14:38
Hudaýdan gorkaý adam hiç zatdan gorkanok. Hudaýdan gorkmanaý ähli zatdan gorkýar.
Hudaýa ynanmaýan, ýa-da çala ynanýan adamlar, real durmuşda örän gorkak adamlar bolýarlar. Şeýle adamlar Hudaýa we öz ýazgytlaryna ynananoklar, olar bar zady özleri dolandyrýandyr öýdärler, netijede bolsa özleriniň ejizdiklerine düşünip, durmuş ýollarynda sähel bir synag peýda bolsa, şol bada howsala düşüp başlaýarlar. Öz ýazgytlaryny özleri ýazýan adamlarda, olaryň özlerinden başga bil baglara hiç kimleri ýok. Onsoň şeýle adamlar hökmany ýagdaýda uly wezipeli we baý adamlaryň ta#şagyny götermeli bolýarlar, sebäbi olaryň pikirine görä, bu durmulşa öz ýazgydyň awtory boljak bolsaň, hökman pul ýa-da wlast gerek. Ondan başga Hudaýa ynanmaýan adamlaryň, ýa-da bar zady özim çözýän diýip hasap edýän adamlaryň, ýenede bir kem tarapy bar, ol adamlaryň ruhy dünýäsi diýseň ejiz bolýar, hiç hili ahlak prinsyplary bolanok, hemişe şeýle adamlardan oňat agentlar we adam satýanlar döreýär, sebäbi hökümet bilen araňy sazlamasaň nädip bu durmuşda özüňi oňarjak? Men öz durmuşymda Hudaýa çala ynanýan we öz ýazgydyny ýazýan adamlaryň bir gidenine duş geldim. Şeýle adamlara hökümet tarapyndan täsir etmek örän aňsat eken, şeýle adamlary çala gyssasaň näme et diýseň edip ýörler. Sebäbi ol adamlar Ýokarda (Allahyň) bir güýjiň barlygyna ynananoklar, we ýerdäki bar zady, wlastly we pully adamlar çözýär diýip pikir edýärler. Şol sebäpden hem, ömrüniň ahyrna çenli şeýle adamlara ýallaklap, öz ýazgytlaryny özleri ýazmaly bolýarlar. Hudaýa we ýazgyda ynanýan adam welin beýle däl. Şeýle adamlar Hudaýdan başga hiç zatdan gorkanoklar. Durmuş ýolynda peýda bolan kynçylyklaryň barsyny, synag hökmünde kabul edýärler we erkek ýaly başlaryny egenoklar. Şeýle adamlary gorkyzmak we täsir etmek kyn düşýär, sebäbi ol adam öz ýazgydyny özi ýazanok, seň ýazýanyňa hem ynanok. Bar zady iň soňynda Hudaý çözýär diýip ynanýar. Hakykatdanam Ýokardaky güýje ynanyp ýaşanyň müň esse gowy, eger diňe öz özüňe ynansaň, sen bir giden zady özüň dolandyrmaly bolýaň, mysal üçin şu gün hiç zat etmän ýatsaň, eýýäm bir güniň boş geçýär. Hudaýa ynanýan bolsaň welin, sen eýýäm hiç zada gynanaňok, sebäbi bar zat Hudaýdan gelýär. Onsoňam ýene bir zat. Kimde kim Hudaýa ynanmaýan bolsa, ol şol adamyň şahsy çözgüdi däl. Hudaýyň özi şol adamyň ýüreginden gitdide, bar indi mensiz ýaşap gör diýdi. Ähli zat diňe öz elinde diýip hasap edýän adamlaryň köpüsi, netijede gorkajyk adamlar bolup çykýarlar, men öz durmuşymda şeýle adamlara örän köp gabat gelip gördüm. Şeýle adamlar mydama gös göni ýoldan ýöremäge synaşýarlar, sebäbi olar öz ýazgydyny özleri ýazansoň, çalaja çepe ýa-da saga sowulsaň näme bolýandygy bilenoklar. Ýöne şeýle adamlaryň iň esasy syrtyny açýan zat, olary ýokary wezipeli we wlastly adamlaryň ýanynda özlerini alyp barşy, sebäbi öz ýazgydyny özleri ýazýan adamlar, bar zady diňe güýç bilen pul çözýär diýip hasap edýärler. Menden size masalahat, öz ykbalyny özleri ýazýanlara ynanmaň, men o tetelli adamlaryň müň görnüşini gördüm, olar diňe owadan samramany başarýarlar, daş töwerek hakykatda gyzgyn bolanda welin, kimiň ta#şagyny göterjeklerini bilmän ýörler.

Rahman Zulfikarow
Категория: Makalalar | Просмотров: 264 | Добавил: Awtor | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

Milli ideýa.
Emeli Arwah (Täsin hekaýa).
Ägirdiň aýasynda (garalama waryýant).
Äjit-Mäjit.
Däliň oýlanmasy, ýa-da Kawaçi barada.
Aň, hoş gal indi!.
Rahman Zulfikarow (Powest).
Teňňe (esse).
"Köşeş" programmasy (esse).
Älem hasapçysy (fantastiki hekaýa).

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: