07:21
Mämmet

Mämmet hiç zat eşdenokdy, oň hamala gulaklary gapylan ýalydy. Ol çaltlyk bilen öz eşiklerini ýygnaýardy. Ol torbaň içine bir iki sany jorap bilen içgi geýim salypdy. Gapyň ýanynda bolsa Mämmediň aýaly bir zatlar diýip gargynýardy. Mämmet ol aýaldan ýadapdy, ol öýden gitjek bolýardy, eýýäm 3-nji gezek. Mämmet nirä barýanyny özi bilenokdy, edil şu wagt ýanyna goşlaryňy alyp gapydan ätlemelidi, soňky zatlary bolsa bir Hudaý bilýärdi. Ýüreginiň iň çüň ýerinde Mämmet özüniň saklanmagyny isleýärdi, kimdir biri oňa dur diýmelidi. Seň oýun etmeýäniňi düşündik, Mämmet dur diýmelidi, ýöne beýle adam daş töwerekde ýokdy. Daş töwerekde bar adam, diňe Mämmedi gižželeýärdi, hamala oň çaltyrak öýden giderini isleýän ýaly? Eýýäm Mämmediň iki sany çagasy hem öýe gelipdi, 13 ýaşly oglanjyk bilen 9 ýaşly gyzjagaz. Olaryň ikisi hem gözlerine ýaş aýlap, howlukmaç goşlaryny ýygnaýan kakalaryna seredip durdylar. Kaka bolsa torbasyna pasportyny salyp durdy, ýa-da başga bir zadyny? Mämmediň goşy känbir agyr çykmady, 14 ýyl bile ýaşalan durmuşdan Mämmediň goşy birje ýan torba sygýard. Mämmet ýantorbany egnine atyp gapa tarap ýöredi, kellede Bokurdak diýen ýere pyýada ýöräp gitmeli diýen pikir bir ýerlerden döräpdi. Gapyň agzyny Mämmediň aýaly tutdy, ol Mämmedi göýbermek nýetinde ýokdy. Mämmet bir iki gezek duýdyryş berdi, ýöne aýal gapydan aýrylmady. Aýal gapyny gurup gulpy bir ýerlerik gizledi. Mämmet hiç zat gürlemäň elindäki torbany haýaljakdan ýere goýup, çep eli bilen aýalynyň ýakasyndan tutdy we sag eli bilen aýalyny urdy. Ýumruk degmeli ýerine degmedi aýalyň gulagynyň ýanyndan tyrpyp geçdi. Mämmet hiç haçan beýle zat edip görmändi, ol asla ýatsa tursa aýaly urup bolýandyr öýdüp pikir hem edenokdy. Ýöne gahar kella ursa adamdan her dürli zatlara garaşyp boljak eken. Mämmet ýene bir gezek elini galgatdy, ýöne ýetişmedi, sebäbi Mämmediň ogly oň bilinden tutup ony gyra itdi. Mämmet aýalyna täzeden topyldy, ýöne ogly oň öňünde böwet boldy. Bar ýogy 13 ýaşly oglan nädip özünde beýle güýç kuwat tapany belli däldi, ýöne ol Mämmedi öz ejesiniň ýanyna göýbermedi. Mämmet oglunyň gözlerine seretdi, ol ýerde birje pikir hem ýokdy, ol gözler boşdy. Mämmet bar zada düşündi, oň ogluny dolandyrýan güýç adam aňyndan daşdady, Mämmet oglyny gapdala zyňjak boldy, ýöne güýji ýetmedi. Oglan öz hereketlerine doly düşünmä, ejesini howupdan halas edýärdi. Mundan 2-3 ýyl öň Mämmet oýun edip aýalynyň ir ýerini çümmükläpdy, aýaly bolsa şonda belet sesli gülüpdi, ýa-da gygyrypdy? Şonda olaryň ogly bir ýerden atylyp çykyp Mämmediň elini öz ejesinden aýyrypdy, oglan näme edenini özi doly düşünenokdy. Edil şu wagt hem şeýle ýagdaý bolup durdy, Mämmediň ogly hamala ýangyndan adamlary halas edýän gahryman ýaly pikirlenmän hereket edýärdi. Mämmet ýene bir iki gezek aýalyna ýetjek bolyp synanşdy, ýöne başa barmady, a haçanda aýal ine ine ele düşen ýaly boluberende bir ýerden olaryň 9 ýaşly gyzy peýda bolup, olaryň arasynda durýary. Bu dawwaň näçe uzaga gidenini hiç kim bilenokdy, Mämmet birden bar ymtylmalaryny goýdyda edil dällirän ýaly güldi. Soň iki elini ýokaryk galdyrdyda gapdala çekildi. Geň ýeri oň oglunyň gözlerinde ýekeje damjada göz ýaş ýokdy. Mämmet bolsa 13 ýaşynda şeýle dawwa duşan bolsa hökman aglardy.

 

Mämmet barybir öýden çykyp gitdi, ol penjireden çykyp gitdi, dogrusy ol ýany bilen ýantorbany alyp bilmändi, ýöne onsyz hem oňyp boljakdy. Mämmediň yzyndan hiç kim yglamady, belkide oň aýaly köçede sahna gurnamakdan utanandyr? Mämmet çalt talt ädimler bilen uly ýola çykdy, ol derýaň başyna barasy gelýärdi, näme üçindir ol uly suwy göresi geldi, uly suw ony köşeşdirmelid, ýa-da ýanyp duran ot gerekdi, wah, Mämmediň ýanynda otly çöp ýokdy, ol çilim hem çekenokdy. Edil şu wagt iň gowy çykalga derýaň başynda ot ýakmak boljakdy, ýöne ody nirden aljak diýsene? Ot ýok bolsada Mämmet ýylgynlyyň içi bilen suwyň gapdalyna golaýlaşdy, oň kellesinde bir pikir bardy, ol bir zada düşünmelidi, emma hiç düşünesi gelenokdy. Ol edil şu wagt öz öýünde bir zadyň şaýady bolupdy we şol zatdan dogry netje çykarmalydy, çykarmak üçin bolsa rahatlyk gerekdi. Mämmet Bokurdaga tarap ýöremegi goýbolsun etdi. Ol bir iki sagat suwuň başynda oturyp yzyna dolanyp gelmekçidi. Ýöne oň ogly bolan zatlardan soň öz kakasynyň ýüzüne nädip seretmelidi? Mämmedi dürli pikirler eýeleýärdi.

 

Mämmet suwuň başyna geçip çökdi, ol geýimlerini alada edenokdy, yzyna dolansa ony aýaly gowja edip arasalajakdy. Mämmet akýan suwa seretdide oýlandy. Ol öz çagalyk döwürlerini ýatlady, ol hem bir mahallar öz ogly ýaly oglanjykdy. Ýöne Mämmediň kakasy oň özi ýaly adam däldi. Mämmediň kakasy Mämmet kiçi wagty öýden gidipdi, ýöne Mämmet ol wagtlar näçe ýaşyndady oň eýýäm ýadynda ýokdy. Soň oň kakasy bir ýerlerden ýene täzeden peýda bolupdy we olaryň durmuşyny dowzaha öwrüpdi. Mämmediň kakasy Mämmediň ejesini urýardy, Mämmät bolsa bir ýerlerde gizlenip aglaýardy. Ol çaltrak ulanasy gelýärdi, öz kakasyndan ejesini goramak üçin, iň soňunda Mämmet ulandam, emma öz ejesini gorap bilmedi. Öz ejizligi üçin Mämmet özüni ähli zatdan beter ýigrenýärdi. Ol öz kakasyny mydama ýazgarýardy, ony ýigrenýärdi, ol kakasyna düşünip bilenokdy. Indem ençeme ýyllardan soň, Mämmet öz kakasynyň eden ýalňyşlarynyň barsyny bolmasada, ýarsyny gaýtalapdy. Mämmet akyp barýan suwa seredip güldi, emma oň gözlerinde ýaş bardy. Ol öz ogluny ýatlap şatlandy. Oň ogly öz ejesini gorady, emmä Mämmet ençeme ýyllar mundan öň muny başarmady, ol özünde güýç kuwwat tapmandy, indem welin Hudaý oňa güýç kuwwady bir nesil aşanyndan soň beripdi. Bar zat düşnükli ýaly bolsada Mämmet bir zada düşünenokdy, Hudaý Mämmediň eden arzuwlaryny oň çagalarynda amala aşyrýarmy? Ýa-da Mämmedi öz kakasynyň ýerinde goýyp, kakasyny ýazgarmaz ýaly etjek bolýarmy? Iki pikir hem dogry, Mämmet karara geldi. Sen meň dilän ähli zadymy berýäň, ýöne şol bir bada maňa şol zadyň gerekdäldigini düşündirýäň, -Mämmet boşlyga pyşyrdady.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 734 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 3.3/ 3

Başga hekaýalar

Piramida (fantastiki hekaýa).
Altyn goşun.
Teleportasyýa Kerimi Kuranda.
Ýorgan (mistiki hekaýa).
Ägirdiň aýasynda (garalama waryýant).
Äjit-Mäjit.
Google (fantastiki powest).
Googlyň gelejegi.
Manadyň başdan geçirenleri.
Hudaýdan gorkaý adam hiç zatdan gorkanok. Hudaýdan gorkmanaý ähli zatdan gorkýar..

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: