00:02
Teňňe (esse)

Syýatçylaryň bir däp dessury bar, eger syýahata barylan şähere ýene bir gezek gaýdyp gelesiň gelse, onda çüwdürime ýeňsän durup,  ol ýere egniň üstinden bir teňňäni zyňmaly we dileg etmeli. Bu yrymy biz kinofilimlerde ençeme gezek tomaşa eden bolsak gerek? Ýöne bu yrym däl, bu zatlar dogaň bir görnüşi, zyňylýan teňňe arwahdyr jynlar üçin töleg. Şeýle dogaň kömegine men 2 gezek ýüz tutmaly boldym, ilkinji gezek ýüz tutamda 2016-njy ýyldy. Şol ýyl ýakyn tanyşlardan bir adam, gazly suw çykyrýan seh satyn alypdy we suw bazara girmäge synanşýardy, men ol adama kömek edýärdim. Wagt täze ýyl baýramyna golaýdy, adamlar aklyndan azaşan ýaly, bazarlardan, ähli harytlary syryp-süpürýärdiler. Meň tanyş diýýäm adamyn, şol akyma goşuljak bolup, öz suw sehyny gije gündiz diýen ýaly işledýärdi. Ýöne ol adam, ilkinji ýyl işläni üçin, entek känbir maýa goýumy bolmansoň, öz ýakyn tanyşlarynyň barsyny kömege çagyrdy. Men we ýene bir näçe sany oglanlar, suw çykarýan konweýeriň daşyna geçipdik. Meň özüm bloklanan suwlary, paledyň üstine basýardym. Beýle iş sagat irden 8-den, agşam sagat 12-ä çenli dowam edip bilýärdi. Täze ýyl baýramçylygyna 10-15 gün galsada, meni beýle iş eýýäm ýadadypdy. Ol tanşyma bolsa, gönümel kömek etmekden boýun gaçyryp boljak däldi. Sebäbi ol adam meň özüme diýseň kän kömek edipdi. Hiç kimiň göwnüne degmän, beýle işden sypmagyň alajyny gözlemelidi, gözlegler uzaga gitmedi. Arwahdyr jynlara töleg etmeli diýen pikir bir ýerlerden källä geldi. Men suw çykarýan sehiň içinde bir manat kagyz pul goýdym. Meni şu sehdan daşyna zyňar ýaly, arwahdyr jynlar üçin töleg, ýöne hiç kim meň tölegimi almady, sebäbi men sehyň daşynda başga bir, bir manat tapdym. Men bir bada, meň pulumyň yzyna gaýtarlanyna düşündim, sehiň ýene bir ýerinde täzeden bir manat galdyrdym, emma günortanlyk naharyna öýe baramda, oglum öňümden eli bir manatly çykdy. Oglum ol puly ýerden tapanyny aýtdy. Şonda men kagyz pulyň kabul edilmeýänine göz ýetirdim. Şol bada källä teňňeler geldi. Men şol bada kisämden iki sany 20 teňňe çykaryp, gezekli gezegine egnimden zyňdym, we gaýdyp şol suw çykýan seha gaýdyp barmaýyn diýdim. Şol gün bir näçe sagatdan soň maňa ýaramaz habar geldi: Meň 23 ýaşly dogan-oglanym insult geçiripdir we koma düşüpdir. Ol oglan bir näçe günden soň aradan çykdy. Täze ýyl güni ol oglanyň 7-si günine düşdi. Elbetde men gaýdyp suw sehyna barmadym, ýöne dogrysy öýdede otyryp bilmedim. Doganoglanyň 7-si geçinçä olaryň öýünde boldym, ol komada wagty hem, keselhanaň agzynda oturdyk. Garaz teňňeli doga örän güýçli işledi. Dogrysy bolan zatlaryň barsyny, men tötänligiň hasabyna ýazardym, emma şu ýyl, men ýene şol dogan güýjini barlap görmeli boldym. Soňky döwürler men doga diýen zada aňsat ýüz tutamokdym, sebäbi doga diýen zat, arwahdyr jynlaryň işidi, doga adamy Hudaýdan daş düşürýär. Ýöne barybir aram aram çykgynsyz ýagdaýlar bolýar. Mysal üçin şu ýyl bolşy ýaly. Durmuşda maňa diýseň uly kömek eden adamlar bar, men ol adamlaryň haýyştlaryna ýok diýip jogap berip bilmok. Şeýle adamlaryň biri, şu ýyl tomus, garagumyň jümmişine zyýarata barýardy we meni ýany bilen alyp gitmegi meýil edinýärdi. Dogrysy ýakyn adamlardan köpüsi, näme üçindir meni ýola ýuldaş tutunmagy gowy görýärler? Men "ýok" diýip jogap berip bilemok, emma çölüň içinde, bir hepdeläp suwsyz we toksyz ýaşamak hem meni begendirenokdy. Ençeme ýyllardan soň meň ýene ýadyma şol teňňeli doga düşdi, ýöne bu gezek men azajyk akyllanypdym, men dogany edemde kömegi diňe Beýik Allahdan soraýardym. Ýöne dogany entek azajyk ir amala aşyrýanymam bilýärdim, ol dogany gidişligiň öň syrasynda etmelidi, men bolsa näme üçindir howlukdym. Guma gitmäge takmynan 8-9 gün galanda, öz gapymda durup, elime 50 teňňe alyp, ony ýeňsämden zyňyp göýberdimde, Allajan maňa öýden bytnap bilmez ýaly kömet et diýdim. Soň aradan bir näçe gün geçdi we meň bilen guma zyýarata gitmeli adamyň oglan jigsi awto-heläkçilige uçrady we şol guma gitmeli maşyny weýran etdi. Elbetde gum ýatdan çykdy, indi ol tanşymyň başga aladalary bardy.

Teňňeli doga 2-nji gezek işledi, şol sebäpden tötänden gabat gelme diýen zady aradan aýyrmaly boldy. Öňler men, zyňylan teňňeler gysganç arwah jynlar üçin tölegdir diýip pikir edýärdim, ýöne jynlarda we arwahlarda beýle işleri amala aşyrmana güýç kuwwat ýok. Jynlar meni bir ýerde baglamak üçin, hiç kimiň janyny alyp bilmeýärler. Awto-heläkçilikde-de meň dahylly ýerim ýok, bolan zatlaryň barsy, edil tötänlik ýaly bolup geçdi. Şeýle işleri diňe Beýik Ýaradyjy amala aşyryp bilýär, örän inçe tötänlikleri. 

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 110 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 0.0/ 0

Başga hekaýalar

Milli ideýa.
Çagalaryň özüňden bolar ýaly näme etmeli?.
Hakyky Asman (makala).
Aň, hoş gal indi!.
Kärhana "Arzuw" (söýgi hakynda).
Kuran 22:2.
Ägirdiň aýasynda (garalama waryýant).
Kerimi Kuran edebiýat eseri hökmünde.
Berlinyň eteginde (2-nji bölek).
Berlinyň eteginde (1-nji bölek).

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: