21:56
Hakyky adalat biz (20.01.19 üýtgedildi)
Hakyky adalat biz (1-nji bölüm)

Rahmanyň bolup gelşi, gaçyran puluny gözleýän garry adamy ýatladýardy. Ol her ädimini zordan ädýärdi, başy ýere salykdy, ol öýine tarap gidesi gelenokdy, ýöne başga alaç hem ýokdy, eýýäm gün ýaşyp barýardy, isleseň islemeseň öýe ýatmaga baraýmalydy. Öýde bolsa oňa Jähennem garaşyp durdy. Rahman öz aýalynyň adyny şeý diýip tutýardy, hakykatda bolsa ol gyzyň ady Jahandy. Gara saçly owadan gyz, has takygy ol öň gyzdy, bu wagt bolsa gelindi, Rahmanyň gelini. Ana şol gelniň ýanyna Rahman öler ýaly gidesi gelenokdy, ýöne oň ýöräp barýan ýoly islese iselemese şol gelne tarap eltýärdi. Bir iki sany çaga zordan ýöräp gelýän Rahmana salam berdiler, ýöne Rahman başynam galdyrmady, goňşy çagalaryň biridirdä, –pikirlendi ol. Wah men hem şol köne döwürler ýaly aladasyz çaga bolaýmala? Ýenede çagalyga gaýdyp barmak üçin ömrümiň ýaryny berjek, nirä ýarsyny diýsene, barsyny berjek, eger az bolsa üstine Jähennemem berjek. Jähennem bolsa bu wagt irden öýden çykyp giden ärine garaşyp otyrdy, ol bolsa glenokdy. Gün bir eýýäm goňşy jaýlaryň ýeňsesinde gizlendi, döwlet we şahsy edaralaryň bary bir eýýäm ýapyldy, gargyş siňe Rahman bolsa entegem ýok.
Kerpiç ýaly agyr eller bilen Rahman öýüniň gulpyna açary sokdy, eller diýen edesi gelenokdy. Alada gaýgy oň bedeniniň bar ysgynyny alypdy. Açar iki gezek sag tarapa aýlandy, Rahman öýüň bosagasyndan ätledi. Hiç zat gürlemän sesiz ünsiz myhman jaýa girdi we ýere çökdi.

–Ezizim sen ýadap gelensiň, –Jahanyň ýa-da Jähennemiň sisi aşhanadan eşidildi. Rahman oňa jogap bermedi, sebäbi gyzyň sesi we sözleri galpdy. –Häzir men ýadap gelen ärime nahar bereýin, –Jahan ýa-da Jähennem aşhanada janlandy, gapgaçlaryň sesi eşidildi. Rahman iki eli bilen gözlerini ýumdy, häzir uly bir dawwa başlanmalydy, ol bolsa dawwalardan ýadapdy.

–Ýok men hiç zat iýjek däl, –Rahman zordan seslendi we öz sesini tanamady, oň sesi ölüm ýassygynda ýatan gojany ýatladýardy, hamala ol goja öz çagalaryna mirasyny paýlaýan ýalydy.

–Sen uzakly gün iş gözläp ýadansyz ezizim? –Şeýle sözler bilen Jahan atly gyz gapydan girdi. Oň elinde bir okara bardy, okaraň içi boş däldi. Rahman aýalynyň gözlerine seretmejek bolup ýüzini gapdala sowdy.

–Näme boldy? –Jahan sorady. –Ýüzime seretmäge utanýaňmy? A men sen ýaly ärimiň bardygyndan utanýan, –Jahanyň sesi öz kadaly ýagdaýyny eýeledi, gödek we bir bada owadan. –Ejem görgüli maňa näçe gerez diýdi saňa durmuşa çykma diýip. Men bolsa söýgi diýip samsyk bolupdyryn.

–Başladow, –Rahman çalaja pyşyrdady. Ýöne hiç zat jogap bermedi, ol Jähennemiň beýle sahnalaryna öwrenşipdi.

Jähennem bolsa edil şol wagt elindäki okarany elinden gaçyran ýaly edip palçyldadyp Rahmanyň öňünde goýdy. Okaranyň içindäki suw Rahmanyň aýagyna syçrady. Hawa, okaranyň içindäki adaty suwdy.

–Al iý, garnyňy bir doýyr, –şeýle sözler bilen Jahan ýa-da Jähennem okaraň içine bir agaç çemçäni hem oklady. –Näme iýeňok, nahara göwnüň ýetenokmy? Bagyşla ezizim, seň gazanjyň nämä ýetýän bolsa şondanam nahar bişirýän, şu wagt seň gazanjyň diňe suwa ýetýär, ýöne bahym şoňada ýetmez. Ine aý dolar welin suw üçin pul sorap gelerler.
Rahman hiç zat jogap bermän gapa tarap ýöredi, ol eýýäm beýle sahnalara bir näçe aý bäri tomaşa edensoň, eýýäm öwrenşipdi.

–Gidýäňmi, gümiňdenem aňaryk git haramzada, bir maşgalany ekläp bileňok, özüňede erkek diýänsiň–gapy ýapylaýmaka Rahman eşidip galdy. Ol sözleriň entegem yzy bardy, ýöne gapy wagtynda ýapyldy.

Indi nirä gitmeli? –Rahman daşaryk çykyp ulydan demini aldy. Gidere ýer ýok, bolsada howa Ýaz pasly, köçede ýatsaňam boljak. Nirä gitmelidigi barada Rahman oýlanýardy, ýöne aýaklar eýýäm ony bir ýerlerik alyp gidip barýardy. Nirä alyp gitse şoňa alyp gitsiň, ýöne öýden alyslara alyp gitse bolýar. Edil şu ýerde Rahmanyň ýadyna köne türkmen halk aýdymyň setirleri düşdi; –Mert oglanyň baran ýerinde öýdi bardyr, namardyň welin öz öýi özine zyndandyr. Ol setirler şeýledi. –Men namartmykam, –Rahman pikirlendi, emma soraga jogap tapmady. Oňa barara ýeri ýokdy, öz öýi özine zynnan. Bar zat gabat gelip dur, ol hakyky namart.

Öýlerinden gowja daşlaşyp Rahman pikirlendi, indi haýsy tarapa ýöremeli? Daşary bolsa eýýäm gowja garaňkylapdy, uzyn uzyn baglar ägirt döwleri ýatladýardy, uzakdan gelýän awto-ulaglaryň çyralary göziňi gamaşdyrýardy. Nirä ýöremeli? Beýle ýagdaýda dos-ýarlaryň gapysyny kakyp bolmaz. Ýat adamlar bolsa Rahmany başyna ýapsynlarmy? Eger şäheriň seýilgähleriniň birine barsaň hökman Polisiýaň işgärlerine sataşarsyň. Onda nirä gitmeli? Elbetde Rahmanyň öz önüp ösen öýi hem bardy, ýöne ol ýerik soňky 5 ýyl bäri barmansoň, indi hasam barasy gelenokdy.

–Kanala gitmeli, –bir ýerlerden kellä samsyk pikir ylgap gelip urdy. Ol pikir üstinden ençeme gün geçensoň samsyk ýaly bolup görünýärdi, ýöne şol gün şol wagt adamzadyň kellesine gelip biljek pikirleriň iň gowysy ýalydy. Hawa, kanala tarap gitmeli. Rahman gündizlerine kanalyň boýyna kän barýardy, ýöne gün ýaşanyndan soň ýekeje gezegem baryp görmändi. Şäherden gaýralygyna ýöreseň garagum kanaly geçýärdy, adamzadyň elle gazan derýalarynyň iň ulusy, ýöne näme üçindir ol kanalyň resmi ady garagum derýasydy. Rahmana welin parhy ýokdy, goý ol derýa bolsyn, isle kanal, ýöne akýan suw bolsa bolýardy. Ol näme üçindir şu wagt öler ýaly akyp ýatan suwa seredesi gelýärdi. Şeýlede boldy, Rahman şäherden aşaklygyna düşip başlady.

Kanalyň boýy ümsümdi, hiç kim pikiriňi bölenokdy, suwuň tolkyn atýan sesleri eşidilýärdi, ýa-da gijäň içinde kimdir biri suwda ýüzýärdi. Garşy kedarda göle ýaly türkmen alabaýy eýesiz sümsünip ýördi, Rahman ol itiň başga kenardadygyna begendi, bolmasa ol arkaýyn otyryp biljek däldi, ol öler ýaly itlerden gorkýärdy, hatda pişik ýalyjak kiçijek itlerden hem. Ýöne öýede gaýdyp boljak däldi, Jähennem bilen bir gijäni geçireniňden, kanalyň boýynda alabaý bilen otyranyň gowy. Onsoňam alabaýyň bar edip biläýjek zady bir iki gezek dişlärdi, Jähennem bolsa öz sözleri bilen ýürege ýara salýardy. Ýöne barybir Rahman ony günäkär hasaplanokdy, ol gyz ýöne bolýan zatlardan azajyk ýitiräk ejir çekýärdi. Ýylyň başyndan bäri Rahman işsiz ýatyrdy, bolmasa ol Mollanepes teatryň artystydy. Edil bir wajyp rollardada oýnanokdy, köplenç ýeňsede bir ýerde Patyşany ýelpeýärdi, ýa-da sahnada bir iki minutlyk peýda bolýan personažlary janlandyrýardy. Ol ýaramaz aktýordy, ýöne barybir şol hünär hem ony ekleýärdi. Dogrysy şu ýylyň başyna çenli ekledi, soň teatryň işgärler hasabynda üýtgeşme bolup geçdi we Rahman işsiz köçede galdy. Eger ol ýeke bolan bolsa zyýanam ýok welin, oň bilen bir gaýykda iki çagasy bilen Jähennem lakamly aýalam bardy. Ol gyzyň ady dünýe düzüw wagty Jahandy, ýa-da Jahanjandy, emme maşgalada kynçylyklaryň peýda bolmagy bilen gyzyň ady Jähenneme öwrüldi. Ýöne Rahman öz gelniniň adyny Jahan diýip tutýardy, Jähennem diýip diňe öz hyýalynda agzaýardy, eger ol öz aýalyna Jähennem diýip ýüzine diýäýen bolsada, barybir Jahan hiç zada düşinjek däldi. Ol gyza köne türkmen sözleri ýatdy. Elbetde Jähennem dälde, Dowzah diýip tutan bolsa? Jähennem Dowzahyň başgaça ady, belkem Jahan düşinse düşinerdem?
Işsiz galan Rahman bir bada her ýerik uryhny, bar bolan tanyşlaryna ýz turdy, hemme edaralary aýlanyp gördi, ýöne hiç zat başa barmady. Daş töwerekdäki adamlar hiç hili bökdençsiz öz iş ýerlerini çalşyp ýören ýaly bolsalaram, Rahmana gezek gelende, tutuş dünýe gapylan ýaly boldy. Şeýdip günler geçdi, oň yzy bilen aýlar, ýöne ýagdaý hiç hili gowlanasy gelenokdy. Soňa baka öýde iýmäge çörek tapylamdy, satyp bolaýjak öý goşlaryň bary satyldy. Jahan iki çagasyny atasy öýüne ugratdy. Olar şol ýerde ýaşadylar we mekdebe gatnadylar. Elbetde Jahanyň özem atasy öýüne gidip bilýardy, ýöne beýle etse ol öz ýerini boşatmaly bolýardy. Belli bolşy ýaly boş ýerler uzak boşanok, Rahman ýaly emelsizede eýe çykçak kemçin tapylar diýip aýaly öýden hiç ýerik gitmedi. Gitmedi we günden agşam Rahmany igeledi durdy igeledi durdy. Gündizlerine Rahman öýde bolanokdy, ol gündizleine Aşgabayň köçelerinde özine iş gözleýärdi, ýöne hiç zat başa baranokdy. Ol öz azaplarynyň puçdygyna bir mahal düşindi, ýöne öýine barmajak bolup barybir şäherde entäp ýördi. Soň şäheriň içinde entemesini goýyp, şäheriň çetine çykdy. Belki Rahmanyň ata-babalary çöl türkemenleridir, sebäbi ol şäheriň gaýra tarapyna çykdy. Eger ol dag türkmenleriň neslinden bolsan bolsa, oň damarynda akýan ganlar ony hökman daglara tarap çekerdi. Şeýdip Rahman kanalyň boýynda gezmäni endik edindi, ýöne ol kanala günde gelenokdy, takmynan günaşa gelýärdi. Rahmanda bir samsyk pikir aram aram janlanýardy, ol bar zady taşlap kanalyň boýyny syryp alyslara gidesi gelýärdi. Kanal ony hökman bir ýerlerik çykarjak ýalydy, belkide hemme kişiň unudan bir obasyna çykarar, belkide bir çopanyň goşyna çykarar? Nirä çykarsada şu şäherden daşyrak bir ýerik alyp gitse bolýardy. Şeýle pikirlerden soň Rahmana nädip namart diýmejek? Ol mydama muşakkatlardan gaçýardy, ol olary hiç haçan çözenokdy, ol mydama olardan gaçýardy, hakyky namart ýaly gaçýardy. Inede muşakatlaryň bary jemlenip Rahmana çatryklaryň birinde garawullap tutdylar. Indi gaçara ýer ýok Rahman, muşakkatlary çözmeli, ýa-da olardan ýeňileniňi boýyn almaly. Eger ýeňileniňi boýyn alsaň welin edil kakaň ýaly boýnyň ýüpli gutarmaly. Ölüm barada Rahman köp pikirlenip görüpdi, megerem kanalyň boýyna gelmediň esasy sebäpleriniň biri şol pikirler bolmagy mümkin? Hemme zada ýuwaş ýuwaşdan öwrenşmek gerek, belki suwuň ýanynda köp wagt geçirseň, irde giçde oň içinede girersiň? Ýöne bu kanalyň suwy adam gark edip biljek suwa meňzänokdy.
Garşy kenarda oýnap ýören alabaý bir ýerlerik ýitirim boldy, eger ol suwadan ýüzip Rahmanyň otyran keneryna geçäýse oň jany çykjakdy. Dogrydanam alabaý ýada düşeninden suwda täsin sesler peýda bolup başlady. Kimdir biri ýa-da nämedir bir zat suwy kürekleýärdi. Rahman suwa seretjek bolup ýerinden dikeldi. Çyndanam bir kölegi suwyň içi bilen Rahmana tarap ýüzip gelýärdi. Ýüzişi adamyň ýüzşine meňzänok, –Rahman belledi. Belki ol garşy kenardaky alabaýdyr? Beýle çola ýerlerde göleden sähel kiçi ite duşaýmak ýakymly iş däl. Onsoňam beýle tuhumy daýaw itler hiç wagt eýesiz aýlanyp ýörenoklara? Beýle tohumy itiň bahasy mir täzeje maşyn bilen deň. Onsoň kim beýle gymmat baha harydy hiç hili gözegçisiz kanalyň başyna oýnamaga göýbersin diýsene? Ýöne nähili bolandada kenara uly bir zat ýetip gelýär, oň adam däldigine Rahman ant içmäge taýyn. –Ylgap baga dyrmaşmaly, Rahmanyň kellesine gelen pikirleriň biri şol boldy. Çyndanam ýeňsede kiçijek tokaýjyk bardy, ýöne ol ýeriň baglary beýle uly däldi, beýikdäki çybyklar adam agramyny göterjege meňzänokdy. Rahman kenarda eýläk beýläk ylgady, ol başda ýola tarap ylgady, soň garşy tarapda garawulyň ýa-da bagbanyň öýiniň bardygyny ýadyna salyp şol tarapa ylgady. Ýöne netijede hiç tarapa ýetişmedi, we suwdan ýüzip gelýän kölegäň kenara çykjak ýerinde doňyp galdy.

–Inim, saňa näme bolýar? –Kimdir biri oňa ýüzlendi. Ol ses juda rahatdy we juda ýogyndy. Ol sesiň eýesi kimem bolsa gaty parahat adam bolmalydy. Sebäbi oň sesi parahatlygyň nyşanydy, ýa-da ol adam juda baý adamdy. Sebäbi diňe baý adamlar parahat sesli bolýar. Biziň sesimiz biriň ruhy ýagdaýmyzyň alamaty, eger sen durmuşda aladaň ýok bolsa, seň sesiň hem hiç hili aladany şöhlenendirenok.

–Men seni gorkyzaýdym öýdýän, eger şeýle bolsa bagyşla, –ses ýenede dowam etdi, ol entegem juda rahatdy. Oň rahatlygy Rahmanada ýokyşdy, ol hem rahatlaşdy. Suwdan çykan jandaryň it däldigine begendi, ýöne şeýle çola ýerde we gijäň çagynda, adam gowmy ýa-da it, belli däl.

–Dogrymy aýsam men size türkmen itdir öýütdi, aňar tarapda it gezip ýördi, –Rahman eli bilen ol kenary görkezdi. –Men itlerden öler ýaly gorkýan, –Rahman dogrysyny aýtdy, aldap durmady.

Dyzyna çenli suwyň içinde duran adam Rahmanyň eli bilen yzyna bakdy, garşy kenarda azajyk nazaryny egläp ýene Rahmana seretdi.

–Ol ýerde eýýäm it ýok, onsoňam it iti näme etsin diýsene? Meň özim şu wagt garşy kenardan ýüzip gelýän.

–Garşy kenardan? –Rahman soradymy, ýa-da eşiden zadyny tasykladymy, belli däl.

–Hawa, –diýdi ýüziji, –men bu derýada kiçiligimden bäri ýüzip ýöremsoň, şu wagydam aram aram gelýän. 48 ýaşap entek ýekeje gezegem lukmanlaryň gapysyny kakyp göremok. Näme üçin diýip sora? –Ýüziji Rahmana soramaga wagyt bermän ýene öz özi gürläp başlady. –Men entegem ýüzýän, şonyň üçin janyp tut ýaly sag. –Ýüziji sag eli bilen döşüne bir iki gezek kakdy. –Maňa kenara çykmaga rugsat berersiňmi?

Rahman beýle soraga garaşmady, kenar Rahmanyň öýi ýa-da howlysy däl, näme üçin ol rugsat bermelimiş? Ýöne barybir ol ýok diýesi geldi, ol garşysynda duran adamdan itden gorkyşyndan beter gorkýardy.

–Elbetde, aýdýanyňyz näme, –Rahman edil awtomat maşyn ýaly özinden çukardy.

–Onda maňa eliňi uzat inim, –ýüziji elini uzatdy. Rahman göwünli göwünsiz kenara golaýlap ýüzijä tarap elini uzatdy. Ol adam uly penjeleri bilen Rahmanyň elinden ýapyşdy, oň bir ýumrygy Rahmanyň kellesi ýalydy. Bir eli bilen Rahmanyň elinden ýapyşyk, ikinji eli bilen gamyşlardan ýapyşyp ýüziji kenara çykdy. Eger ol adam birden yza gaýyşaýsa, yzy bilen Rahmanam süýräp alyp gitjekdi.

–Aý sagbol inim, meň adym Baýgeldi, seň adyň näme? –ýüzüji sorady. Diňe şu wagt Rahman ol adamyň tutuşlygyna ýalaňaçdygyna gözi düşdi, duýdansyzlykdan ýaňa oň dili tutuldy. Ýüzijiň bolsa peňinede däldi, ol hiç zat bolmadyk ýaly, ýalaňaç syrty bilen ýere çökdi. –Inim sen näme kermi? Men seň adyňy sorap durun, –edil ýyldyzly gije ýaly rahat ses ýene sorady.

–Rahman meň adym, –Rahman zordan gürledi, gürläni bary ýogy iki sanjak söz bolsada demi zordan ýetdi.

–Hm, Rahman, gowy at, hm, –Baýgeldi atly ýüziji edil göle ýaly hümledi. –men seni köpden bäri şu kenarda görýän, başda öýsüz öwzarsyzdyr diýip pikirlendim, soň görüp otyrsam sen gijelerine bärde bolaňok. Şu gün bolsa gijede bu ýerde ekeniň, gel derýadan ýüzip geçip habaryny alaýyn, belkide kömegim deger diýdim. Näme oňarmandyrynmy? –Baýgeldi söziniň soňunda Rahmana bakdy. Ol bolsa ondan bir ädim beýlede dik durdy, özem bolup durşy uçup gitjek guşy ýatladýardy.

–Oňarypsyň agam, gaty oňarypsyň, –Rahman sakawlap diýen ýaly jogap berdi.

–Oňaran bolsam aýt onda habaryňy, sen näme üçin derýaň boýynda sümsinip ýörsiň? Bir gün däl, bir aý däl, eýýäm bir iki aý bäri.

Rahman näme jogap berjegini bilmedi, bolýan zatlaryň baryny bir söz bilen aýdar ýaly hem däldi.

–Meni işden, –ol başaldy, ýöne sakawlap ýene dymdy. Soň aýaly barada birzatlar gürlejek boldy, ýöne Jähennem diýdide ýene gürläre zat tapman sägindi.

–Işden kowdylar diýsene? –Baýgeldi atly ýüziji sorady. –Täze iş tapyp bilmediň, indem çagalaryň ýüzine seretmäne utanyp şäheriň çetinde kaňkap ýörsüň?

–Siz nirden bilýäňiz? –Rahman geň galyp sorady, oň bolşy ýüzijini şatlandyran bolmaly, sebäbi ol ses edip güldi. Soň bolsa ýanyndan ýer görkezip Rahmana aşak uturmagy buýurdy, Rahman edil uly itiň ýanyna çökýän ýaly howatyrlanyp otyrdy.

–Enşteýni tanaýaňmy? –Baýgeldi sorady. Rahman oýa batyp çalaja başyny atdy. –Men Albert Enşteýna diýýän, –Baýgeldi dowam etdi. –Ana şol Enşteýn ýaş wagty maşgalasyny ekläp bilmän uzakly gün öýden gidýän eken, sen meni diňleýäňmi? –Baýgeldi sorady, Rahman ýene başyny atdy. –Ol bir bada şäheriň içinde kaňkaýan eken, soň adamlaryň gözünden düşmäýin diýip şäheriň çetine çykypdyr.

–Edil men ýaly, –Rahman içini gürletdi.

–Soň Enşteýn bir örän täsin adama duşýar, şol adam bolsa oňa iş tapmaga kömek edýär. Men seni kanalyň boýynda görüp başlamda iň birinji kellä gelen pikir seň işiň ýokdyr öýtdüm. Onsoň näme, öýde otyran aç çagalaryň ýüzine seredip otyryp bolýarmy näme? Iş gözlejek diýip öýden gidýänsiňdä bir ýerlerik? Başda dos-ýarlaryň ýanynda entäp başlaýaň, soň olaryň gözinden düşip öz başyňa şäherde entäp başlaýaň, iň soňynda şäherde hem polisiýaň gözinden düşmäýin diýip şäheriň çetine çykýaň. Meň diýjek bolýanym seň edýän hereketleriňi öň başga adamlaram etdi, mysal üçin şol Enşteýn etdi. Men şonyň üçin seň işsizdigiňe şol bada düşindim. Bilýäňmi Enşteýnly hekaýa nähili gutardy?

–Bilemok, –Rahman öz söhbetdeşiniň ýüzine seretmän jogap berdi we hyýalynda “Bilesimem gelenok” diýen sözleri goşdy.

–Ertir meň iş ýerime gel, onsoň men saňa yzyny gürrüň bereýin. Meň adym ýöne ýere Baýgeldi däl, –ýüziji ýylgyrdy.

Rahman bolsa pikirlendi, Baýgeldi kimem bolsa kanalyň gaýrasyndaky obaň ýaşaýjysy bolmaly? Ol şol tarapdan ýüzýp geldi. Gürleýşi, özini alyp barşy we sypaty hakyky oba adamlaryny ýatladýar, ýöne ol Enşteýn barada nirden bilýär diýsene? Beýle adamlardan goýyn düýe sygyr we türkmen itleri barada bir zatlar sorasaň hakyky alym bolyp çykarlar, ýöne Albert Enşteýn? Gürläp oturan bolsa belki bilýändir? Uly adam bolup bilmeýän zadyny gürläsi ýokla? –Rahman pikirlendi.

–Ýogsada seň hünäriň näme, öň kim bolup işleýärdiň? –Baýgeldi Rahmanyň oýlanmalaryny böldi.

Rahman öz hünärini aýdasy gelmedi, sebäbi düşen ýagdaýy bilen öz hübärini masgara edýändir öýütdi.

–Men medenýet ulgamynda zähmet çekýärdim. –Rahman takyk däl jogap berdi.

–Medenýetde? –Baýgeldi ysyrganýan it ýaly hasyrdady. –Medenýetiň nirsende?

–Teatrda, –Rahman göwünli göwünsiz jogap berdi, ol aldasy hem gelenokdy, ýöne hakykaty aýtmagam agyr degýärdi.

–Haýsy teatrda? –Baýgeldi ony günine goýmady.

Iň soňynda barybir hakykaty aýtmaly boljagyna düşinip, Rahman bar zady bolşy ýaly gürrüň berdi.

–Hmm, Artist diýsene, näme biziň döwrümiüde teatrlar artistlar bilen zyňyşýalarmy? –Baýgeldi sorag berdimi, ýa-da öz özi bilen gürleşip başladymy belli däl.

–Men ol diýen gerek artist däldim, –Rahman erbet bir eden işini boýyn alýan ýaly başlady. –Men yzky planyň artisty, bilýäňizmi köplenç sahna biri ylgap çykyp bir habara aýdyp, ýene ýitrim bolýara? Men şolar ýaly artyst.

–Hiç wagt teatrda bolup görmändim, ýöne barybir artist artist bolýarda, –diýdi Baýgeldi. Meň pikirmçe medenýet öz kadyrlaryny çepe saga zyňyp ýörmeli däl, siz ýaly artystlaryň boýnynda halkyň medeni derejesini galdyrmak babatynda wajyp jogapkärlik ýatyr.

Ýeri beýle sözlemleri sen nirden aldyň diýsene? –Rahman içini gürletdi. –Telewizorda bir ýerde eşitdiňmi diýsene?

–Medenýediň zyňanyny biz gadyraýarys, –Baýgedli dowam etdi. Dogrymy aýtsam maňa sen ýaly artistlar gerek. Ertir wagtyň bolsa meň edarama aýlan, men saňa bir zatlar tapaýjak ýaly.

Baýgeldi sözlerini jemledi, eger öl şeýle wajyp äheňde gürlemedik bolsa Rahmanyň göwnüne ol adam oň üstinden güljek bolýan ýaly bolup görünerdi.

–Artistlara bolan ýyly duýgy sizde nirden peýda boldy diýsenen? –Rahman sorasy geldi, ýöne soramady, ol asla hiç zat gürlemän dymyp durdy, sebäbi bar zat geňdi. Ömründe birinji gezek görýän adamy kanalyň boýynda ýalaňaç otyr we oňa kömek elini uzadýar. Kellä bir ýerlerden Wolandyň aýdan sözleri gelip urdy; –Hiç haçan öziňizden güçlilerden zat soramaň, gerek bolsa özleri gelip teklip ederler. Woland dogry aýdaý eken, güýçliň biri gelip özi teklip etdi, elbetde ol degişmeýän bolsa?

–Salgyny ýazyp aljakmy, ýa-da ýadyňda saklarsyňmy, –şeýle sözler bilen Baýgeldi duýdansyz ýerinden galdy, ol gutmäge howlugýan bolmaly çemeli?

Rahman bolsa duýdansyz turan Baýgeldiň iki satanynyň arasyna seretmejek bolup ýüzini gapdala sowdy hasanaklap ýerinden galdy. –Aýdaýyň men ýadymda saklaryn?

Baýgeldi diýilýän ýüziji salgysyny aýtdy, Rahman daşyndan bir iki gezek gaýtalap salgyny ýatda saklady. –Siziň teklip edýäniňiz nähili iş, –diýip Rahman sorasy geldi, ýöne biri saňa halas ediji elini uzadyp duran wagty ol eliň gyllymy ýa-da gylsyzdygy barada gyzyklanmak gelşiksizdi. Nähili iş bolandada Rahman şu wagt razydy, iň esasy zat çagalara çörek puly gerekdi.

–Öýüňe bar, ukyňy al, ýuwun ardyn, sakal murtyňy al, ertir irden meň ýanyma gel, bolýamy? –Şeýle sözler bilen Baýgeldi suwuň içine dyzyna çenli girdi. –Bilýäňmi näme üçin meň adym Baýgeldi diýip dakdylar? –Baýgeldi suwuň içinde duran ýerinden sorady. Rahman ol soragyň jogabyny nirden bilsin diýsenen, ol oň bilen bile önüp ösenok, ýa-da garyndaş tanyş däl. –Meň doglan ýylym, 1962-njy ýyl şu kanal Aşgabadyň deňine çenli gazyp getirdiler, onsoň enem atam ýurda baýlyk geldi diýip meň adyma Baýgeldi goýupdyrlar, –şeýle sözler bilen Baýgeldi suwa çümip garşy kenara tarap ýüzip başlady. Raman bolsa oň yzyndan seredip galdy, nähili täsin adam? –pikirlendi ol, ýüzde bolsa öz özinden ýylgyryşlar peýda boldy. Sebäbi ol ertir özine iş tapynmagy mümkindi, anyk däl, diňe mümkindi.
Категория: Powestlar | Просмотров: 833 | Добавил: Awtor | Рейтинг: 4.3/ 3

Başga hekaýalar

Kyýamat —ölümden soň bize näme garaşýar?.
Biwepa.
Teleportasyýa Kerimi Kuranda.
Jeza (antiutopiýa).
Içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol (Oçerk).
Mollanepes teatrynda (t.
Berlinyň eteginde (2-nji bölek).
Adalat enjamy (fantastiki hekaýa).
Ýorgan (mistiki hekaýa).
Çagalaryň özüňden bolar ýaly näme etmeli?.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: