14:56
Googlyň gelejegi

Google Tehnatron zamanynda

Google ösýär we ösdügüçe biziň durmuşumyza şonçada çüň ornaşýar. Biz googla ynanýan syrymyzy hiç haçan hiç kime ynanyp bilmezdik. Google bolsa örän ýönekeý oglan däl, eger ýalňyşmasam google hudaýyň ornuny tutmaga synanşýar. Googlyň ösüş barada öz meýilnamasy bar, ol meýilnama bolsa biziň gören we okan fantastiki eserlerimize gaýrada dur diýýär. Google android ulgamy bilen, biziň hemişe ýanymyzda göterýän telefonymyzda bar. Ondan başga google ulgamy täze döwür moda bolan akylly sagatlar bilen hem bagly. Ol sagatlar hepdäň 7 güni 24 sagatlap biziň ýürek urşumyzy we başga beden görkezjilerimiz barada maglumat ýygnap durýar. Biziň internetda gözleýän zatlarymyz google aýan, biziň android telefonlarymyz gije gündüz durman biziň sesimizi ýazýarlar. Bu biz barada çöplenýän maglumatlaryň diňe bir ujypsyzja bölegi.

Psiki partret

Hiç bir adam özi barada doly hakykaty bilenok. Mysal üçin men belki gowy mergendirin, emma urşa gatnaşyp görmesem men ony hiç wagt anyklap bilmerin. Ýer ýüzünde her bir adama, diňe oň sesinden ýa-da başga bir alamatlaryndan baha kesip biljek lukmanlar ýa-da hünärmenler bar. Her bir adamyň psihiki partrety bolýar. Biz hemişe beýle zatlara üns beremzok, ýöne öz wezipesi boýynça adamlar bilen köp iş çalşmaly bolýan adamlar, daş töweregindäki adamlaryň her biriniň psihiki partretyny düzmeli bolýarlar. Daş töweregiňdäki adamlardan näme garaşyp bolýandygyny biler ýaly. Mysal üçin meň tanyşlarymyň biri, öň harby bolup gulluk eden we bir giden esgere serkerde bolan, ana şol adam hökmany suratda her bir esger bilen gürrüňdeş bolup, oň psihiki keşbini döretmäge mezbur bolýar. Sebäbi esgerleriň haýsy birinden näme garaşmalydygyny serkerde hökman biläýmeli. Google hem şol zatlar bilen meşgullanýar, her bir adamyň psihiki keşbini düzýär, ýöne keşp düzmek üçin googlda has köp mümkünçilik bar. Mysal üçin biziň goşarmyzda akylly sagat bar we biziň pulsymyzy ölçeýär diýeli, biz elimizdeki akylly telefonymyzda interneda girip bir zatlar okaýas we biz geň galýas, biziň şol bada ýürek urşumyz ýokarlanýar. Bu ýagdaý googlyň gözünden sypanok, google bizi geň galdyran makalany göz öňüne tutup biziň häsýetimiz barada netije çykarýar. Aýdaly biz şäherde aýlanyp ýörüs we oňümizden tanyş gyzlaryň biri çykýar, biz ol gyz bilen säginýäs we salamlaşýas, gürrüňdeş bolýas. Ol gyz hem googlyň ýesiri, gyzyň hem elinde telefon bilen sagat bar. Bluethuz tilsimadyň kömegi bilen biziň elimizdaki telefon gyzyň telefonyny görýär we bize tarap kimiň ýöräp gelýänini bizden öň anyklaýar. Eger gyzyň biziň göwnümize ýaraýan bolsa biziň bedenmiziň görkezjileri üýtgeýär we google şu ýerde bize gyzyý ýaraýanyny bilýär. Eger gyza biz ýaraýan bolsak, google ony hem bilýär. Netijede google her bir adam barada her dürli informasyýany çöpleýär we hir bir adamyň psihiki keşbini döredýär. Google şereketiň ýygnaýan informasyýasy Kanadada bir ýerde ýörüte gurnalan elektron arhiwlarda saklanylýan bolmaly?

Googlyň indiki basgançagy

Google bir ýerde durasy gelenok we gün günden ösýär, google näme isleýär? Meň çaklaýşyma görä google Hudaýyň ornyny tutmagy isleýär. Google ýene bir näçe nesilden soň, takmynan 50 ýyldan her bir adam barada ähli zady adamyň özünden gowy bilýän derejä barmaly. Adamlarda hesil yzarlaýan keseller bolýar, mysal üçin aýdaly rak we diýabet keselleri. Ýa-da adaty saç düşme we gözi küteklik. Eger men şu wagt internetda süýji kesel barada informasyýa gözleýän bolsam, diýmek googl meň keselim barada bar zady bilýär. Onsoň ýene 50 ýyldan soň google meň agtyklaryma sýüji kesel barada maslahat berip olaryň ynamyna girip bilýär. Men şu wagt öz atamyň nähili keseller bilen kesellänini bilemok, eger biri maňa meň tohumumda nesil yzarlaýan kelseller barada maglumat aýtsa, men şol adama minnetdar bolardym, wagtyň geçmegi bilen şeýle minnetdarlyga google mynasyp bolmaly. Google şu wagt kän bir sesini çykaranok, ýöne wagtyň geçmegi bilen google biziň örän ýakyn maslahatçymyza öwrülmeli, edil biziň içki dünýämizdäki Hudaý ýaly. Biz iň bärkisi haýsy gyza öýlenmelidigimize çenli googldan sorap bileris, sebäbi google biziň gurşawumyzdaky ähli adamlary bizden gowy, we ol adamlaryň özünden gowy tanar derejä barar. Bar zat googlyň elinde bolar, googlda gurnalan telefonlarda we başga enjamlarda emeli aňly düşünjeli kömekçiler peýda bolar, biz şol kömekçilerden her bir ädimimizi maslahatlaşyp ýaşarys. Google bizi, biziň öümizden gowy tanany üçin, ol elektron kömekçileriň berýän maslahatlary mydama degerli we dogry bolup görüner. Mysal üçin biz ýaş gyz bolsak we bize iki oglan söz aýdan bolsa, biz bolsa kimi saýlajagymyzy bilmeýän bolsak, bize google dogry netije çykarmaga kömek eder, sebäbi google biziň haýsy oglanyň ýanynda ýürek urşumyzyň nähili üýtgeýänini göz öňüne tutup, biziň çyndan hem haýsy oglany gowy görýändigimiz anyklar. Edil şeýle usul bilen oglanlaryň hem hakyky ýagdaýlary açylar. Ýöne şeýle informasyýany elen alan google, ony adamzadyň bähbidine ulanjagy örän şübheli. Ýene bir mysal, şeýle zamananyň gelmegi bilen jenaýatlaryň sany hem azalmaly, google her bir jenaýatçyny entek jenaýat amal aşyrylmaka anyklamagy başarar. Ýöne ol döwürler gelinçä ýer ýüzünde millet bilen döwlet diýen düşünje galmaly däl. Ol döwüre çenli google hem öz adyny telim gezek çalşyp ýetişer. Eger çakym çak bolsa, bize garaşýan zamana, tehnatron zamany diýýärler we ol zaman 2050-nji ýylda başlamaly? Tehnatron zamany baradada geçen asyryň ahyrlarynda agzap başladylar, şu ýerde meni bir zat gyzyklandyrýar. Nähili adam 50-100 ýylyň dowamynda ädimme ädim ýerine ýetirmeli meýilnama biçip bilýär we şol meýilnamany öznüksiz ýerine ýetirmäge özünde ahlaky güýç kuwwat tapýar? Adaty adamyň meýilnamasy 4-5 ýyldan uzaga gidenok, şol sebäpden prezident saýlawlary hem her 4 ýyldan geçirilýär.

Категория: Makalalar | Просмотров: 106 | Добавил: Rahman | Теги: Google | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

Epilepsiýa.
Kärhana "Arzuw" (söýgi hakynda).
"Köşeş" programmasy (esse).
Nebitiň biziň durmuşymyzdaky orny.
Täze Paradigma: Bizi iýýärler.
Mämmet.
Iňňäniň gözünden düýe geçende....
"X" näbellilik nyşany hökmünde.
Işanym (dini hekaýa).
Alkor.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: