« 1 2 3 4 »
Şu ýyl mekdebi tamamlanmyza 25 ýyl bolýar. Eger nesibämizde bar bolsa klasdaşlar bolup üýşip belläris. Bu zatlaryň işi haýyrla, ýöne meni başga bir zat alada goýýar. Meni klasdaş oglanlaryň biri alada goýýar. Men bir klasdaş oglany köpden bäri göremok. Eger haýsy klasdaşyňy görmeýän bolsaň, bilip goý. Şol klasdaşyň türmededir, —diýip bir dostum aýdypdy. Men şu ýylyň başynda ýatlamalarymy dördüm we klasdaş oglanlardan birini, mekdebi tamamlanymyz bäri entek ýekeje gezek görmedigime göz ýetirdim. ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 1888 | Добавил: Awtor | Дата: 27.12.2020 | Teswirler (2)

Älem hasapçysy (ylmy fantastika hekaýa)

5-nji mekdep, meň okan mekdebim. Okuwy gutaranyma eýýäm 13 ýyl boldy. Gör nähili wagt çalt geçýär? Men bu ýerik gaýdyp gelmezdim, ýöne gaýdyp gelmäge düýpli sebäpler bar. Sebäpler barada adaty adama gürrüň bersem düşinmejegine gözüm ýetýär. Şonuň üçin men bärde, öz tamamlan mekdebimde. Dogrymy aýtsam şonça ýyllardan soň bosagasyndan ätlemegem bir tüýsli. Ol mekdepde eýýäm köp zatlar üýtgäpdir, ýöne köp zatlar edil öňküsi ýaly. Täze ýaş mugally ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 509 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

Bir otagly öýde ýeke özüm ýaşaýan. Menden başga adam ýok. Ýeke bolanym üçin öýde çüw-ýalaňaç gezýän. Meni aram aram penjiräň öňünde ýalaňaç görýän goňşylaryň men barada näme pikir edýänini bilemok. Olar amaňa aklyndan azaşan diýýän bolmaklary mümkim. Olar mamla, men çyndanam aklymdan azşan. Aklymdan azaşan bolanym üçin meni aýalyň taşlap gitdi. Aýalymyň ady Jahan. Men eýýäm 4 ýyl bäri ýalňyz. Jahan gyz meni dünýeden gaýtarjak bolup eýýäm 4 ýyl bäri molladan molla gatnap ýör. Ol gyz meň ölenimi i ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 365 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

Hekeýäň ady göçme manyda däl, guýy hakykatdanam gürleýär, siz muňa özüňiz göz ýetirip bilersiňiz. Süýji suwly guýy, edil obaň ýüreginde. Obaň ady üç guýy, sebäbi ol obada üç sany guýy bar, iki guýy ajy suwly, bir guýy süýji suwly. Guýular bir birinden daşda däl, el uzadaýmaly, ýöne barybir suwlary tapawutly. Biziň wakamyz süýji suwly guýy barada gider. Ajy suwly guýular bize gyzykly däl, ol guýulardan adamlar suw içenoklar, ol guýulardan diňe mal-gara suw berýärler. Süýji suwly guýy adamlar üçin ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 3481 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (1)

Daşgy gapy haýaljakdan açyldy we ol ýerden utanjaň oglanyň kellesi göründi.

–Girmek mümkinmi? –Kelle sorady.

Otagyň eýesi bolsa owadan gyzdy, ol gyzyň sesi hem özi ýaly owadandy. Ol owadan sesi bilen jogap berdi we mähirli ýylgyrdy.

–Dagy näme, hökman giriň.

Çekinjeň oglan çekinjeň ädimler bilen otaga ätledi we daş töweregini synlamaga başlady. Otagyň içi örän owadandy we geňdi. Utanjaň oglan entek beýle otaglarda hiç wagt bolup görmändi.
... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 2258 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

—Sen kim, —ol menden gaty geň galyp sorady.

Ýaňy ölen adama näme jogap berjek? Men Çynar diýdim men. Ol meň jogabyma geň galmady. Şahalarymyň birinde otyryp, ýere seretdi.

—Ýerde ýatan menmi? —sorady ol. Eli bilen bolsa oturguçda ýatan jesedi görkezdi.

—Howwa, —diýdim men. Sen ýaňja diridiň indi, bolsa öli, ýok, öli diýip edil ölem däl, ýöne başgaçarak diri.

Ol meň sözlerime pikirlenjek boldy, ýöne başa barmady, ruhlar pikirlenip bilenoklar, pi ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 538 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

—Işden kowulan Perişde göresiň gelýärmi? —Oraz sorady.

—Işden kowylan Perişde? —men geň galdym.

—Hawa, kowulan Perişde, —Oraz tassyklady.

—Bäh, beýlede däliler bolýamy?

—Bolýan eken dos, —diýdi Oraz. Özim geň galyp otyryn. 8 ýyl bäri işlesemde özine Perişdedir öýdýän näsagy birinji gezek görýän. Özine Şeýtandyr öýdýäni gördük, özine Hudaýdyr öýdýäni gördük. Ýöne işden kowylan Perişdäni göremokdym.

Oraz söziniň soňynda güldi. Gülýän ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 451 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

Uly ýygnaklaryň birinde başlyk agzyny ýumman bir zatlar gürleýärdi. Ýöne ol gürrüňlerden ýygnaga gatnaşýanlara bir gram peýda ýok we bir gyram gyzykly däl. It üýrer Kerwen geçer, —ine ýygnagyň iň esasy lozungy.

Ýygnakda otyran Oraz daş töweregine we gürläp otyran başlyga gezekli gezegine seredýärdi. Ol geň galýardy, oň görýän zadyny diňe özi görýämi, ýa-da başgada görýän barmy? Menden başga görýän ýok bolaýmasa, —pikirlendi Oraz. Sebäbi ýygnak zalyň içinde Orazdan başga başlyga sere ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 313 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

2048 (Absurd hekaýa)

(Hekaýanyň özi we gahrymanlary tutuşlygyna oýlanyp tapylan we real durmuş bilen gabatgelmeleriň bary ýöne bir tötänlik.)

1-nji bölüm

Rahman kabulhanada kän garaşdy, ony çagyrmaga howlyganokdylar. Ol bilýärdi, ony şeýle ýol bilen kösejek bolýardylar. Gowy tarapy kabulhanada owadan gyz otyrdy, diňe şol gyz azajygam bolsa ony güýmeýärdi. Gyzdan ýakymly ys gelýärdi, ýöne başlygyň otagyndan gelýän çilimiň ysy, gyzyň ýakymly ysyny basýardy. G ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 572 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

Prokuror bardy, ýöne ol göze görünenokdy. Ol ýörüte kiçijek otagda, perdäň aňarsynda otyrdy. Oň diňe sesi gelýärdi. Ol şol ýerden kanun bozyjyny aýyplaýardy. Kanuny bozyjy Mämmet entek suda gatnaşyp görmändi, şonuň üçin oňa prokuroryň gizlenmegi bir bada geň bolup göründi. Soň bolsa bar zat öz özünden düşnükli bolan ýalam boldy.

–Kanun-bozujylaryň ar almasyndan çekinýändirdä Prokuror? –Mämmet oýlandy. –Eger şeýle bolsa näme üçin Prokuror ýöne bir ýüzüne nikap dakyp adamlaryň arasyna ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 296 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)