22:29
"Köşeş" programmasy (esse)

Bir gyzyň pikirleri meň içimden parran geçýär, men sandyrap başlaýan, meni der basýar. Ýene bir iki minut we men gyza ýapyşaryn we ony öpüp başlaryn. Az salymdan men düşünýän, bu pikirleriň hiç biri meňki däl, bu gyzyň öz pikirleri.

 

—Göwnüme bolmasa men başga adamlaryň pikirlerini duýýan, —diýýän men.

 

—Onsoň sen näme duýýaň? —Gyz azajyk aljyrap soraýar.

 

—Seň näme isleýäniňi duýýan, —diýýän men.

 

Gyz hiç zat jogap berenok we menden doly ýapylýar, ýöne barybir aram aram oň pikirleri maňa ýetýär. Gyz menden gaty görýär, ýa-da meni ýigrenýär? Bolýa, —diýýän men öz özüme, bu gün boş geçdi. Ertir agşam men seň ýanyňa gelerin we sen näme isleýän bolsaň seň bilen şony hem ederin.

 

—Sen menden ýapyldyňmy? —Soraýan men.

 

Gyz maňa düşünýär, ol gyz jadygöý. Aslynda gyzlaryň barsy azajyk jadygöý. Gyz hiç zat jogap berenok we ýenede açylýar. Men gözlerimi ýumýan we ýenede oň pikirlerini tutup başlaýan. Gyza şu gün bir zat bolýar, ýa-da maňa bir zat bolýar, ýa-da biziň ikimizede bilelikde? Zyýany ýok, ertir agşam biziň ikimiziň aramyzda hökman bir zat bolup geçäýmeli diýýän men, öz özüme. Agşam düşýär, biz öýmüze gaýtmaly bolýas. Biziň ýollarymyz aýry, ol çepe, men saga. Netijede men öýe gaýdyp bilemok, täsin tötänliklere görä men sowukda 2 sagat durmaly bolýan. Örän samsyk sebäpler meni köçede daňyp goýýar, meň ýeke özümi. Meň el aýagym gowja üşeýär. Men näme üçin sowukda galanymy bilýän, näme üçin şu gün sowukda galanymy? Bu meň programmam, ol programmaň ady "Köşeş" ýa-da "Sowaş". Bu programma gyş paslynda işlände men oňa "Sowaş" programmasy diýýän. Men köpden bäri bir zada üns berýän, egerde men bir samsyklyk etjek bolsam şol bada "Köşeş" programmasy işläp başlaýar. Täsin tötänliklere görä men bir ýerlerde ýeke özüm galýan we ol ýerik ne awtobuz barýar, ne-de taksy. Şeýle ýol bilen meni köşeşdirjek bolýarlar. Belki-de kim seni köşeşdirjek bolýar diýip sorarsyň? Kim seni ýaradan bolsa şol hem köşeşdirjek bolýar, başga sen bu tüm jahanda kime gerek diýsene? Şol gyza bolan jynsy islegim ýerlikli däl, şol sebäpden "Köşeş" programmasy ýene bir gezek işledi. Elbetde programmaň işlänine garamazdan men ol gyz bilen zyna edip bilerdim, ýöne beýle etsem has zabun programmalar aýaga galardy. Mysal üçin jynsy keselleri işledýän programmalar? Iň birinji ädimlerde programmalaryň iň rehimdary işläp başlaýar. Eger adam ol programmalara düşünmese, ýa-da düşünmedik syrasa, has zabun programmalar aýaga galýar. 2 sagat aýazda galmak "Köşeş" programmaň iň birinji basganjagy. Soňky basganjaklara dogrymy aýtsam men entek ýetip göremok. Elbetde ol programma işlemese işemezdi, eger meň gyza bolan islegim ýürekden bolan bolsa? Ýöne meni diňe iç gysgynçlyk bilen adaty bilesi geljilik öňe itekleýärdi.

 

Ertesi gün agşam biz gyz bilen ýene duşuşdyk.

 

—Sen düýn agşam öýňüze gaýdyp bildiňmi? —Gyz menden sorady.

 

—Ýok, 2 sagat köçede galdym, —diýdim men.

 

—Nähili geň ýagdaý, men hem şeýle boldum, —diýdi gyz. —Ýoldaşymyň maşyny döwüldi, şonuň üçin yzymdan gelip bilmedi, awtobuz hem gelmedi, men iň soňunda bir sagat garaşyp taksy saklamaly boldum.

 

—Bu "Köşeş" programma işledi, —diýdim men, ýylgyryp. —Bir güýç seni menden goraýar, meni azajyk sowukda saklap senden sowatjak bolýar.

 

Gyz meň jogabyma gülýär, ol meň mäme diýýänime düşünýär.

 

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 211 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Aň, hoş gal indi!.
Piramida (fantastiki hekaýa).
139-njy tussag.
Teňňe (esse).
Mollanepes teatrynda (t.
10 ýyl türmede....
Ahmediň ölümi.
"Köşeş" programmasy (esse).
Iň agyr günä / esse.
Nastolgiýa / fantastiki hekaýa.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: