03:06
Teleportasyýa Kerimi Kuranda

Teleportasyýanyň nämedigini biz çeper filimlerde we başga ýerlerde köp synlan bolsak gerek? Teleportasyýa bir ýerde ýitrim bolup, başga bir ýerde peýda bolmak. Eger teleportasyýa diýen zady alymlar amala aşyrmagy başarýan bolsalar, biz adamlar, göz açyp-ýumasy salymda, ýer ýüzüniň islendik ýerinde peýda bolup bilerdik. Bir bada göräýmäne teleportasyýa diýen zat ýerine ýetirip bolmajak fantastiki zada meňzeýär, dogrymy aýtsam meň özüm hem şeýle pikirde, ýöne internede sorag berseň, alymlaryň teleportasyýanyň üstinde işleýändikleri barada bilseň bolýar. Ylmy makalalara görä, teleportasyýany ylmy tarapdan amala aşyrsaň bolýar, we ýene bir näçe on ýyllyklardan soň, adamlara teleportasyýa diýen zat elýeter bolmalymyşyn?

★Teleportasyýa janly tebigatda

Adamzat öz açyşlarynyň köpsini janly tebigatdan göçürýär. Islendik jandaryň başarýan zadyny, adam tehniki taýdan gaýtalap bilýär. Eger teleportasyýa diýen zat çyndan hem bar bolsa, ol hökman janly tebigatda duş geläýmeli, ol hakykatdan hem duş gelýärem. Günorta amerikada "Atta" diýip atlandyrylýan garynjalaryň görnüşi bar, ana şol garynjalaryň görnüşi teleportasyýany amala aşyrmaga ukyply. Şol garynjalaryň äpet ene garynjasy bolýar. Ol garynja ýeriň aşagynda bytnap bilmän ýatýar. Ol garynja diňe ýumurtga guzlaýar we iýmitlenýär. Haçanda alymlar ol ene garynja barýan ähli ýollary berk beklänlerinde, ol ene garynja bary ýogy bir näçe minutda ýitrim bolýar, we başga bir ýerde peýda bolýar. Alymlar ol ene garynjany reňk bilen hem bellik edip eksperimenti barlap görýärler. Garynja her gezek teleportasyýany amala aşyrýar. Elbetde alymlar Atta garynjaň bu täsin ukybyny öwrenerler we şol garynjaň teleportasyýa etmäge kömek edýän organyny taparlar, ol organyň tehniki kopýasyny ýasarlar, belki bu işlere ýene bir näçe ýüz ýyl gider?

★Teleportasyýa Kerimi Kuranda

Biziň döwrümiziň açyşlarynyň köpüsi, Kerimi Kuranda bar diýip belkem hemmeler eşdendir? Kerimi Kuran ebriologiýa we biýologiýada köp zady öňünden aýtdy. Ýazyp hem okap bilmeýän Muhammet Pygamber beýle ylmy zatlary bilmäge hiç hili haky ýokdy, ýöne fakt, faktlygyna galýar. Indem Kerimi Kurandaky teleportasyýa meselesine geçeli. Süleýman Pygamberiň döwründe, Saba ülkesinde bir patyşa aýal, öz halky bilen, Allaha dälde, güne çokunýan eken. Süleýman Pygamber bolsa öz döwründe musalman dinini ýaýradýan eken, (elbetde diplomatiýa bilen, eger bolmasa güýç bilen). Onsoň Suleýman, şol şa aýala Hudaýyň gudratyny görkezmek üçin, ol aýalyň tagtyny, öz oturan köşgüne teleportasyýa edýär. Başda teleportasyýana Suleýmana Jynlardan biri (Ifrit atly pälwan) teklip edýär, ýöne ondan hem çalt, başga bir ylymly adam boýun alýar we şa aýalyň tagty, Suleýmanyň köşgünde peýda bolýar. Suleýman aýaldan soraýar, tagt seňkimi, aýal geň galyp meňki bolmaly diýýär. Şeýle usul bilen Suleýman ol şa aýala musulman bolmaga yrýar. Biziň ylymmyz güýçli we biz musulmanlar, —Süleýman diýýär eger ýalňyşmasam. Musulman adama Beýik Allah şeýle ylym berýär diýýän ýaly? Ol hakykatdan hem şeýle. Bu teleportasyýaň nusgasy, Kerimi Kuranyň 27-nji süresinde agzalyp geçilýär. Indem biljek boluň süräň ady näme? Süräň ady "Garynja". Buňa tötänlikdir öýdýäňizmi? Menä beýle pikir edemok. Belkem teleportasyýa diýen zat, adaty adamlara elýete bolynça bir näçe ýüz ýyl geçer, ýöne ol ylym iň soňunda elýeter bolanda, teleportasyýa barada ilki bilen Kerimi Kuran agzap geçdi diýerler, ylmy işler bilen mundan öň hem şeýle bolşy ýaly. Kerimi Kuran, ylymdan bir ädim öňde barýanyny ýene bir gezek subut eder.

Категория: Makalalar | Просмотров: 123 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Berlinyň eteginde (2-nji bölek).
Biwepa.
Näme üçin ýer titreýär?.
Älem hasapçysy (fantastiki hekaýa).
Kuran 22:2.
Döwülen ganatlar (oýlanma).
Azazylyň hatlary (Fantastiki hekaya).
Altyn goşun.
Isgender Zülkarneýn we äjit-mäjit.
Hum (syrly waka degişli).

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: