01:08
Hakyky Asman (makala)

Men mekdep okuwçy wagtym Astranomiýa sapagyny gowy görýädim, ýöne astranomiýany diňe 9-nji synpda öwrenip başlamalydy. Men bolsa eýýäm 7-nji synpda fizika mugallymdan, asyranomiýa kitaby diläp alyp, eýýäm bar zatdan habarlydym. Şol wagtky meň elime düşen kitap, 11-synlpara degişli bolan köne SSSR mekdep kitabydy. Mekdepde öwredilýän resmi astranomiýadan meň gowy başym çykýar, ýöne wagtym geçmegi bilen görüp otursam, bu ylym tutuşlygyna ýalan bolup çykdy. Sebäbi mekdep programmasyndaky astranomiýa, Kurany Kerimiň astranomiýasy bilen deň gelenok. Men welin öz gözlerime ynanmaryn, ýöne Keramatly Kurana ynanaryn. Kurana görä Zemin tekiz, gün ýerden kiçi we ýer 7 gatlakdan durýar, diýmek biziň aýaklarymyzyň aşagynda-da ýene 6 sany dünýä bar. Bu zatlaryň barsy gyzykly we ertekä meňzeýär, ýöne bu gün men başga zatlar barada pikir alyşasym gelýär. Resmi astranomiýaň teorýasyna görä, asmandaky ýyldyzlar, örän uzaklarda ýerleşýän günler. Asmandaky gün hem ýyldyzlaryň biri. Gün biziň planetamyza iň golaý ýyldyz. Ýöne Kurany Kerime görä bar zat başgaça. Ýyldyzlar beýle uly däl we beýle uzakda däl. Allah ýyldyzlar bilen bize golaý asmany bezedi we ýyldyzlaryň ikinji funksiýasy, olar raketa meňzeş ýarag enjamy bolup dyrýar. Kimdir biri golaý asmana ýakynlaşsa, asmanda bir ýyldyz sünen ýaly bolýar we düzgün bozujy hatardan çykarylýar. Biziň ýaşan ýerimiz 7 gat asmandan we 7 gat ýerden durýar. Iň beýik aryşda Allahyň huzyry ýerleşýär. Adamzady we ýokarky dünýäleri dolandyrmaly informasyýa ýokardan aşaklygyna inýär. Şol informasyýany nähilidir täsin usul bilen Jynlar görüp bilýärler. Informasyýa entek ýere inmäkä, ony asmanda tutup bolýar we öz bähbidiňe ulanyp bolýar. Palçylar we bilgiçler öz jynlarynyň üsti bilen gelejegi görüp bilýärler. Mysal üçin ertir bir adam ýogalmaly bolsa, şony amala aşyrmaly informasyý, (ýa-da Allahyň emri diýeli), ýokarky dünýäden aşaklygyna inip başlaýar. Eger jynlardan biri, şol informasyýa tarap, ýokarlygyna göterilse, ol (jyn) bolmaly zady az salym öňünden görüp bilýär. Elbetde asmana näçe beýik galdygyňça, şonçada boljak zady öňünden bilip bolýar. Köne döwürler asmanda gorag ýokdy we jynlar ol ýerik häli şündi täzelik çöplemäne baryp gaýdýardylar. Eger çakym çak bolsa, Beýik Ýaradyjy asmany gorag bilen diňe Muhammet Pygamberiň gelmegi bilen üpjin etdi. Iň bolmanda asmanyň goragnyň artanlygy barada diňe, Kurany Kerim aýdyp geçýär. Indi asmana öňkiler ýaly galyp bolanok, eger galaýsaň gorag ulgamy herekede geçýär we ýyldyz sünýär. Dogrysy aşakdan, biziň gözümize ýyldyz sünýän ýaly bolup görünýär, we ýere meteorit daşy gaçýar. Ýöne asman hemişe beýle agresiw däldi, örän köne döwürler asmanda gorag ýokdy we jynlar ol ýere baryp gaýdyp, bar zady öňünden bilýärdiler. Şol sebäpden geçmişde jadygöýler diýseň kändi. Kim informasyýaň eýesi bolsa, diýmek şol dünýäň eýesi diýen jümle ýöne ýerden döränok. Geçmişiň Patyşalary özlerini ýöne ýerden Hudaý diýip yglan etmändirler. Sebäbi köne döwürler islendik boljak zady öňünden bilip bolýardy. Howany, ýagyşy, ýeliň haçan turjagyny we gün-aý tutulmalary. Şeýle informasyýa öňünden bilip, adamlara bar zady özüm edýän diýip ynandyrma kyn däl. Eger çakym çak bolsa, Müsüriň faraonlary hem boljak zatlary palçylaryň üsti bilen öňünden bilip, adamlaryň gözüne Hudaý bolup görünen bolmaklary ähtimal? Mysal üçin aýdaly plança günden Nil derýa joşmaly we bir näçe obany gark etmeli. Muny faraon öňünden bilýär we gark boljak obalara gahar eden bolýa, hamala olar şu ýyl pajy az töläpdirler. Netije faraon ol obalary gark etjekdigi barada aýdýar. Obalar hakykatdan hem gark bolýar, ýöne faraonyň bu ýerde dahylly ýeri ýok, bu Allahyň emri, ýöne sada halk bu zatlardan habarsyz bolansoň, faraonyň hudaýdygyna ynanyp başlaýar. Asmandan ogurlanan islendik informasyýany öz bähbidiňe peýdalanyp bolýar, has dogrysy peýdalanyp bolýardy, şu wagt asman goragly, diýmek palçydyr bilgiçler ýarym ýalançy. Köne döwürler ýaly hiç bir zady anyk aýdyp bilenoklar.

 

Biziň döwrümizde hem hakyky asmanyň ýagdaýyndan habarly ýurtlar we edaralar bar. Häzirlkçe esasy maksat adamlardan hakyky kosmologiýany gizlin saklamaly we ýeriň togalakdygy baradaky teorýany öňe sürmeli. Sebäbi diňe resmi astranomiýaň çäginde adamlaryň ünsini Hudaýdan sowup bolýar. Kuranyň real astranomiýasy adamlarda bir giden oňaýsyz soraglary döredýär. Sebäbi Kuranyň astranomiýasy, bar zadyň elde ýasalandygyny görkezýär, hamala adamzat äpet akwarýumyň içinde ýaşap ýören ýaly? Has dogrusy oňa terrariýum diýilýär. Eýsem adamlardan häkykaty nädip gizlemeli? Adaty adamlarda asmana galma mümkinçiligi ýok. Asmana raketa göýbermegi ähli ýurtlar başaranogam. Ýöne asmandan ýere gaçýan meteoritlar bilen nähili bolmaly? Has dogrysy resmi ylymyň meteorit diýýän zady, hakykatda jynlaryň we şeýtanlaryň yzy bilen sypdyrlan ýyldyzlardan galan bölejikler. Olaryň näme üçin gyzgyndygyny adamlara nädip düşündirmeli? Ählimize belli bolşy ýaly, kosmosda temperatura -272 gradus bolmaly. Onda näme üçin ýere gaçýan daşlar ot ýaly gyzgyn. Resmi ylym asmandan gaçýan daşlar howa gatlaklaryna sürtülme esasynda gyzýar diýýär. Elbetde bu zatlaryň barsy ýalan, hiç bir zat howa gatlaga sürtüleni bilen, o dereje gyzmaýar. Esasanda ýerden ýokary galdygyňça, howa gatlaklary selçeňleşýär. Eýýäm 6000 metr beýiklikde howa bilen dem alyp bolanok, sebäbi ol diýseň selçeň. Eger howa sürtilme bilen jisimler gyzýan bolsa, diýmek awtoulag hereket eden wagty, oň daşky demiri azajygam bolsa gyzardy, ýöne oň tersine, awtoulag diňe sowaýar. Uçarlar ýarym sagatda 500-600 km geçýärler, emma olar hem ýere gyzgyn halda düşenoklar. Meň aýtjak bolýanym, howa gatlaklaryna sürtileni bilen, hiç bir daş ot almaga haky ýok. Bu ýalan ylymyň bar maksady, asamlardan hakyky kosmalogiýany gizlemek bolup durýar. Adamlar islendik zada gowy ynanar ýaly, olaryň kellesine bar zady çagalykdan guýmaly. Kosmosa degişli islendik multfilmi ýa-da çeper filmi ýadyňyza salym. Ol ýerde hökman kosmos gämisi ýeriň (ýa-da başga bir planetaň) atmosferasyna girýändir we şol bada daşy ot alýandyr. Bu zatlaryň barsy biziň çagalarymyza ýörüte görkezilýar. Şeýle filimlerden soň, hiç bir adama, hakyky ýagdaýyň başgaçadygyny ynandyryp bolanok. Kosmosdan ýere gonýan islendik zat, hökman ot ýaly gyzaýmaly, başga bolmaga haky ýok, bu resmi ylym we şoň çäginden çykan islendik adam aklyndan azaşan. Eger adamlary şoňa ynandyryp bilmeseň, asmandan gaçýan (hamala) meteor daşlaryň näme üçin gyzgyndygy barada oňaýsyz soraglar döräp başlar. Eger resmi ylym bar soragyň soňynda nokat goýmasa, bilesi gelji adamlar öz soraglaryna jogaby başga ýerlerden gözläp başlaýarlar. Nähili erteki ýaly bolup eşdilýän bolsa-da, asmanda biziň pikir edýän kosmosymyz ýok, ýyldyzlar bir bada bezeg we ýarag bolup hyzmat edýär. Asmandan ýere gaçýan meteor daşlary bolsa, şol ýaragdan galan bölekler. Adamlarda näme üçin sowuk kosmosdan gyzgyn daşlar gaçýa diýen soraglar döremez ýaly, adamlara çagalykdan ýalan multfilimleri we çeper filimleri görkezmeli bolýar, ýalan ylym hem şoň hyzmatynda. 

Категория: Makalalar | Просмотров: 117 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

"Köşeş" programmasy (esse).
Altyn goşun.
Jynlaryň taryhyndan.
Täzelenen.
Aň, hoş gal indi!.
Zümerret ýa-da däliň oýlanmasy.
Ahmediň ölümi.
Çynaryň saýasynda (täsin hekaýa).
Hudaýdan gorkaý adam hiç zatdan gorkanok. Hudaýdan gorkmanaý ähli zatdan gorkýar..
Iňňäniň gözünden düýe geçende....

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: