10:07
Berlinyň eteginde (2-nji bölek)

Berlinyň eteginde

4-nji bölüm

Ýene Näzik barada...

Göz ýaşlary indi diňdi, duýgylar öçdi. Näzige mahsus sowuklyk ýene-de gaýdyp geldi. Ol indi aglasy gelenok, esasanda ol haramzada üçin. Suraty köp wagytlap göz öňünden aýyrmady. Işe sagat 2-den gijä galman barsaň bolýar. Şol wagyta çenli ol boşdy. Bolan zatlar we etmeli işler barada oýlandy. Keselhanadaky näsagyň adyny ýatlajak boldy, seýregräk hem köne at bolmaly, —pikirlendi Näzik.

—Çerkez, —oň birden kellesine urdy. Meň kakamyň ady Çerkez. Näzik Çerkezowna, —diýdi ol otagyň boşlygyna, we bir iki gezek ýene gaýtalady, nahili eşidilýänini barlamak üçin.

—Ýok, gelişenok, şol oňkiligim gowy eken, —goşdy Näzik.

Ol entek ýaş gyz wagty biri ony kemsidipdi, “Otçestwaň” ýok diýip, we ýenede bir näçe ýatdan çykmajak ajy sözleri aýdypdy. Hamala kimden bolanyň belli däl, şoň üçin Otçestwaň ýok we ş.m. sözler.

Ýogyna ýanjak bolup duran adamyň adyny öziňe “Otçestwo” edip deňäp görmek birhili geňdi. Ýöne Näzigiň ýeke özi otyrdy, ony “edýäniň näme?” diýip otandyrjak adam ýokdy. Iň soňky utandyryp biljek adam oň ejesidi, ol bolsa bu wagyt Ýaradyjyň gaşynda.

Öz kakasy barada Näzik hiç wagyt hiç kimden hiç zat eşitmändi, hamala ol adam dünýede hiç wagyt bolmadyk ýaly. Ýöne ol adam bir ýerlerde bardy. Ýöne Näzigiň ejesi ol adamy gowja gizläpdi, tapar eder ýaly däldi. Şeýle bir gowy gizläpdi welin, indi özem tapyp biljek däldi. Näzigiň ejesi eýýäm dünýeden gaýtdy, onyň bilen bile, bar syrlary. Sorag berere adam galmady. Kakasy barada Näzik, ilkinji gezek ejesinden 9-10 ýaşly gyzjagaz wagty sorapdy;

—Eje, näme üçin mende kaka ýok? —diýipdi ol şol wagyt, ýöne çaga mahsus başgaçarak sözler bilen.

Eje jogabyň ýerine aglady, ýöne şol jogap ähli jogaplardan takyk boldy.

"Kaka barada hiç zat soramaly däl, sorasaň ejem aglaýar", —diýen düşünje Näzigiň kellesinde şol wagyt berk ornapdy. Ol gaýdyp ejesini ynjydasy gelmedi. Eger Näzigiň ejesi şol wagyt “seň kakaň öldi” diýip jogap beren bolsa, Näzik üçin gowy bolardy, gyzynda beýle gyzyklanma oýarmazdy, ýöne eýyäm giçdi. Näzik öz gözleglerini ejesinden gizlin başlady. Bar soraglaryň jogaby geçmişde, ejesiniň ýatlamalarynda, ýa-da ol ýatlamalary saklaýan zatlarda. Toý suratlarda, söýgi hatlarynda, gutlag otkrytkalarda, gowşyrlan sowgatlarda. Näzik öziniň näme gözleýänine doly düşinenokdy, ýöne barybir ejesiniň goşlaryny seresaplylyk bilen dökýärdi. Irden turyp Näzik mekdebe gidýärdi, oň ejesi bolsa işe. Enket sapaklar doly gutarman Näzik öýlerne howlukmaç dolanyp, ejesiniň goşlaryny dökýärdi. Ejesiniň gaýdyp gelmegine 1 sagat galanda bolsa, bar gözleglerini goý bolsyn edip, ýeriden üýtgeden zatlaryny düzedýärdi. Goşlaryň dökülýänini ejesi hiç bir ýagdaýda aňmaly däl. Şeýdip 10 ýaşly Näzik ejesiniň bar goşyny elekden geçirdi.
Gözlenýän zat näme bolsada köp wagytlap tapylmady. Ejesiniň goşlaryndan çykan bar erkek adamlaryň suratlaryny, Näzik aýnaň öňünde öz ýüzi bilen deňeşdirip gördi, ol meňzeşlik gözleýärdi, gyzy hökman kakasyna iň bolmanda birje ýeri bilen meňzäýmelidi. Ýöne suratlardaky adamlar Näzige hiç hili çalym hem edenokdylar. Ol adamlaryň kimdigi Näzige belli däldi. Belki garyndaşlardyr, belki-de dost-ýarlardyr? Suratlar netije bermedi, şol sanda ejesiniň joralary bilen ýazyşan hatlar hem biderek wagyt sarp etme boldy. Hiç ýerde Näzigiň kakasy barada ýekeje söz agzalmandyr. Ejesiniň ýaş wagty telefon, şu wagytky ýaly ýaýran enjam däldi, şoň üçin poçta gülläp ösýärdi.
Näzik umytdan gaçdy, kaka barada hiç hili habar ýok, iň bolmanda oň ady, oň ýaşy, oň sypaty, näme üçin ol öz bolmaly ýerinde däl? Eje kakany gowy gizläpdi, ony indi tapar ýaly däl. Eger ony ýatlamalardan hem aýryp bolýan bolsady, belkem Näzigiň ejesi pikirlenmän ondan hem dynardy. Kakany tapmaga umyt galmady, Näzik ejesiniň otagynyň dört künjine belet boldy. Näzigiň ýekeje gözlemedik ýeri, ejesiniň kitap goýýan tekjesidi, has takygy kitaplaryň sahypalarynyň aralarydy. Ol ýeride peýdaly bir zat çukar diýip, Näzik hiç wagyt oýlanmandy.
Ine näzik 14 ýaşady we tötänden ejesiniň otagynda duran 19 sany kitap bilen gyzyklandy. Ol kitaplary ejesi hiç wagyt okanokdy, ýöne barybir öýde ol kitaplar dur. Diýmek biri geçmişde okandyr? Kitaplar köne, adamyň ellerinden garran we kirlän. Kakamyň okan kitaplary, —pikirlendi Näzik we şol bada aglady. Ol pikir kellä dyýdansyz urdy, hamala duýdansyz başlan çagba ýaly. Ýöne ýagyş damjalarynyň ýerine Näzigiň göz-ýazlary. Ejesi ýok wagty Näzik, ol kitaplaryň baryny tekjeden düşirdi, ýekeme ýeke tanyşdy. Meň kakamyň kitaplary, —begendi Näzik hamala kakasynyň özini gören ýaly. Ejesinden kitaplar barada soramaly däl diýen netijä geldi. Oň nähili hereket etjegi belli däl, belki dälirän ýaly kitaplardan dynyp başlar? A belki ýenede aglar? Ol şonsyzam kän aglaýardy, Näzik ol ýagdaýa köp şaýat boldy, ýöne ejesiniň gözýaşlarynyň sebäbi bolasy gelenokdy, goý ol hiç wagyt kakasy barada hiç zat bilmese bilmesin, ýöne ejesiniň göz ýaşlarnyň sebäbi bolmak, Näzik üçin iň erbet zatdy.

19 sany kitap, edil dünýä ýaly köne, oň sahypalaryny meň kakam agdardy, ýekeme ýeke. Kitaplary görüşdirip otyran Näzik, gözýaşlaryň içi bilen ýylgyrýardy. Ejem gelmäkä köşeşip ýetişmeli, bolmasa ol aglanymy göni aňar. Kitaplaryň diňe ikisi Türkmen dilindeni: Görogly eposy we Magtymguly Pyragyň goşgylary. Galan 17 kitap Rus dilinde. Ol kitaplaryň sahypalarynyň arasyny barlamak pikiri hem, duýdansyz geldi. Ol pikirleri hamala biri asamandan zyňýan ýalydy.
“Ussat we Margarita” eserine gezek gelende Näzik begenjinden uçaýjak boldy. Ol kitabyň sahypalarynyň arasyndan bir ýaş oglanyň suraty gaçdy. Suratdaky oglan golaýdan alnypdyr, kellesi, iki egni we döşi suraty doldyryp dur. Saçlary daralan, foto-aparata seretmän, başga bir ýerlere nazaryny dikip dur, özi ýylgyrýar. Bolsa 20-25 ýaşlaryndadyr.

—Kakamjan, —Näzik gygyrdy we bir iki gezek duran ýerinde bökdi. Soň suraty öpdi we ýüregine degirdi.
Oň göwnünde hiç hili şübhe ýokdy, suratdaky ýaş oglan oň kakasy. Oň beýle däldigini bolsa oňa, şu wagyt hiç kim ynandyryp bilmez. Eger ynandyrjak tapylaýsa, ol “hä” diýmän duşmana öwrüljekdi.
Ejäň işden gelmegine az wagyt galdy, Näzik kitaplary täkjä edil bolmalsy ýaly örüp goýdy. Ýöne suraty kitabyň haýsy sahypasyndan alanyny ýadyna düşirip bilmedi, asla ol ýatlabam bilmezdi, kitaby ýaňy eline alanda, suratyň özi bir ýererinden gaçypdy, entek kitap doly açylmaka. Näzik gorkýardy, surat barada ejem hem bilýan bolmaly, —çaklady ol. Kakam barada bar ýatlamalary ýok edip, ejem birje surat goýandyr. Diýmek ejem kakamy şu wagyt hem söýýär. Bolmasa suratyny alyp galmazdy. Eger ejem aňaýsa suratyň ellenendigine, hökman bukýan ýerini çalşar. —ana Näzik nämeden gorkýardy.
Wagyt geçdi, suratyň gizlenen ýeri üýtgemedi. Başda Näzik ol suraty günde diýen ýaly, ejesi entek işden gelip ýetişmäkä, aýnaň öňünde synlaýardy. Özi bilen meňzeşlik gözleýärdi. Meňzeşlik diňe ýylgyryşda bolup çykdi, şol hem Näzige ýeterlikdi. Soň bolsa Näzik kakasy barada has köp zat bilesi geldi. Tapylan suratdan dören joşgynlyk ýuwaş ýuwaşdan ýatyp başlapdy.

—Olar näme üçin bile däl? —ine gyzyň bilesi gelýän zady. —Siz näme üçin bile däl? Sen näme üçin ejemden daşda? —Näzik bu saraglary surata köp gezek berip gördi, ýöne surat jogap bererli däldi. Suratlar asla kän gürlänok. Ýöne berilen soraglara hökman biri jogap beräýmeli. Ol ölen bolsa ejem menden gizlemezdi, ol diri we şu şäherde. Eger oň diridigni bilsem hökman göresim geler, ejem ony bilýar, şoň üçin maňa aýdanok kakam barada hiç zat. Ol bizi, ejem ikimizi, men entek kiçi wagtym taşlap giden bolmaly? Meň ýatlamalamda ol ýok, a men 4 ýaşymda bolan zatlar barada ýatlamlar hem bar.

Surat tapylany bäri Näzikde bir ennik peýda boldy, ol köçeden ýörände daş töwereginden geçýän erkek adamlaryň ýüzlerine siňňin seredip başlady. Hamala tötänden barýan ötegçide öz kakasyny göräýjek ýalydy. Ýöne durmuşda bar zat beýle ýönekeý däl. Näzigiň öz kakasy barada bar bileni diňe şol surat boldy, ýöne ol suratyň hem hiç ýerinde şul adam Näzigiň kakasy diýen ýazgy ýok. Ol surat hakykatdan kimiňki, bir Ýaradana belli, eger bolup bilse, ýenede Näzigiň ejesine.

Näzik 20 ýaşady, ol indi ol surata seýrek seredýärdi, mekdebi hem bir eýýäm tamamlapdy, bir ýerlerde işleýärdi. Hakyky durmuş, öz alada gaýgysy bilen, hyýaly durmuşy itip aradan aýyrypdy. Kölege pisint kakany gözlemäge wagyt ýokdy. Edil şol wagyt hem Näzigiň ejesi erbet keselläpdi. Lukmalar “Rak” diýdiler, bejerip bolanok diýiler, iň erbet netijä garaşyber diýdiler, ýenede bir giden düşniksiz zatlar diýdiler. Näzik “Rak” diýen zat barada diňe kinolarda eşidýärdi we beýle zatlar diri adamlar bilen bolmaýandyr öýdýärdi. Hatda ejesiniň näsagdygyna-da soňyna çenli ynanmady. Ol haçan ynandy? Haçan ejesini iň birinji gezek buranda. Agyryň derdinden ejesi özini ýitirdi, gözlerini ýumdy. Näzik aljyrap näme etjegini bilmedi. Ýüzine suw sep, we dilini sakla ýuwutmaz ýaly, —diýdi biri oňa ýokardan, ýa-da ýatlamalarda bir zat oýandy. Ejesi özine geldi, ýöne şeýle tutgaý ýaly döreýän agyrlar ýygjamlaşdy. Ýene bir ýyldan Näzigiň ejesi işden galdy, beýle ýagdaýda işläp bolanokdy. Agyrylary çydap çeker ýaly däl.

Diňe derman serişeleri kömek edýärdi, ýöne ol dermanlar hem hemişe ýetenokdy. Şeýle günleriň birinde Näzigiň ejesi agzyndan tötan söz gaçyrdy, şol söz hem Näzigiň soňky durmuşyny kesgitledi.

—Sen dogtar bolan bolsaň bolmaýamy? —diýipdi ol.

Dogrydanam Näzik lukmançylyga dahylly bolan bolsa, oň ejesi üçin gowy boljakdy, sebäbi adaty sanjym üçin hem birne garaşmalydy. Näzik ejesiniň sözlerinden soň, gözleri açylan ýaly boldy. Täsin gabat gelmä görä edil şol döwür Näzigiň ýekeje jorasy hem Medisina inistitutyna resminama tabşyryp ýördi. Netijede Näzik synagdan geçdi, ýöne oň jorasy geçmedi. Näzigiň okuwa bolan höwesi ýokdy, ol ejesine kömek edesi gelýärdi. Ýöne ejesine hem kömek edip bilmejegine gözi ýetýärdi, ejesi baribir ýogalar, tapawudy ýok, Näzik lukman bolsyn, lukman bolmasyn.

Näzik 3-nji kursa geçende ol eýýäm köp zady bilýärdi, ýöne ol bilimlerden eýýäm ejesine peýda ýokdy, ol şol ýyl hem ýogalypdy. Ömrüniň soňky ýyly has hem agyr bolypdy. Agyrylar eýýäm gije gündiz gowşanokdy. Gowşatmak üçin derman serişdeler gerek, olar bolsa hemişe aňsat tapdyranok. Güje gündiz diýen ýly Dowzahyň odyna ýanýan ejesiniň ahy nalalary, Näzigi ondan beter köseýärdi. Adalatsyzylyk, —pikir etdi Näzik. Ol Hudaýa ynananokdy, Med-inistitutda oň Hudaýa bolan gowşak ynamyny bir eýýäm öçürdiler. Eger Hudaýa ynam bolan bolsa, oň salgysyna bir giden gargyşlar barardy. Hökma biri günäkär bolaýmalydy, biri jogap bermeli bolýan zatlar üçin. Eger ol Hudaý däl bolsa, diýmek ol kaka.

—Hakykatdanam bar zada kaka günäkär, kimem bolsa ol haramzada günäkär. Eger ol düziw adam bolan bolsa öýde bolardy, —bir gün Näzigiň gözleri açyldy.

Şu günlere çenli Näzik öz kakasyny ylymly, bilimli akylly adam diýip göz öňüne getirýärdi. Oň ejesinden aýrydygna bolsa, bir giden sebäp oýlap tapypdy, ol sebäpleriň birinede kaka günäkär däldi, bolsa azajyk eje günäkärdi, ýa-da adatdan daşary tötänlikler. Näzigiň hyýalynda kaka hiç hili kemçiliksiz adamdy. Ýöne diňe şu günlere çenli şeýle boldy. Soň hyýaldaky kaka ýuwaş ýuwaşdan üýtgäp başlady, ol haramzada we deýýusa öwrüldi. Näzik indi ony çyn ýürekden ýigrenýardi. Ejesini agyry buranda bolsa, kakasynyň salgysyna entek eşidilmedik gargyşlar ýagýardy. Eger kaka öýde bolan bolsa eje hem hiç wagyt kesellemejek ýalydy, eger keselläýsede, bar zat şu wagytkysyndan müň esse ýeňil geçjekdi. Ýöne bu diňe Näzigiň ynynýan hakykaty.

Eje iň soňynda ýogaldy, Näzik ýeke galy. Ejesi iň soňky demine çenli agyrlarda geçirdi. Hatda gyzy bilen gürleşip hem bilmedi. Agyryň derdinden dişlerni şeýle bir berk gysdy welin, agzynda bir iki sany dişi döwüldi. Kaka barada öz gyzyna bir zatlar aýtsa aýdardy belki, eger gürlemäne ýagdaý bolsa, ýöne ýagdaý bolmady. Näzigiň içinde hem bir zatlar öldi, ýylgyrýan şadyýan gyz öldi. Oň ýerine tutuş dünýäni ýigrenýän gyz doguldy. Ol indi ýylgyrsada galp ýylgyrýardy, galp begenýärdi we galp ýaşaýardy. Ejesi 3 ýyllap günme gün haýaljakdan öldi. Şonça ýyl hem Näzik öz üçinde ýigrenç ýygnady. Ýygnanan zat bolsa irde giçde çykmaly, eger ol gyzda arzyny aýdara adam bolan bolsa, belki derdi ýeňlärdi, ýöne arz diňlejek iň soňky adam, eýýäm dirileriň hatarynda ýok. Eger ol Hudaýa ynanýan bolsa, ol hem baky duşmana öwrülerdi, ýa-da oň bardygyna şübhe dörärdi, ýöne Näzik ylymdan başga hiç bir zada ynananokdy. Şoň üçin bar ýigrenç iň soňky damjasyna çenli hyýalda dörän kaka tarap bakdyryldy.

—Kakaň bärde näme günäsi bar? —diýip sorardy akly huşy ýerinde adam, ýöne Näzige ol soragy berjek adam ýokdy, ol indi ýekedi, öz ýigrenji we pikirleri bilen ýeke.

Nirde bolsada kakany tapmaly we ol dünýä ugratmaly, ejemdem ötünç sorar ýaly. Eger ol haramzada düzüwli erkek bolýan bolsa, gyzy bilen aýalynyň ykbaly bilen gyzyklanardy, —pikirlenýärdi Näzik.
Kakadan ar almak höwesi oň tutuş durmuşyny doldyrdy, esasy maksada öwrüldi. Entek ýaş gyz wagty Näzik edil şu wagytky hujuwy bilen öz kakasyny göresi gelýärdi: —ine serek kaka, men ulandym, sensizem bolsa ulandym, diýesi gelýärdi, —hamala uly adamlaň etmeli işini öz başdak eden ýaly öwünesi gelýärdi. Ýöne indi duýgylar üýtgedi, indi ony tapmaly we öldürmeli, näme üçin Näzigi ekläp saklan eje ýaşamaly däl, ýöne olary zyňyp giden kaka ýaşamaly?

Wagyt geçdi, Näzik ukuwyny tamamlady, durmuşa çykmady, keselhanalaň birine işe girdi. Kakasyndan ar almak pikiri oň hemrasyna öwrüldi. Başga zadyň pikirini edip bilmänsoň şahsy durmuşy hem gurnalmady. Erkeleň özleri hem düşinýän ýalydy, Näzigiň ýüzine birje gezek siňňin seretseler ýeterlikdi, bu gyz bilen bir zatlar ters, daşy abat, owadan ýaly hem görünsede, içinde bir zatlar döwülen ýalydy. Diňe duralgada gabat gelýän oglan Näzikde başga hiç kimiň görüp bilmedik bir zadyny görüpdi.

—Seni öldürmeli, —Näzik surata seredip gürledi. Sen ýaşamaga mynasyp däl.

Adam janyny almak, şu wagyt Näzik üçin işläp duran ruhsyz enjemy öçüren ýalydy. Ol eýýäm 30 ýaşynda, öz iş döwürinde köp ölüm gördi, näsaglaryň hemmesi sagalanokdy, içinde ýogalýanam ýeterlikdi. Başda seredýän nasagyň ýogalsa uly betbagytçylyk ýaly bolsa, uzagyndan beýle ýagdaýa hem gözleriň öwrenşýär. Adam jany hiç zat bolup galýar.

—Sen ölersiň, —ýene bir gezek gaýtalady Näzik surata seredip we çalaja aglajak boldy, ýöne özine aglamana ýol bermedi. Ol indi hiç kim üçin göz ýaş dökesi gelenokdy.

Şeýdip günortan boldy, eýýäm işe gitmeli. Işde bolsa etmeli zatlar barada oýlanmaly. Eger mümkin bolsa ol palatada şu güniň dowamynda görünmeli däl.
5-nji bölim

Mämmet oýandy, ýöne ýerinden turasy gelmedi. Çerkez agaň düýn agşam gürrüň beren wakasy oňa täsir edipdi. Ol basyrganyp uzakly gije ýatyp bilmedi. Palatada ýene bir gijäni geçirmek indi ýaýdandyrýardy, howwa, Mämmet ynanjaň oglandy. Çerkeziň aýdyp beren wakasy ony tutuşlygyna ýuwutdy, ol indi wakaň bir bölegidi, oň gatnaşyjysydy. Waka ynansaň bolsa, keselhanaň karidorlarynda Çerkez agaň bir mahal öldüren gyzy ak halatly aýlanyp ýör. Ruha-arwaha birje demja-da çalym edenok, gandan etden ýasalan gyz. Çerkez oň ejesini birinji öldürdim diýýär, howwa, belkem şeýledir. Gyz hem Çerkez agany birinji gezek görende ejesi barada bir zatlar gürledi samrady, ýöne soňyna çenli aýdyp ýetişmedi, gözden akan ýaşlar oňa päsgel berdi. Waka geň, örän geň, ýa-da Çerkez aga aklyndan azaşan garry wetiran? A näme? Bolyp biläýjek zat, söweş meýdanynda hemme zat bolýar ahyryn. Ýaş wagty sag hem bolan bolsa, garrylygyň gelmegi bilen belki akyl huşyň kemi açylandyr? Töweregiňde birje top partlady, sen diri galdyň, ýöne kelläňe zeper ýetdi, ine gezip ýörsiň hiç zat bolmadyk ýaly, birdenem garradyň, duýdansyz garradyň. Kelläňe ýeten zeperiň aýby açyldy? A gyz? Gyz näme? Adaty gyz, Çerkez bolsa oň kakasy, bir mahallar taşlandyrda ejesi bilen, indem olar duşandyrlar. Çerkez aklyndan azaşan garry wetiran bolansoň hiç zat ýadynda ýok, ýa-da hakykatdan gaçyp, uly bir dünýä oýlap tapandyr, we şol dünýede bukulýandyr? Bar zady ýönekeý sözler bilen, bolup biläýjek ýagdaýlar bilen düşindirmeli. Çerkez agaň aýdyşy ýaly geçmişden ar almaga gelen ruh bilen düşindirmeli däl, —ine Mämmet ýorganyň aşagyndan çykman hähili pikirler ýöredýärdi. Ol şeýdip özini aldaýardy, hakykatda bolsa, ol Çerkez agaň aýdyp beren bar zatlaryna çyny bile ynandy.

—Sizi Näzik lukman çagyrýar, —biri Mämmediň oýlanmlaryny böldi.

Mämmet ýerinden atylyp turdy, ol öz pikirlerine batyp, palata adamyň girenini eşitmändi, görmändi.

—Ýuwaş ýuwaş ýuwaş, —diýdi aňardan gelen Mämmediň gorkanyny görüp we elini oň dyzyna goýdy. Mämmet eýýäm öz krowadynda dik otyrdy.

Aňardan gelen gyz, şepagat uýalaň biri bolup çykdy.

—Size Näzik lukman garaşýar, —gaýtalady ol ýene bir gezek, eýýäm has mylaýym we ýylgyryp.

—Nirde? Nirde garaşýar?

—Telefon duran otagda, —diýdi gyz we palatadan çykyp gitdi, edil gapyň ýanyna baranda bolsa yzyna öwrülip ýylgyrdy.

Mämmet ýerinden turdy, gerindi we bir-iki gezek pallady. Çerkez agaň bolmaly ýerine seretdi, ýaşyulyň ýeri boş. “Bee, nirä gitdikä” —pikirlendi Mämmet we sagadyna seretdi. Sagat eýýäm epesli bolupdyr, ýene azajyk wagytdan günortan boljak. Mämmet ýatyp galdy, ony hiç kim oýarmandyr. Öten agşam Çerkez agaň wakalaryndan täsirlenip, daňdana çenli ýatyp bilmedi. Diňe daň atandan soň uklady we günortana çenli ýatdy. Ertirlik edinmäne ony hiç kim oýarmady, baş lukmanyň irdenlerine geçirýän obhodynada ony hiç kim oýarmandyr, Çerkez agany hem irden başga palata geçirdiler, ol wakany hem Mämmet ýatyp geçirdi. Ol palatada ýekedi, ýenede oňa Näzik lukman garaşýar.

—Salawmaleýkim, mümkinmi, —diýdi Mämmet telefonly otagyň tüýniginden diňe kellesini görkezip.

Otagyň içinde ýaňja palatadan çykyp gaýdan şepagat uýasy gyz bilen Näzik lukman otyrdy. Mämmedi görip olar öz ara gürrüňlerni taşladylar.

—Salam, mümkin gel, —diýdi Näzik we stolyň üstinde duran käbir kagyzlary aýryp, stolyň tekjesine saldy, Mämmediň görenini islän däldirdä belki?

Mämmet girdi, bu otag oňa tanyşdy, diňe şu otagda telefon bardy, şu otag gije gündiz açyk durýardy we nobatçy lukmalara dinç almaga hyzmat edýärdi.
Mämmet otaga girenden soň, şepagat oýasy otagy taşlap gitdi, Näzik ikisini ýeke goýmak üçin.

—Otyryň, —diýdi Näzik we öňündäki oturgujy görkezdi.

Mämmet boýyn egdi, ol oturdy. Ennigine görä iki eliniň aýasyny, satanynyň arasynda gysdy.

—Öziňizi nähili duýýaňyz? —Sorady Näzik.

—Gowy. Böwregim indi agyranok, men 4 gün mundan oň çykjakdym, ýöne kakam etmedi. Agyrlaryň aýrylany bilen sagaldygyň däl diýdi.

—Kakanyz dogry aýdypdyr, —diýdi Näzik. Siz sagalarsyňyzla, siz ýaş oglan, ýöne siziň palatadaşyňyz bara, kim şol?

—Çerkez aga, — jogap berdi Mämmet we ýüzi üýtgedi, ol bilýärdi Näzik lukmanyň Çerkez aga barada hökman sorajagyny.

—Howwa, Çerkez aga, ady hiç ýadymda galanok, köne we seýrek at bolansoň. Ana şol näsagyň sagalmasy kyn. Ýöne oň problemmasy ýaşynda dälde oň özini alyp barmasynda. Siz aýdyň ol palatada arak içýärdimi?

—Ýok, —diýdi Mämmet we has ynamly bolar ýaly başyny hem ýaýkady.

Mämmet aldady, hakykatda bolsa Çerkez aga güniň dowamynda bir çüýşe ýaly aragy ýok edýärdi.
—Öz palatadaşyňy satasyň gelenokdy? —goşdy Näzik.

Ýaňja SIZ diýip ýüzlenip duran gyz, eýýäm SEN diýip ýülendi.

—Men dogrymy aýdýan, —diýdi Mämmet.

—Bolýa, eger sen kömek edesiň gelmese başgada ýollar bar. Näsagyň garyndaşlary barmy ony sorap gelýän? Belki ol garyndaşlarynyň diýenini eder, eger lukmanlaryň diýenini etmeýän bolsa?

—Bilemok, 10 güniň içinde ýekeje adam ony sorap gelmedi.

—Özi gürrüň bermedimi maşgalasy barada?

Mämmet oýlandy: gyz Çerkez agaň maşgalasy barada soraýar, diýmek bu gyz Çerkez agaň gyzy bolmaly. Her hili bahana bilen Çerkez aga barada menden bir zatlar bilesi gelýär.

—Diňläň, men ol ýaşy-ulyny bary ýogy 10 gün bäri tanaýan, eger size gyzykly bolsa oň özinden soraýyň.

—Diýmek kömek edesiň gelenokda, —diýdi Näzik we ulydan demini aldy. Soň bolsa goşdy:

—Weteran adam, sen men ýalylar üçin gan dökdi öz wagtynda, a sen bolsa oňa kömek edesiň gelenok. Düşinýäňmi Mämmet, eger ol aragyny taşlamasa hiç haçan keselhanadan çykmaýar. Ol bizi diňlänok, belki uly ogly gyzy bardyr, belki aýaly bardyr, belki şolary diňlär? Bärde bolsa sen erkek syrap otyrsyň, oň özi bize garyndaşlary barada hiç zat aýdasy gelenok.

Gyz oň adyny tutdy, Mämmet öz adyny gyzyň agzyndan eşidenine begendi. Tutuş sözlemi bir hili çalt aýtdy, ýöne oň adyna gezek gelende azajyk togtap, bir hili mähirli gürledi. Diňe gyzyň agzyndan öz adyny eşideni üçin Mämmet oňa dogrysyny aýdasy geldi, ýöne soň öz çözgüdine ökündi.

—Ýok onda hiç kim, ol ýeke ýaşaýar, —diýdi Mämmet.

Näzik lukman awuly ýylgyrdy, edil küýzäni döwüp öz oglan jigsiniň üstine oklamagy başaran gyzjagaz ýaly.

—Örän oňat örän oňat, —goşdy lukman gyz. Sizi häzir biz çykararys, öýňüze jaň ediň, kakaňyz ejeňiz gelsin, —diýdi lukman we stolyň üstinde duran telefony görkezdi.

Ol ýene maňa siz diýip ýüzlenýär, —pikirlendi Mämmet.

***

Mämmet basgançaklardan 4-nji gata galyp barýar. “114-nji palata: diýen sözleri kellesinde aýlaýar, ýadymdan çykaýmasyn diýip. Dördünji gatda bolsa bar zat ümsüm, hamala hiç hili näsaglar ýok ýaly. Hakykata bolsa bärde näsaglar bardy, ýöne gaty azdy. Çerkez agaň özünden başga ýekeje aýal bardy. Ol ýöne 112-nji palatadady. 4-nji gatyň palatalary bir adamlyk palatalardy, Çerkez aga indi ýeke ýatyrdy.

—Salawmaleýkim Çerkez aga, —diýdi Mämmet we palatadan girdi.

—Mämmet, —geň galdy Çerkez aga. Sen bärde näme işleýäň inim? Seni şu gün irden çykarjak diýip otyrdylar. Çykmadyňmy ýa?

—Çykdyma agam, —ýylgyrdy ol. Agamy göräýin diýip geldim.

—Oňarypsyň inim, men şu wagytjyk seni ýatlap otyrdym.

—Öziňi duýşyň gowymy agam?

—Howwa, arz edemzok, —ýylgyrdy wetiran.

—Seni bir adamlyk palata geçirdilermi?

—Aý howwa geçirdiler görşiň ýaly, maňa indi aýratyn seretjekmişler, —diýdi Çerkez aga we gözlerini bukdy, hamala bir erbet iş eden ýaly. Soň bolsa Mämmedi öz ýanyna çagyryp oň gulayna pyşyrdady:

—Meni şol gyz geçirdi, täze lukman bara? Näzik ady.

—Howwa, —diýdi Mämmet.

—Çüüüüşşş, ýuwaşrak bolsana inim, —käýedi Çerkez. Ol gyz meni bärik ýönelige geçirenok.

—Näme üçin geçirdi?

—Ol meni öldürjek bolýar, —ýylgyrdy Çerkez aga, hamala öz ölümine begenýän ýaly.

—Aý ýoga, näme üçin öldürsin?

—Aýtdyma saňa Berliniň eteginde eden işlerimi, ana şoň üçin aryny alýar.

—Çerkez aga, maňa gowja düşindir, bir mahal öldürlen gyz bu wagyt dirileriň arasynda näme işläp ýör? Seň aýdýan zatlaryň boljak zatlar däl.

—Bilemok Mämmet, ýöne gezibä ýör, hamala ölmedik ýaly. Düýn irden özüňem gördüň, palata girende meni tanady.

—Ol siziň bir wagyt taşlan gyzyňyz bolaýmasyn Çerkez aga? Siz öýlenip bir-iki gezek aýrylyşan dämy?

—Aý ýok Mämmet, men önelgesizä öňem aýtdym, mende çaga bolmaga haky ýok.

—A birden siziň ýadyňyzdan çykandyr gyzyňyzyň bardygy?

—Mämmet inim, sen maňa ynanaňok öýdýän? Dogram edýäň, meň aýdýan zatlarym hiç bir tebigatyň kanunyna gabat gelenok. Ýöne näme-de bolanda gyz bärde.

—We sizi öldürer? —oň sözlerini böldi Mämmet.

—Howwa.

Çerkze agaň ýagdaýy bir hili geňdi, ol şadyýan ýaly görünsede, näme üçindir Mämmetden gözlerini gizleýärdi. Dik öňine seredýärdi.

—Men manysyz ýaşap ýörün Mämmet, —Çerkez birden ümsümligi böldi. Durmuşymda many ýok, sebäbi maşgalam çagalarym ýok. Üstüstinede meni kesel iýip barýar.

Mämmet Çerkez agaň oýlanmalaryny teswirsiz goýmaly diýen karara geldi, sessizje diňlemeli, barybir düşinýän zadyň ýok.

—Bäh, —dowam etdi Çerkez aga. Şunça ýyllap Alladan ölümimi diledim, inede ölüm gapymy kakýar, men bolsa gorkýan. 1943-de gorkmadym, bärde welin gorkýan, ýöne alajyň ýok, men gitmeli.

—Ol gyz bilen gürleşip görseňiz nädýär agam, —seslendi Mämmet.

Çerkez Mämmede däle seredişi ýala seretdi. Men oň ejesi göziniň arynda tadym, soň bolsa özini atdym, oň ýanyndan bolsa zorladym, sen şeýle adam bilen gürleşesiň gelermi?

Çerkez agaň bu jogabyndan soň Mämmet gelenine ökündi, ol garry weteranyň akyly düýbinden azaşypdyr, oň bilen indi edere gürriň ýok, —pikirlendi Mämmet.

—Menlik näme hyzmat bar agam, men ýörejek.

Çerkez aga azajyk oýlandy we jogap berdi:

—Meň ýeke ýaşaýan Mämmet, mende adam ýok.

Bu sözler bilen Çerkez aga geýimleriniň jübsinden bir açar çykardy we Mämmede uzatdy.

—Bu näme? —sorady ol.

—Öýmüň açary.

—Maňa nämä berýäň ony?

—Senden haýyşt bar Mämmetjan, —diýdi Çerkez.

—Aýt agam.

—Men saňa häzir adresimi kagyza ýazyp bereýin, sen öýe baryp gaýtda maňa bir zatlar getirip ber. Urş döwüri geýen harby eşigim bolmaly, şony getir.

—Harby eşik, özem urş döwriňki? Ony näme etjek agam? —ýylgyrdy Mämmet.

—Sen kän gürlemede diýleni et inim.

Mämmet ýüzinden ýylgyrşy aýyrman başyny atdy.

—Bu gün eýýäm giç bolar, sen ertir agşamdan gijä galman getirgin Mämmetjan.

—Bor agam, ertir sagat 6-lara getirerin.

—Ýene bir zat Mämmet, öýdäki bar zatlarym seniňki, islänzadyňy alyber, maňa indi ol zatlardan haýyr ýok. Me indi öýe gaýdyp barmaýan.

Mämmet başyny ýaýkady we çalaja içinden söwündi, ol Çerkez aga söwünmedi, ol bolýan zatlara söwündi. Keselhanada garry wetiran ýuwaş ýuwaşda aklyndan azaşýar. Ol bolsa oňa şaýat, ýene ol öz goşlaryny oňa miras goýyp otyr.

—Ertir 6-dan gijä galaýmagyn Mämmetjan, eşikler maňa hökman gerekdir. Ertir agşam ol gyzyň nobatçylygy.

6-njy bölüm

Iň soňky gezek Näzik barada...

Näzik sagat 9-lara turdy, ol bu gün işden boşdy. Sebäp agşam nobatçylyga çykmalydy. Şu gije bolsa oň kakasynyň, ýagny Çerkeziň ykbaly çözülmelidi, eger ol adamy ýok etmeli bolsa, bu işi diňe gije etmelidi. Beýik işleriň bary diňe gijelerne bolýar. Ol adamy aýratyn bir adamlyk palata geçiritmek başartdy, bu işde Näzige baş lukman kömek etdi. Indi Çerkeziň ýanynda hiç hili şaýat ýok, ol ýeke. Eger oň palatadaşy Mämmediň sözlerine ynansaň, ol tutuş durmuşda ýeke. Örän oňat, —pikirlendi Näzik. Ol haramzada durmuşdan gideni bilen, yzyny yzarlajak adam ýok. Oň ölümi lukmanlaryň arasynda azajyk sorag döreder, ýöne hossarlary ýok adam üçin hiç kim aladalanmaz. Ýekeje päsgel berip biljek adam baş lukman. Ol azarly garry köpegiň ysyrganmagy mümkin? —pikirlendi Näzik. Ýöne baş lukmany Näzik bir mahallar ellekeýleşdiripdi.

Näzik ýaňy işe gelen wagty ol ýaş gyzdy, ol soň ulandy. Işe gelen döwri we şu wagyt, baş lukman şol bir adamdy. 45-50 ýaşlaryndaky erkek adam, özem örän ýakymsyz. Näzik işe gelen güninden ol adam Näzigiň hossarlarynyň ýokdygyny bildi we Näzige azar berip başlady. Sen işiňi oňaraňok, işden gijä galýaň, işden ir gaýdýaň, senden hiç wagyt dogtar çykmaz we ş.m. sözler. Baş lukmanyň näme üçin Näzige azar berýänini diňe Näzigiň özi düşinenokdy, galan işgärlere bar zat düşniklidi. Näzik bolsa özinde iş talap edilýär diýip pikir etdi. Ýöne näçe jan edip işlesede baş lukman hiç ýumşamady.

—Ol seni isleýär, şoň üçinem saňa gün berenok, —diýdi bir gün gyzlaryň biri Näzige.

—Ol nähili meni isleýär? —geň galdy Näzik we haýaljakdan gözleri gyzaryp başlady, ol eýýäm jogaby bilýärdi, ýöne ennige görä soraýdy.

—Öziň pikirlenip gör, —diýdi gyz we Näzigiň aýagyndan başlap, başyna çenli gülimsek gözlerini gezdirdi.

Näzik şol duran ýerinden az salym bytnamady, birden gelen gahar ony doňdyrdy. Soň ol hirurgiýa bölüme ýöredi we ol ýerden ýörüte pyçak aldy. Skalpel, adam bedenini edil mesge kesen ýaly kesýärdi. Soň ol baş lukmanyň otagyna tarap ýöredi. Näzik entek beýle ýagdaýa düşip görmändi, haýsyda bir haramzada erkek öz wezipesinden peýdalanyp ony ele saljak bolýar. Baş lukmana bolan gahar, sanlyja sekuntda tutuş erkeklere bolan ýigrenje öwrüldi, yz ýanyndan öz kakasyna bolan ýigrenje. Näme üçindir Näzigiň durmuşyndaky ujypsyzja şowsyzlyk, uly muşakata öwrülip, aýlanyp dolanyp oň kakasyna syrykýardy, hamala ol adam Näzigiň durmuşyndaky ähli betbagytçylyklaryň sebäpkäri ýaly? Entek Näzik baş lukmanyň otagyna ýetmäkä oň gözleri ýaşardy, bolsada öňünden hiç hili adam çykmady. Eger oňünden biri çykan bolsa, Näzigi beýle halda görüp, hökman saklajak bolardy. Eger ol saklajak bolýan erkek bolup çykan bolsa, oň dat günine, edil şol halda Näzik üçin erkekleriň bary duşman ýalydy.

—Men seni çagyrmadym, —diýdi baş lukman Näzigi görüp.

Näzik hiç zat diýmän baş lukmanyň iş otagyna girdi we otagyň gapysyny içinden gulplady. Baş lukman bolýan zatlara düşinmän stolyň üstinde duran äýnegini howlukmaç gözlerine dakdy, hamala ýiti gözler bilen seretse ýagdaýa düşinjek ýaly. Näzik entegem hiç zat gürlemän baş lukmanyň ýanyna ýöredi, ol öz otagynyň töründe otyrdy, oň otagy bolsa giňdi, howla seredýän 3 sany penjiresi hem bardy. Iň soňky 4-5 ädimi Näzik çalasynlyk bilen ylgady we baş lukmanyň ýeňsesinde peýda boldy. Çep eli bilen oň saçyndan tutdy, sag eli bilen bokurdagyna skalpeli diredi. Skalpel gaty ýiti bolup çykdy, degen ýerini şol bada ýyrtdy. Gan otagy doldyrdy, baş lukman näçe garşylyk görkezse, şonça gan çalt akdy. Soň baş lukman garşylyk görkezmesini goýdy, ýitiren gany oň ysgynyny aldy. Näzik ony saçyndan süýräp iň golaý penjirä eltdi, baş lukmanyň otagy 4-nji gatdady.

—Haramzada, bökde özüň öl erkek ýaly, —gygyrdy Näzik.

Ýöne baş lukman ölesi gelenokdy. Ol penjiräň agaçlaryndan berk ýapyşdy, Näzik bolsa oň yzyndan itdi. Iň soňunda baş lukman ýere çökdi we ýerden doňuz ýaly emedekläp başlady. Ol ýerinden turmaga gorkýardy, turaýsa ony Näzik penjireden zyňaýjak ýalydy, ýöne beýle ejizje gyzda, olar ýaly daýaw adamy penjireden zyňar ýaly güýjiň nirden peýda boljagy, baş lukmana gyzykly däldi.

—Haram doňyz, —gygyrdy Näzik we baş lukmany otagyň içinde kowalap depip başlady.

Baş lukman bolsa otagyň içinde eýläk beýläk gaçýardy, penjirelerden daş hem bolsa ol ýerinden turmaga gorkýardy. Ýerde ýazylan halyň üstinden haram doňyz öz ganly yzlaryny goýýardy. Az salymdan Haram doňyz gaçyp ýadady we duran ýerinden gymyldaman durdy. Soň birden oňa täzeden jan girdi we haram doňuz täzeden gaçyp başlady. Sebäbi Näzik oň indi garnyna depenokdy, ol indi oň garnyndan aşagragyna depýärdi. Iň soňynda Näzik hem ýadady, baş lukmanyň ýerine geçip otyrdy. Baş lukman bir ýerlerden el süpürilýän tapyp bogazyndaky ýaraň ganyny saklady. Ýöne ýerinden turmaga milt etmedi.

—Seni basarlar, seni türmä basarlar, —diýdi Baş lukman demini dürsäp.

—Sen ýene dogumlandyňmy, —gygyrdy Näzik we elindäki skalpeli baş lukmandan zyňdy.

Baş lukman hakyky doňuz ýaly çyňkyrdy we otagyň ol çüňkine bökdi. Skalpel ses edip demir gapa degdi. Edil şol wagyt Näzigiň kellesine pikir geldi, şol pikir hem ony türmeden halas etdi. Ol baş lukmanyň otagyna barýan wagty näme edýänine düşinenokdy, bar nýeti baş lukmany öldürmekdi. Ýöne oň bogazyndan akan gany görüp özine geldi, saklandy. Indi bolsa öz eden işleriniň netijelerinden bir zat edip baş alyp çykmalydy.
Näzik ýerinden turyp gapyň ýanyna bardy, ýerden ýatan skalpeli galdyrdy. Baş lukman emedekläp otagyň törine gaçdy. Soň näzik egnindäki haladynyň öňini ýyrtdy, haladyň aşagyndan geýen köýneginiň ýakasyny hem ýyrtdy. Indi oň göwüsleri gowy görünýärdy. Edil göwüsleriniň ýokarsyndan keseligine skalpel bilen kesdi, ýaraň uzynlygy 8-10 santimetr boldy, gan ýere paglap akdy, agyry kän duýylmady, sebäbi gahar entek ýatyşmandy. Bolýan zatlara baş lukman otagyň töründen öňküden beter gorkyp seredip durdy.

—Sen däli, sen hakyky däli, seni basmazlar, seni dälihana dykarlar, —diýdi baş lukman.

—Sem bolsana, —diýdi Näzik we ýene elindäki skalpeli baş lukmana zyňdy.

Baş lukman kölegeden kuwylan it ýaly böküp gaçdy. Soň bolsa Näzik baş lukmanyň hiç çaklap bilmejek zatlaryny edip başlady. Gapyň gulpyny açdy we bar sesi bilen gygyrdy:

—Kömek ediň öldürýärler zorlaýarlar.

Baş lukman ahyry soňy ýerinden turyp Näzige tarap ýöräp başlady, gaçyp ýören wagty ýitiren äýnegini bir ýerlerden tapyp, täzeden gözlerine çekdirdi.

—Näzik köşeş, seň edýäniň näme? —diýdi baş lukman sandyraýan sesi bilen, ýöne Näzigiň ýanyna barmaga gorkdy.

Näzik yzyny üzmän gygyrdy, iň soňynda oň sesini eşitdiler. Birinji bolup şepagat uýa bolup işleýän bir ýaş gelin geldi. Gelip baş lukmanyň otagynyň gapysyny aýçy, görse Näzik gapyň aşagynda gan bulaşyp ýatyr, otagyň ol çetinde baş lukman bir zatlar gürleýär. Ol gelin entek nämäň bolanyny düşinip ýetişmäkä başga işgärler hem ylgaşyp geldiler.

Olaryň ikisinede kömek etdiler, gany sakladylar, ýaralaryny saradylar, bejerdiler. Näzigiň ýarasyna 19 sany dikin düşdi, baş lukmanyň ýarasyna bolsa, ondan ep-esli az. Näzik Milisiýa habar ediň diýip talap etdi, ýöne keselhanaň başlygy Näzige ýalbardy. Elbetde baş lukman hem milisiýa habar bermek barada ündeýardi, ýöne ony hem keselhanaň başlygy köşeşdirdi. Bolan zatlar Näzigiň aýdyp bermegine görä baş lukman ony otagyna çagyryp zorlajak boldy, diňe Näzigiň ýanynda tötänden skalpeliň bolmagy ony halas etdi. Näzik özini goramak üçin baş lukmany ýaralady, ýöne baş lukman hem oň elinden skalpeli alyp Näzigi ýaralap ýetişdi. Keselhanaň başlygy Näzigi hem baş lukmany diňledi. Ol parasatly adamdy, baş lukmany öňden bäri tanaýardy we oň beýle iş etmejegini bilýärdi. Ol adam zorlamaga ukyply däl, ol gorkak. Ol gyzlara azar baryny berip, iň soňynda öz oýnaşy bolar ýaly derejä eltýärdi, ýöne zorlyk bilen birni almak? Ol baş lukman barada däldi. Ýöne keselhanaň başlygynyň bileni ýeterlik däldi, bu zatlary milisiýä ynanyrmalydy, olar bolsa näme diýseňem Näzigi gollarlar. Muny keselhanaň başlygy bilýärdi. Ýöne şeýle boljagy barada näme üçindir baş lukman ynanasy gelenokdy, ol hem milisiýa arz etmek barada ündeýärdi. Iki tarap hem milisiýa jaň etmegi talap etdi. Dawwany birje adam çözdi, ol şol gapyny birinji bolup açan şepagat uýasy ýaş gelindi.

—Men gapyny açamda baş lukmanyň Näzigi ýaralanyny gördim, ol diňe meň girenimi görüp ondan çekildi, bolmasa zorlaýardy, ýa-da ondan beter öldürýärdi, —diýdi şepagat uýasy.

Näzik ol gelniň sözlerine begenjinden güldi. Baş lukman bilen keselhanaň başlygy geň galyp gelne seretdiler.

—Seň aýdýan sözleriňe ynamyň barmy? Ýalan görkezme üçin türmä basýandyrlar, —diýdi keselhanaň başlygy.

Gelin baş lukmana seredip zäherli ýylgyrdy we goşdy:

—Ol haramzada meni hem bir wagytlar şeýdip zorlajak boldy.

Ol wakadan soň köp wagyt geçdi, diňe keselhanaň başlygynyň haýyştlary esasynda Näzik arz etmedi. Oň tarapyny çalan gelniň näme üçin beýle edenini Näzik hiç wagyt bilip bilmedi, ol aýtmady. Belki baş lukman bilen öz hasaplary bardyrda? Bäş lukma öz iş ýerinde galdy, ýöne örän üýtgedi, Näzige siz diýip ýüzlenip başlady, hiç bir işgäriň gözine dogry seredip bilmedi. Gözi öwrenşmesin diýip, Näzik baş lukmana aram aram haram doňyz diýip köpilikde söwýärdi. Baş lukman bolsa alaçsyz ol sözlere gülen bolýardy. Ol gorkýardy, öler ýaly gorkýardy. Iş döwüri Näzikden dynmak üçin köp mümkinçilikler bolupdy, Näzik işde köp ýalňyşlyklar göýberýärdi, ol ýaramaz lukman. Ýöne Näzigi işden aýranyň bilen problemmadan dynaňok. Ol gyz bir ýerlerde seni garawullap ýeňsäňden pyçak sokyp biljekdi, ol hakyky däli. Elbetde baş lukmanyň gözlerinde. Netijede baş lukman Näzigiň öňünde hiç hili böwet bolmaly däl diýen netijä geldi. Dogram etdi.
Bolan wakadan iki ýyl geçensoň baş lukman Näzikden çyny bilen ötünç sorady. Öňki soran ötünji başyna düşen beladan sypmak üçindi. Ýöne bu gezek çyny bilen sorady. Ol indi Näzige başga gözler bilen garaýardy.

—Sen adaty gyz däl, seň demirden ýasalan, —diýipdi ol şonda. Sen Lilit

—Kim Lilit?

—Adam ataň birinji aýaly Lilit.

*****
Irden sagat 11-lere Näzik dermanhana bardy. Adaty dermanhana däl, wetirenar dermanhana. Ol ýerde Näzigiň köne tanşy işleýärdi, adaty oglan.

—Salam Meret, —diýdi Näzik entek gapydan doly girmän.

Dermanhanada adam ýokdy, asla weterinar dermanhanalary mydama boşlow bolýar. Belkem haýwanlar adamlardan az keselleýändir, ýa-da olar öz keselleri barada aýdyp bilýän däldirler? Nähili bolandada Näzigiň gelen wagty dermanhanada keseki adam ýokdy.

—Oooo, —gygyrdy Meret we Näzige tarap ylgady.

Ýol ugry ak haladynyň bir ujy bir zatlara ildi we bir näçe sany derman guty ýere gaçdy, ýöne Meret yzyna üns bermedi. Ol ylgap gelip Näzigi gujaklady, Näzik doňan daş ýaly ýerinde gymyldaman durdy, bolýan zatlaryň özine ýaramaýanlygynyň şanyny ýüzini turşatdy we ulydan demini aldy.

—Boldyňmy, —sorady Näzik.

—A sen owadanlaşypsyň, —bir ädim yza süýşip Meret baha berdi.

—Azap çekýäs özä.

—Otyr, —diýdi Meret we ýer görkezdi.

Soň iki sany köne tanyş köne zatlary ýatladylar, okuw ýyllary, özleriniň nähili samsyk bolanlaryny. Elden giden zatlar, ters ykballar we bir giden öwrümler.

—Sen ýönelige geleňoga? —sorady Meret. Seň diňe işiň düşende gelýäň.

Näzik ýylgyrdy.

—Şu gezegem kömek et.

—Aýdýana ýönelige geleňok diýip. Hany aýt onda bu gezek näme boldy.

—Maňa preparatlar gerek, —başlady Näzik wajyp äheňde.

—Nähili preparatlar? Sen näme mal-dogtar boldyňmy?

—Aý ýok, goňşym haýyşt etdi, oň bir iti bar.

—Iti ýaranokmy? —sözini böldi Meret.

—Ýokla dursana, aýtmaga goýsana, —gaharlandy Näzik. Soň bolsa Merediň köşeşerine garaşyp çalt çalt goşgy okaýan ýaly ýagdaýy düşindirip başlady:

—Meň bir goňşymyň iti bar.

—Howwa, —diýdi Meret we başyny atdy.

—Şol it ýaranok.

—Ähä, —diýdi Meret.

—Ýöne iti bejeribem bolanok.

—Bäh, —diýdi Meret.

Meret çalasynlyk bilen Näzik gürläp duran wagty oň sözleriniň arasyna öz belliklerini sokyp ýetişýärdi.

Ana şol ite eýesi dözenok.

—Waheý, —goşdy Meret.

—Indi sen aýt, nädip iti ýeňil usul bilen öldürip bolýar?

—Hemme itler jennede düşýär diýen multik bardy, ýadyňdamy? —diýdi Meret we gülip başlady.

Näzik Meret gülip bolynça garaşdy, ol gaty şadyýan oglandy. Ýöne Näzigiň turşap duran ýüzi garşysynda duransoň, ol hem uzak gülip bilmedi. Demini dürsäp gürläp başlady.

—Diýmek şeýle, iti uklatmaly?

—Uklatmaly däl, öldürmeli Meret, —sözini böldi Näzik.

—Bilýän, ýöne diýilende şeýle diýilýär, wetirinarlaň dilidä.

—Hä, şeýlemi asyl?

—Howwa, —diýdi Meret we ýerinden turdy.

Witrinaň aşaklaryndan bir ýerlerden iki sany derman guty çykardy. Näzik ol gutylara gözi düşen badyna olara ýapyşdy.

—Eliňi çek agyz, —gygyrdy Meret. Häzir düşindirjek.

Näzik diýleni etdi we çalaja ýylgyrdy.

—Ine esasy preparat, —Meret eline bir derman gutyny aldy. Ukoldan soň 15 minut geçdigi ýüregiňi saklaýar. Öýkeniňede täsiri bar. Aý karoçe öýken ýa-da ýürek durýar.

—Içki myşsalaryňa täsir edýär, —goşdy Näzik.

—Howwa, bildiň, —diýdi Meret we Näzige barmagyny uzatdy, hamala ikilikçi okuwçy dogry jogap bilen ýaly.

Näzik özinden göwni hoş ýylgyrdy we sorady:

—ikinji preparat näme?

—Bu bolsa has gyzyklysy. Seň goňşyň öz itini gaty gowy görýärmi? Itiň kösenip ölenini isleýän däldirä?

—Düşmedim, —diýdi Näzik.

—Oooýýý, —ulydan demini aldy Meret. Saňa bar zady barmakda düşindirmeli bolýarda. Eger ite birinji dermany ursaň, ol 15-20 minutlap kösenýär, sebäbi dem almasy ýuwaş ýuwaşdan kynlaşýar, karoçe it eýläk beýläk ylgap başlaýar. Eýesi üçin öz itiniň beýle ölümi ýaman göz gyny.
—Düşindim, —ýylgyrdy Näzik.

—Nämä düşindiň?

—Ikinji derman it kösenmez ýaly urulýar.

—Ana, ana, —diýdi Meret we ýende Näzige barmagyny uzatdy. Senden bir zatlar çykmagy mümkin.

—Ýöne diňle Näzik, —ol dowam etdi. Hakykatda it barybir kösenýär. Ikinji derman ýöne bir iti gymyldamaz ýaly edýär. Biz bu dermana Narkoz diýýäs. Ýöne hakykatda bu hiç hili Narkoz däl, bu ýöne bir trankwlizator ýaly bir zat. It barybir kösener, ýöne ýerinden gymyldap bilmez, üýrip bilmez. Men köp it ukladyp gördim, eýeleriň köpsi öz itleriniň kösenenini islänoklar, ana men şonda Näkoz edýän diýip şu dermany urýan. Hakykatda it bar zady duýýar, ol kösenýär, ýöne gymyldap bilenok. Eýeleri bolsa itleri ýeňil ölendir öýdýärler.

—Maňa geregem şol, goý ol kösensin —diýdi Näzik we yz ýanyndan aýdan sözlerine ökündi. Sebäbi ol sözler oň pikirleridi we hiç wagyt sözlere öwrülmeli däldi, ýöne Näzik seresapsyzlyk göýberdi.

Näzigiň agzyndan çykmasyz söziň çykanyny Meret şol bada bildi. Ol ýüzinde pikirlenýan adamyň yşaradyny ýasady we sorady, örän haýaljakdan sorady:

—Itiň eýesi bilýärmi seň etjek bolýan işiňi? Birniň ýürege düşen itini öldürjek bolýan dälsiňä?

—Sen gorkma Meret, maňa ynanaý.

—Aý bolýarda Näzik, öziň bilýäň, —diýdi oglan.

—Narkoz diýýän preparadyňy ursaň it üýrip bilmez diýdiňmi?

—Howwa, —diýdi Meret we keýpi gaçdy. Sen gyz üçin men irde giçde bir bela uçrarnow.

Merediň ýüregi syzdy, gyz bilen bir zatlar ters.

*****

Näzik dermanhanadan soň öýine geldi, işe gitmäge az wagyt galdy. Nobatçylyga taýýarlanmaly. Suwa düşmeli, öziňe serenjam bermeli, agşamlyk nahar bişirmeli. Ýöne Näzik hiç zat iýesi gelenokdy, ol irdenden bäri aç gezip ýör, işdäsi bir ýerlerik ýitirim boldy. Agşam nobatçylykda etmeli işler eýýäm iki gün bäri Näzigiň egninde agyr ýük bolup asylyp dur. Ol adam janyny almalydy, özem ýöne-möne adam däl. Öz kakasynyň janyny almalydy. Ýöne ol adam hakykatdanam Näzigiň kakasymy, ýa-da oňa ýat adammy, hiç kime belli däl. Ol soragyň jogabyny, hatda siziň şu wagyt okaýan setirleriňizi ýazyp otyran awtor hem bilenok. Näzik ömrüne arzuw etdi, göz öňine getirdi, şol arzuw bilen ýaşady. Oň kakasy oň eline näsag bolup düşýär we Näzik ondan ar alýar. Arzuwlarynda ol gyz kakasyny köp köseýär, ýöne hakyky dünýäde, hakyky keselhanada beýle edip boljak däldi. Tutulmagyň gaty ahmaldy. Şoň üçin Näzik bar zady çalt ýerne ýetirmeli diýen karara geldi. Ýöne Näzik ýüreginiň çüň ýerinde öz eden işi üçin tutulasy gelýärdi, şol wagytlar şeýle iş üçin hökümet tarapyndan ölüm jezasy bardy. Ol ölesi gelýärdi, ýaşasy gelenokdy, ölümden soň başga dünýäň bardygyna ynanmasada, ejesi bilen duşjakdygyna ynanýardy. Ýöne ruhy daşdan berk bolny üçin, öz janyna kast edip bilenokdy. Eger öziň dünýeden gidip bilmeseň, diýmek başgalar seni ol dünýä ugradar ýaly etmeli. Kanuny gödek bozmaly, onsaň seni öldürler. Eger sen birni öldürseň seni hem öldürler. Eger birni öldürmeli bolsa, goý ol kaka bolsyn. Ol ölüme mynasyp. Belki şeýle etseň biz ýokarda bileleşeris? Men ejem we kakam?

Näzik ýuwyndy, guwy edip ýuwyndy, eger bir zatlar ters gitse ol öýe dolanmazlygy ahmal. Oň tutulmagy hem mümkin. Soň Näzik saçyny sary reňke boýady, ol mydama saçyny sara boýasy gelýärdi, ýöne birden beýle üýtgemäge kimdir birinden çekinýärdi. Ol sary saçy bilen aýnaň öňüne bardy, özini synlady. Ol şu wagyt şol gyza bir almany ikä bölen ýaly meňzeşdi. Çerkeziň ýaş esger wagty, Berliniň etegindäki obalaryň birinde öldüren gyzyna örän meňzeşdi.

*****

Nobatçylyk başlady, Näzigiň ygtyýarynda birje şepagat uýasy bardy. Haçanda keselhanada näsaglar köp bolan wagty şepagat uýalaryň sany ikä çenli ýetirilýärdi, ýöne bu wagyt näsaglar örän azdy we bar işlere birje şepagat uýasy ýeterlikdi. Näzik wetirinar dermanhanadan alan dermanlary bilen dört sany şprisi doldyrdy, olaryň ikisi näsag gymyldamaz ýaly paraliç edýän, galan ikisi bolsa ýüregiňi öýkeniňi saklaýan sanjymlardy. Paraliç edýän iki şprisiň birini Näzik şepagat uýasyna berdi we Çerkez atly näsag ýatmaka oňa urmagy tabşyrdy. Ikinji şprisy bolsa, ätiýaçdan ýanynda goýdy. Şepagat uýasy edil tabşyrlyşy ýaly hem etdi, hiç hili artykmaç sorag bermedi, oň özi näme sanjylýanyndan habarsyzdy, bar zada lukman jogabp berýär. Sagat giçlik 9-lara şepagat uýasy 114-nji palata girdi we Çerkez atly näsaga sanjym etdi, soň yzyna gaýdyp bardy.

—Urduňmy, —sorady Näzik.

—Howwa, —jogap berdi şepagat uýasy.

—Ýatmandyr dämi entek biziň wetiranymyz?

—Aý ýook, entek oýa eken, ýöneee, —ýaýdandy şepagat uýasy.

—Näme ýöne, —oň agzyndan kakyp aldy Näzik.

—Ýöne köne eşiklerini geýipdir.

—O nämäň köne eşikleri?

—Saldatlaň eşikleri bara? Şoňa geýnipdir. Döşinde bir iki sany medalam gördüm.

—Ohoow, —diýdi Näzik.

—Ol näme üçin geýindikä Näzik?

Näzik sesini çykarmady, ol aňýardy, wetiran öz öliminiň golaýlanyny bilýär, şoň üçinem geýnipdir, durmuşdan dabaraly gidesi gelýär.

—Iň esasy zat sen ukoly urdyň dämi?

—Howwa.

—Ol ýatdymy?

—Men gaýtmakam oýady, —jogap berdi şepagat uýasy.

—Bolýar, dinjiňi alyber.

Näzik agşam sagat 12-ä çenli garaşmaly diýen karara geldi, urulan ukolyň täsiri 5 sagada ýetmelidi. Çerkeze bolsa ukol sagat 9-dan soň sanjylypdy. Eger ol ukol tötänden az bolsa, Näzikde ýene biri bardy. Sagat 11-lere şepagat uýasy irkilip başlady, ýene ýarym sagatdan ol gowy uklady. Wagyt boldy, —pikirlendi Näzik.

Ol hiç kim eşitmez ýaly haýaljakdan 4-nji gata galdy we 114-nji palata tarap ýöredi, palataň agzynda sägindi.

—Eger sen şu gapyny açsaň, soň yza ýol ýok, —diýdi ol pyşyrdap öz özine.

Ol gapyny açdy, palata girdi, palataň içi ümsümlik, adam gara ýok ýaly. Çerkeziň ýatan ýerine seretdi, tümligiň derdinden hiç zat görünenok. Näzik çyrany açdy, palataň içi gündiziň güni ýaly ýagtylyp gitdi. Krawadyň üstinde bir esger ýatyr, edil öz söweşen döwrüniň harby geýminde. Döşinde iki sany medal, ýöne ol medallaryň näme aňladýanyny Näzik düşinenokdy. Inede seň wagtyň geldi kaka, —diýdi Näzik içinden. Esger bolsa arkan ýatyr, gözleri açyk, ýöne gymyldap bilenok. Oňa sanjylan derman şeýle täsir edýärdi, ol bütinleý paraliç, hatda agzy bilen gözlerniň myşsalary diýen edenokdy. Näzik esgeriň ýanyna baryp oň sag elini çermedi. Soň ak haladyň jübsinden şprisi çykaryp esgeriň çep eline diredi, diredi we sägindi. Saklanmak üçin iň soňky bosaga Näzik, —diýdi ol öz özine. Başda bar zat aňsat ýalagam görünse, iş ýüzinde beýle bolup çykmady. Näzigi duýgylay doldyrdy. Ol kakasyny öldürmek arzuwy bilen köp wagyt ýaşapdy, inede ol arzuw hä diýmän hasyl boljak. Arzuw hasyl bolansoň näme etmeli? Nädip ýaşamaly? Arzuwyň özi oň hasyl bolmagyndan has süýjidi. Näzik ikirjiňlenip durdy, iňňäni esgeriň eline eýýäm sokupdy, ýöne gyzylymtyl reňkli suwuklygy göýberibilmän durdy. Belli däl Näzik näçe wagyt şeýdip durdy, ony edýän işiniň dogryly barada şübhe heläk edýärdi. Birden Näzigiň garaşmaýan bir zady boldy, esger janlandy, çalaja janlandy. Ol ýuwaşadan kellesine näzige tarap öwürdi we gyzyň gözlerine seretdi. Näzik tisgindi, esgeriň gözlerinden haýaljakdan ýaş dämýardy, ol bir zatlar aýtjak bolýar, ýöne dermanyň täsirinden dili diýän edenok, şoň üçin oň agzyndan çykýan sözler adamyň aýtjak sözlerine meňzänokdy.

—Sen näme diýýäň, —sorady Näzik.

Esger bir zatlar zordan pyşyrdady,Näzik düşinmedi.

—Sen näme diýýäň haramzada, —Näzik gygyrdy we esgeriň döşine boş eli bilen urdy, başga eli bilen ol şprisy saklap durdy.

Esger gözleri bilen yşarat etdi, gel golaýrak diýen ýaly edip. Näzik öz gulagyny oň edil agzynyň ýanyna eltdy we ony diňledi:

—Bagyşly men seň ejeňi öldürenim üçin, —pyşyrdady esger we gözlerini ýumdy.

—Hiç haçan, —diýdi Näzik we sanjymy göýberdi. Şpris tutuşlygyna boşady, gyzylymtyl sanjym esgeriň endamyna ýaýrady.

Näzik bir adäm yza süýşdi, ol dermanyň täsirini daşdan synlasy gelýärdi. Esger täzeden gözlerini açdy, oň dem almasy kynlaşdy, ol haýaljakdan demigýärdi. 15 minut, söz beripdi dermany satan oglan. Näzik bolsa bolýan zatlardan gözlerini aýyrman seredýär. Ol bolýan zatlaryň ýekeje sekundynam sypdyrasy gelenok. Emeli sowukganlylyk iň soňynda öz ornyny çogyp çykan duýgylara berdi, Näzigiň gözinden birje damja ýaş syrykdy. Ol öziniň aglamajakdygyna näçe söz bersede, sözinde durup bilmedi.

—Sen haramzada, —gygyrdy Näzik. Meň ejemi sen öldürdiň, bar zada seň günäkär, menem sen öldürdiň. Men indi nädip ýaşaýyn?

Esger hiç zat jogap bermedi, ol diňe gözlerini ýumdy we hiç wagyt açmady.
Näzik ýere ýykyldy, ol aglady, ýüreginden bir zatlar sogryldy. Ol köp aglady, näçe wagyt aglanyny özem bilenok. Ýöne hemişe bolşy ýaly iň soňynda köşeşdi.

—Sen ony näme üçin öldürdiň? —sorady biri örän sowuk ses bilen, hamala sagat näçe diýip soraýan ýaly.

Näzik öz endamynda biriniň nazaryny duýdy, ol daş töweregine seretdi, adam ýok. Näzik bir bada oňa Hudaýyň özi ýüzlenýänir öýütdi. Ýöne näme üçindir Hudaýyň sesi ýaş oglanyň sesine örän çalymdaş, özem ýat adamyň sesine däl, öň bir ýerlerde eşidilen sese, howwa, Näzik oň bu sesi bir ýerlerde eşidipdi.

—Ölüme mynasypdy, —jogap berdi Näzik we daş töweregne garady.

Otagda ýeke täk bolan penjiräň öňüni ýapýan tulyň aňarsyndan bir ýaş oglan çyky. Näzik ol oglana siňňin seretdi, hamala gözlerine ynanmaýan ýaly. Ol Mämmetdi, Näzik ony bir bada tanamady, ýöne azajyk pikirlenip ýadyna düşirdi.

Soňy

Aşgabat: 27.01.2018ý
Awtory: Rahman Zulfikarow

Категория: Powestlar | Просмотров: 660 | Добавил: Awtor | Рейтинг: 2.7/ 3

Başga hekaýalar

Hum (syrly waka degişli).
Penjireden giren aýal, (ene hakda).
Näme üçin ýer titreýär?.
Iňňäniň gözünden düýe geçende....
Cagyrylmadyk myhman (Mistiki hekaya).
Kuran 22:2.
Hakyky Asman (makala).
Google (fantastiki powest).
Kyýamat —ölümden soň bize näme garaşýar?.
Meredaman.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: