11:56
Ägirdiň aýasynda (garalama waryýant)
Eger ýazmak nesibämde bar bolsa meň birinji romanym. Aşakda görkezilen diňe garalama görnüşde ýazylan waryýant. Dogrysy entek üstinde ençeme gezek işlemeli bolar. Alada gaýgylam azajyk yza tesse nesip bolsa şu ýyl ýazyp başlan zadymy tamamlajak bolaryn…
Romanyň stilini "Düzediş 22" we "Şemalyň aýdymyny diňle" eserleriňkä meňzetjek boldum.

1-njy bölüm (awtoryň nokadyndan)

Sözler öz akymy bilen akýar, men olara böwet bolamok. Maňa KA sen beýik ýazyjy bolarsyň diýdi, Ylham seýilgähinde seň heýkeliň durar diýdi. Ol adam gelejegi gördi, ýa-da meň kelläme programma goýdy? Men anyk bilemok, men anyk bilýän zadym men bir gyzy gowy görýän we şol gyzyň suratynda öz dölümi dökýän. Şeýdip men ol gyzy dogalajak bolýan, ýöne güýjim ýetenok, sebäbi men entek örän ejiz. KA ýaly kuwatly jadygöý däl. Ka özüne garry jadygöý diýýär. Doga diýen zady şol maňa öwretdi, ol maňa ýenede köp zady öwretdi, ol meň kakamyň ornyny tutan adam. Men kakasyz ösdüm. Ka hem kaksyz ösdi. Hudaý bolsa meňzeş adamlary bir ýerik jemlemäni gowy görýär. Belki şol sebäpden ykbal meň ýolumda kakasyz ösen adamlary goýýandyr? Meň söýgülim hem şeýle. Durmuşymyň kakasyz ösen ýetimlerden dolandygyny men diňe 30 ýaşymda bildim. Yzyma seretdim we aňk boldym. Edil ýetimleriň öýi ýaly meň durmuşym diňe kakasyz ösenlerden doly. Beýle ýagdaýa maňa gözlerimi açmaga Haruki Murakamiň eserleri kömek etdi. Ol ýapon ýazjysy, meň iň gowy görýän awtorym. Gynansamda ol şu wagt diri, men bolsa oň öler ýaly ölerini isleýän. Goý ol adam ýogalsyn we öz eserlerini müň esse güýçlendirsin. Ol adamyň men ähli eserlerini okadym, öleninden soň ol adamyň ruyhy hökman meniň bilen bolaýmaly. Başga ölen awtorlaryň ruhy meň ýanymda ahyryn. Olar meň oňurgamyň ýülüklerinde ýaşaýarlar. Men nirä gitsem olar meniň bilen. Ýöne meň ýanymda bir oglanyň ruhy ýok. Ol hem kirpi lakamly oglan. Meň enem atamy aglatjak diýip söz betren oglan. Ýöne beren sözüniň hiç birinde tapylmadyk. Ol oglan bilen men 9 ýaşymda tanyş boldym. Ýöne 13 ýaşymda ony ýitirdim. Ol oglan Şeretan ýyldyzyndan uçup gelipdi, ýa-da şeýle diýip meni aldapdy. Şol oglan maňa köp zady öwretdi. Ol oglan diňe meň gözüme görüýärdi we başga hiç kimiň. Biz ol oglan bilen bir erbet iş etdik, ýa-da hiç zat etmedik, bu zatlaryň bary meň çagalyk döwürim oýlap tapan zatlarym? Siz bilýäňizä, köplenç şeýle bolýar, sen öz çaga döwürden galan ýatlamalaryňa seredýäň we düşüneňok. Bu seň ýatlamalaryňmy, ýa-da seň hyýalyň? Meň bilen hem edil şu wagt şeýle. Ýazýan zatlarym hyýalmy ýa-ýatlama? Wajyp däl, eger hyýal bolaýandada ol hyýalyň önümi hakykat. Men 10 ýaşymdadym we örän betbagytdym, näme üçin soraýarsyň sen. Meň özümem bilemok, men ýöne betbagytdym, maňa bir zat ýetenokdy. Bir zat. Ol zat hem kirpi bolaýjak ýalydy, ýöne ol hem bagyt getirmedi. Kirpi bilen men örän geň ýagdaýlarda tanyş boldum. Ol oglan meň kakam özüni atjak bolup duran wagty bir ýerlerden peýda boldy. Ol edil meň sypatymdady, hatda biziň geýimlerimiz hem meňzeşdi, ýekeje tapawudumyz oň gözleridi. Kirpiň gözleri garry adamyň gözleri ýalydy. Ol ejeň bilen kakaňdan ar alasyň gelse, öz janyňa kast et diýýärdi. Öz çagasyny jaýlaýan ene ata, iň betbagt ene ata diýýärdi kirpi. Belki ol mamladyr, men bilemok. Men asla köp zady bilemook. Men diňe 26 ýaşda bu dünýä gözlerimi açdym, gözlerimi açmaga maňa Ka kömek etdi. Indem bolsa şol açylan gözleri ýene ýapmak üçin, men köp zat bermäge taýyn. Emma mende bere näme bar diýsene? Men garyp, tegelek garyp. Mende hiç zat ýok, diňe meň pikirlerim, olaryň hem bahasy bir köpük.

Gürrrüň berjek zatlarym güýz aýlarynyň birinde boldy, meň näme üçin ýadymda galdy? Sebäbi bir gyz okuwdan gelipdi. Ýaşajyk gyz. Ol gyz okuwdan öň hem epesli gezek gelipdi, ýöne şu gün bir tüýsli üýtgeşik gelipdi. Kirpi ol gyza şol bada aşyk boldy. Men dogrymy aýtsam aşyk boldy we söýgi diýen ýaly hyllykly sözleri känbir ulanmagy halamok. Sebäbi söýgi meniň üçin mydama öýke kine bilen sepleşýän duýgularyň biri. Ýöne alajym näme diýsene? Eger söýgüni başga söze çalşyp bolýan bolsa, men oýlanman çalşardym. Garaz gyz girdi, diňe öz derwezelerinden däl, eýsem biziň kalbymyza, biziň düýşümize we huşumyza. Soň men gyzy kän kösärin we şu wagydam köseýän. Men ol gyzdan dogulasym gelýär, diýdi kirpi. Bar ony zorla. Men aňk boldum, o nähili zorla? Gönümel, diýdi kirpi. Barýaň zorlaýaň, ol göwreli bolýar we meni dogurýar. Bar zat düşnükli, ýöne bar zat beýle ýönekeý däl. Kirpi meni diňläsi gelmedi, ol menden gaty gördi. Bolýar, eger şu gün zorlap bilmeseň, ony haçan zorlaýas? Ol sorad7y. Men ulananymdan soň. Ýöne sen eýýäm ullakana, diýdi kirpi. Ol meň balagyma görkezdi. men çyndanam şol gün irden ulanypdym. Men düýşümde bir gyz bilen ýatypdym we öz balagyma döküpdim. Gatan döl entegem meň türsügimdedi. Sen agşam şol gyz bilen ýatdyň, kirpi dowam etdi. Bar indi oň bilen huşyňda ýat. Düýşümdäki uly gyzdy, ol 13 ýaşly däldi, ýöne kirpi bilen jedelleşip bolýarmy diýsene? Eger meň diýenimi etmeseň men gitjek, ol ýene maňa haýbat atdy. Men üns bermedim, ol hiç ýerik hiç wagt gidip bilmez, biziň ikimiz bagly. Biziň ikimiz bagly Myhammediň esgeri, bu sözleri maňa Ka aýdypdy. Ol maňa täze at dakdy we adam öldürmegi öwretdi. Meniň täze adym Muhammediň esgeri. Şeýle owadan ady göterýäň we başyň salyk. Başyňy galdyrmaga wagt geldi Muhammediň esgeri. Men saňa adam janyny almaga öwretjek, sen taýynmy? Sen gorkak, züwetdin gorkak, ýöne men seni adamlardan gorkmaz ýaly ederin, sen islendik adamyň ýüzine dik sereder ýaly ederin. seni görenler bolsa aýdarlae, ine Ka-ň ýetişdiren oglany. kA-da çaga ýokdy, ol önelgesizdi. Arwahlar ýa-da Perişdeler bilen iş çalşan islendik adamyň şol bada tohumy kesilýär. Ynanmsaň pygamberleri alyp göräý, ýenede ynanmasaň magtymguly pyragyny alyp gör, azmy? Göroglyny alyp gör, me saňa Güljemal, ýenede azmy? Kirpi hem arwahmyka? Eger ol arwah bolsa meň hem neslim kesiler. Sebäbi kirpi bilen meniň şertnamam bar. Kirpi şol gyzjagaza aşyk boldy we aýagyny tesmedi. Ol biziňki bolar ýa-da hiç kimiňki. Ol gyzyň satanyndan aşaklygyna diňe men inerin, ýa-da hiç kim. Ine kirpiň sözleri. Satandan aşaklygyna ilme diýende geň bir zat ýadyma düşdü. Men ýetişenimden soň ejem dürli ýerlere gyz diläp elenjiräp başlady. Ýöne köp ýerde gyz bermediler. Wagtym geçmegi bilen maňa berilmedik gyzlar durmuşa çykdy we olaryň köp wagtlap çagalary galmady. Men bolsa samsyjak oglan bir zada begenýärdim. Hudaý meni önelgeziz gyzlardan sowdy diýdip. Ýöne men çyndanam samsyk ekenim. 30 ýaşamda men bar zada düşçndim, 30 ýaşap men diýseň köp zada düşündim. Kalbyň iň garaňky ýerlerinden çykýan bir ses maňa şeýle diýdi. Men ol gyzlary çaga galmaz ýaly etdim, seň şanyňa Myhammediň esgeri, diňe seň şanyňa. Senden ýüz dündürenleri üçinm ar aldym, azmy, ýene gerekmi? Me saňa güljemal, me saňa. Eger kimde kim düşünmedik bolsa güljemal meň ejem. Eje barada gysgaça, şol gün şol gyza kirpiň duşan güni biziň ýanymyzda ejem hem bardy. Şu ýerde erkek ýaly bir zady boýun almaly, kirpiň aşyk bolan gyzy maňa ýat däl. Ol gyzyň kakasy bilen meň ejem dogan. Edil şu setir maňa edil şarpyk degen ýaly degdi we akýan pikirleri kesdi. Öz ýakyn garyndaşlaryň barada şeýle zatlar ýazsaň bolýarmy diýsene? Maňa bolýar, sebäbio men muhammediň esgeri, men ýeke we ýalňyz. Men hiç kime ger3ek däl, men hiç kim we şol bir baäda seň iň söýgüli ýazjyň, eger beýle däl bolsa sen näme üçin meň samramalarymy entegem okap otryrsyň. Begyşla meni sözlerim üçin, 18 müň älemiň hökümdary, sen maňa dil beriň we men hiç haçan seň beren diliň bilen seň ýokdygyňy subut etjek bolmadym. Sen maňa göz berdiň we men hiç haçan seň beren gözleriň bilen sen ýok diýmedim. Sen mydama bardyň we bolarsyň. Men saňa gaýdyp gelerinm. Indem bolsa saňa gaýdyp gelinçäm maňa gürlemäge rugsat ber. Bu ýerde aýdyp oturan sözlerim üçin menden sorama, eger sorasaň hem diňe menden sora, meň neslimden sorama. Elbetde meň hemme kişiň göwnünden turýan zatlary gürlemerin. Ýöne meň alajym näme? Meň beýnim şol gyz bilen serhoş we agzymdan çykýan sözleri gulaklarym eşdenok, gözlerim ýazýan zatlarymy okanok. Men ýeke, kirpi meni taşlanyndan soň men ýeke. Şol gün men ejem bilen daýymlardan öýe gaýtdym. Ol adamy men bir gezek görüpdim. Oň ruhyny görüpdim, ol adam öz gyzynyň arkasyny almaga geldi. Men bolsa oň gyzyny dogaladym. Ýylgyryp duran suratyna öz dölümi dökdüm we ýerzeminde gizledim. Şondan soň gyz däldiräp diňe meň pikirimi edip başlady. Sen ony nirden bilýäň diýäýdä gadyrly okyýjy? Kim meni göresi gelse, meni tötänlikler maşyny şol adamyň köçesine zyňýar. Şeýle dogadan soň men şol gyzyň köçesinden ýygy ýygydan geçip başladym. Gargyş siňe tötänlikler maşyny diýsene. Ýöne men hakyky manýak, aňsat ýolumdan sowlamok, men şol suratyň üstüne ýene bir gezek dökdüm, soň ýene bir gezek, soňa ýene bir gezek. Dökýän wagtyň şol gyz bilen ýatýanyňy göz öňüne getirmeli. Eger başarsaň diýsene? Kim öz söýýän gyzyny ýalaňaç göz öňüne getirip bilýär? Hiç kim bolsa gerek? Emma maňa bu meselede azajyk ýeňilräkdi, sebäbi ol gyzy kirpi söýýärdi, men däl. Ana şol gyzyň men hakda edýän pikirleri entegem güýjärdi, ýöne günleriň birinde gyzyň kakasy geldi. Pil ýaly adam, edil suwda akýan ýaly howadan akyp, gapyň ýokarsyndan içine girdi. Biz gürleşdik, düýşde gürleşdik, men bilemok ol maňa näme diýdi, ýöne ol meni yrdy. Sebäbi men 13 ýaşymda şol adam bir ýagşylyk edipdi, indem şoň ýerine meň bolen haklaşmaga gelipdi. Ertesi gün irden men gyzyň suratyndan dyndym we hiç wagt hiç kim bilen şol dogany gaýtalamady.

