Meň bir tanşym maňa bir sorag berdi: —Näme üçin köne döwürler gudrat diýen zat kän bolýardy, indi welin gudrat diýen zat asla bolanok? Jogap ýönekeý däl, ýöne jogap bar. Köne döwürler adamlar gudrata ynanýardylar, indi welin hiç kim gudrata ynananok. Orta mekdepleriň çagalaryň aňynda gurýan dünýäsinde, gudrat diýen zada döremäge mümkinçilik ýok. Başga gürrüň medreseler, medreselerde berilen ylym, Magtymguly Pyragy ýaly filosoflaryň döremegine getirýär. Şäherde ýaşaýan adamlar ... Yzyny oka »

Категория: Bellikler | Просмотров: 176 | Добавил: Rahman | Дата: 16.12.2023 | Teswirler (0)

Meniñ iş ýerimde ateist diýseň kän, men olaryň her dürlisine gabat gelip gördüm. Meniñ iş ýerim transport ulgamyna degişli bolany üçin, gije-gündiz işlemeli bolýar. Şol sebäpden biz hem gije-gündiz nobatçylyga çykýarys. Biz nobatçylyga hemişe 2-3 adam bolup çykýarys, gapdalymda nobatçy (çalşyk) inžener bolýar, biziň oturýan iş otaglarymyz aýry aýry. Ana, şol nobatçy inženerleriň içinde, köplenç ateistler gabat gelýär. Olaryň köpüsi özleriniň kimdigini aç-açan boýun alýarlar, käbirleri gizlený ... Yzyny oka »

Категория: Bellikler | Просмотров: 47 | Добавил: Rahman | Дата: 16.06.2023 | Teswirler (0)

Aşakdaky sözleri dogrymy aýtsam kynlyk bilen özümden çykarýan. Özüm barada gürlemegi kän bir islämok, ýöne alaç ýok, eger bir zatlar bilýän bolsaň saňa hökman aýtmaga mežbur edýärler. Meni hem bir zat mežbur edýär, aýtmaly zat welin şeýleräk. Men 10 ýyl jaýsyz kösendim, 2012-nji ýyldan şu günlere çenli ona munda ýaşap gezim. Adaty adamyň gözi bilen seretseň dünýe tutuşlugyna adalatsyzlyk. Magtymguly atamyz daş töwerekdäki adalatsyzlyk barada köp zat aýdyp geçipdi, ýöne atamyz ýalňyşýardy. Daş ... Yzyny oka »

Категория: Bellikler | Просмотров: 446 | Добавил: Rahman | Дата: 21.08.2022 | Teswirler (3)

Eger googl-dan ýaltanman, musulman dininde iň agyr günä näme diýip sorasaňyz. Google size iň agyr günä "köphudaýylyk" diýip jogap berer. Hudaý bilen deň-hatarda başga hudaýlaryň bardygyna ynanmak. Eýsem şeýle günä näme üçin iň agyr hasap edilýär? Mysal üçin aýdaly Hudaýyň asla bardygyna ynanmazlyk, ýa-da çagany öldürmek, ýa-da beýik urşlary turuzmak, adam baryny gyrmak. Bularyň hiç biri agyr günä hasaplananok-da, gel gel köp-hudaýylyk agyr hasaplanylar. Käbir adamlaryň şu ýerde, kel ... Yzyny oka »

Категория: Bellikler | Просмотров: 26 | Добавил: Rahman | Дата: 16.12.2023 | Teswirler (0)

Durmuşda iň gymmat zat näme? Her bir adama şeýle sorag berseň, jogaplar hökman dürli-dürli bolaýmaly. Aýal-gyzlar üçin, köplenç iň gymmat zat çaga we maşgala durmuşy. Erkekler üçin wezipe, pul, hökmürowanlyk we at-abraý bolup biler. Gymmatlyklar her bir adam üçin dürli-dürli bolýar, eýsem gymmatlyklaryň haýsy biri dogry? Mysal üçin, zenan üçin iň gymmat zat pul bolsa, şeýle adam pul gazanmak üçin, öz tenini satmakdan we başga beter zatlardan hem gaýdanok. Ondan beter näme bolup biler diýseňiz ... Yzyny oka »

Категория: Bellikler | Просмотров: 17 | Добавил: Rahman | Дата: 16.12.2023 | Teswirler (0)

Mekdebi tamamlanymyza 20-ýyl bolanyndan soň biziň klasymyz ilkinji gezek duşuşuk gurnamagy nýet etdi. Oglanlaryň we gyzlaryň barsy diýen ýaly geldi. Dogrysy meň pikirime görä meň klasdaşlarym maňa aýtman özleri duşuşup ýören ýalydy, ýöne görüp otursam beýle däl eken. Biziň "B" klasymyz ömründe birinji gezek ýygnanýardy. 20 ýyldan soň köne tanyşlaryňa başga göz bilen seretmek gyzyklydy. Dogrusy maňa ähli kişilerden beter, Muhammet atly oglan gyzyklydy. Sebäbi Muhammede wagt diýen zat hiç hili täs ... Yzyny oka »
Категория: Bellikler | Просмотров: 245 | Добавил: Rahman | Дата: 06.06.2022 | Teswirler (2)

Saýtda "Bellikler" diýen bölümi açmaly diýen karara geldim, ol bölümde (nesip bolsa) öz pikirlerim bilen paýlaşmakçy. Ol pikirleri hekaýalarda ulansaň hem bolardy, ýöne soňky döwür ýazmaga hiç hili wagt ýok, şol sebäpdän öz pikirlerimi hiç hili sýužetsyz gös-göni görnüşde çap edýärin.

Iň birinji bellik Epilepsiýa keseli barada bolar, ol keseliň ady türkmen dilinde "Gara-guş" keseli diýilýär. Eger ýalňyşmaýan bolsam ol keseli bejerip bolanok, ol keseliň iň birinji alamatlary, adamy h ... Yzyny oka »
Категория: Bellikler | Просмотров: 478 | Добавил: Awtor | Дата: 25.03.2021 | Teswirler (0)