21:50
Epilepsiýa
Saýtda "Bellikler" diýen bölümi açmaly diýen karara geldim, ol bölümde (nesip bolsa) öz pikirlerim bilen paýlaşmakçy. Ol pikirleri hekaýalarda ulansaň hem bolardy, ýöne soňky döwür ýazmaga hiç hili wagt ýok, şol sebäpdän öz pikirlerimi hiç hili sýužetsyz gös-göni görnüşde çap edýärin.

Iň birinji bellik Epilepsiýa keseli barada bolar, ol keseliň ady türkmen dilinde "Gara-guş" keseli diýilýär. Eger ýalňyşmaýan bolsam ol keseli bejerip bolanok, ol keseliň iň birinji alamatlary, adamy her tüýsli tutgaýlar tutýar we adam özinden gidýär. Men şeýle keselli adamlaryň 3 sansyny tanaýan we şol adamlar bilen golaý gatnaşmaly bolýan. Bir akyldaryň aýdyşy ýaly, hiç bir kesel adama ýöne ýere berlemok. Her keseliň öz sebäbi bar, adat bolşy ýaly haýsy ýeriň bilen günä etseň, şol ýeriňden hem bela tapýaň. Eger şol kanun dogry bolsa, epilepsiýa bilen kesselli adamlarda näme günä bar? Men bu soraga boldygyndan jogap berjek bolaýyn.

Ýaňy aýdyşym ýaly men 3 sany epilepsiýa keselli adamlary tanaýan we olaryň özlerini alyp baryşlarynda bir meňzeşligiň bardygyna göz ýetirdim. Elbetde ol meňzeşlik günä iş bolmaly we şol sebäpden ol adamlar Hudaý tarapyn şol kesel bilen saklanylýan bolmaly? Häzir bar zady tertip boýynça düşündirjek bolaýyn.

Aýdaly "A" atly bir oglan bar, ol oglan ömrüni harby gulluga bagyş etdi we adamlary (esgerleri) sözüň üsti bilen dolandyrmagy öwrendi. Ol adam gündelik durmuşda her tüýsli emelleri ulanmaga çalyşýar, mysal üçin men häzir plana plan sözleri aýdaryn welin ol plan plan hereketleri eder. Bu zatlara "manipulýasyýa" diýilýär. Ol adam öz aňynyň güýjine çenden aşa daýanýar, köp zady öňünden hasaplap, her tüýsli çäreleri görmäge synanşýar. Ýaňy aýdyşym ýaly ol adam harby gullykçy we oňa esgerlere täsir etmek zerur. Meň şahsy pikireme görä, Hudaý (ýa-da oň wezipesini ýerine ýetirýän başga bir güýç), öz aňyda çenden aşa daýanýan adamlara Epilepsiýa keselni berýär we aňyň berk däldigini görkezýär.

2-nji adamy şertlii belgi bilen "G" diýip belläliň. Bu oglan hem öz aňyna çenden aşa köp daýanýar. Ol oglan hem özini beýik manipulýatur diýip hasap edýär. Mysal üçin ol oglan meň ýanyma gelip: —Çaý içäýmelimi nämemi? —Diýýär, men bolsa eýýäm leňkilläp çaý goýup ýörün. Men öz edýän hereketlerime özime hasabat beremok. Emma "G" atly oglan bolsa öz sözleriniň täsirini öňünden bilýär. Ol oglan örän hasaply ýöreýär. Ol oglan şu wagyda çenli öýlenmedik, (30 ýaşap geçen hem bolsa), sebäbi ol oglanyň gözleýän gyzy ähli talaplara gabat gelmeli. Ýokary bilimli bolmaly, bir ýerde işleýän bolmaly we aýlyk hakyny oglana getirip bermeli. Garaz ýene bir öz aňyna daýanýan oglanlaryň biri we edil şol sebäpden Epilepsiýa keseli sowgat alan oglan.

3-nji adam aýal maşgala we men ony o diýen gowy tanamok. Men oň bilen aram aram görüşmäge mežbur bolýan. Ol aýal özinde garaguş keseliniň bardygyny şol bada aýtdy. Men bolsa haýsy günä üçin ol aýal şol kesele sezewar bolandygyny biljek boldym. Göräýmäne ol aýalda ýokardaky iki oglandaky ýaly hereketler ýokdy. Ol aýal mende hiç hili manipulýasyýa shemalaryny barlajak bolup görenokdy, emma barybir ol kesellidi. Ol aýal bilen duşan günlerim, men eýýäm Epilepsiýa keseli bilen kösenýän adamlaryň barsynyň arasynda bir meňzeşligiň bardygyna ynanýardym. Ol adamlar öz aňyna çenden aşa daýanýarlar. Köp wagtlap ol aýal maňa sorag boldy, ýöne iň soňunda ol aýalyň hem syey açyldy. Ol aýal durmuş gurmak barada birniň ýanynda pikir ýöredip durdy. Ol şeýle diýdi:

—Bir näkes bilen ýaşaşyp ömrümi ýakanymdan, enem bilen atama hyzmat edenim gowy. Näkese baranymdan ömrümi ýeke geçirenim gowy.

Şol sözlerden soň ol aýalyň näme üçin Epilepsiýadan kösenýändigine düşindim. Hasap bilen ýöremek agyr günä bolmaly, şeýle günäni Beýik Hudaý epilepsiýa bilen saklajak bolýar. Adam näme bolsada öz ýüregini diňlemeli. Bu aýalyň hereketleri özine ýokary bilimli aýlykly günlikli gyzy gözleýän "G" oglanyň hereketlerine meňzeýär.

Elbetde Epilepsiýa kesselli adamlaryň barsy erbet adamlar diýip bolmaz. Men bary ýogy 3 sanjak adamlary synlap gördüm. Şonuň üçin ýokarda agzan çaklamama dogry diýip biljek däl. Ýöne öz ýolumda gabat geljek epileptiklaryň sany 5-6 ýetse we olaryň barsy ýokarda agzan häsýetlerime eýe bolsa, men çyndan hem ol keseliň aňyna daýanýanlary sägindirmek üçin berilýändigine ynanjak.
Категория: Bellikler | Просмотров: 481 | Добавил: Awtor | Теги: Epilepsiýa, Bellikler | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Ahmediň ölümi.
Çynaryň saýasynda (täsin hekaýa).
"Köşeş" programmasy (esse).
Epilepsiýa.
Allahyň arşy ýerden näçe km. beýiklikde ýerleşýär?.
Berlinyň eteginde (2-nji bölek).
Zümerret ýa-da däliň oýlanmasy.
Piramida (fantastiki hekaýa).
Aň, hoş gal indi!.
139-njy tussag.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: