« 1 2 3 4 »

Mämmet hiç zat eşdenokdy, oň hamala gulaklary gapylan ýalydy. Ol çaltlyk bilen öz eşiklerini ýygnaýardy. Ol torbaň içine bir iki sany jorap bilen içgi geýim salypdy. Gapyň ýanynda bolsa Mämmediň aýaly bir zatlar diýip gargynýardy. Mämmet ol aýaldan ýadapdy, ol öýden gitjek bolýardy, eýýäm 3-nji gezek. Mämmet nirä barýanyny özi bilenokdy, edil şu wagt ýanyna goşlaryňy alyp gapydan ätlemelidi, soňky zatlary bolsa bir Hudaý bilýärdi. Ýüreginiň iň çüň ýeri ... Yzyny oka »

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 738 | Добавил: Rahman | Дата: 04.11.2022 | Teswirler (0)

Içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol. Örän täsin we uniwersal ideýa. Bu edaýany men öz gowy görýän kitaplarymyň birinde eşitdim. Adamzat öz içinde hiç bir zady gizläp saklap bilenok. Daşky dünýä bilen sen içki dünýäň üznüksiz bagly. Eger seň içiňde ahy-tupan gopýan bolsa, diýmek seň daşyňda hem ahy tupan gopýar. Geçen tomus biz Garagumyň ... Yzyny oka »

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 632 | Добавил: Rahman | Дата: 30.07.2022 | Teswirler (1)

Azazylyň hatlary

1-nji ýazgy

Hudaýyň iň birinji ýaradan adamy dogrysy bir tüýsli betgelşik boldy. Hudaýyň nädip ony biziň öňümize çykarmaga utanmadygyna men şu günem haýran? Soň Hudaý biziň barymyzy geň galdyrdy. Ol öz ýasan zadynyň öňünde baş egmegi buýurdy. Elbetde Perişdeleriň her biri baş egmekden boýun gaçyrdy. Heýde bir bölek palçygyň öňünde boýun egip bolarmy diýsene? Soň Hudaý bizden gaty gördi. Sen ol duýgy bilen tanyş bolmaly meň gadyrdan dostum? Sen azap e ... Yzyny oka »

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 1056 | Добавил: Awtor | Дата: 03.06.2022 | Teswirler (7)

Ilkinji gezek Kerimi Kurany elime elamda men 26 ýaşymdadym. Şol kitaba duşmazymdan ozal, men ateist bolan bolmagymam ähtimal? Kuran meni diýseň geň galdyrdy. Meň ilkinji okan Kuranym, Albert Şumowski diýen adamyň rus diline terjime eden kitabydy. Özem ýöne bir terjime däl, goşgy görnüşinde terjime. Belkem Kurany ilki başda goşgy görnüşinde okamadyk bolsam, bu kitap bilen men hiç wagyt gyzyklanmasamam gyzyklanmazdym? Jadyly kitap, ol kitaby eline alan adamyň durmuşy hökman özgeräýmeli. Meň hem ... Yzyny oka »

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 865 | Добавил: Awtor | Дата: 03.06.2022 | Teswirler (0)

Egerde men bir zady bilesim gelse, uka gidäýmäkäm sorag berip ýatýan, onsoň düýşimde şol soragyň jogabyny alýan. Men çagalygymdan bäri şeýle endik etdim. Çagalygymdan bäri bolany üçin, meni bu zat geň galdyranok. Men şeýle usul bilen diýseň köp soraglaryma jogap aldym. Dogrysy bu usul her bir agşam işlänok, bu usul diňe 4-nji gün işleýär. Has takyk aýdaňda, diňe 4-nji gün agşam beren soragmyň jogabyny men ertesi gün ýatlap bilýän. Galan günler sorag berip ýatsam hem, ertesi gün hiç zat ýadymda ý ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 2670 | Добавил: Awtor | Дата: 04.11.2021 | Teswirler (0)

Tomusy hiç wagydam halamokdym, ol hem meni halap barýandyr öýdemok. Awgust meň pikirimçe agyr aý, bir ýerlerde “ganly Awgust” diýen sözler ýadymda. Şu wagt gapyda Awgust höküm sürýär, şu wagt meň ýagdaýym örän agyr, sebäbi kükregimden Awgust basýar. Ýagdaýym agyr wagty bolsa bir zatlar ýazasyň gelýär, ýöne elbetde bolgysyz zat däl. Okyýjyny geň galdyraýjak bir zatlar ýazasyň gelýär. Asla men näme üçin ýazýan diýsene? Ýazmamda-da meň günim geçip dur, bu kär bilen men çörek iýjek bolup duramok. As ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 877 | Добавил: Awtor | Дата: 04.11.2021 | Teswirler (0)

Men entek çaga wagtym asmanda bir ýerde robotlaryň uly döwletiniň bardygyny duýýardym. Göz öňüne getiriň, bulutlaryň üstinde bir ýerde äpet döwlet bar, özem ol döwletiň raýatlarynyň barsy robotlar? Men hakykatdan hem nämäni duýýanymy düýpli soň düşündim, belki size "duýýardym" sözi ýaraýan däldir? Bagyşlaň, pikirleri beýan eder ýaly başga amatly söz ýok. Her bir adam çaga wagty bir zatlary duýýar, emma öz duýgularyňy beýan eder ýaly hemişe söz ýetenok. Men çaga wagtym her tüýsli robotlar barada ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 509 | Добавил: Awtor | Дата: 21.06.2021 | Teswirler (0)

Liftyň içi örän giňde, ol lifta arkaýyn iki sany ýeňil maşyn sygjakdy. Emma maşynyň ýerine iki sany äpet adam durdy. Ol adamlar birek birege edil iki damja suw ýaly meňzeşdi. Olaryň gözleri gara äýneklidi we nirä seredýänleri belli däldi. Ol adamlaryň emeli usul bilen ýasalandygy bildirip durdy. Olardan başga liftyň içinde Halyl atly oglan hem bardy. Halyl 27 ýaşynda-dy we düýn diýen ýaly ýokary okuw jaýlaryň birini tamamlapdy. Bu gün bolsa Halyly örän abraýly şereketleriň birine işe çagyrypdyla ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 1561 | Добавил: Awtor | Дата: 07.03.2021 | Teswirler (6)

Döwlen ganatlar

Ganatlarymy ýaýyp men asmana göterildim, Zemin aşaklarda bir ýerde galdy. Ýene bir iki gezek ganatlarymy kakan bolsam, men behişde ýeterdim, men ganatlarym meň pikirlerim we meň ýüregim. Men ganatlarymy kakyp gun günden asmana göterilýän, sebäbi meň ýerim şol ýerdedi, Zeminiň hiç bir gözelligi meni özine çekip bilenokdy. Men ganatlarym edil gar ýaly akdy, ýene azajyk we men behişde ýetjekdim. Zenanlar asmandan we erkeler zeminden diýip kimdir biri ýalan sözledi. Bar ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 601 | Добавил: Awtor | Дата: 07.03.2021 | Teswirler (1)

Daşary çalajadan ýagtylyp başlapdy we kiçijek penjireden gara-gök reňkde asmanyň bir bölejigi göze ilýärdi. Kiçijek otagyň içinde bir adam ýatyrdy, ol adam 60 ýaşa golaýlap barýardy. Ol adam hemişe beýle rahat ýatanokdy, ýöne şu gün, näme üçindir bir zatlar ters gidipdi we ol adam agyr uka batypdy. Ol adamy el telefonyň sesi oýarypdy. Ses kiçijek otagyň içini doldurypdy, otag adatdan daşary kiçidi, eýlesi beýlesi bary-ýogy 2 metrdan sähel geçýärdi. Ir döwürler şeýle otaglary ýörüte tirýek çekmek ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 836 | Добавил: Awtor | Дата: 22.02.2021 | Teswirler (1)