öz eden işine çyny bilen toba etse, ökünse, oň günäsi tutuşlygyna geçilýär. Oň çyndanam ökünenini ýa-da ýalan sözleýänini ýalan sözi kesgitleýän enjam bilen anyklanylýar.

Kazy öňünde duran kitapy ýapyp Mämmede nazaryny dikdi. Ol sen bar zada düşündiňmi diýjek bolýardy. Mämmet bolsa hiç zada düşünenokdy, ol entek ýokary kazyýet bilen gabatlaşmansoň beýle kanunlaryň bardygynam bilenokdy. Ol ogurluk üçin barmagyňy çapýanlaryndan habarlydy, ýöne kakasynyň etmişi üçin oglynyň gözüni oýýanlaryndan entek bilenokdy.

–Eger 40 güniň içinde toba gelseň hormatly kazy jezany ýatyrýar, –Prokuror perdäň aşagundan çykyp Mämmediň ýanyna geldi.

Ol gök geýimli ýaş owadan oglandy. Elmydama jaýyň içinde işlänsoň ýüzi gün görmedikdi.

–Belki sen edil şu wagt toba gelensiň? –Prokuror ýylgyrdy, –ýalan sözi kesgitleýän enjamy getiriň diýip buýraýynmy? Eger enjam seň toba geleniňi görkezse hormatly kazy şol bada jezany togtadýar. Iki gezek bu ýerik gatnap näme etjek?

Mämmet entegem özüne gelmändi, ol edil köne kompýuter ýaly doňupdy, diňe oň gözleri irginsiz daş töweregi sermeýärdi. Hormatly kazy Mämmediň jogabyna garaşman sudyň zalyna ýalan sözi kesgitleýän enjamy getirmegi buýurdy. Iki sany oglan enjamy zala getirip saldylar we edil Mämmediň öňünde goýdylar. Mämmet dik durdy, ol bolýan zatlara känbir düşünenokdy. Oň ýeňsesinde oturguç goýyp, egninden basyp aşak oturtdylar. Oturandan soň bolsa ennamyna ýörüte detektorlary dakyp enjamy işletdiler. Diňe enjamyň işleýän sesini eşideninden soň Mämmet azajyk özüne geldi, sebäbi edil şu pursat jezadan sypmaga mümkinçilik döredi. Eger çyndanam toba gelen bolsaň Hormatly kazy jezany togtatjak diýipdi. Bu gezek enjamyň öňüne prokuroryň özi geçdi we düwmeleri basyşdyryp sazlady. Soň bolsa adaty soraglary berdi. Ilki başda ýönekeý soraglary aýtdy, siziň adyňyz näme, näçe ýazyňyzda we nirde ýaşaýaňyz. Mämmet berilen soraglaryň baryna dogry jogap berdi, diýmek enjam saz işleýär we Mämmediň ruhy ýagdaýy kadaly. Soň Prokuror jeza degişli soraglar geçdi:

–Siz eden günäňize ökünýäňizmi?

Mämmet gözüni ýumup ”Hawa” diýip jogap berdi. Oň bolşy iki sany owadan gyzdan haýsam bolsa birini saýlajak bolýan ýalydy. Enjam edil gargaň sesi ýaly ses çykardy. Prokuror kaza tarap öwrülip başyny ýaýkady we ýene bir sorag berdi:

–Eger bar zady yzyna gaýtaryp bolýan bolsa, siz eden işiňizi täzeden ederdiňizmi?

–Ýok, –Mämmet ýene gözlerini ýumup jogap berdi, bu gezek oň bolşy Ruslaryň ruletka oýnyny oýnaýan ýalydy.

Prokuror bu gezek kaza seretmän başyny ýaýkady we iň soňky soragy berdi:

–Eger eden işiňiz üçin uly ogluňyzyň gözi kör boljagyny öňünden bilen bolsaňyz, şol işi barybir ederdiňizmi?

Mämmet bu soragy gözini we agzyny berk ýumup “ýok” diýip jogap berdi. Oň bolşy hamala ol ýalňyşsa, kellesinden ok degäýjek ýalydy. Enjamyň gargaň sesine meňzeş çykaran sesi, Mämmede edil ok degen ýaly täsir etdi. Ol gorkyjygyndan ýaňa tisgindi we oturguçdan ýere ýykyldy.

Dowamyny indi ýazmaly…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 293 | Добавил: Awtor | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Azazylyň hatlary (Fantastiki hekaya).
Daş töwerek durşuna ýalan.
Klasdaşlar (täsin hekaýa).
Alesdir /hekaýa.
114-nji süre.
Alkor.
QAnon hereketi we Adrenahrom.
Jeza (antiutopiýa).
Meredaman.
Allahyň arşy ýerden näçe km. beýiklikde ýerleşýär?.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: