15:03
Nastolgiýa / fantastiki hekaýa

Her kim öz önüp ösen ýerini küýseýär, şol ýerik gaýdyp gelesi gelýär, men hem şeýle. Biziň ýurdymyzdan daşary ýurtlara baky göçüp giden adamlar bar, ana şol adamlar ençeme ýyllardan soň, öz köçeleriniň we öýleriniň, wideo ýazgylaryny göresleri gelýärler. Belkem ol duýga nastolgiýa duýgusy diýilýändir? Men bilemok. Nähili diýilýän bolsada bolsyn, ýöne örän girdeýjili duýgy, sebäbi meň özim hakyny töleseler köçeleriň we öýleriň wideo ýazgysyny düşürýän we internediň üstinden ugradýan. Esasanda maňa uly ýaşly adamlar ýüz tutýarlar, ömrüni aşgabatda ýaşan we ýaşynyň soňunda daşary ýurtlara göçüp giden adamlar. Aşgabat adam bedenlerini göýbersede, olaryň ruhlaryny göýbermeýän bolmalyda? Dogrymy aýtsam aýda bir iki sany buýrma alýan: 

—Plan köçede, plan salgyda biziň öýümiz bar, şol ýerleri gowja edip wideo ýazgy edip beräýiň. 

Käbir adamlar bolsa öz ýaşan kwartiralarynyň gapysyny kakmagy hem haýyş edýärler, elbetde men gapyny kakýan, ol ýerde bolsa eýýäm başga maşgala ýaşaýar, men samsyklyga salyp, olardan jaýyň köne eýelerini soraýan:

—Olaryň jaýy satyp russiýa göçenine eýýäm 5 ýyl boldy, —diýýärler öýüň täze eýeleri.

Men bolsa bar zady bildirtmän telefonyň kamerasyna ýazyp otyryn. Kameraň burjyna öýüň içiniň birje künji düşäýse, meň müşderilerim diýseň begenýärler. Hamala geçmişe gaýdyp baran ýaly? Gapy kakma hyzmaty üçin men tölegi aýratyn alýan. Ondan başga has geň haýyştlar hem bolýar. Käbir adamlar ýurtdan göçüp gitmäkäler, şol bir edarada 30-40 ýyllap işlän ekenler. Onsoň şeýle adamlar öz Aşgabatdaky öýlerinden, öz iş ýerlerine çenle wideo ýazgy etmegi haýyşt edýärler. Men bar zat hakykada ýakyn bolar ýaly, irden sagat 7-de ýola düşýän we gizlinlikde wideo ýazgy edýän. Awtobusa münýän, pyýada ýöreýän we müşderiň diýýän edarasynyň agzyna çenli wideo ýazýan. Käbir edaralarda bolsa, müşderiniň işläp giden iş otagyna çenli ýazgy edip bolýar. Aşgabady beýle küýseýän bolsaňyz, ony nire taşlap gitdiňiz diýsene? —Sorasym gelýä men? Ýöne müşderiler bilen gödek gürleşip bolanokda. Sebäbi her bir müşderi, maňa 10 sany täze müşderi getirýär. Adamlar şeýle hyzmatyň bardygyny birek birege aýtýan bolmalyda? Dogrymy aýtsam, meň özüm hem şeýle hyzmat üçin gowja tölärdim, eger kimde kim aşgabatdaky meň köne ýaşan köçämi wideo ýazgy edip bilse. Ýöne bu eýýäm mümkin däl, sebäbi meň dogulan we önüp ösen köçäm bir eýýäm ýykylan, soňky 10 ýyl bäri ol ýeri ýok. Men aşgabatda ýaşasamda, öz öýmüze indi gaýdyp bilemok. Meň kalbym, ýurtdan baky göçüp gidenleriňkiden gowy däl. Eger asmanda bir ýerlerde Hudaý bar bolsa we jennet we dowzah barada aýdylýan zatlaryň barsy çyn bolsa, birden men jennete düşsem, men Hudaýa aýdaryn. Meň çagalykda ýaşan ýerimi dikelt, goý ol ýerde bar zat meň mekdepde okan döwrümdäki ýaly bolsyn, bar goňşylary hem gaýdyp getir. Eger goňşylardan kimdir biri dowzaha düşen bolsa, ýa-da gelesi gelmese, oň özine meňzeş etde nusgasyny ýasa, ýa-da şoňa meňzeş etde android robot ýasa, maňa parhy ýok, ýöne meni geçmişe gaýdyp geler ýaly et. Bu pikirleriň barsy içgili adamyň oýlanmalary. Geçmişi hiç kim yzyna gaýtaryp getirip bilmez, geçen zat geçdi. Hatda Hudaý hem öz jennedini näçe öwse öwübersin, ol ýerde maňa gerek zat bardyr öýdemok? Öz agzan gazanjymyň barsyny, men aragyn syrtyndan geçirýän. Içen wagtym bolsa köne öýmüz ýadyma düşýär. Goňşylaryň her birini bir ýerden çykardylar, şäherde tötänden gabat geläýmeseň, ýörüteläp duşjak gümanyň ýok. Garaz döwülen bulgyry, yzyna ýagnap bolanok. Şu gün hem men diýseň içgili, aýak üstinde zordan duryn diýseň hem bolýa. Kafedan çykyp, yraň jyraň bolup, zordan köçä çykýanda taksy saklaýan. Özim bolsa durman kisämdäki telefonymy barlaýan. Sebäbi arada içgili kellä telefonymy ýitirip görüpdim. Taksyst saklanýar we men maşyna münýän. Nireden kellä gelenini bilemok, ýöne men öz köne salgymy aýdýan. Taksyst hiç zat gürlemän ugraýar. Men aýdan köçäm eýýäm hiç ýerde ýok, ol ýerde uly seýilgäh bar, ýöne taksist oglan barybyr şol ugra sürýär, mende bolsa eýýäm pikirlenmäge hiç hili ysgyn ýok. Men başymy ýere sallaýanda gözlerimi ýumýan. Gulagyma elhenç ses eşdilýär, hamala maşyn saklanyp bilmän tormuza münýän ýaly? Men çala tisginýän we başymy galdyrýan. Biziň barýan maşynymyza hiç zat bolmadyk bolsa bolýar? Şol bada källä samsyk pikirler gelýär, awto heläkçilikde, serhoş adamlara köplenç hiç zat bolanok. Sebäbi serhoş adamyň bedeni gowşak bolýar we oňa zeper ýetenok. Huşy ýerinde adamyň bedeni heläkçiligiň öň ýanynda beter gatap ýetişýä we oň süňkleri weýran bolýa.

—Bar zat gowmy, —men taksistdan soraýan. Ol bolsa meň soragyma, öz soragy bilen jogap berýär.

—Köçeden saga girmelimi ýa-da çepe girmeli?

—Çepe, —diýip men köne endige görä jogap berýän. Soň bolsa öz köne jaýymyzy tanap, taksista şu ýerde sakla diýýän.

Taksist saklaýar, men bolsa gözlerime ynanamok. Şol garaňkyja köçe we şol köneje öý. Men taksysta bermelsinden 2 esse köp pul töleýän, ol bolsa meň uzadan pulymy örän geň galyp synlaýar we kisesinden başga pullary çykaryp, meň beren pulym bilen deňeşdirip başlaýar. Taksistiň elindäki pullaryň aýlanşykdan aýrylanna eýýäm 15 ýyl bolupdy.

—Pul haçan çalşyp ýetişdi, —taksist menden soraýar, ýa-da elindäki pullardan?

Maňa welin eýýäm hiç zadyň parhy ýok, men eýýäm bir aýagymy maşyndam düşürdim. Bir wagt ölen garry köpegimiz guýrygyny bulap meň ýanyma gelýär. Jaýyň kölegesinde bolsa, meň bir mahallar ýogalan kakam otyr.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 158 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Hakyky adalat biz (20.01.19 üýtgedildi).
Nastolgiýa / fantastiki hekaýa.
Maýsa / hekaýa.
Işanym (dini hekaýa).
Gymmatlyklar basgançagy.
Näme üçin ýer titreýär?.
Mämmet.
Biwepa.
Täzelenen.
Kyýamat —ölümden soň bize näme garaşýar?.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: