02:45
Piramida (fantastiki hekaýa)
Uly ýygnaklaryň birinde başlyk agzyny ýumman bir zatlar gürleýärdi. Ýöne ol gürrüňlerden ýygnaga gatnaşýanlara bir gram peýda ýok we bir gyram gyzykly däl. It üýrer Kerwen geçer, —ine ýygnagyň iň esasy lozungy.

Ýygnakda otyran Oraz daş töweregine we gürläp otyran başlyga gezekli gezegine seredýärdi. Ol geň galýardy, oň görýän zadyny diňe özi görýämi, ýa-da başgada görýän barmy? Menden başga görýän ýok bolaýmasa, —pikirlendi Oraz. Sebäbi ýygnak zalyň içinde Orazdan başga başlyga seredýän ýokdy. Her kim artist, her kim ökde gözbagçy. Her kim öz işi bilen başagaý, kim telefon oýnaýar, kim goňşysynyň telefon oýnaýşyna seredýär, kim söýgülsine hat ýazýar, kim surat çekýär, kim gözlerini açyp uklap ýatyr we düýşinde has beter ýygnagy görýär. Ýöne daşyndan seretseň hemme kişiň bar ünsi ýygnakda ýaly.

Gürläp otyran başlygyň edil kellesiniň üstinde, per ýassygyň ulylygynda gara bulut hiç hili örüksiz sallanyp durdy. Şol buluda Orazyň entek ýygnak başlap başlamaka gözleri düşipdi. Orazyň göwnüne bolmasa başlyk ýygnak zala girende-de ol garaja bulut eýýäm başlygyň baş ujynda bardy. Per ýassyk ýaly garaja bulut, başlygyň yzy bilen edil çagajyga bagly howa şary ýaly bolup ýygnak zala girdi. Başlyk öz ýerine geçip otyrdy welin, bulutjagazam azajyp pessaýlady.

Şol bulada Oraz eýýäm 2 sagat bäri serdeýärdi we oýlanýardy; —Tutuş dünýe dälliräp başladymy, ýa-da häzirlikçe diňe Orazyň özi? Daş töwerekden çen tutsaň ol gara buludy hiç kim görenok, ýa-da hemme kişi görýär, ýöne ol bulut başlyk adamlarda adaty bolmaly zatlaryň biri ýaly, hamala galstugyň ýaly ýa-da kostýumyň böwrüne dakylýan baýdajygyň nyşanjygyň bolşy ýaly bir zatmyka? Şonyň üçin ol buluda hiç kim üns beresi gelenokmyka? Serediň serediň başlyk galstuk dakynyp diýmersiňä? Nähili bolanda-da Oraz 44 ýaşap, baş ujyňda gara bulut dumanlap duran başlyk görmändi. Başlygyň näme diýsene, Oraz asla şeýle adam görmändi. Ol diňe şeýle adamlar barada kitaplarda okapdy; Çingiz Aýtmatowyň eserleriniň birinde, üstinden bulut sallanyp duran gahryman bardy. Eger Orazyň ýatlamalary oňa dönüklik etmeýän bolsa "Çingiz hanyň ak buludy" atly eserde, Çingiz-hanyň depesinde bir bulut nobatçylyk çekýärdi. Ýenede Orazyň eşidişine görä Pygamberleriň üstinde hem mydama bir bölek bulut nobatçylyk çekýän eken. Belkim şonyň üçin Pygamberleriň kölegeleri bolanok diýip aýtýandyrlar? Üstine gün düşmeýän adamyň nirden kölegesi bolsyn diýsene?

—Oraz Planyýew, —başlyk sözlerini gutaryp Oraza ýüzlendi.

Oraz öz hyýallaryndan çykmaga mežbur boldy. Gara bulut barada oýlanma ony başga bir alyslara äkidipdi. Indi bolsa gara bulduň eýesi oňa ýüzlenýärdi. Ýygnak zaly janlandy, adamlar öz işlerini taşladylar, ýygnagyň iň gyzykly bölümi başlady.

—Oraz Planyýewiç, öňe çykyň, —başlyk Orazy çagyrdy.

Oraz haýaljakdan turup daş töweregine seretdi, tutuş zalyň ünsi Orazda. Otyranlaryň içinde kimiň gözlerinde gynanç görünýär, kimiň gözlerinde şatlyk, kimiňkide bolsa çaga bilesigeljiligi. Oraz islemesede orta çykyp başlygyň edil ýanyna bardy. Ol indi gara buludy gowja synlap bilýärdi. Orazyň göwnüne bolmasa ol bulut hakyky ýagyş buludydy, ýöne öz originalyndan 1000 esse kiçildilen. Buludyň içinde bir zatlar aram aram ýalpyldaýardy. Edil ýuldyrym çakan ýaly gök damarlar göze görnüp, şol bada-da ýitýärdi. Orazyň synlaýanyny görüp başlyk eli bilen saçyny barlap gördi, soň hiç zat tapman eline aýna alyp saçlaryna seretdi. Hiç zat ýok.

—Oraz planyýewiç, bilşiňiz ýaly biziň ministirligimiz 6 aýyň jemini jemleýär. Eger kyn görmeseňiz soňky 6 aýyň içinde bitiren işleriňiz barada bize we şul otyran adamlara aýdyp beräýiň.

Başlyk zaldan gözini aýyrman Oraza ýüzlendi. Ine serediň, men halamaýan adamlaryma nähili çärä görýän, —başlygyň aýdan sözleriniň terjimesi şeýledi, ony hemme kişi bilýärdi.

Oraz ýene başlygyň üstinden sallnan buluda seretdi. Orazyň göwnüne bolmasa ol bulut syýaň reňkine öwrülip, öňküsinden azajyk kiçelipdi. Howwa, Orazyň bar huşuny şol bulut alypdy. 6 aýyň jemi nirden bolsyn diýsene? Bar pikir diňe bulut barda. Oraz oň hem orta çykarylsa näme gürlejekdigini bilenokdy, ýöne buludy göreninden soň bilýänje zatlaram huşyndan uçdy.

—Sizde aýdara söz ýokmy Oraz Planyýewiç? —başlyk sorady.

Oraz bolsa hiç zat gürlemän dymdy, oň iki gözi we gözüniň ýeňsesinde näme bar bolsa, tutuşlygyna bulutdady.

—Sende söz ýok bolsada mende söz bar Oraz, —başlyk resmi ýagdaýdan şahsy ýagdaýa geçdi.

Işgärleriň bary bolsa bir eýýäm bilýärdi. Eger başlyk "sen" diýip gürläp başlan bolsa, diýmek ol häzir agzyndan gelenini söwüp başlar. Netijede şeýlede boldy, başlyk edil hamala dogylanyndan bäri ýekeje gezek söwmän çydap ýören çaga ýaly ýaryldy.

—Sen ýaly işgärleriň günäsi üçin biziň ministerstwamyz gün günden dagap barýar, bar zada sen günäkär, ýok sen günäkär däl, has dogrysy seň ejeň günäkär, sen ýaly haramzadany dogurmadyk bolsa gowy bolardy.

Şuňa meňzeş äheňde başlyk söwünýärdi. Oraz bolsa sesini çykarman aýdylan sözleriň baryny ýuwutdy. Başlygyň depesindäki buşut ol söwündigiçe kiçilýärdi we iňsoňynda ýitirim boldy. Bulut ýitrim boldam welin başlyk söwmesini goýdy. Ol indi aşa düşen göle ýaly haşlaýardy.

—Çyk zaldan gözüme görünme, —başlyk zordan iň soňky sözüni aýtdy we öňünde duran bulgurdan agzyny öldedi.

Oraz başyny sallap ýygnak zaldan çykyp gitdi. Işgärleriň käsi gamgyn, käsi şatlykly we käsi bilesigelji gözler bilen ony ugratdylar.

* * * * *

Aradan 2 gün geçdi we Oraz öz edarasynda ýygnak geçirdi. Ol öz gatnaşan ýygnagynyň netijeleri barada öz tabynlygyndaky adamlaryna ýetirmelidi, netijede şeýlede boldy. Oraz başlyk 100 adam jemläp gürläp başlady. Başda ol ministiriň aýdan sözlerini ýekeme ýeke gaýtalady, geň zat, ol ministri diňlemesede oň aýdan sözlerini harpma harp bilýärdi. Ýygnagyň geçip duran zaly uly bolmasada, agamlar başlygyň gözlerinden gizlenip öz işleri bilen gümra bolmagy başarýardylar. Her kim işlidi, kim telefon oýnaýardy, kim telefon oýnaýan goňşysyna janköýerlik edýärdi, kim söýgülsinden gelen haty okýardy. Kim biri bolsa, açyk gözleri bilen hor çekip ýatýardy. Diňe Baş hasapçy Senem, bir zatlar bilen aladalydy. Ol gelin iki gözini Orazyň baş ujynda peýda bolan gara buluda dikipdi. Howwa, Oraz başlygyň edil depesinde per ýassygyň ulylygynda garaja bulut gaýmalap ýördi. Ol bulut hiç zatdan örüksizdi, inçejik sapak bilen ýokardanam daňylmandy, inçejik sim bilen Oraz başlygyň kellesinede berkidilmändi. Gara bulutjyk edil garagol ümür ýaly öz erkinedi, ýöne barybir ol Oraz bilen baglydy. Bulut tötänden Orazyň baş ujynda gaýmalap ýörenok. Şol gara buluda ýygnak başlany bäri Senem gelin öz owadan gözlerini dikipdi.

—Başlyga seret, saçy düşip başlapdyr, —Senem ýanynda otyran oglana aýtdy.

Oglan gözlerini çiňňerdip başlygy synlady, ýöne düşip başlan saçlary gözi düşmedi.

—Genje şu ýerden oň saçlaryny nädip görüp bilýäňaý, —oglan pyşyrdady.

"Ajaýyp, gara buludy diňe seň öziň görýäň Senem, diýmek sen ýuwaş ýuwaşdan dälliräp başlapsyň" —Gelin içini gepletdi.

Ýygnak soňyna ýazanda iň gyzykly zatlaryň biri başlamalydy. Haýsyda bolsa bir işgär öz eden işleri barada hasabat bermelidi. Oraz başlyk edil mugallym ýaly zala gözüni aýlap başlady. Ol özine pida gözleýärdi, bölüm başlyklarynyň biri hökman şu gün gygyrlaýmalydy. Netijede şeýlede boldy;

—Ogulsenem planyýewa, orta çykyň we baş hasapçy hökmünde 6 aýyň içinde eden işiňiz barada bize gürrüň beriň —Oraz başlyk elhenç ýylgyrdy.

Baş hasapçy zordan ýerinden turdy we orta çykdy.

* * * * *

7 ýaşly çaga gapa seredip ejesiniň işden gelerine garaşýardy. Ýöne işde ýygnak bolany üçin eje gijä galýardy. Öýde kakada bardy, ýöne kakadan känbir peýda ýokdy. Kaka nahar bişirip bilenokdy. Nahary gijem bolsa eje bişirmelidi. Inede köpden bäri garaşylýan gapy kakyldy we gapydan eje girdi. Çaga ejesini gujaklajak bolup gapa tarap ylgady we ýarty ýolda saklandy. Ol ejesinden gorkdy, ejäň edil kellesinden ýarym metr beýiklikde per ýassygyň ululygynda gara bulut öz peýine sallanyp durdy. Eje köwşüni çykaryp içki jaýa girdi. Gara bulut edil çaga baglanan howa şary ýaly ejäň yzy bilen jaýa girip gitdi. Çaga bolýan zatlara näme diýjegini bilmedi. Ol entek ejesiniň üstinde gara bulut görmändi. Ol entek hiç kimiň üstinde gara bulut görmändi. Az salymdan eje ýatylýan jaýdan täzelenip çykdy. Ol eşigini çalşypdy, suwa düşipdi we öňküsinden häs mähirli görünýärdi, ejeden şampun bilen dabynyň ysy gelýärdi. Çagajygyň göwnüne bolmasa ejesiniň depesindäki gara bulut azajygam bolsa ýagtylypdyr.

—Sen nahar bişirmediňmi? —aş hana giren ejäň sesi eşidildi.

—Ýok, —kaka telewizor görüp otyran ýerinden jogap berdi.

—Menä eşek ýaly işleýän, sen bolsa uzakly gün öýde ýatyrsyň, —eje dowam etdi.

Çaga bolsa bar zat eýýäm aýandy. Olar häzir it-pişik bolup söwgüşip başlarlar we bir biriniň göwnüne degiji bir giden sözler aýdarlar. Ejesi ýene goşlaryny jemläp mamalaryna gider we bir hepdeläp öýe gelmez. Çagajyk ýaňy gyzyp başlan dawwany eşitmejek bulup elleri bilen gulaklaryny ýumdy. Dogrydanam kömek etdi, indi dawwaň sesi gelenokdy, ýöne az salymdan dawwaň özi gürünip başlady. Dawwa aş-hanaň çäginden çykyp ýatylýan jaýda dowam etdi. Çagajyk bolsa şol jaýdady. Ejesi elini öňe uzadyp bir zatlar diýýärdi, kakasy bolsa ol uzan ellere kakýardy. Bolýan zatlar çaga geň däldi, sebäbi ol dawwany birinji gezek synlanokdy. Çagany başga zat geň galdyrýardy; ejesiniň başynda gaýmalap duran bulut indi başdaky ýaly uly däldi. Ejesiniň her sözinden soň ol bulut ýuwaş ýuwaşdan kiçelýärdi. Ýöne ol kiçelip hiç ýerik ýitip gidenokdy. Kakaň depesinde bir gara nokat peýda boldy, soň ol nokat ýuwaş ýuwaşdan ulandy. Çagaň göwnüne ol nokady, eje öz erbet sözleri bilen çişirýän ýalydy. Dawwaň soňynda ejäň depesindäki gara bulut doly ýitrim boldy. Ýöne begenere sebäp ýokdy, indi edil şolar ýaly gara bulut kakaň depesinden hallan atyp durdy. Çagajyk ant içmäge taýýardy; ejesiniň üstindäki bulut oň kakasynyň üstine göçüpdi.

Bar zat bolmalsy ýaly boldy, eje goşlaryny jemläp mamalaryna gitdi, çagajygy bolsa ýany bilen almady. Çagajygyň özi hem mamalaryny gidesi gelenokdy, sebäbi mamalarynda bolsyn, başga ýerde bolsyn, oň ejesi mydama işdedi. Çagajyk ýeke galmaly bolýardy, eger barybir ýeke galjak bolsaň nirde otyraňda näme? Şony üçin çagajyk kakasy bilen galýardy. Kaka bolsa mydama öýdedi.

Aradan bir hepde geçdi, eje yzyna dolanyp gelmedi, kaka hem ony idemedi. Hemişe kaka birinji bolup ejä jaň edýärdi we olar ýaraşýardylar. Ýöne bu gezek kaka egilşlik edesi gelmedi. Näme üçin kakaň beýledigini çagajyk aňýardy, kakaň depesinde gaýyp ýören gara bulut ony öňküsinden beter gaharjaň edýärdi. Gaharyny çykarmadyk adam bolsa, hiç haçan bagyşlap bilenok. Kaka uzakly gün otagdan otaga girip çykyp öz janyna karar tapanokdy. Öz aýaly bilen bolan dawwany gaýta gaýta öz hyýalynda aýlaýardy.

—Sen maňa nädip beý diýip bildiň? Öz çagaň kakasyna?

Kakadan aram aram şeýle sözler çykýardy. Çagajyk bolsa kakasy ejesine jaň edendir öýdüp kakasynyň süýnip ýatan jaýyna ylgap barýardy. Ýöne jaň nirden bolsyň, kakasy öz özi bilenmi, ýa-da depesinde gaýyp ýören gara bulut bilenmi, gürleşip ýatyr.

Şeýle bulutly günleriň birinde çagajyk suw içjek bolup duran wagty elinden bulgury gaçyryp döwdü. Döwülen gabyň sesine kaka bir ýerlerden ylgap geldi, oň sypaty şeýle zada köpden bäri garaşyp duran adamy ýatladýardy.

—Sen edil ejeň ýaly emelsiz, —kaka başlady. —Öýüň bar goşyny döwüp gutardyňyz. Ýöne gürletseňiz welin…

Yzyny çaga eşitmedi, sebäbi ol gulaklaryny ýumdy. Ýöne kakasy oň ellerini kakyp aýyryp ýene dowam etdi, soň ýene dowam etdi, soň ýene we ýene. Iň soňynda kakaň içi boşady. Ol bir çilim otlap çagaň ejesine jaň etdi. Olar ýaraşdylar, kakaň başynda 10 güne golaý gaýmalan gara bulut eýýäm ýokdy. Eje öýe dolanyp geldi, ýöne çaga barybir begenmedi, sebäbi oň başynda gaýmalap ýören gara bulut oňa begenmäne ýol bermedi.

Rahman Zulfikarow

ş. Aşgabat. 21.07.2018ý
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 312 | Добавил: Awtor | Теги: Gara duýgularyň aýlanşy. | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Iňňäniň gözünden düýe geçende....
Ýorgan (mistiki hekaýa).
Google (fantastiki powest).
Meredaman.
"X" näbellilik nyşany hökmünde.
Rahman Zulfikarow (Powest).
"Köşeş" programmasy (esse).
Hakyky adalat biz (20.01.19 üýtgedildi).
Isgender Zülkarneýn we äjit-mäjit.
Mollanepes teatrynda (t.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: