« 1 2 3 4
Aşakdaky okajak zatlaryňyzy w serýoz kabul etmezligiňizi haýyş edýärin.

Menden size maslahat; eger kitap okamakçy bolsaňyz, eýýäm merhum bolan awtorlaryň kitaplaryny okaň. Bu sözleri men ilkinji gezek öz gowy görýän ýazyjymdan eşitdim. Onuñ beýle sözleri aýtmaga öz ýeterlik sebäpleri bardy. Hamala merhum awtorlary, olaryň eden işleri üçin bagyşlap bolýar. Merhumlar barada ýaramaz gürlemek bolmaýar. Eger merhum diri wagty ýaramaz kitap ýazan bolsa, kim ony ölüminden soňra taňkytlasyn ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 1430 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

—Men hoşlaşmaga geldim, —diýdi aýal.

Has dogrysy aýal däl, aýala meňzeş ýarym kölege. Ol kölegäň içinden penjireden düşýän aýyň şöhleleri parran geçip durdy. Şu gije näme üçindir penjire açyk galypdy. Arassa tötänlikmi, ýa-da kimdir birniň islegi? Ýöne penjire açyk galmadyk bolsa, ol ýerden hiç kim öýe girip bilmezdi.
Aýal edil asmandaky aý ýaly owadandy, hasratly ýaşalan durmuşyň hiç bir alamatlary oň ýüzünde ýokdy.

—Biz seň geljegiňi bilýärdik, —oglanjyk ol aýa ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 419 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

Ýorgan (Mistiki hekaýa)

Nädip durmuşdan kösenmän gitmeli? Bu soraga men jogaby ýaman kän gözledim. Özüňi asmak çykalga däl, sebäbi ýüpden sallanyp duran wagtyň az salymam bolsa ejir çekýäň. Ajal bir bada saňa elini uzadanok. Ondan başgada öziňi asmaň hem öz inçe tilsimleri bar eken. Ýüpiň halkasyny nädogry etseň ol seň boýnyňy doly gysanok we sen aňsat ölümiň ýerine ep esli wagt kösenýäň, janyň çykman sallanyp durýaň. Belkide ölmän diri galmagyňam mümkin. Eger diri galaýsaň durmuşyň ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 766 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (1)

Hekaýa ýa-da oýlanma, tapawudy ýok, doly oýlanyp tapylan we hakyky durmuş bilen gabat gelmeler ýöne bir tötänlik. Din bilen hiç hili gapma-garşylyk ýa-da ugurdaşlyk gözlemäň. Bar zat fantastika. Ýadyňa düşýämi, sen bir mahallar aýaldyň? A men bir mahallar erkekdim.. Indi biz ýöne gaýmalaşyp ýören we göze görünmeýän bir ruhlar bolup galdyk... Alkor - asmanyň iň ýagty ýyldyzy. Şol ýyldyzyň daşyndan sekiz planeta aýlanýar. Planetalaryň biriniň ady Jennet. Biz şol planeta tarap uçyp barýarys. Ol ýy ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 321 | Добавил: Rahman | Дата: 20.12.2020 | Teswirler (0)

Öwez nirä gitjegini bilenokdy, ol eýýäm epesli wagytlap çatrykda durdy. Ýol şu ýerden ikä bölünýärdi. Ýollaryň biri gök diwarly şähere alyp gidýärdi, ýolaryň beýlekisi bolsa gyzyl diwarly şähere alyp gidýärdi. Başga ýol ýokdy. Elbetde yzyňa ýöreseň bolýardy, ýöne yzyňa ýöreseň bar zady täzeden başlap, barybir ýene şu çatryga gelmelidi. Daş töwerekde adam kändi, çatrykda doňyp galan diňe Öweziň özi däldi, ondan başgada iki şäherden haýsysyna sowuljagyny bilmän ýörenler ýetikdi. Adamlar bolsa janl ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 332 | Добавил: Rahman | Дата: 20.12.2020 | Teswirler (0)

1-nji bölüm. Goýnyň içegeleri ýaly egrem-bugram karidorlar bilen sakçylar meni kän ýöretdiler. Meň gözlerim daňykdy, şonyň üçin nirden nirä barýanymy bilemokdym. Kazyýetiň kararyndan soň meni ölim jezasy berilen tussaglaryň saklanýan türmesine geçirmelidiler. Inede geçirdiler, şu ýerde men ömrümiň iň soňkyja günlerini ýaşamalydym. —Dur, —sakçylaryň biri buýryk berdi. Men saklandym. Öňümde elhenç ses edip, demir gapy açyldy. Ýalňyşmasam biz tussag otagyň öňüne gelen bolmaly? Birden burnyma ada ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 487 | Добавил: Rahman | Дата: 19.12.2020 | Teswirler (0)

Howa sowukdy, daşarda Fewral aýy höküm sürýärdi. Eýýäm bir hepde bäri gar sepeleýärdi. Şonuň üçin gurçun reňkli asman öňkisinden has pessaý ýaly bolup görünýärdi. Maýa gelinejäň göwnüne şeýle howada Aşgabadyň üstine äpet alýumin gazan düňderlen ýalydy. Gazanyň aşagyndan çykyp ýetişmedikleriň bary bolsa, Mollanapes tatryň içinde gizlenipdi. Nähili ýürekgysgynç we biderek adamlar? —Maýa gelineje olar barada pikir edýärdi. Tomaşalar wagytlaýynça ýatyrlypdy, onsoňam beýle howada hiç kim teatra gelje ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 341 | Добавил: Awtor | Дата: 19.03.2020 | Teswirler (0)

HUM

Kamar entek daşary ýagtylmanka oýandy. Ýok, ol namaz okanokdy, ol asla Hudaýa-da kän bir ynanyp baranokdy. Kamaryň ir turmagynyň başga bir sebäbi bardy. Daşarda maý aýy höküm sürýärdi, baglarda guşlar saýraýardy, adamler entek örmändi. Köçelerde diňe itler topar topar bolyp ygyp ýördüler, adam-gara görünenokdy. Kamar ilki bilen öz ýatýan jaýyndan köne bir daş çäýnegi maşynyna mündürdi. Eger şu wagt Kamary aýaly gören bolsa hökman edýäniň näme diýip sorardy. Kamaryň hereketleri ö ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 361 | Добавил: Awtor | Дата: 16.08.2018 | Teswirler (0)

Otagyň içi tümdi we çygdy, daşarda ýagyş ýagýardy. Daş töwerekden palçyk bilen öl otlaryň ysy gelýärdi. Giçlik başlan ýagyş entegem diňmändi. Wagyt bolsa eýýäm daňdana ýakyndy. Jemal ýatan ýerinden gymyldaman başyndan sypan ýaglygyny gözläp tapdy, we düwinini çözdi. Täzeden daňmaga taýýarlap epledi, we baş ujynda goýdy. Aýagy bilen itişdirip dyzyndan geçen köýnegini düzetdi, howwa, ol ýerinden turasy gelenokdy. Jemal bir gorkynç düýşden oýanypdy, ýöne düýşinde gören zatlary öldür ýadynda düşeno ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 795 | Добавил: Rahman | Дата: 25.12.2017 | Teswirler (0)