02:33
Ýorgan (mistiki hekaýa)
Ýorgan (Mistiki hekaýa)

Nädip durmuşdan kösenmän gitmeli? Bu soraga men jogaby ýaman kän gözledim. Özüňi asmak çykalga däl, sebäbi ýüpden sallanyp duran wagtyň az salymam bolsa ejir çekýäň. Ajal bir bada saňa elini uzadanok. Ondan başgada öziňi asmaň hem öz inçe tilsimleri bar eken. Ýüpiň halkasyny nädogry etseň ol seň boýnyňy doly gysanok we sen aňsat ölümiň ýerine ep esli wagt kösenýäň, janyň çykman sallanyp durýaň. Belkide ölmän diri galmagyňam mümkin. Eger diri galaýsaň durmuşyň has hem kynlaşýar, seni göni däli hana hasaba alýarlar. A sen welin durmuşdan gitjek bolup durdyň, elbetde keýpine däl, öňki aladalaryň üstüne beşga aladalaram goşulýar. Şonuň üçin özüňi asmak çykalga däl. Özüňi suwa oklamagam çykalga däl, men ýüzüp bilemok, şonuň üçin suw gowy çykalga bolaýjak ýaly welin, ýöne meniň üçin däl. Men uly suwlardan gorkýan. Edil şol sewäpden hem uly beýiklikden öziňi oklamagam çykalga däl, men beýikliklerdenem gorkýän. Öz janyna kast etjek bolýan adam üçin men beter ynjyk bolup görünýän bolmagym mümkin? Ölümden gorkmaýan bolsaň başga zatlardan näme üçin gorkýan diýsene? Dünýeden nähili gideňde-de 5-10 minut barybir kösenmeli, durmuşuň iň soňky tagamlaryny datmaly. Bar zat dogry, ýöne men kösençliklerden gaçyp gitmek üçin öz janyma kast etjek bolýan. Ömrümiň iň soňky pursatlary maňa kösenmek hiç bir ýagdaýda gerek däl.

Eger telewizora ynansaň ýörüte dermen serişdeleri barmyşyn. Lukman saňa sanjym edýär we sen uka gidýäň, soň gaýdyp hiç wagt oýanaňok. Ukyda wagtyň ölýäň, eger ýalňyşmasam şeýle derman serişdeler bilen dünýäň bir ýurdynda ölüm jesasy berilen adamlary ol dünýä ugradýarmyşlar, ýeňil we kösençsiz. Edil şeýle derman serişdeler tabletga görnüşde dermanhanalarda satylaýmala. Agşam ýataýmakaň birje tabletka atýaň we ertir oýanaňok. Irden bolsa seň hossarlaryň sowap galan meýdiň bilen gabatlaşýarlar. Ajaýyp. Ýöne bularyň bary boş arzuwlar, dünýäň hiç bir ýurdynda, hiç haçan şeýle tabletkalar açaçan satylmaz. Göräýmäne durmuşdan gitmek her bir adamyň öz şahsy işi ýaly bolup görünsede, barybir öňüňde böwet bolýarlar. Adalatsyzlyk. Nirä seretseň ullakan adalatsyzlyk, ana şol durmuşyň adalatsyzlygyndan men şu gije gaçyp barýan.
Men iň soňunda öz janyma kast etmäň iň aňsat usulyny tapdym. Elbetde onuň üçin bir giden kitaplary agdarmaly boldy, ýöne azap özüni ödedi. Nädip durmuşda gitmegiň ýeňil usuly? Entek men dir wagtym belläp alyň. Kim bilýär, belki gerek bolar, durmuş gaty durnuksyz zat. Meň gözläp tapan habarymda bar zat şeýle düşindirilýär: Ilki bilen çalt çaltdan dem alyp demiňi çykarmaly. Yza öňe yza öňe howany soryp çykarmaly. Bu herekete öýkenleriňi “wiltelýasyýa” etmek diýilýän eken. Dogrydanam şoňa gaty meňzeş. Içiňe howany sorýaň we şol bada daşyna çykarýaň. Az salym şol hereketlerden soň içi suwdan doldurlan wannaň düýbine çökýäň we garaşýaň. Eger bar zady dogry eden bolsaň, howa ýetmezçiliginden kösenme duýgysyndan öň, sen huşuňy ýitirmeli we sessizje gark bolmaly. Eger ýalňyşmasam huşyňy ýitirmegiň sebabi şol öýkenleriňi wiltelýasyýa edeniň bolmaly? Ajaýyp ölüm. Ýöne beýle aňsat ölüm üçin mende birje kynçylyk bar, mende wanna ýok. Ýöne ol kynçylyk hem uzak ýaşamady. Wannaň esasy ýerne ýetirýan maksady meň howamy kesmek. Ajaýyp, diýmek howany kesmegiň başga usullaryny gözlemeli. Howa geçirmeýan politilen paket bilen rezin, wannaň ýerini tutarmyka diýýän? Pekedy kelläme geýýän we rezin bilen boýnymy bogýan. Şeýdip wannaly kynçylygam çözülýär, diýmek şu gün agşam men dünýeden gitmeli. 13 ýaşly oglanjyk üçin erbet meýilnama däl, hä? Bar zat ýeňil we hiç hili kösençsiz.

Howa tomus paslydy, hossarlarymyň bary howlyda tapçanyň üstünde ýatýardylar, diňe meň ýeke özüm öýde ýatýardym. Maňa bähbitli tarapam şonda, men şu gün agşam ýekeje özüm, azar berjek adam ýok. Men mydama öýde ýatýardym. Içki jaýda ýazylgy duran iki sany el halyny goraýardym. Ýatamda bolsa mydama şol iki halyň sepgidinde ýatmaly bolýarym. Şeýle etsem meni oýarman halylaryň hiç birinede degip bolanokdy. Döwür şeýledi, bar zadyňy goramalydy.
Howaň tomusdygyna garamazdan men agyr pagta ýorgany ýapynyp ýatýardym. Näme üçindir şol ýorganyň aşagynda men dünýäň bar aladalaryndan goragly ýalydym, edil ejemiň garnynyň içinde ýaly. Şu gijede şol ýorgan meň üstümde. Ajaýyp, diýmek men şol ýorganyň aşagynda jan bererin. Dabaraly ölüm üçin bar zat taýyn, rezinam bar, howa geçirmeýan pakedam. Bar zady amala aşyrmak üçin diňe gaýrat gerek. Eger gaýrat galan bolsa bu dünýeden nirä gaçyp barýan diýsene? Bilemok. Bar zady hemişe söz bilen düşindirip bolanok. Belki men enemiň atamyň ünsüni özüme çekmek üçin şeýle etjek bolýandyryn:

–Serediň maňa, serediň, meň aladalarym siziňki bilen deňeşdireňde gör nähili ullakan. Öz ara dawwaňyzy goýyňda maňa üns beriň, maňa agyr we kyn.

Ýöne beýle üns maňa we olara ýaman gymmada düşäýmese? Nähili bolandada men yza tesmeýän. Men akylly oglanjyk we ölümden gorkamok. Bir ýazyjyň aýdyşy ýaly ölüm bu ýöne bir gapy. Ol jaýdan bu jaýa geçilýän gapy, iki dünýäň aralygyndaky gapy. Gapydan gorkmak welin samsyklyk. Ýöne maňa başga jaý gerek däl, maňa çyndanam ölüm gerek. Maňa ölümden soňky ýaşaýyşam gerek däl, men ýaşap ýadadym. Maňa Jennedem gerek däl, dowzagam gerek däl. Eger men ölümden soň Hudaýa ýa-da oň ornyny tutýan başga bir güýje duşaýsam ondan birinji haýyşdym: Meni öldür, meni ýene bir gezek öldür, meni sen ýaradan bolsaň sen hem meni ýok et. Meni öçür, edil köne telewizory öçüren ýaly etde öçür. Maňa seň “ol dünýäň” ýa-da başga bir dünýäň gerek däl. Maňa hiç zat gerek däl, sen hem gerek däl. Eger sen dogrydanam adamlaryň hasap edişi ýaly “gudraty güýçli” bolsaň meni tutuşlaýyn öçür, poz, ýok et. Hiç wegt we hiç haçan döremedik ýaly et. Seň Jennediň maňa gyzykly däl. Maňa hiç zat gyzykly däl. Eger adamyň ölüminden soň oň ruhy baky ýaşaýan bolsa, men şol ruhy hem ýok etmäň usulyny taparyn. Haýyşt ederin, ýalbararyn, birinden soraryn maglumat gözlärin ýöne çykalga taparyn. Baky barlykda hiç bir güýç meni saklap bilmez.

Bar zat taýyn, howlydan gelýän sesler kesildi, diýmek hemmeler ýatyr. Şondada men sagat 12 bolynça garaşdym. Bilemok näme üçindir men sagat 12:00-da öz işime başlasym geldi. Tümüň içinde diwarda asylgy duran sagada seretdim, dilleri zordan saýgarylýar. Onda-da çyrany açasym gelmedi, men ýagtylygy känbir halamok, ýöne tümlükdenem gorkýan. Paket bilen rezini taýýarlap çalt çaltdan öýkenlerimi şemallatmaga başladym. Howany içime çekdim we şol bada göýberdim. Ýarym minut şeýle hereketlerden soň eýýäm ýagdaýyň pese düşýäni bildirýärdi, demiň ýetenok. Indi bolandyr diýip kelläme pakedy geýyp rezin bilen boýnymy gysdym. Bar zat ugryna bolan bolsa howa hiç ýerden syzmaly däl. Men edil suwuň düýbine çümen ýaly bolmaly? Üstüme ýorgany tutuşlygyna ýapdym. Meň bolup ýatyşymy wagtyndan öň hiç kimiň göreni maňa gerek däl, goý hemme kişi maňa ertir irdene çenli uklap ýatandyr öýütsinler. Etir irden welin meň sowap galan meýdimi taparlar. Elbetde meň göýberen bir ýalňyşym bar. Men bu usuly ilki başda paketsyz barlap görmeli ekenim. Öýkenlerimi şemalladyp demimi saklap, özümden gidinçäm garaşmaly ekenim. Soň elbetde az salymdan ýene özüme gelerdim. Şeýle eden bolsam usulyň dogrydanam işleýänine göz ýetirerdim. Ýöne eýýäm giç, men çalajadan demigip başladym. Pokedyň içindäki howa gitdigiçe azalýar, ýene az salymdan men huşymy ýitirmeli. Şeýlede boldy, men huşumy ýitirdim, diýmek öldüm.

*****
Meň gözlerim açyldy, daş töwerek tümdi, ýagdaýym edil agyr ukydan oýanan adamyň ýagdaýy ýalydy, el aýagym zordan diýen edýärdi. Men entegem şol öňki ýatan ýerimde, başym bilen ýorganyň aşagynda bolmaly, sebäbi ýalaňaç arkama el halyň ýüňi çümýärdi, özümem derläpdirin. Men öldüm we ol dünýedemi? Ýok. Kellämde paket bilen rezin ýok, ine gorkyly zat. Belki ejem meni entek ölüp ýetişmäkäm halas edendir? Ýok, beýle tötänligiň mümkinçiligi beter pes. Nähili bolandada men diri we şol öňki ýerimde ýatyryn, ýöne ýerimden galmaga ysgynym ýok. Men pakedy gözläp daş töweregime elimi sermäp başladym, eger ölmek başa barmadyk bolsa, diýmek meň ymtylmamy subut edýän ähli zatlardan dynmaly, başga sözler bilen aýdaňda paket bilen rezini ýitirmeli. Bolmasa ertir irden olaryň nämä gerek bolanyny düşündirmeli bolar.
Örän geň ýagdaý, ellerimi daş töwerege näçe sermesemde olar ýorganyň aşagyndan daşyna çykmady. Meň ýapynýan ýorganym kiçi däldi, ýöne edil guşuň ganatlary ýaly gapdallara ýaýylan ellerim oň aşagyndan daşyna çykmaz ýaly uly hem däldi. Men ýene synanşdym, ýene biderek, ýorganyň çäkleri ýok, ol hamala tutuş otagy dolluryp duran ýaly ullakan. Eger meň ýagdaýym adaty ýagdaý bolan bolsa men edil dällirän ýaly alňysardym, ýöne şu wagt bar zat başgaçarak. Kellam edil çoýyn peç ýaly agyr, şol sebäpden pikirler hem agyr, pikirlerimi jemlemäge bir zat päsgel berýän ýaly. Men synanşmalarymy goýyp rahatlaşdym, aýaklarymy edil hiňňilik ýaly çepe saga yrap başladym. Men pikirlenýän wagtym mydama şeýle edýän. Maňa yranýaň diýip ejem mydama käýeýärdi, men bolsa yranman bilemokdym. Men yranmasam pikirlenip bilemok, a men bolsa mydama pikirlenýän. Belki men çyndanam ölendirin we bu ýer dowzahdyr? Dowzah ullakan ýorganyň aşagy ýaly eken diýsem kim ynanar? Ýa-da başga bir pikir: men çyndanam öldüm, ýöne ruhym ýorganyň aşagyndan çykyp bilenok we diňe ertir irden ejem ýorganyň bir gapdalyny serpende meň ruhym azatlyga boşar? Ýok, bularyň bary biderek pikirler, men bedenimi aýdyň duýýan, ýöne öňküsinden azajyk agyrrak diýmeseň. Meň ruhym entek bedenden hiç ýerik çykmady. Eger şeýle bolsa näme üçin ýorgan adaty ýorgan däl? Hany oň çäkleri, ol nirde gutarýar? 6-nji klas okuwçy üçin ýaman kyn mesele.

Men pikirlenip näçe wagt ýatanymy bilemok, az däl bolsa gerek? Birden ýüregime duýdansyz howsaly aralaşdy, özümi ýapyk giňişlikde ýaly duýdym. Ýorganyň aşagyndan ylgap çykasym geldi. Edil şol pursat ýorganyň aşagynda menden başgada biri bar ýaly bolup duýuldy, bir tüýsli ýakymly ys peýda boldy. Irden sepilen duhyň agşama çenli könelşen ysy. Men hasyrdap ýerimden turdym, ýorganyň gapdallary serpilmedi, ol çyndanam gaty uly bolmaly, egerde asla oň çäkleri bar bolsa diýsene? Men ýorganyň aşagy bilen otagdan çykarmaly gapa tarap ylgadym. Sebäbi meň ýatan wagtym gapy çep tarapymda bolmalydy, kellam bolsa penjir tarapdy. Ýöne men gapa ýetmedim, näçe ylgasamda ýetmedim. Elbetde ýorganyň aşagynda ylgamak edil gür ösen ýylgynnygyň içinde ylgan ýaly. Ýöne alajyň näme? Bu ylgaýşym bilen men eýýäm bir wagt howlydan çykyp gitmelidim, howly nirede diýsene? Men mekdebe ýetmelidim, ýöne men iň bärkisi ýorganyň aşagyndanam çykmadym. Daş töwerek tümdi, hiç zat görünenokdy, aýagymyň aşagynda şol bir el halydy, sebäbi oň ennamyma çümşini men tanaýardym. Ýorgan bilen halyň çägi ýok, olar gutaranok. Ine meň gelen netijäm. Men entegem şol öňki ýerimde durun, ýekeje tapawut baş ujymdaky ýassyk ýok, ol nirelerde bir ýerlerde yzda galdy. Pikirlenmeli, diňe pikirlenmeli, başga edip biljek zadyň ýok, bu dowzah bolmaly, öz janyna kast edýänleriň dowzagy? Az salym oýlanşykdan soň birinji kellä gelen pikir, ýorgany ýyrtmaly, elbetde ol özüni ýyrtdyrsa diýsene? Ýöne bu pikir başa baraýanda-da ol ýorganyň daşynda saňa näme garaşyp durandyr öýdýäň? Çäksiz ýorganyň daş tarapynda adaty dünýä bardyr öýdýäňmi? Bar bolsa edil ýorgan ýaly düşnüksiz bir zat bardyrda, a belki ondan hem düşnüksiz we elhenç zat bardyr? Bilemok? Ýorgany ýyrtmaly diýen pikiri goý bolsyn etdim, sebäbi ýorgan meňki däl, men ony ýyrtmaga hakym ýok, ýorgan ejemiňki, eger ejem aldamaýan bolsa ýorgany durmuşa çykanda ýany bilen alyp gelipdir. Dogrymy aýtsam men ony ýyrtmaga gorkýan, ol adaty ýorgan däl, adaty ýorganlary ýyrtaňda netije hemişe düşnükli bolýar, ýöne maňa sataşan çägi ýok ýorgany ýyrtaňda nähili netijelere eltjegi belli däl.
Men dik durup ýadadym, şonuň üçin ýere çökdüm, meň yzym bilen ýorgan hem ýere gaýtdy. Geň zat, ýorganyň daş tarapyndan, eger oň daş tarapy bar bolsa, meň bolup durşum nämä meňzeýärkä? Äpet ýorganyň orta arasyndan edil gümmez ýaly bolup meň göwräm tümmerip durmyka? Ellerim bilen halyň nagyşlaryny sermedim. Soň arkan düşyp ýere sündüm, diňe hala ýalaňaç arkam degende nähili derlänime düşindim. Ýene bir ýerlerden şol könelşen duhyň ysy peýda boldy. Ys ýakynlaşdy, örän ýakynlaşdy. Indi welin biri meň üstime abanyp duran ýaly boldy. Oň demi meň ýüzüme urup başlady. Meni ilki başda gorkuzyp, gaçmaga mežbur eden şol ysdy. Ýöne indi gaçara ýer ýok, ýorganyň çägi ýok, aýagymyň aşagyndaky halyň çägi ýok, daş töwerekdäki tümlügiň çägi ýok, diýmek meň düşen tutuş dünýämiň çägi ýok? Boýnyňa alaý, sen gijelerine ýorganyň aşagynda öz hyýaly dünýäňi gurýärdyň geräm? Ol dünýe mydama tümdi we sen ol ýerde mydama ýalňyzdyň. Ine al öz hasylyňy, sen ruhyň öz döreden garaňky dünýäň ýesiri boldy. Sen bu ýorganyň aşagyndan hiç ýerik hiç haçan gidip bilmersiň. Seň bedeniň öldi, seň ruhyň boşap öz hyýalynyň ýesiri boldy. Seň garaňky dünýäň ýesiri boldy. Men çyndanam hiç wagt ýagty bir zadyň pikirini etmedimmikäm, –oýlanýan sen. Ýok, etmediň, eger iň bärkisi gyzlaryň pikirini eden bolsadyň, bu tümlükde birje gyz bolardy, ýöne 13 ýaşly oglana gyzlar barada pikir nämä gerek diýsene?

–Meň döreden tümlügim, –Men haýaljakdan harplap diýen ýaly gürledim.

–Näme diýýäň? –biri maňa jogap berdi, has takygy biri maňa sorag berdi.
Men ýerimden güpürdäp dikeldim, daş töweregime seretdim, eý Allam, doly tümlügiň içinde oturanymy unudupdyryn öýdýän? Iki garakdan peýdaň ýokdygyna düşünip ellerim bilen daş töweregi sermäp başladym. Elbetde men beýle etmekden gorkardym, ýöne maňa ýüzlenen ses ýaş gyzyň sesidi, diňe şonyň üçin men gorkman daş töweregime sermendim.

–Siz kim? –men seslendim, we jogabyň geljek tarapyny anyklamak üçin kellami daş töweregime aýladym.

–O nähili men kim? Men seni oýlap tapan gyz?

Ses buýsanç bilen jogap berdi, ýöne oň nirden gelenini men anyklap bilmedim, ses tutuş töwerekden eşidilýän ýaly bolup göründi. Sesiň buýsançly çykyşyndan çen tutsaň oň eýesi çyndanam meni oýlap tapan bolmaly?

–Siz Hudaýmy? –men ýene soradym.

–Seň üçin Hudaý diýseňem bolýar, –ses azajyk säginip soň jogap berdi, belki ol näme jogap bersemkäm diýip oýlanandyr?

Hudaý ýaş gyzdyr diýip ýatsam tursam hiç wagt kelläme geljek däldi. Edil şeýle ses bilen “A” klasda okaýan bir gyzjagaz gürleýärdi. Beýle diýdigim sesiň eýesi şol gyz diýdigim däl. Meň diýýän gyzjagazym gowy okaýardy, ol bäşlikçidi. Gowy okaýan gyzlaryň bolsa barynyň sesleri bir meňzeş bolýar, olar serkerde ýaly ejäni ýatladýarlar. Hamala her bir sözleri buýruk ýaly eşidilýär, ýöne şol bir bada sözleri mähirli, hamala men diňe seň aladaňy edip özimi şeýle ber alyp barýan diýýän ýaly. Maňa ýüzlenen ses hem edil şeýle-di, ol ses gowy okaýan gyzjagazyň sesi-di.

–Siz bäşlikçimi, –men saklanyp bilmän soradym.

Gyz jogabyň ýerine hezil edip güldi, soň bolsa yz ýanyndan jogap berdi, has dogrysy soragyma sorag bilen jogap berdi.

–Näme maňlaýymda ýazyk durmy?

Eger men oň maňlaýyny görýän bolsam derdim ep esli ýeňlejek welin, ýöne bu tümlükde iň bärkisi öz ellerimem göremok.

–Siz gorkynç dälsiňizä, –Men özümi binjalyk edýän soraglaryň birini berdim.

Dogrysy men başgarak sorag berjekdim, mysal üçin siz hem men ýaly adammy, jyn arwah ýa-da has gorkynç bir zat dälmi? Ýöne sorag tersiräk çykdy.

–Ýok men gorkynç däl, –gyz menden gaty görmedi, –ejem maňa owadan gyz diýýär, klasymyzda meni iki sany ogalan gowy görýär. Ikisem maňa hat ýazdylar. –Gyz başdaky buýsanç bilen belledi.

Men gyzyň sözlerini eşidip begendim, “ejem” diýen söz meni rahatlaşdyrdy. Eje sözi mende mydama ýakymsyz duýgulary döredýärdi, diňe şü gün, birinji gezek men ol söze begendim. Eger gyzyň ejesi bar bolsa, diýmek ol men ýaly hakyky adam.

–Sen nirde okaýaň? –gyzyň özüm ýaly adamdygyna göz ýetirip oňa “Sen” diýip ýüzlenip başladym.

–Mekdepde? –Gyz eglenmän jogap berdi.

Haýsy mekdepde diýip men tas sorapdym, ýöne gyz menden öňürtüledi.

–Sen mekdep barada nireden bilýäň? –Sorady ol.

–Nähili nireden bilýäň? Meň özüm mekdepde okaýan.

Gyzy meň jogabym geň galdyran bolmaly, sebäbi ol ulydan içini çekdi. Soň bolsa meň çep tarapymdan aýlanyp meň öňüme geçdi, ýa-da meň göwnüme şeýle ýaly bolup göründi?

–Örän geň, –gyz az salym dymyp seslendi. –şu gezek sen edil hakyky oglanjyk ýaly boldyň.

–Men hakyky oglanda, –men gaty görjek boldym, gyzyň oglanjyk diýen sözleri meni azajyk kemsitdi. Gyzyň özi näme diýsene? Bolsa meň bilen deňdir, ýa-da bir iki ýaş kiçidir-dä?

Könelen duhyň ysy güýçlendi, gyz meň edil garşyma geçip oturan bolmaly? Şol byr bada gyzgyn dem meň ýüzüme urup başlady. Elbetde men öler ýaly gorkmalydym, ýöne ýekeje zat meni saklaýardy, meň garşymda oturan jandar kim we näme bolandada ol gyzyň sesinde gepleýärdi. Diňe gyzyň öňünde masgara bolmajak bolup men özümi elimde sakladym. Mundan öň özümi gyzyň ýanynda beýle gaýratly duýyp biljegimi bilemokdym. Eger sen maňa öň duşan bolsaň belki men öz janyma kast hem etmezdim, –pikirlendim men. Öz janyma kast etme ýadyma düşende bolsa, oň yzy bilen başga pikirlerem gelip çykdy. Men ölümi diri? Men haýsy dünýäde we meň garşymdaky mylaýym sesiň eýesi kim? Elimi öňe uzadyp öňümde oturan jandary elläp göresim geldi, ýöne başa barmady, ol jandar meni öňürtüledi. Ol meň dyzyma elini goýdy we çalajadan sypalady. Men bir zatlar jogap bererdim, ýöne şol bada demim tutuldy, agzymdan ýekeje söz hem çykyp biljek däldi. Hiç haçan hiç kim maňa elini degirip görmändi, hatda öz ejemem.

–Sen kim, –men edil jadylanan ýaly soradym, sebäbi ennamymy täsin ýylylyk doldurup başlapdy.

–Men seni oýlap tapan gyz, –ýumşak elleriň eýesi ýene şol jogaby gaýtalady we has golaýa süýşdi. –Sen dünýede iň owadan gyz diý maňa, –sesiň eýesi talap etdi.

–Sen dünýede iň owadan sesli gyz, –men ýene jadylanan ýaly gaýtaladym.

–Ýüzüňem owadan diý, saçlaryňam owadan diý, özüňem akyldy diý, –gyz has belent ses bilen talap etdi.

Men oň ýüz keşbini görmesemde, näme üçindir oň owadandygyna ynanýardym. Beýle mylaýym sesli gyz owadan däl bolmaga haky ýok. Bolýar, eger ol gyz azajyk owadan däl bolaýsada, oň owadan sesi bu kemçiligiň öwezini dolup biljekdi. Adaty gyzyň sesi maňa beýle täsir edip biler diýip ýatsam tursam kelläme gelenokdy. Belki göze dürtme tümlükde sesden başga hiç hili habar alyp bolmaýany üçin men diňe sesiň üsti bilen adam barada nätije çykarýandyryn? Bilemok?

–Sen dünýäde iň owadan gyz, –men gara çynym bilen aýtdym. Bu hakykatdy. –Sen hatda meň ejemdenem owadan.

–Seň ejeňden? –Gyz hezil edip güldi we meň dyzymdan elini aýyrdy. –Seň ejeňi men oýlap tapmadym. Hyýaly oglanjyklarda eje bolýarmy näme? Eger gowja oýlansaň men seň ejeň ornyny tutýan, sebäbi seni oýlap tapan men. –Ýap-ýaňja mylaýym ýaly bolup görünýän gyzyň sesi ýenede gowy okaýan gyzyň sesine öwrüldi.

–Men hyýaly däl, men hakyky oglan, ýöne nirä düşenimi bilemok, –men başymy salladym.

–Sen hiç ýerigem düşeňok, sen meň otagymda, meň ýorganymyň aşagynda, meň ýanymda. Sen meň hyýalymda, eger men islesem sen ýitersiň, eger islesem ýaşarsyň.

–Bu ýorgan seň ýorganyňmy? Men kelläme degip duran ýorgany elim bilen çalaja galdyrdym.

–Hawa, –diýdi gyz, –bu meň ýapynýan ýorganym.

Meň beýnim alan habaryny edil guduzlan ýaly seljerjek bolmalydy welin, ýöne beýnimiň başgarak aladalary bardy. Mysal üçin Men nädip garşymda oturan gyza gowy görünmeli? Hakyky erkek ýaly görünmek üçin nähili sözler ulanmaly? Üstümden ys gelýämi ýa-da ýok, şu gün dişlerimi ýuwdymmy ýa-da ýok? A çäksiz ýorgan we men birniň hyýaly, bularyň bary eýýäm ikinji derejeli meseledi.

–Seň owadan ýorganyň bar. –men halys aýtmaga söz tapman birinji kellä gelen zatlary söze öwürdim.

Gyz meň belligime Rus dilinde “Sag bol” diýip jogap berdi.

–Belki arkan ýatarsyň? –soň gyz soradymy, ýa-da buýruk berdimi?

–Näme üçin? –Men geň galdym.

–Seni sypalasym gelýär, –gyz hiç hili utançsyz belledi.

Ýüregim begenjinden ýaňa böküp duran bolsada men arkan ýatmadym. Sebäbi ýagdaýyň özünde bir terslik bardy. Hiç bir planetada, hiç bir dünýäde türkmen dilinde gürleýän gyz özini beýle alyp baranok.

–Ýok, –diýdim men. –Sen utanaňokmy? Sen meni tanaňok, ömrüňde birinji gezek görýäň, ýenede maňa eliňi degirjek bolýaň.

–Ýok utanamok, sen hakyky oglan däl senden utanar ýaly, sen oýlanyp tapylan, onsoňam maňa takal okar ýaly sen kim? Häzir gaharymy getirseň seni gelen ýeriňe ugradaryn.

Garşymda oturan gyz çyny bilen gaharlandy, ol gürlände hatda ýüzüme agzynyň suwy syçraýardy, ýöne men garşy däldim. Ýüzüme syçran iň uly damjany barmagym bilen alyp dadyp gördüm, tagamyny duýardan örän az bolup çykdy. Elbetde daş töwerek doly tümlük bolmadyk bolsa men gyzyň gözünüň arynda beýle edip bilmezdim. Ýöne barybir gyz meň bar hereketlerimi görüp duran ýaly duýgy bardy.

–Ugrat, –diýdim men. –Ýitir meni, men sensizem ýitmäge barýardym, meni sen sakladyň. Sen we seň samsyk ýorganyň.

Meň sözlerimden soň gyz tutuşlygyna dymdy, oň hatda dem alyşam eşidilmesini goýdy. Bilemok näçe wagt geçenini, ýöne beýle dymyşlyk meni ýuwaş ýuwaşdan gorkuzyp başlady. Gyz hamala bir ýerlere ýitrim bolan ýaly boldy.

–Diňle, a sen hiç ýerik ýiteňok, –gyzyň sesi bir näçe minutdan ýene ýaňlandy. Ýöne bu gezek öňküsinden gorkulydy.

Gyzyň duýdansyz çykan sesi meni gorkyzdy, ýöne men ýene erkek syrap hiç zat bildirmedim, özüm bolsa tisginip gitdim.

–Sen kimem bolsaň hyýaly oglan däl, –gyz dowam etdi. –Men seni ýap-ýaňja ýitirjek boldum, ýöne başa barmady.

–Salawmaleýkim, –diýdim men. –Men saňa iň başyndan aýtdym.

–Onda kim sen? –gyz ýene gorkyly ses bilen sorady.

–Mendede edil şeýle sorag bar, seň özüň kim?

Gyz meň soragymdan soň öz adyny familiýasyny we atasynyň adyny aýtdy, öz ýaşyny aýtdy, öz okaýan mekdebini we klasyny aýtdy. Geň ýeri gyzyň ýaşy meň ýaşym bilen deň bolup çykdy, ýöne oň okaýan mekdebi maňa tanyş däldi. Men hiç zat jogap bermän edil balyk ýaly dymdym.

–Bolda, –diýdi gyz, –indi seň gezegiň, özüňi tanyşdyrda.

Nireden özüňi tanyşdyrjak diýsene, gyz eýýäm özüni alyp baryşy bilen mende bolan gaýratyň baryny öldürdi. Beýle dogumly gürleýän gyz ýöne ýeriň gyzy bolmaly däl, –kellede pikir peýda boldy. Gyz baý gyz bolmaly, ýenede has samsyk pikir peýda boldy. Men öňküden beter ölesim geldi. Ýöne bu tümüň içinde nädip öljek?

–Men, men, –men bir iki gezek sakawladym, soň bolsa “Men hiç kim” diýip jogap berdim. Ýürekde ýer ýasan köne ýara gozgady, men gyzy näme üçindir ýigrendim.

–Gorkma, –diýdi gyz, –aýdasyň gelmese aýtma. Seň adyň wajyp däl, şu wagt iň wajyp zat sen nädip meň otagyma düşeniň?

Elbetde gyza gürrüň berseň boljakdy men oň otagyna nädip düşenimi, ýöne nädip öz janyma kast etjek bolanym barada aýtjak? Eger ony aýdaýsamda näme üçin kast etjek bolanymy nädip aýdaýyn? Ýöne öler ýaly kimdir birine aýdasym gelýärdi, kimdir birine diýip ýalan sözleýän. Edil şu garşymda oturan gyza aýdasym gelýärdi.

–Men özümi öldürdüm, ýöne näme üçindir “ol dünýä” derek şu ýerik düşüm, –diýdim men. Ýöne bu sözler menden ýaman kynlyk bilen çykdy. Edil enäň garnyndan çagaň çykyşy ýaly. Men aglamajak bolup zordan saklandym. Ýöne meň ýerime gyz aglady, bilemok näme üçin? Ýyly göz ýaşlar meň dyzyma damyp başlady, ol gyz maňa şeýle golaý otyrmyka? –Pikirlendim men. Ertir irden ejemiň meň jesedimi tapyp aglaýşy göz öňüme geldi. Eger men ölsem ejem hem şeýdip aglarmyka? Oň aglaryny gaty isleýärdim, özem meň üçin aglaryny. Ony aglatmak üçin öz janym bilen tölemäge razydym, siz muňa eýýäm düşünensiňizle?

–Sen näme üçin öz janyňa kast etdiň? –gyz göz ýaşlaryň içinden sorady.

Men hiç zat jogap bermän az salymlyk dymdym. Menden jogabyň bolmajagyna düşünip gyz ikinji soragy berdi:

–Näme üçin adamlar durmuşdan gidýärler? Öz aýalyny çagalaryny goýyp, hiç kime hiç zat aýtman gidýärler? Maňa diňe sebäbi gerek, başga hiç zat gerek däl, –gyz dowam etdi. –Ine sen näme üçin ölesiň gelýär?

Men ýene hiç zat jogap bermän dymdym.

–Aýdaý, –ýalbardy gyz, –Men hökman biläýmeli.

–Hiç kime aýdyp bolmansoň ölesleri gelýärler, –diýdim men. Eger birne näme üçin ölesiň gelýänini aýtsaň eýýäm derdiň ýeňleýär, eýýäm känbir ölesiňem gelenok.

–A sen maňa aýdyp ber, –diýdi gyz we maňa ýene golaýlaşdy.

Kellede az salymlyk hem bolsa gyza bolan şübhe peýda boldy. Hamala ol gepçi ýaly meň pikirlerimi biljek bolýan ýaly bolup göründi. Ýöne hakykatda bu beýle däldi, gyzda bir alada bardy. Ýa-da gyzyň ýakyn bir hossary öz janyna kast edipdi, ýa-da gyzyň özi men ýaly dünýeden gaýtmaň arzuwynda? Nähili bolandada men ol gyza ynandym we bar zady gürrüň berip başladym.

Bilemok näçe wagt geçdi, ýöne az däl bolsa gerek. Men arkan düşüp yzyny üzmän gürleýädim. Gyz bolsa meň gapdalymda ýatyp meni diňleýärdi. Oň saçlary meň ennamyma çümýärdi. Ol hem edil men ýaly derläpdi. Kä mahal meň göwnüme gyz uklap galan ýalydy, ol hä berenokdy. Şeýle ýagdaýlarda men oň egnine kakýardym, ol ýene oýanýardy, ýa-da öz oýlanmalaryndan açylýardy? Eger ýalňyşmasam oglan bilen gyz, öz birinji nika gijelerinde şeýle uzak gürleşýärler? Ýöne 13 ýaşl oglan ol zatlary nirden bilsin?

–Sen entegem bärdemi hyýaly oglanjyk? –gyz ýylgyryp sorady. –Öz hyýaly dünýäňe gaýdyp bar we hiç haçan samsyk zatlar etme. Men bilýän sen öz ýakynlaryňdan ar alasyň gelýär, hemmeleriň ýüregi agyrar ýaly agyrly urasyň gelýär. Ýöne seň etjek bolýanyň çykalga däl, sen bar kişi özüni günäli duýar ýaly etjek bolýaň –gyz gamgyn belledi.

Men sen ony nirden bilýäň diýip tas sorapdym, ýöne gyz maňa gürlemäge maý bermedi:

–Maňa ynanaý, men näme gürleýänimi bilýän. Yzyňa dolan we hiç haçan şu ýerik gaýdyp gelme, –gyz pallap gürledi, oň ukysy tutýary. –Ertir mekdep, men bolsa işim kän, seň bilen lakgyldap ukymdan galdym. –gyz soňky sözlerini aýtdy.

Ol uklady we bir ýerlerik ýitrim boldy, oň saçy indi meň endamyma çümenokdy, oň könelşen duhysynyň ysy hem ýokdy. Jadyly ýorgnyň eýesi uklady we ýitrim boldy. Men hasanaklap daş töweregimi sermendim, edil başdaky ýaly hiç zat we hiç kim ýok. Edil ýap ýaňja, gyz gürläp durka elimi uzatsam oň ennamyna degäýjek ýalydy? Indi welin daş töwerek edil meň kalbymdaky ýaly boşluk. Bir bada erbet ýüregim gysdy, hamala öňden tanaýan bir tanşymy ýitiren ýaly boldym, ýöne bu duýgularyň bary aldagyç. Ol gyz maňa hiç kim, aslynda bolýan zatlaryň hakykatdygy entek şübheli. Diňe birniň sesini eşidip oňa baglanmak uly bir samsyklyk. Gyz barada pikirleri goýyp bu ýerden çykmagyň aladasyny etmeli. Gyz ýorgan meniňki diýipmidi? Hawa, gyzyň özi ýorganyň aşagynda ýeňillik bilen peýda boolýar we ýitýär. Belki gyz uklany üçin ýitendir? A belki uklasaň ýorganyň aşagyndan çykýarsyň? Men entek bu ýere düşenim bäri ýeke gezek hem uklap görmändim. Belki uklasam azatlyga çykaryn, –pikirlendim men we çep gapdalyma öwrüldüm. Iki elimi jübütläp kellämiň aşagyna saldym. Edil şu wagt ýanymda ýassyk bolan bolsa ony kellämiň aşagynda goýmazdym. Ony gujaklardym we şol gyz diýip göz oňüne getirerdim, ýöne gynansakda ýanymda ýassygam ýok, gyzam ýok. Uklajak bolmaly, bar pikirleri taşlap uklajak bolmaly, belki bar zadyň çözgüdi ukydadyr?

*****
Meni agyň sesi oýardy, kimdir biri meň baş ujymda aglaýardy. Kellam ýene çoýum peç ýaly agyr. Şol sebäpden pikirler hem agyr. Men haýaljakdan gözlerimi açdym, daş töwerek ýagty, daň eýýäm atypdyr. Men öten agşam uklan ýerimde ýatyryn, agyr pagta ýorgan bolsa meň bilimden aşagymy ýapýar. Ýorgana gözüm düşeninden men şol bada janlandym. Hamala ýorgana ot düşen ýaly ony aýagym bilen iteleşdirip özümden daşlaşdyrdym. Meň hereketlerime ejemiň ýüregi ýaryldy, häliden bäri baş ujmda aglap oturan hem şol eken. Düýn agşam bolanzatlaryň düýşdigine göz ýetirip men köşeşdim, ejem bolsa meni gujaklady, ömrümde birinji gezek gujaklady. Oň näme üçin aglaýanyny men soramadym, ejem hem hiç zat diýmedi. Ýöne oň näme üçin aglaýanyny men bilýärdim. Ejem meň boýnym rezinli kelläm poketly bogulup ýatanymy gören bolmaly we bar zada düşünen bolmaly. Men turynçam bolsa ol zatlary ýygnan bolmaly, maňa welin elhenç zatlary ýatladyp oturmak nämä gerek? A belki meni sorag edip gysdaberseň men has elhenç bir zat ederin? Hemişe meni garawullabam bolmaz. Ejem şeýle karara gelen bolmaly: Bar zady unutmaly we gereksiz ýere ýatlamaly däl. Şeýlede boldy, ejem menden hiç zat soramady, ýöne oň ýerine men soradym:

–Eje, şol ýorgan biziň öýmüze nirden düşdü? –Men şonda birinji gezek şol organ bilen gyzyklandym.

–Mamaňlardan getiren ýorganym, –Ejem jogap berdi.

Men oýa batdy, çäksiz ýorgan bilen we oň aşagynda maňa duşan gyz bilen bolan wakany men adaty düýşüň hasabyna ýazyp biljekdim. Ýöne şol gyzy ýadyma salamda döreýän duýgunu men hiç bir zadyň hasabyna ýazyp biljek däldim. Ol gyz düýşden bolsyn hyýaldan bolsyn, ýöne oň ýüregimde galdyran yzy ähli düýşlerden we hakykatlardan müň esse ýagty. Ýöne ony indi nirde görjek diýsene? Belki ykbal hem ömrümizde ýekeje gezek şeýle mümkinçilik berýändir?

Bolan zatlardan soň 3 aý geçdi, ejem meň bilen ýaman mähirli gürleşip başlady, ýöne oň mähri tutuşlygyna ýasamady, galpdy. Ejemde günä ýok, ol meni söýenok we ýüregine erk edip bilenok. Maňa ýakymly sözler aýtjak bolanda welin hasda ýigrenji bir zat bolýar. Birni gowy görmeýän bolsaň hiç wagt özüňi mežbur etmeli däl, men bu hakykata soň düşündim. Meň bilen özini öz ýüregine görä alyp barany üçin ejeme sag bolsyn aýtmaly. Eger ol ýasama duýgular bilen meni aldan bolsa men has hem gaty görjek ekenim. Gepiň gysgasy şol ýagdaýdan soň men ejemi bagyşladym we ondan hiç hili artikmaç duýgulary talap etmedim. Talap edeniň bilen diňe galp duýgular çykjakdy, galplyk bolsa entek hiç kimi bagytly etmedi.

Meň bar aladam şol gyz boldy, men diňe şonuň pikirini edýärdim, oň sypatyny göz öňüne getirjek bolýardym. Gyzyň agzan mekdebini ýadyma düşürjek boldym, ýöne mekdebi bileniň bilen hem oň sypatyny men bilemok. Elbetde ol gyz maňa adyny hem familiýasyny aýdypdy, ýöne mekdebine baryp plan atly gyz barmy diýip sorap bolmaza. Eger soraýsaňam men şol diýip biri çykandada oňa näme diýjek? Men şol ýorganyň aşagyndaky oglan diýjekmi? Şol gijä beter gynanýan, ýanymda gyz ýatdy we men samsyk ýaly oňa hiç zat etmedim. Oňa edil aç güjügiň süňke topulşy ýaly topulyp ony gemirmelidim, oň özem garşy däldi, ýaman esse gygyrardy, sypjak bolardy, ýöne çäksiz ýorganyň aşagynda nirä gaçyp gitjek diýsene? Indi beýle mümkünçilik hiç wagt gabat gelmez.
Köp wagt oýlanyp men belli bir karara geldim. Men gyza nähili ýagdaýda duşdum? Elbetde öz janyma kast etjek bolan wagtym. Indi gyza ýene duşmak üçin bar zady ýene täzeden gaýtalamaly. Ýene täzeden öýkenleri şemallatmaly we ýene täzeden kellä poket geýmeli. Öňki paket bilen rezini men gaýdyp görmedim, ejem ýygnan bolmaly, ýöne ol zatlara gytçylyk barmy diýsene? Soňy bir hepde bäri men ýene ýeke ýatyp başaldym, bolmasa bolan zatlardan soň meni ýeke ýatyranokdylar, men bar zady gaýtlar öýdüp gorkýandylarda? Dogry gorkýan ekenler, sebäbi men gaýtalamagy ýüregime düwdüm, ýöne özüm üçin däl, diňe şol gyz üçin, şol gyzy görmek üçin. Şu gün agşam eýgytly gije, men ýene şol içki jaýda, iki sany halyny kakam ogurlaýmasyn diýip garawullap ýatyrayn we ýene ýanymda rezin bilen paket bar. Men ýene öýkenlerimi şemalladyp kelläme paket geýmekçi. Şeýlede etdim. Ýöne meň ölmegimem mümkin? Eger birden men gyzy görmän öläýsem Älemiň ýaradyjysy, senden ullakan bir haýşdym bar. Sen 18 müň älem ýasapsyň diýýärler. Eger şeýle bolsa meniň üçin ýenede birje älem ýasa. Goý şol älemde bar zat edil meň isleýşim ýaly bolsyn. Men ölesim gelenok, ýenede şol gyzy birje gezek görmän ölesim gelenok.

04.06.19 ý

Rahman Zulfikarow
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 760 | Добавил: Awtor | Теги: Ene hakda. | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

Berlinyň eteginde (1-nji bölek).
Mämmet.
Jeza (antiutopiýa).
"X" näbellilik nyşany hökmünde.
Penjireden giren aýal, (ene hakda).
QAnon hereketi we Adrenahrom.
Nastolgiýa / fantastiki hekaýa.
Aň, hoş gal indi!.
Içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol (Oçerk).
Azazylyň hatlary (Fantastiki hekaya).

Ähli teswirler: 1
1 Akmyradowa   [Материал]
Hany awtor bn tanshyp bolmazmyka

Имя *:
Email *:
Код *: