14:57
Nebitiň biziň durmuşymyzdaky orny

Nebit diýen zadyň tapylany bäri adamzadyň durmuşy düýpli üýtgedi. Nebitiň esasy getirýän peýdasy mobilizasyýa, ondan oňe hereket etmek, uçarlar we awtomabiller. Nebitiň kömegi bilen biz, adamlar bir güniň dowamynda ýeriň islendik künjine ýetişip bilýäs. Nebit ilki başda peýda bolanda, alymlar, ol zady ummanyň düýplerinden tapyp bolýandyr diýip çakladylar, ýöne köpsanly gözlegleriň netijesinde nebitiň zapaslarynyň çäklidigine göz ýetirdiler we nebiti tygşytly ulanmaly diýen netijä geldiler. "Globalnyý potiplenýa" we şoňa meňzeş zatlaryň barsy nebiti tygşytlama ugrukdyrylan ýalan ideýalar. Eýsem nebiti tygşytlamak näme gerek? Nebit gutaraýanda bize nähili dünýe garaşýar? Nebitden öňki dünýe nähili bolan bolsa, şol dünýede garaşýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, bary ýogy 100 ýyl mundan öň, ösen döwletler ösnedik döwletleri gol astynda saklaýardylar. Ol döwürlere kolanilýal zamany diýýärler. Resmi wersiýa görä kolanilýal zaman 2-nji jahan urşy bilen bilelikde tamamlandy. Tamamlanmagynyň esasy sebäbi bolsa, ynsanperwerligiň we demokratiýaň ýer ýüzünde ösmegi. Hamala kalonýa saklamak adam ahlaklaryna garşy gelýär. Bu resmi pikir we ýalan pikir, hakykatda welin bar zat başgaça. Kalonýalar şu wagt hem bar, özem edil öňki öňkülogine dur. 100 ýyl mundan öň kim kimiň kolonýasy bolan bolsa, şu wagt hem ýagdaý şeýle. Bar üýtgän zat kalonýalaryň saklanylşy. Öňki döwür kalonýalar gozgalaň turuzmaz ýaly ol ýerde uly uly goşunlary saklamaly bolýardy. Biziň döwrümizde bolsa, ýeriň islendik künjine, 12 sagadyň dowamynda sansyz goşuny ýollap bolýandygy üçin, kalonýalary daş aralykdan hem dolandyrsaň bolýar. Onsoň demokratiýa we ynsanperwerik barada näçe gürrüň etseň edibermeli. Gozgalaň galdyran kalonýalardan iň soňkysy şu wagtlykça Siriýa bolup durýar, ol ýerde ýerli halk, ýewropaň oturdan dolandytylýan baş tutanyny aýyrmaga synanşdy. Eger nebit önümleri bolmadyk bolsa, Siriýa çenli ýewropa goşunlary 6 aýlap ýörärdi.

Nebit ýer ýüzüni globallaşdyrmaga ýol açdy, Rossiýa ýaly äpet imperýalara döremegine we saklanmagyna getirdi. Eger nebit birden tamamlansa we ondan oňa goşun zyňma mümkinçiligi bolmasa, rossiýa sanlyja ýyllaryň dowamynda öz özünden dagap gider, nähili dagap gider, kiçijek kiçijek döwletlere bölüner. Her döwletiň çägi bolsa, bir günüň dowamynda atly ýaragly ýetip boljak çäge çenli bolar. Ýa-da gymmat baha durýan uly goşunlary her bir etrapda saklama hajaty ýüze çykar (kalonilýal döwüre täzeden gaýdyp gelme).

Döwrebap alymlar geçmişde bolup geçen wagşy režimleriň köpsüniň ýatyrylmagyny ynsanperwerligiň we domokratiýaň ösmegi bilen düşündirýärler, emma bu zatlaryň barsy ýalan. Mysal üçin gul eýeçilik näme üçin ýatdy diýip soralsa, döwrebap jemgiýetde gul saklama aklyňa sygjak zat däl ýaly bolup görünýär. Hakykatda welin biziň döwrümizde gul saklamak gymmat düşýär, önümçilikde kanweýerlaryň we stanoklaryň döremegi gulçulygyň ýatmagyna getirdi. 10 sany gul saklanyňdan bir traktor alanyň amatly düşýär. Onsoňam döwrebap syýasat we ykdysadyýet her bir adamy gula öwürmäge ukyply. Iň geň ýerem gula öwrülen adam özüniň guldugyny aňmaýaram, bar bolan zat bolsa kiçi gözenegi has giňiräge çalşdylar. Öň bir hojalygyň çäginde bendi bolsaň, indi bir döwletiň çäginde bendi.

Ýer ýüzüni dolandyrmakda we beýik imperýalaryň synman saklanmagynda nebitiň uly ähmiýetiniň bardygyny, galybersede nebidiň esasy sebäpdigini ilkinji gezek öz "Dýuna" eserinde Frenk Gerbert agzap geçýär. 1950-nji ýylda Frenkiň beýle zatlary nireden bilýändigi anyklamak örän kyn.

Alymlaryň çaklamagyna görä, adamzat nebiti şu ýakyşyna ýaksa, oň zapaslary ýene bary ýogy 100 ýyla ýetmelimişin. Ilki başda adamlar nebiti ummanyň düýbinden gözläpdirler, ýöne tapyp bilmändirler, şol sebäpdenem nebiti tygşytlamaly diýen netijä gelnipdir. Nebiti jygşytlamak üçin näme etmeli, ýurtalaryň arasyndaky howa gatnawlaryny ýatyrmaly, ýenede bir çäre awtoulaglaryň ulanşygyny azaltmaly, awtomabillere her tüýsli usul bilen böwet bolmaly. Netijede biz nämäni synlaýas, howa gatnawlar 10 esse diýen azaldy, şahsy awtoulagy ulanmak gün günden kynlaşýar, hökümet her tüýsli böwetleri oýlap tapýar.

Indem meni günime goýmaýan iň wajyp sorag. Kim ýene 100 ýyldan tamamlanjak nebitiň aladasyny edýär? Kim ýer ýüzüniň hökümdary. Şu döwüriň iň güýçli politiklaryny we döwlet baş tutanlaryny alyp göreliň. Amerikaň prezidenti bar zady meýilleşdirýär diýseň ol ýerde hökümet her 4-8 ýyldan täzelenýär. Putin ýaly politikleri mysal alsaň ol 70 ýaşady, geljekgi 100 ýyl oňa gyzykly däl. Garaz haýsy kuwwatly döwleti göz öňüne tutsaň ol ýerde 50-100 ýyl öňe meýilnama biçjek baş tutan görnenok. Göze görünýärlerden diňe Britanýaň manarhyýasy göze ilýär, oň bir aňtawçyň aýdyşy ýaly Britanýaň monarhyýasy 250 ýyl bäri ýer ýüzüni dolandyryp gelýär. Eger belli bir tohum 250 ýyl bäri baş rolsa bolsa, diýmek şol tohum ýene şonça ýyl baş rolda bolmagy meýilleşdirip biler. Dogrysy mende ýene bir pikir bar, ýöne ol pikir örän adatdan daşary bolup eşdilýär.

Категория: Makalalar | Просмотров: 68 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

Kyýamat —ölümden soň bize näme garaşýar?.
Kuran 22:2.
Hum (syrly waka degişli).
Maýsa / hekaýa.
"Köşeş" programmasy (esse).
Mämmet.
Döwülen ganatlar (oýlanma).
20-ýyl aýlaw.
Meredaman.
Alkor.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: