13:15
Iki şäher
Öwez nirä gitjegini bilenokdy, ol eýýäm epesli wagytlap çatrykda durdy. Ýol şu ýerden ikä bölünýärdi. Ýollaryň biri gök diwarly şähere alyp gidýärdi, ýolaryň beýlekisi bolsa gyzyl diwarly şähere alyp gidýärdi. Başga ýol ýokdy. Elbetde yzyňa ýöreseň bolýardy, ýöne yzyňa ýöreseň bar zady täzeden başlap, barybir ýene şu çatryga gelmelidi. Daş töwerekde adam kändi, çatrykda doňyp galan diňe Öweziň özi däldi, ondan başgada iki şäherden haýsysyna sowuljagyny bilmän ýörenler ýetikdi. Adamlar bolsa janly derýa ýaly akyp barýardylar. Akymlaryň biri gök diwarly şähere sowulýardy, akymlaryň ikinjisi bolsa gyzyl diwarly şähere sowulýardy. Öweziň duran çatrygynda şäherleriň ikisem edil eliň aýasynda duran ýaly görünýärdi. Haýsy şäheriň erbetdigini, haýsy şäheriň gowydygyny düşindirýän hiç hili ýol belgisi ýokdy. Ýöne Öweziň özi we daş töwerekdäki adamlaryň bary diýen ýaly bilýärdiler. Gök diwarly şäher Jennet bolmaly, gyzyl diwarly şäher bolsa Dowzah bolmaly. Jennediň gowydygy barada we Dowzhyň erbetdigi barada her bir adama kiçilikden öwredilýär. Ýöne ondada akyp barýan märekäň deň ýary oýlanman Dowzaha sowulýar. Diýmek ol ýeri ol diýen erbedem däl bolmalyda? Ýa-da Dowzaha tarap sowulýanlar Ateistlarmyka, —Öwez oýlandy. Ateistlar hiç zada ynananoklar we olara haýsy şäher bolandada parhy ýok. Şäherleriň ikisem des deň, ýöne ol şäherleri saýlaýan adamlar dürli dürli. Öwez gürrüňsiz Jennede tarap sowulasy gelýärdi, ol Dowzaha mynasyp däl, ol durmuşda diňe gowy zatlara mynasyp. Diri wagty mydama gowy zatlara elini uzadan Öwez, näme üçin bu dünýede gowlykdan el çekmelimişin? Hiç hili şübhesiz Jennede sowylaýmaly welin, ýöne bir "welin" barda. Öwez diri wagty öz beýik derejesinden peýdalanyp ýaman köp adamyň göwnüne degdi, köp adamlary kiçeltdi. Bu ýerde welin hemmeler deň, hiç hili dereje ýok. Birden Öweziň kiçelden adamlary öň öňünden çykaýsa näme? Öwez olaryň ýüzine nädip serder? Olar welin hökman Öweziň bar eden işlerini oň ýüzüne basarlar. Elbetde ol adamlaryň bary Jennede sowylandyrlar, sebäbi olar Ateistlar däldi. Onsoň nädip beýle adamlar bilen Öwez bir şäherde ýaşasyn? Entek diri wagty Öwez diňe iki tüýsli adamlar bilen iş çalşyp görüpdi. Olaryň birinjisi derejesi boýynça Öwezden kiçidiler, ikinjileri bolsa derejesi boýynça Öwezden ulydylar. Özinden kiçileri Öwez mydama kemsidýärdi, özinden ulylary bolsa mydama beýgeldýärdi. Ýöne bu ýerde welin hemmeler deňdi. Deňler bilen nädip gürleşmeli, ony Öwez entek bilenokdy. —Belli karara gelmek nähili kyn, —Öwez zeýrendi. —Näme üçin bar zat bize mollalaň gürrüň berşi ýaly däl? Näme üçin günä edenleri hiç hili soragsyz göni Dowzaha zyňanoklar? Eger şeýle bolan bolsa men bärde çatrykda kösenip durmazdym. Howwa, çyndanam iki şäheriňem derwezeleri açykdy, haýsy şähere giresiň gelse giriber. Adamlar şeýlede edýärdiler, bilesi geljiler Dowzaga suwulýardylar, gorkaklar göni Jennede sowulýardylar. Käbirleri bolsa gezekli gezegine iki şäherem görüp ýetişýärdiler. Öwez çatrykda ýene näçe wagt durjagy belli däldi, ýöne ol birden adamlaryň içinde öz köne tanşyny gördi. Ol ýaş gyzdy, Öwez ol gyz bilen bir wagytlar kesişipdi. Ýöne ol kesişme gyza hiç hili bähbit getirmändi. —Senem öldüňmi? —Öwez sessizje öz özinden sorady. Gyz Öweziň ýanyna golaýlanda Öwez ýüzüni gyra sowup içinden dileg etdi. Ýöne dileg barmaly Hudaýyna baryp gowyşmady öýdýän. Gyz saklandy, Öweziň bolsa jany çykdy. Ol gyz häzir meň eden işlerimiň baryny ýüzme goýar, —Öwez oýlandy. —Öwez senmi? Tanar ýaly bolmansyň, —gyz ýylgyrdy. —Howwa men, —Öwez ýüzüni ýere sallap gyza tarap öwürildi. Ine ine häzir, ýene azajyk we häzir gyz ol barada bar pikir edýän zadyny aýdar. Gyzyň gohyna geçir barýan adamlar hem saklanar we Öweziň kimdigini hemmeler biler. Gara ýer açyl we ýuwut meni diýen jümläň manysyna Öwez diňe şu wagt düşindi. —Näme üçin dursuň? Haýsy şäheri saýlajagyňy bileňokmy? —Gyz ýylgyrşyny ýüzinden düşürmän Öweze ýüzlendi. Gyzyň ýylgyrşy edil ýokanç kesel ýaly bir zatdy, ol şol bada Öwezede ýokyşdy. Ol hem edil gyz ýaly ýylgyryp başlady. —Men gorkýan, —Öwez zordan sakawlap özünden söz çykardy. —Nämeden gorkaýaň? —Gyz sorady. —Öz eden işlerimden gorkýan, ýamanlyk eden adamlarym ömünden çyksa näme diýjegimi bilemok. —Gorkma Öwez, —gyz öňküden has şöhleli ýylgyrdy. Oň ýylgyrşy edil çenden aşa çişirlen howa şary ýaly atylaýjak bolýardy. —Şu ýere gelip geçmişi ýatlap ýöreniň ýeri Dowzahdadyr. Şonyň üçin arkaýyn Jennede tarap ýöräber. Jennet bagyşlanan we bagyşlap bilýän adamlaryň şäheri. Şeýle sözler bilen gyz Öweze elini uzatdy. Ýöne Öwez ýerinde sogrylyp bilmedi. Ol ikirjeňlenýärdi. Gyzyň ýdýany çyn bolmagy mümkin, ýöne hany oňa delil. Gyz ýene azajyk garaşyp ýolyny dowam etdi. Öwez bolsa pikirlendi. Ol eýýäm näçe ýyl bäri şu çatrykda dur? Ýaňky gyz Öwez uly adam wagty ýaş gyzdy, indi ol gyz hem bu ýerde. Öweziň ölüminden soň azyndan 30-40 ýyl geçendir. Şonça ýyllap men şu çatrykda oýlanyp durdymmykam, —Öwez kellesini gaşady. Ýok, indi bu ýerde birja sekundam durjak däl, —diýip Öwez öz özine söz berip, gyzyl diwarly şähere tarap öwürüldi. Gyzyl diwarly şäher edil öz ekiz taýy ýalydy. Edil gök diwarly şäherde bolşy ýaly, bu ýerde hem şolar ýaly köçeler bardy, edil şolar ýaly öýler bardy we edil şolar ýaly bag bakjalar bardy. Iki şäheriň arasyndaky ýekeje tapawut olary doldyrýan adamlardady. Öwez gyzyl diwarly şäheriň derwezelerinden geçip ulydan demini aldy. Hiç hili gorkynç zat ýok eken, adaty şäher. Iň esasy zat bu ýerde Öweziň köne etmişlerini ýatladyp biljek adamlar ýokdy. Ol öläýmäkä-de edil şuňa meňzeş şäherde ýaşapdy. Diýmek öwrenşmek kyn bolmaz. Şeýlede boldy, Öwez şähere öwrenişdi, ýöne adamlara öwrenşip bilmedi. Bu şäheriň adamlary geňdi we iki topara bölünýärdiler. Birinji topar näme üçindir mydama ýüzüni ýerden galdyranokdy, ikinji topar bolsa mydama göziň içine seredýärdi. Bu iki toparyň adamlaryny Öwez şäheriň hemme ýerinde görýärdi, olar köçelerde seýilgählerde we binalarda häli şündi gabat belýärdi. Ýöne Öwez öziniň ol iki topardan haýsy birine degişlidigini bilmän köp wagt gezdi. Günleriň birinde bolsa oň meselesi çözüldi. Öwez seýilgähleriň birinde alma agajyndan alma ýolup iýip duran wagty oň ýanyna bir topar adam geldi. Öwez ýeňsesinde üýşen adamlaryň kimdigini ýüregi syzdy, ýöne barybir yzyna öwürilmäge milt etmedi. —Oglanlar serediň muňa, ahyrsoňy tapyldy. —Märekäň içinden biri gürledi. Öwez ol oglany sesinden tanady. —Men aýtdyma bu haramzada Dowzahda gizlenýär diýip, siz bolsa Jennetdedir Jennetdedir. —ýene bir oglan gürledi. —Bilemok siz nähili, ýöne menä indi şu şäherde galjak, şu harama gören ýerimde söwmek meň üçin hakyky Jennet, —bu sözleri bir gyz aýdypdy. Ol gyzam Öwez gowy tanaýardy. —Biz näme bärden gideris öýdýäňmi, —märeke alyp göterdi. —Menä şu harama söwüp söwüp içim sowaýança indi şu ýerden bytnajak däl, —başga bir gyz öz pikirini aýtdi. Diňe şondan soň Öwez bu şäheriň adamlarynyň näme üçin iki topara bölünýänine düşindi. Göwne degenler we göwnine degilenleriň şäheri. Soňy Rahman Zulfikarow
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 331 | Добавил: Rahman | Теги: Jennet we Dowzah. | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

Gürleýän guýy (gyzykly waka).
Milli ideýa.
Teňňe (esse).
QAnon hereketi we Adrenahrom.
Google (fantastiki powest).
Rahman Zulfikarow (Powest).
Alkor.
114-nji süre.
Döwülen ganatlar (oýlanma).
Ahmediň ölümi.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: