« 1 2 ... 6 7 8
Berliniň eteginde

1-nji bölüm

Karidorda aýak sesleri eşidildi, kafel polyň ýüzünden biri öz ökjelerni urýardy, elbetde ol zenan. Mämmet palatada ýatan ýerinden, gapyň aňarsyndan gelýän sesleri diňledi. Başda ol sesler uzakdan gelýärdi, soň ýuwaş ýuwaş ýakynlaşdy, iň soňunda palataň deňine ýetdi, we aşhana tarap sowulyp, geçip gitdi.

—Bibi dogtar öýdýän, ýöreýşi şoňky. Bu gije şoň nobatçylygymyka? —Mämmet öz pikirlerini daşyndan aýdanyny duýman galdy.
... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 696 | Добавил: Awtor | Дата: 25.03.2019 | Teswirler (0)

Hakyky adalat biz (1-nji bölüm)

Rahmanyň bolup gelşi, gaçyran puluny gözleýän garry adamy ýatladýardy. Ol her ädimini zordan ädýärdi, başy ýere salykdy, ol öýine tarap gidesi gelenokdy, ýöne başga alaç hem ýokdy, eýýäm gün ýaşyp barýardy, isleseň islemeseň öýe ýatmaga baraýmalydy. Öýde bolsa oňa Jähennem garaşyp durdy. Rahman öz aýalynyň adyny şeý diýip tutýardy, hakykatda bolsa ol gyzyň ady Jahandy. Gara saçly owadan gyz, has takygy ol öň gyzdy, bu wagt bolsa gelindi, Rahmanyň geli ... Yzyny oka »
Категория: Powestlar | Просмотров: 836 | Добавил: Awtor | Дата: 13.01.2019 | Teswirler (0)

HUM

Kamar entek daşary ýagtylmanka oýandy. Ýok, ol namaz okanokdy, ol asla Hudaýa-da kän bir ynanyp baranokdy. Kamaryň ir turmagynyň başga bir sebäbi bardy. Daşarda maý aýy höküm sürýärdi, baglarda guşlar saýraýardy, adamler entek örmändi. Köçelerde diňe itler topar topar bolyp ygyp ýördüler, adam-gara görünenokdy. Kamar ilki bilen öz ýatýan jaýyndan köne bir daş çäýnegi maşynyna mündürdi. Eger şu wagt Kamary aýaly gören bolsa hökman edýäniň näme diýip sorardy. Kamaryň hereketleri ö ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 356 | Добавил: Awtor | Дата: 16.08.2018 | Teswirler (0)

Otagyň içi tümdi we çygdy, daşarda ýagyş ýagýardy. Daş töwerekden palçyk bilen öl otlaryň ysy gelýärdi. Giçlik başlan ýagyş entegem diňmändi. Wagyt bolsa eýýäm daňdana ýakyndy. Jemal ýatan ýerinden gymyldaman başyndan sypan ýaglygyny gözläp tapdy, we düwinini çözdi. Täzeden daňmaga taýýarlap epledi, we baş ujynda goýdy. Aýagy bilen itişdirip dyzyndan geçen köýnegini düzetdi, howwa, ol ýerinden turasy gelenokdy. Jemal bir gorkynç düýşden oýanypdy, ýöne düýşinde gören zatlary öldür ýadynda düşeno ... Yzyny oka »
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 791 | Добавил: Rahman | Дата: 25.12.2017 | Teswirler (0)

1-10 11-20 ... 51-60 61-70 71-74