« 1 2 ... 5 6 7 8 »
—Men hoşlaşmaga geldim, —diýdi aýal.

Has dogrysy aýal däl, aýala meňzeş ýarym kölege. Ol kölegäň içinden penjireden düşýän aýyň şöhleleri parran geçip durdy. Şu gije näme üçindir penjire açyk galypdy. Arassa tötänlikmi, ýa-da kimdir birniň islegi? Ýöne penjire açyk galmadyk bolsa, ol ýerden hiç kim öýe girip bilmezdi.
Aýal edil asmandaky aý ýaly owadandy, hasratly ýaşalan durmuşyň hiç bir alamatlary oň ýüzünde ýokdy.

—Biz seň geljegiňi bilýärdik, —oglanjyk ol aýa ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 416 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (0)

Ýorgan (Mistiki hekaýa)

Nädip durmuşdan kösenmän gitmeli? Bu soraga men jogaby ýaman kän gözledim. Özüňi asmak çykalga däl, sebäbi ýüpden sallanyp duran wagtyň az salymam bolsa ejir çekýäň. Ajal bir bada saňa elini uzadanok. Ondan başgada öziňi asmaň hem öz inçe tilsimleri bar eken. Ýüpiň halkasyny nädogry etseň ol seň boýnyňy doly gysanok we sen aňsat ölümiň ýerine ep esli wagt kösenýäň, janyň çykman sallanyp durýaň. Belkide ölmän diri galmagyňam mümkin. Eger diri galaýsaň durmuşyň ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 758 | Добавил: Awtor | Дата: 23.12.2020 | Teswirler (1)

Hekaýa ýa-da oýlanma, tapawudy ýok, doly oýlanyp tapylan we hakyky durmuş bilen gabat gelmeler ýöne bir tötänlik. Din bilen hiç hili gapma-garşylyk ýa-da ugurdaşlyk gözlemäň. Bar zat fantastika. Ýadyňa düşýämi, sen bir mahallar aýaldyň? A men bir mahallar erkekdim.. Indi biz ýöne gaýmalaşyp ýören we göze görünmeýän bir ruhlar bolup galdyk... Alkor - asmanyň iň ýagty ýyldyzy. Şol ýyldyzyň daşyndan sekiz planeta aýlanýar. Planetalaryň biriniň ady Jennet. Biz şol planeta tarap uçyp barýarys. Ol ýy ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 318 | Добавил: Rahman | Дата: 20.12.2020 | Teswirler (0)

Öwez nirä gitjegini bilenokdy, ol eýýäm epesli wagytlap çatrykda durdy. Ýol şu ýerden ikä bölünýärdi. Ýollaryň biri gök diwarly şähere alyp gidýärdi, ýolaryň beýlekisi bolsa gyzyl diwarly şähere alyp gidýärdi. Başga ýol ýokdy. Elbetde yzyňa ýöreseň bolýardy, ýöne yzyňa ýöreseň bar zady täzeden başlap, barybir ýene şu çatryga gelmelidi. Daş töwerekde adam kändi, çatrykda doňyp galan diňe Öweziň özi däldi, ondan başgada iki şäherden haýsysyna sowuljagyny bilmän ýörenler ýetikdi. Adamlar bolsa janl ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 327 | Добавил: Rahman | Дата: 20.12.2020 | Teswirler (0)

1-nji bölüm. Goýnyň içegeleri ýaly egrem-bugram karidorlar bilen sakçylar meni kän ýöretdiler. Meň gözlerim daňykdy, şonyň üçin nirden nirä barýanymy bilemokdym. Kazyýetiň kararyndan soň meni ölim jezasy berilen tussaglaryň saklanýan türmesine geçirmelidiler. Inede geçirdiler, şu ýerde men ömrümiň iň soňkyja günlerini ýaşamalydym. —Dur, —sakçylaryň biri buýryk berdi. Men saklandym. Öňümde elhenç ses edip, demir gapy açyldy. Ýalňyşmasam biz tussag otagyň öňüne gelen bolmaly? Birden burnyma ada ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 481 | Добавил: Rahman | Дата: 19.12.2020 | Teswirler (0)

1-nji bölüm.

Jahangir ýesir düşüpdi, oň ýesir düşenine-de 40 gün bolupdy. Duşman barada köp erbet zatlar aýdýardylar, ýöne näme diýselerem duşman rehimdar bolup çykdy, özem öz rehimdarlygy bilen Jahangiri örän geň galdyrypdy. Jahangiri 40 günläp diňe bakdylar, oňa hiç kim azar bermedi. Her hepdäň aýagyna bolsa, Jahangiriň ýatýan jaýyna owadan gyzy salýardylar, gyzlar her gezek başgady. Jahangir öz ýurdynda, azatlykda ýaşap ýören wagty, beýle hezilligi görmändi. Beýle sylag hormat üç ... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 581 | Добавил: Awtor | Дата: 06.08.2020 | Teswirler (1)

Rahmanyň garşysynda dört sany adam otyrdy. Rahman bilen ol dört adanyň arasyndan, edil çeşme ýaly bolup giň saçak geçýärdi. Saçagyň üsti her dürli nygmatlardan dolydy. Rahman bolsa geň galýardy. Bu dört adamyň göçüp gelenine 4 sagat hem bolanok, bular bolsa eýýäm bir giden zat taýýarlap ýetişipdirler. Rahman hiç zat gürlemän diňe daş töwregi synlaýardy. Ol asla az gürleýärdi, nätanyş adamlaryň arasynda welin aslada agzyndan birje söz gaçyranokdy. Bu gün ol hiç wagt düşmeýän ýagdaýyna düşüpdi. Ol ... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 1008 | Добавил: Awtor | Дата: 26.06.2020 | Teswirler (1)

Howa sowukdy, daşarda Fewral aýy höküm sürýärdi. Eýýäm bir hepde bäri gar sepeleýärdi. Şonuň üçin gurçun reňkli asman öňkisinden has pessaý ýaly bolup görünýärdi. Maýa gelinejäň göwnüne şeýle howada Aşgabadyň üstine äpet alýumin gazan düňderlen ýalydy. Gazanyň aşagyndan çykyp ýetişmedikleriň bary bolsa, Mollanapes tatryň içinde gizlenipdi. Nähili ýürekgysgynç we biderek adamlar? —Maýa gelineje olar barada pikir edýärdi. Tomaşalar wagytlaýynça ýatyrlypdy, onsoňam beýle howada hiç kim teatra gelje ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 338 | Добавил: Awtor | Дата: 19.03.2020 | Teswirler (0)

Eger ýazmak nesibämde bar bolsa meň birinji romanym. Aşakda görkezilen diňe garalama görnüşde ýazylan waryýant. Dogrysy entek üstinde ençeme gezek işlemeli bolar. Alada gaýgylam azajyk yza tesse nesip bolsa şu ýyl ýazyp başlan zadymy tamamlajak bolaryn…
Romanyň stilini "Düzediş 22" we "Şemalyň aýdymyny diňle" eserleriňkä meňzetjek boldum.

1-njy bölüm (awtoryň nokadyndan)

Sözler öz akymy bilen akýar, men olara böwet bolamok. Maňa KA sen beýik ýazyjy bolarsyň diýdi ... Yzyny oka »
Категория: Romanlar | Просмотров: 543 | Добавил: Awtor | Дата: 15.02.2020 | Teswirler (1)

Berlinyň eteginde

4-nji bölüm

Ýene Näzik barada...

Göz ýaşlary indi diňdi, duýgylar öçdi. Näzige mahsus sowuklyk ýene-de gaýdyp geldi. Ol indi aglasy gelenok, esasanda ol haramzada üçin. Suraty köp wagytlap göz öňünden aýyrmady. Işe sagat 2-den gijä galman barsaň bolýar. Şol wagyta çenli ol boşdy. Bolan zatlar we etmeli işler barada oýlandy. Keselhanadaky näsagyň adyny ýatlajak boldy, seýregräk hem köne at bolmaly, —pikirlendi Näzik.

& ... Yzyny oka »

Категория: Powestlar | Просмотров: 661 | Добавил: Awtor | Дата: 25.03.2019 | Teswirler (0)