Bizde bir pikir bar, kirpi meni oýardy. Men şol gyzy söýýän we hemme kişiden baganýan, men ol gyza eje diýesim gelýär. Sen ruhlaryň dünýäsi barada näme bilýäň? Kirpi sorady. Hiç zat, men bilýän zadym ýok. Men hatda güjük bilen pişigiň tapawudynam bilemok. Olaryň ikisi hem meniň üçin dört aýakly we gulakly jandar. Men çyndanam daş töweregimi gurşaýan dünýä barada hiç zat bilemokdymm. Kirpi meň bar dünýämdi. Sen ukla onsoň men seni turuzjak, ýöne gorkaýmagyn, bolýamy? Ol meni turuzdy, men barybir gorkdym, sebäbi men şäheriň üstünde gaýmalap ýördüm. Gorkam, indi bolsa üçduk. Biz uçduk, şu gün irden bolanja ýerimize uçduk. Ol ýer gündüzki ýagdaýyndan üýtgeşikdi. Ol ýer düýbinden başgaçady, ol ýeriň märekesi gündüzkiden kändi. Derwezäň agzynda 40 sany sakçy durdy. 40 sany ägirt, hiç kimi göýbermeýän ägirt. Olar saňa howuply däl kirpi selendi, olar maňa howuply. Men derwezeden ätledi, ýöne kirpi meň yzym bilen ätläp bilmedi. 40 sany sakçy ony göýbermedi. Meni çagyr, ol gygyrdy. Meni sögünç söz bilen çagyr. Men sögünç söz aýtdym we kirpi yzym bilen derwezeden ätledi. Gara güýçleriň bary sögünç sözler bilen çagyrylýar. Men gapydan ätlän wagtym mydama sögünýän. Gowy adam gapydan girende gowy sözler aýdar welin, ýöne men beýle däl. Meň oňurgamda ýaşaýan jyn arwahlar meň yzym bilen tüýnikden ätlesi gelýärler. Olary 40 sany sakçylar göýberenoklar. Onsoň men öz doslarymy yzym bilen alyp girmek üçin sögünmeli bolýan. Men sögünmezdimem, ýöne edil şol wagt, tüýnige ýetemde, meň ýatlamalamda erbet bir zatlar peýda bolýar. Ony meň arkamdaky arwahlar edýär, men ony bilýän. Olar 40 sany sakçydan geçmek üçin meni sögmäge mežbu edýärler.

999
Ýor gyzy tapaly, kirpi gygyrdy. Howluda bizden başgada adamlar bardy, olar hem biz ýaly myhmanlardy, ýöne olar nädip 40 sany sakçydan geçdi? Men düşünemok. Eger howluda saňa degişli bir zat bar bolsa, sen howla girip bilýäň. Bolmasa seni hiç kim göýbermeýär. Hiç haçan. Meni bu 40 sany sakçy tanaýardy, olaryň birje damja gany meň damarlamda aýlanýardy. Bolmasa men derwezeden ätläp biljekmi diýsene? 40 sakçy bu maşgalaň 40 arkasy. 40 arka entek ýerde. Dowzah we jennet olara ýapyk. Her bir öýüň tüýnegini şol maşgalaň 40 arkasy goraýar. Olardan bolsa biz geçdik. Ýör indi gyzy tapaly Muhammediň esgeri. Ýör gyza baky ezýet bereli Muhammediň esger. Ýör ýör ýör. Biz gyzy tapdyk, ol ýatyrdy. Ýöne gyzyň ruhy gyzyň döşünde otyrdy. Ruh dem alýan gyzyň hereketine görä ýuwaşlykdan aşak düşýärdi we ýokaryk galýardy. Gyz gorkak eken, kirpi belledi. Näme üçin? Gorkak däl adamlar ikimiz ýaly entemäge çykýarlar. Kirpi ylgap baryp gyzyň ruhyny gujaklady. Gyzyň bedeni waý eje diýip samrady. Körpe, gygyrdy kirpi. Bol bir zatlar göz öňüne getir. Men öz ýatan otagymy göz öňüne getirdim. Hyýal işledi, meni şol ýerik sorup aldy. Biz eýýämm üç sanydyk. Kirpi edil typanjak balygy saklap duran ýaly elinde gyzy saklap durdy. Sen indi ele düşdüň, sen indi menden hiç ýerik sypmarsyň we şuňa meňzeş sözler. Biz ony indi näme etmeli kirpi? Men soradym. Sen ony zorlamaga taýyn bolynçaň biz ony gizlemeli? Tutuş gyzymy? Men soradym. Ýok, diňe onyň ýarsyny, kirpi elindäki ruhy görkezdi. gyz bolsa bolýan zatlara düşünmän aňkaryp durdy. Ol men gürlesem maňa seredýärdi, kirpi gürlese kirpä. Siz iki sanak, gyz ahyrsoňy seslendi. Hawa, bu meň dostym kirpi. Ýok, bu seň dostuň däl. Bu seň özüň, ¬diýdi gyz, ýöne azajyk erbet görnüşde. Körpeje, bizde hiç zada wagt ýok, häzir daň atsa gyzyň ruhyny bedeni yzyna sorup alar, sen şonuň üçin öz hyýalyňy işlet. Hyýalymdan saňa näme gerek? Men soradym. Ýerzemin gerek, gowja ýerzemin, sen şu dörtburç zatda ýerzemin görüpdiňä? Bize edil şeýle ýerzemin gerek. Kirpi telewizora diýýärdi, men çyndanam ol ýerde ýerzemin görüpdim. Jadyly hünji ertekisinde gyzlaryň saklanýan ýerzeminini. Bol şol ýerzemini göz öňüne getir. Men aýdylany etdim we biz şol bada şol ýerzeminde peýda bolduk. Güljemal, güljemal, men ýerzemine şeýle sözler bilen düşüdüm. Men gara döwdüm, kirpi bolsa ak döwe öwrüldi. Kirpiň elinde güljemal bardy, şol kinodaky eli gara pişikli gyz. Maňa näme üçindir şol kinoda Aýgül dälde Güljemal ýaraýardy. Ýerzeminiň içi garaňkydy, edil şol kinodaky ýalydy. Gyzy ol ýer gorkuzdy, ýöne kirpi ikimizi däl. Gyz aglap başlady, meni yzyma äkidiň diýdi, ýöne kim ony diňledi diýsene? Oňa indi meň hyýalymdan sypmak ýok. Asla hyýal barada gürrüň açylanda, men öz hyýalymyň kömegi bilen örän köp ýaramaz işler edipdim. Maňa KA öwredipdi. Haäramzada KA, meň kakamyň ornuny totan KA. Kakam meni hiç haçan terbiýelemändi, meni dogrymy aýtsam ejem hem terbiýelemändi, meni kitaplar we KA terbiýeläpdi. Hudaý menden kakamy aldy, ol asla bar zady almagy gowy görýär, ýöne yzyna gaýdyp berende 2 esse edip gaýdyp berýär. Ka-ny Hudaý meň kakmyň ornyna berdi. Biziň ikimiz bagly, diýipdi KA. Şeýlede boldy, biz çyndanam bagly, edil şu wagtky gyz bilen hem biz bagly, ýöne nähili ýüpler bilen maňa belli däl.
Kirpi aglap duran gyzy ýere taşlady. Gyz ýere düşen ýerinden bytnamady. Ol näme üçin hiç ýerik gaçjak bolanok? Men soradym. Gaçaňda nirä gaçjak? Bu ýerzeminden bizi diňe sen çykaryp bilýäň. Eger sen çykarmasaň, tutuş dünýäni täzeden oýlap tapaýmasaň bu ýerden başga çykalga ýok. Gyzyň ruhyndan edil sapak ýaly inçeje tüsse ýerzeminden ýokarlygyna galýardy. Bu gyzyň bedeni bilen ruhynyň baglanşygy, kirpi men entek sorag bermäkäm jogap berdi. Eger bu baglanşygy kessek gyz öler. Biz gyzy haçan boşadarys? Men soradym. Gyz ulananynda, kirpi jogap berdi. Eger gyzyň ruhyny öýünde goýsak, ony başga biri ele salmagy mümkin. Ýerzeminde welin, kirpi basgançakdan aşaklygyna seretdi, –gyza hiç kim hiç zat edip bilmez. Biz gyzy ýene 13 ýyldan boşadarys, ol wagyda çenli sen hem ulanarsyň körpeje. Biz gyzy boşatmagy ýatdan çykardyk, ol şu wagydam şol ýerde. Elbetde gyzyň bedeni arkaýyn ýaşap ýör, alada gaýgy bilenok, ýöne ruhy meň hyýalymy ýesiri. Elbetde bolan zatlardan köp gün geçdi, meň bar zat doly ýadyma düşenok. Eger bolan zatlar çyndanam bolan bolsa diýsene? bIz kirpi bilen gyzy zyndana taşlap, daňa ýakyn oýandyk. Bar zat edil düýş ýaly, men düýşimde aşgabadyň üstünden uçdym we näme üçindir daýymlara bardym we näme üçindir daýymyň gyzyny alyp gaýdyp, ony jadyly hünji ertekidäki ýerzeminde galdyryup gaýtdym.

2-nji bölüm (Gyzyň nokadyndan)

Näzik başlygyň iş otagyna gapyny kakman girdi. Başlyk hemişeki ýaly öz kreslosynyň arkasyna ýaplanyp multfilimleri görýärdi. Bu adamyň geň häsýeti şondady. Ol iş bilen birjede küýi ýokdy. Ol irden sagat 9-dan agşam sagat 6-a çenli diňe miltifilimlere tomaşa edýärdi. Keselhana degişli işleriň baryny ol adamyň sekritarşasy alyp barýardy. Ol hatda öz başlygynyň golyny hem çekýärdi. Başlygyň bolsa bar aladasy haýsy multfilmyň haýsy bölümi haçan başlar? Ol adam daşyndan tanaýanlar üçin örän bilimli we medenýetli adamdy, ýöne ýakyn tanaýanlar üçin bolsa ol hakyky dälidi. Oň näme üçin multfilm görýänini Näzik birje gezek sorapdy we jogabyna ýaman geň galypdy:

—Men çaga wagtym kakasyz ösdüm we maşgalaň bar eklenji meň eginlerime düşdi. Şonuň üçin meň çagalyk döwrüm ýandy. Ýöne beýik Allah maňa bar zady yzyma gaýdyp berdi. Meň çagalygym 45 ýaşdan soň başlady, görýäňmi men edil çaga ýaly multfilimlara tomaşa edýän, öýe baramsoň agtyklarym bilen oýnaýan. Men Alladan razy, maňa başga hiç zat gerekdäl.

Bu sözleri newralogiýa keselhanasynyň başlygynyň agzyndan eşitmek Näzige ýaman geňdi. Näzik şonda ol adamyň birje sözünede ynanmady, ol gyz asla hiç zada ynananokdy. Ol gyz Hudaýada ynananokdy, Şeýtanada. Ol gyz diňe öz bilimine ynanýardy. Ol gyz hakyky ateisty.

—Siz näme üçin meň dinç alyş rugsadymy böldüňiz, —Näzik otaga girip sorady.

Başlyk bolsa ol gyza birjede göz gözdirmedi. Ol adamyň gözleri diwarda asylgy duran telewizordady.

—Birinjiden salam Näzik, ikinjiden men seň dinç alyş rugsadyňy bölemok. Üçinjiden seň näme, dinç alýan wagtyň barmy? —Başlyk telewizordan gözüni aýyrman jogap berdi.

Telewizorda bolsa möý-adam binadan bina bökýärdi, ellerinden kerep atýardy.

—Siz bolmasaňyz onda kim böldi? Men hem başgalar ýaly adam, meň hem dinç almaga hakym bar.

Näzigiň agzyndan çykýan sözler haýbatly ýaly görünsede, öň sözleriniň äheňi örän rahatdy, hiç hili duýgusyzdy. Ol şeýle duýgusyz gürlemegi gaty ir döwür endik edipdi. Oň agzyndan çykýan sözleriň bary reňksizdi.

—Seň doslaryň böldi, —başlyk barmagyny asmana bakdyryp ýylgyrdy. —Ýenede maňa ministirlikden jaň etdiler, Weliýewany gyssagly işe çagyr diýdiler.

—Meň doslarym? —Näzik geň galdy. Doslaryň sözüniň aňarsynda nämäň gizlenýänini ol bilýärdi. Doslar diýilýän adamlar bilen Näzik resmi däl ýagdaýda işleşýärdi. Ýöne bu gezek olaryň näme dahylly ýeri bar?

—Hawa, seň dostlaryň, nämä geň galýaň Näzik? Şeýtanlar bilen dostluk saňa diňe peýda getirer öýütdiňmi? —Başlyk ýene ýylgyrdy we telewizory söndürdi. —Geç otur gapyda durma, çaý koffe näme gerek bolsa Maýa aýdaý, ol taýýarlap getirer.

Näzik aýdylany etdi we otagyň bir burçynda myhmanlar üçin nýetlenen oturguja çökdü we şeýle diýdi:

—Eger kyn görmeseňiz maňa gara koffe buýraý, ýöne men gapydan giremde hiç hili Maýa ýokdy, oň goşlaram ýokdy. Ol asla şu gün işe çykdymy?

—Wah meň kelläm gursyn, —başlyk oýun eden bolup kellesini tutdy. —Seň işe çykmagyňam esasy sebäbi şondada.

—Men näme Maýaň ýerine saňa kofe taýýarlap bermelimi? —Näzik degişjek boldy, ýöne oň agzyndan çykýan sözler duýgusyz bolany üçin degişmä meňzeýän ýeri ýokdy.

—Ýokla, men başga zat aýtjak boldym. Maýaň gyzjagazy ýaranok, ol menden geçen hepde rugsat aldy, ýöne entegem işe çykanok.

—Onsoň meň bärde nähili dahylly ýerim bar?

—Howlukma, häzir aýdyp berjek, —şeýle sözler bilen başlyk oturan ýerinden çykyp Näzgiň ýanyndaky boş oturguja çökdi. —Biziň bölümize täze näsagy ýatyrdylar, —başlyk Näzige tarap egilip pyşyrdap gürledi. Oň sözlerinde nämäň syrynyň bardygyny Näzik düşünmedi, sebäbi näsaglar keselhana günde günaşa ýatyrylýar. Elbetde ýatyrylan näsag örän ýokary wezipeli adam bolsa onda başga gürrüň, öňler şeýle halatlar bolupdy, ýöne olar barada başlyk hiç wagt pyşyrdap gürlemändi.

—Geçen hepde bize bir näsagy getirdiler, —başlyk dowam etdi. —Eger ýalňyşmasam Iýun aýynyň 11-i irden sagat 10-dan soňdy.

—Getirdiler diýer ýaly ony kim getirdi? Hossarlarymy? —Näzik sabyrsyzlyk bilen sorady, aslynda ol örän sabyrly gyzdy, ýöne dinç alyş rugsadyndan çagyrlany üçin sabyryny ýitiripdi.

Ol bar zadyň anygna ýetip çaltyrak öýüne gaýdasy gelýärdi. Oň çaklamasyna görä ony rugsatdan sogurmagyň hiç hili hajaty ýokdy, häzir ol bar zadyň anygyna ýeter we öýüne gaýdar. Belki ony diňe akylly maslahat üçin çagyrandyrlar?

—Ýok, ol adamy polisiýa işgärleri getirdi, özünem it ýaly ýenjipdirler, ennamjany ala gökdi.

Polisiýa işgärleri getirdiler diýeninden Näzige bar zat düşnükli bolan ýaly boldy, ýöne näme üçin olary tussagy Nerwalogiýa, Näzigiň iş ýerine getirenleri oňa düşnüksizdi. Näzik Newralogiýa keselhanasynyň işgäridi. Ol öz bilimi boýunça psihýatordy we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan daşary ýurtda ýörüte okadylypdy. Ol gyzyň esasy başarýan zady gipnozdy, şonuň üçin ony hukuk goraýjy edaralar köplen ulanýardylar. Ol edaralara käbir adamlar duşýardy we ol adamlar hiç bir ýagdaýda dil ýaraslary gelenokdylar. Şeýle halatlarda olar Näzigi çagyrýardylar. Elbetde olar Näzigede hiç zat gürrüň bermezdiler, ýöne narkotiki serişdelerde we gipnozyň gudratyndan soň olaryň köpüsi dil açýardy. Ýöne Näzigiň iş tejribesinde gipnoz bilen açyp bolmaýan adamlar hem gabat gelipdi.

—Onsoň Polisiýa işgärleri menden näme isleýärler? —Näzik ýylgyrjak boldy, ýöne başa barmady, diňe agyznyň uçlary ýokaryk galdy.

—Polisiýa senden hiç zat islänok, olar näsagy bize tabşyryp şol bada zym-zyýat boldylar, ýöne şondan soň maňa bir Hudaýyň özi jaň etmedi, —başlyk barmagyny asmana bakdyrdy. —Başda öz ministirligimizden jaň geldi, soň seň dostlaryň jaň etdi, soň şäher polisiýadan jeň geldi. Aý garaz jaň üstine jaň.

—Bar galmagal birje adam üçinmi? Beýle alada galar ýaly ol adam kim?

—Kimdigini anyk biljek däl, ýöne maňa ýazyjy diýip aýtdylar.

—Ýazyjy? —Näzik geň galyp sorady, medeniýet dünýäsi ol gyza örän ýatdy. —Ýazyjy bolanda kim bolýar? Goşgy ýazmaýarmy, ýa-da jurnalistmy?

—Şu wagt anyk aýdyp biljek däl Näzik, maňa ýazjy diýdiler we ýene 2 hepdeden şol adam döwlet sylaglaryny almaga taýýar bolmaly diýdiler. A sen bilýäňä bizde döwlet sylaglary kim gowşyýar?

Näzik otagyň töründe asylgy duran portreda seretdi we oýlandy, ýöne barybir entek hiç zat düşnükli däldi.

—Onsoň ol adama näme bolýar? Polisiýa bärde nähili dahylly?

—Adama näme bolýanyny sen anyklamaly. Sen bizde psihýatyr deplomla? Polisiýa barada aýdamda welin ol adam şäher polisiýasynyň ýerzeminine girjek bolup ymtylypdyr. Bir gün irden ylgap gelipdir we nobatçyň deňinden geýipdir, basgançakdan aşaklygyna düşipdir. Ýöne ony ýarty ýolda tutup alyp it ýenjen ýaly ýenjipdirler. Polisiýa işgärleriniň pikirine görä ol adam ýarag saklanýan jaýa ýetjek bolupdyr.

—Ýerzemin oňa näme gerek bolupdyr? Näme ol ýerde oň hossarlarynyň biri saklanýarmy? —Näzik sorady.

—Bilemok, şäher polisiýasynyň aýtmagyna görä oň hossarlarynyň hiç biri tussaglykda däl, ol adam dällirän bolaýmasa diýýärler. Oň näme üçin ol ýerik düşesi gelýänini sen anyklarsyň. Ýenede şäher polisiýa başlygynyň senden şahsy haýyşdy bar, ol saňa bergili bolup galmaryn diýdi.

—Näme haýyşt? —Näzik gyzyklandy we şäher polisyýaň başlygyndan näme haýyşt edip biljegi barada pikirlendi.

—Ony şäher polisiýada gowja ýenjipirler, seň düşünýäňä kimdigini bilmän ýenjipdirler. Ýöne başlygyň aýdyşyna görä ony ýenjenleriň baryny şol gün işinden boşadypdyr. Indi sen gipnozyň kömegi bilen şol näsagyň ýadyndan şol gün bolan zatlaryň baryny öçürmeli. Düşünýäňmi? Birden döwlet synagy berilýän wagt ol oňa arz edäýse bar zadyň nähili gutarjagy belli däl, —başlyk ýeňsesindäki suraty görkezdi.

Näzik bolsa eşiden zatlary barada oýlandy we her dürli netijeler çykarýardy. Haýsydyr bir bolsa şahyry ýa-da ýazyjyny döwlet sylagyna belläpdirler, ol bolsa begenjinden ýaňa aklyndan azaşypdyr we näme üçindir şäher polysyýasyna urunup girjek bolupdyr. Olar bolsa ol samsygy it ýenjen ýaly ýenjipdirler we diňe bar boljak zat bolanyndan soň kimi ýençýänlerine göz ýetirpdirler. Indem bolsa öz eden işlerinden gorkýarlar. Ýöne ol näsagyň şu wagt ruhy ýagdaýy nähilikä?

—Ol näsag şu wagt nähili? Ol özine geldimi?

—Şu ýerde welin Näzik iň gyzykly zatlaryň biri bolup başlady. —Başlyk hamala özine öwünmek üçin pursat berilen ýaly begendi. —Biz ol näsagy 3-nji bölümde 3-nji gatda ýerleşdirdik. Öz başyna bir adamlyk palata berdik, öz başyna bir lukman bilen bir şepagat uýasyny belledik. Sen bilýäňä, edil ýokary wezipeli adama seredişimiz ýaly oňa seredip başladyk. Ýöne bary ýogy birje gün.

—Soň mäme boldy? —Näzik ýene sabyrsyzlyk bilen sorady.

—Soň seň hiç wagt ynanmajak zatlaryň bolup başlady. Ilki bilen biz Sonýa daýzany ýitirdik.

—Kim Sonýa daýza?

—Biziň tam süpürjimiz? Seň ony tanaňokmy? 4-nji bölümden wagytlaýynça bize geçdi.

—Hawa, ýadyma düşýär? Onsoň ol daýza näme bolýar?

—Bilemok, biz zada bolýar. 3-nji bölümiň tüýnüginden ätläp bilemok diýip aglap dur. Bir zat meni yza itär diýýär. Onsoň men ol daýzany başga tam süpürji bilen çalşdym. Bir gün geçmäkä ol aýal hem şeýle boldy. Soň ol aýalyň yzy bilen 3-nji bölümde ýatan näsaglaryň bary keselhanadan çykyp başladylar. Köpsüniň bejergileri ýaňy başlapdy. Ýöne barybir olar galasy gelmediler. Şeýdip 2 günde 3-nji bölüm tutuşlygyna boşady. Eger näsaglar ýok bolsa lukmanlarayňam geregi ýok. Ömrüme işläp tutuş bölüm näsagsyz galanyny ömrümde birinji gezek görýän. Eger bar zada keselhana günäkär bolsa, onda başga gürrüň, ýöne näsaglaryň özleri edil dilleşen ýaly keselhanadan 2 günde çykyp gidişlerini diýsene?

—Ýadyňyza düşýärmi bir-iki ýyllykda şeýle ýagdaý bolupdy, —Näzik öz çakalmasyny aýtydy. Biziň keselhanamyza bir oglan düşüpdi, çenden aşa arzaçyl?

Başlyk azajyk oýlanyp "hawa" diýdi.

—Ana şol oglanyň yzyna düşüp tutuş bölümiň näsaglary prokuratura arz etmäge gidipdiler. Hamala keselhanada şertler düzgüne görä däl, howa gyzgyn, berilýän naharlar talaba laýyk däl, lukmanlar bilimsiz.

—Ýok Näzik, bu gezek bar zat beýle ýönekeý däl. Geçen gezekgi seň aýdýan oglanyň ýaman ökde psiholokdy. Ol öz sözleri bilen adamlaryň baryny aýaga galdyrdy we özi gapdala çeklidi. Arz edenleriň içinde oň ady ýokdy. Bu gezek bar zat başgaça, keselhanany diňe näsaglar däl, eýdem lukmanlar hem taşlap gidip barýar. Ine Maýada ýok, —başlyk girilýän gapa tarap elini uzatdy. —Maýa gümünden aňaryk gitsin, onsyzam oňarys. 3-nji bölümiň lukmanlarynyň bary ýok. Şepagat uýalaryndan bolsa diňe birjigi galdy.

—Lukmanlara näme boldy, —Näzik sowuk sesi bilen sorady.

—Hersi bir bahana bilen bir ýerleri zym zyýat boldular.

—Özüňiz göýberensiňizdä?

—Mende başga çykalga bolmady, her biri üçin başda "ýokardan" jaň geldi. Men ilki bada etmedim. Soň hersi dürli ýol tapyp işe gelmesiz bolaýdylar. Kim saglyk zerarly işe gelenok. Kim öz ýaş çagalary üçin dinç alyş rugsadyna çykdy. Göz öňüne getir Näzik, 14 ýaşa ýetmedik çagalary bar adam islän wagty dinç alyş rugsadyna çykyp bilýän eken. Şeýle kanunyň bardygyny men diňe geçen hepde bilip galdym.

—Onsoň siziň pikiriňize görä bolan zatlaryň baryna şol näsag sebäpkärmi?

—Meň pikirimçe şeýle, ýöne oňa beýle zatlaryň nädip başardýanyna men haýran.

—Bularyň bary ýöne bir samsyk pikir we adatdan daşary gabat gelme. Beýle zatlaryň bolmaga haky ýok.

—Haky ýogam bolsa bolup dur. Ýenede bizde MRT aparat döwüldi Näzik.

—Name aparat, —Näzik geň galdy.

—MRT aparat döwüdi. Şol näsagyň gelen güni?

—Oňada şol näsag sebäpkär diýjek bolýaňyzmy?

—Bilemok, menä gabatgelmelere ynanmok Näzik. Bar zat birden we gysga wagtyň içinde bolup geçdi.

—Näsag şu wagt nirede we oňa nähili bejergi edilýär?

—Näsag üçinji bölümde 114-nji palatada. Oňa hiç hili bejergi edilenok, ol ýanyna adam ertenok, hiç kim oň ýatan otagynyň tüýnüginden ätläp bilenok. Ilki başda biz oňa her tüýsli derman serişdelerini ýazdyk, sen bilýäňä antidepresantlar we başgada köşeşdirýän serişdeleri, ýöne ol dermanlaryň birinem ulanyp bilmedik. Üýs üstinede ol adam gelen gününden bäri hiç zat iýenok we içenok. Edil çöp ýaly hor.

—Ol näme üçin iýip içinok?

—Hiç kim bilenok, sorasaň jogap berenok.

—Sen ony öz keselhanaňda öldürjek bolýaňmy? Näme üçin ony damardan iýmitlendireňok?

—Näzik sen barda tutuş keselhanadan şol näsaga sanjym edip biljek adamy tapyp ber maňa. Ýok sen 114-njy palataň agzyndan ätläp biljek adamy tapyp ber maňa.

—Meni seň rahatlygyň geň galdyrýar. Seň keselhanaňda geçen hepdeden bäri näsag ýatyr we hiç zat iýenok we içenok, sen bolsa bärde multfilimler görüp otyrsyň.

—A men näme edeýin? Bolýan zatlaryň maňa dahylly ýeri ýok.

3-nji bölüm (Awtoryň nokadyndan)

Bar zat akýar we bar zat ýumrulýar. Ka şöhle saçýar we özüniň şähle saçýanyny bilýär. Sen şöhle saçýaň soraýan men. Hawa saçýan. Nädip saçýaň? Ölen adamlaryň ruhy meň daşyma üýşýärler, şolar şöhle saçýar. Kim ol ölen adamlar? Meň 40 arkam. Her bir adamyň 40 arkasy bar, olar jennetdede däl dowzahdada, olar ýerde, biziň ýanymyzda, ýöne hemme kişi olary daşyna üýşirip bilenok. Sen nädip üýşürýäň? Sen muhammediň esgeri bar zady birden bilesiň gelýär öýdýän?
Şu gün gije siziň gapyňyza gyzyň 40 arkasy geler, –diýdi kirpi. Näme üçin? O nähili näme üçin? Biz olaryň gyzynyň ruhyny gizledik, onsoň olar ar almaga gelerler. Gyzy yzyna gaýdyp bersek näme? Diýdim men. Ýok, bu çykalga däl, olar barybir bizden ar alarlar. Haçan biz olaryň gyzyny alyp gaýdamyzda biz olara itergi berdik, sen düşünýäňmi körpeje? Biz göçüm etdik, indi olar hem hökman göçäýmeli. Sen gorkýaňmy? Ýok, men gorkamok. Gorkma körpeje gorkma. Gyzyň 40 arkasy siziň derwezäňizden geçip bilmezler, sebäbi her bir tüýnügi 40 arka goraýar. Şeýlede boldy, şol gün agşam 40 sany ägirt edil biziň tüýnügmize geldi. Men olary görmedim, ýöne olaryň meni daşyna çagyrýan seslerini eşitdim. Olar tüýnükden ätläp bilmediler, ýöne yzlaryndada gaýtmadylar. Şol günden başlap men düýş görmegimi bes etdim, sebäbi ruhym bedenimi taşlap gitmäge gorkýardy. Men öz öýmüze gabalandym. Kirpi olar ýene geldi, bir aý gçeninden soň men soradym. Hawa geldiler. Olar indi haçan basylarlar, haçan gelmesini goýarlar? Eger men birden öýde ýatmasam näme? Gorkma körpeje, sen nirede ýatsaňam seň ruhyň kökleri seň öýüňde. Seň 40 arkaň sen nirede bolsaňam seni gorar. Ýöne ýekeje zat biziň bar edenimizi puja çykaryp biler. Näme ol zat? Saňa şu wagtdan aýdyp oturanyň hajaty ýok, sen barybir düşünmersiň. Men saňa hasrat maşyny barada aýdamda sen düşündiňmi? Men çyndanam hasrat maşyny barada eşidemde hiç zada düşünmedim. Ol maşyn biziň öýmiziň bir ýerinde gizlenen bomaly. ol kiçijek maşyn düňderlen tabak ýaly kiçijek bir zat. Öýüň bir ýerlerinde tozan basyp ýatyr. Şol maşynjygyň göýberýän şählesi seň ejeň bedenine sazlanan. Şonuň üçin seň ejeň ejir çekýär. Dogrydanam ejem ejir çekýär. Men ejem kakam üçin ejir çekýändir öýdüp ýördüm, ýöne bu beýle däl eken. Bar zada hasrat maşyny günäkär eken. Maşyny tapalyda öçüreli kirpi diýdim men. Bar zat beýle ýönekeý däl körpeje. Maşyny hemme kişi tapyp bilmeýär, we hemme kişi ony öçürip bilmeýär. Biz diňe oň şöhleleriniň ýygylygyny üýtgedip bilýäs, mysal üçin hasrat maşyny saňa tarap işlär ýaly edelimi hä? Ejeň dinjini alar. Ýöne hasrady sen çekersiň. Menden başga kime bakdyryp bolýar ol maşyny? Senden başga bilmedim, seň jigleriňe, seň kakaňa, başga kime isleýäň? Ýöne ilki bilen ony gözläp tapmaly. Ol maşyn biziň öýmüze nirden düşdü? Seň ejeň ony öz ýany bielen alyp gelen bolmaly, entek ýaş gyz wagty. Öz goşlary bilen, a belki soň bir ýerlerden düşendir? Ol zatlar wajyp däl, wajyp zat maşyn seň ejeňe sazlanan, ine meni aladalandyrýan zat. Maşyny biz iň soňunda gözläp tapdyk, has dogrusy kirpi ony gözläp tapdy. Kirpiň maşyn diýýän zady itiň ýalagy bolup çykdy. Edil itiň özi ýaly hapa, bir wagtlar jynsy üýtgäp giden tabak. Biz ony köçä zyňsak nädýär? Men soradym. Ýok bu çykalga däl, ol nirede bolsada seň ejeňi barybir şählelendirer. Eger ýere gömsek? Kirpi jogap bermän, meň ýüzüme edil kemakyla sereden ýaly seretdi. Eger bu tabagy ýok etsek näme? Tabak ýok bolarla, ýöne hasrat maşyny başga bir zatda täzeden emele geler. Belki sübsede emele geler, ýa-da başga bir zatda. Ýok, gowsy maşyn tabak wagty oňa degmäli, goý ol şu sypatda galsyn. Biz gowsy bu maşynyň şöhlelerini kime sazlamalydygynyň pikirini edeli. Başga bir adama sazlasak bolanokmy, men soradym. Ýok bolanok, diňe siziň maşgalaňyzyň içinde birine sazlamaly. Gel kakama sazlaly, goý ol ejir çeksin.
–Sen kimiň ogly diýenlerinde men mydama aglaýardym, –bu sözler meň bir dostumyň sözleri. Ol hem kaksyz ösüpdi. Kakam nähili ýaramaz adam bolan bolsada ol diri bolan bolsa gowy bordy. Iň bolmanda sen kimiň ogly diýip soranlarynda men planyň ogly diýer ýaly. Men planyň ogly diýip ejeň adyny berip bolanoga. Meň kakam welin men 4 ýaşymda wagtym aýryldy. Nähili owadan we dogry pikirler. Allah, ýa-da başga bir şoňa meňzeş güýç meň ýolumda diňe kakasyz ösen adamlary goýýar. Gyzlar we oglanlar, dürli ýaşda, bularyň bary kakasyz ösen. Ýöne näme üçin goýýar? Meňzeş adamlaryň baryny bir ýerik jemlemäni gowy görýärmi? Maňa belli däl, şu wagydam belli däl. Men hem kakasyz ösdüm, ýöne ol diridi. Bir ýerlerde bardy, bir ýerlerde gezmeläp ýördi we bir zatlar edýärdi. Men ony göresim gelnokdy, oň ölerini isleýärdim. Iň soňunda şeýle hem boldy, ol ýogaldy, ýöne meň islän günlerimden epesli soň. Maňa adam öldürmegi ka öwretdi. Durmuş ýowuz we rehimsiz muhammediň esgeri. Seni bu häsýetiň bilen hiç kim sylamaz. Sen adam janyny almaly, şeýle etseň, senden bar kişi gorkar, senden ganyň ysy geler. Adamlar seň daşyňdan aýlanyp geçerler. Sen öýünde ýarag saklaýan adamyň ýanynda durup görüpmidiň? Ýok, duranam bolsam bilemok. Men bolsa durup gördüm. Öýünde ýarag bar adamyň pikirleri hem başgaça bolýar, sebäbi ol seň janyňy alyp bilýär, seni şäheriň çetine çykaryp atyp öldürip bilýär. Sen düşünýäňmi? Öýünde ýarag bar adam hiç kimden gorkanok, ol özüne göwni ýetýär. Daş töwerekdäkiler bolsa şol bada oň ruhy ýagdaýyny duýýarlar. Men ýarag edinmelimi? Ka güldi. Ýok, sen bu döwür ýarag tapmarsyň, men saňa has aňsat ýoly teklip edýän. Sen öz 40 arkaňy oýarmaly. Edil meň oýarşym ýaly. Onsoň sen hem men ýaly şähle saçarsyň.
Şol gyzyň 40 arkasy bolsa günde agşam biziň derwezämizi hüjüm edýärdi, ýöne ony diňe kirpi ikimiz bilýärdik. Ol adamlar diri wagytlary örän kejir adamlar bolan bolmaly, sebäbi 3 ýylyň dowamynda birje gün sypdyrman günde agşam biziň öýmüze girmäge synanşdylar. Girip bilmejeklerine gözleri ýetip, meň adymy tutup çagyrýardylar. Men birje gezegem olaryň ýüzüine seretmäge milt etmedim. Belki olaryň gyzyny yzyna gaýdyp bereris kirpi? Men teklip etdim. Ýok diýdi kirpi, meň ejeme degme. Häzir gyzy öýüne göýbereris we ony haramzadalaryň biri alar. Sen bilýäňmi bar zadyň ruhlaryň dünýäsinde bolup geçýänini? Ýok, bilemok. Mysal üçin seň göwnüňe bir gyz ýaraýar, sen ol gyzyň kimdigini bileňok. Sen ol gyzy şäherde tötänden gördüň. Seň ruhyň agşam ol gyzy gözläp tapýar. Seň gündüz edýän zatlaryň bary biderek, esasy herektler gijelerine bolýar.
Bar zady tapçan bulaşdyrdy. Biziň howlymyzda tapçan peýda boldy. Köneje tapçan. Daýymlaryň öýlerini ýykdylar we olara täze jaý berdiler. Olaryň howlusundaky tapçany ejem alyp gaýtdy. Kirpi ikimiz tapçany synlap bar zadyň gutaranyny bildik. Ol gyzyň 40 arkasynyň indi biziň howlumyza girmäge haky bar. Sebäbi olaryň tapçany biziň öýmüzde dur. Meň göz öňüme 40 sany ägirt geldi, men olary mydama ägirdiň keşbinde göz öňüne getirýärdim. Şu gün agşam bize näme boljagy belli däldi. Kirpi meni gujaklady. Bir zady diňle, şu gün agşam biz ýatarys we seň ruhyň bedeniňden çykar. Sen hökman garnyň üstüne ýat, bolýamy? Bolýar, ýöne näme üçin? Ýat diýdimmi ýat. Agşam düşünersiň. Olar agşam derwezeden geçerler we göni biziň üstümize gelerler. Olar bizi alyp gitjek bolarlar, ýöne tapsalar. Olar bizi tapman hem bilerlermi? Hawa, eger seň dünýägaraýşyň olaryň dünýä garaýşy bilen bagat gelmese, olar bizi görüp bilmezler. Biz islemesek görüp bilmezler. Men näme etmeli? Hiç zat, men seň ýanyňda borun, sen diňe aýdylany et. Bolýa, –diýdim men.

30 ýaşymda meň durmuşum üýtgedi, bir ýerlerden ýazmaga höwes döredi. Bir ýerlerden diýip aldaýan bolaýmasam? Ýazmaga höwes Ka-ň aýdanlary üçin döredi. Ol adam aslynda örän köp geň zatlary aýdýar. Men Aşgabadyň içinde durun, –diýýär ol. Ýöne aşgabat ýok. Aşgabadyň ýerine harap bolan şäher bar. Abat galan binalardan diňe demirýol menzili. Şol ýerden adamlar bir ýerlerden gelip şähere aýlanýarlar we öz geçmişini ýatlaýarlar. Ine biziň ýaşan köçämiz, ine biziň ýaşan öýmüz we biziň okan mekdebimiz. Şäherde iki sany zawod bilen bir harby bölüm bar. Harby bölümiň esgerleri harap bolan şäheri arassalaýarlar. Jaýlaryň demirlerini bir zawot gaýtadan işleýär, jaýlaryň betonlaryny ikinji zawot. Bir wagytlar beýik şäherden bar galan zat: iki sany zawot bilen bir harby bölüm. Otly entegem aşgabadyň deňinde durup geçýär, bolmasa şäher bir eýýäm ýogam welin. –Sen bu zatlary öz gözüň bilen gördüňmi, – soraýan men. Hawa, maňa görkezdiler. Men maňa näme üçin görkezdiňiz diýip soradym. Olar bolsa jogap berdi: Sen mydama aşgabadyň gelejegi bilen gyzyklanýardyňa? Onsoň biz saňa görkezmeli diýen karara geldik. Sen eliňi biri saklaýar Muhammediň esgeri, –diýdi KA. Bilemok, sen maňa ynanarsyňmy ýa-da ýok. Bir gün seň ýadygärligiňi Ylham seýilgähinde dikerler. Elbetde ol günlere çenli köp wagt geçer. Sen ylham seýilgähinde bolup gördeüňmi? –Hawa diýdim men. Eger bolup gören bolsaň şol ýerde ilki bilen klassik şahyrlaryň we ýazyjylaryň heýkelleri bärdyr? Ana şolaryň deňinden geçip azajyk içine ýöreseň täze ýazyjylaryň heýkelleri çykyp başlar. Wagtyň geçmegi bilen olaryň düzümi üýtgär, onsoň olaryň içinde seň hem heýkeliňi dikerler. Bu sözleri maňa KA entek 30 ýaşamakam aýtdy. Men bir bada hiç zada düşünmedim. Ol adam samraýandyr öýtdüm. Men nirede oň diýýänleri nirede? Bilýäňmi meň iň uly arzuwym näme? –Sorady KA. –adamlar bir oglana barmagy bilen görkezip ine KA-ň terbiýelän oglany diýenlerini isleýän. KA-da çaga ýokdy, oň nesili kesilen. Edil şu ýerde KA-ň başga bir aýdan sözleri ýadyma düşýär. Eger birden öňüňden Arwah ýa-da Perişde çykyp ýör işläli diýäýse, yzyňa seretmän gaçgyn. Eger razylaşsaň şol bada nesiliň kesiler. Pygamberlere seret, olaryň barynyň nesilleri kesilen. Diňe pygamberlerem däl, olardan başga adamlaram şeýle.

Perişdeler bilen ýa-da Arwahlar bilen şertnama baglaşn adamlary şol bada nesili kesilýär. Ol oglanlar saňa dünýäni üýtgetmegi teklip edýärler. Dünýäni üýtgetmegiň bolsa iki sany ýoly bar. Birinjisi gylç bilen, ikinjisi bolsa kitap bilen. Haýsy ýol seň göwnüňe ýakyn bolsa seň özüň saýlamaly. Magtymguly pyragy kitaby saýlady, görogly bolsa gylyjy. Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, bir tört atly gelip turgul diýdiler. Turgul diýdiler we eline kitap berdiler we Magtymgulyň neslini kesdiler. Görogly hem şeýle, ýöne oňa hiç kim turgul diýmedi. Oň özi öz aýagy bilen Pirleriň üstünden bardy. Ýöne kitap alman Aly şahymerdanyň dürme gyljyny aldy, ol görgüliň hem neslini kesdiler. Eger biri saňa gel işleşeýli diýse yzyňa seretmän gaçgyn. Bolmasa nesliň kisiler. kA-da çaga ýokdy, mende bolsa kaka. Bizi Kuranyň awtory duşurdy. Ol bir wagytlar alan zadyny prosendy bilen yzyna gaýdyp berdi. Kaka meselesinde men ondan razy, ýöne eje meselesinde entek razy däl. Ol meňe entek ene mährini gaýdyp berenok. Ony welin nädip gaýdyp berjegini ýüregim syzýar.

4-nji bölüm (Gyzyň nokadyndan)

3-nji bölüm dogrudanam boşap galan ýalydy. Hiç hili ses seda ýok. Ýöne gapyň agzynda oturmaly nobatçy şepagat uýasy otyr. Şondan başga gumyldy ýok.

—Näsag nirede? —Näzik salamlaşandan soň sorady.

Şepagat uýasy ýerinden turup Näzige salam berdi we näsagyň ýatan palatasyny aýtdy. Olaryň ikisiniň hem sesleri bölümiň içinde ýaňlanyp gitdi. Geň zat, Näzik çyndanam öňler bu bölümiň boşaýan wagtlaryny görmändi. Häzir bolsa bölüm jesethanany ýatladýardy. Şepagat uýasynyň sypaty hem edil jeset ýalydy. Bir gözi ýumuk, bir gözi açyk, saçlary bulam bužar. Bu görgüli geçen hepdeden bäri öýüne gaýtmadyk bolmaly?

—Näsag nähili? —Näzik gyzyklandy.

—Hiç hilem däl, ertirden agşama çenli ýatyr, hiç zat iýenok içenok, öz özi bilen gürleşýär. Meýdana özi gidýär, özi gelýär, maňa azar berenok. Kämahallar giçlik meň ýanyma gürleşmäne çykýar.

—Ol nämeň gürrüňni edýär?

—Esasan ýazan kitaplary barada gürrüň berýär.

—Siziň pikiriňize görä ol sag adammy? Men ruhy taýdan diýjek boldum?

—Nähili aýdaýyn, —şepagat uýasy azajyk ikirjeňlendi, —edil däli diýip däli däl, ýöne ýaman geňiräk adamda. Eger ýalňyşmasam ýakynlaryndan biri ýogalan bolaýmasa?

—Siz näme üçin beýle karara geldiňiz?

—Entek ýaş wagtymyz kakamyz ýogalanda meň ejem özini şeýle alyp barypdy. Hiç zat iýmändi, içmändi, geň zatlaryň gürrüňni edärdi, hamala kakam ony öz ýanyna çagyrýar we basym olar ýene täzeden birigerler.

—Düşnükli, —Näzik belledi.

Näsagyň durmuşynda çyndanam bir aýylganç hadysa bolan bolmagy mümkin. Şeýle halatlarda adamyň beýnisi gorag ýagdaýa geçip bilýär we daş töwerekdäki bolýan zatlaryň bary düýbinden başga öwüşgünde görünýär. Ýöne kyn ýeri ol diňe saňa görünýär we seň öziňi alyp barşyň daşyndan hakyky ruhy nasaga meňzeýär.

—Ol nirde ýatyr diýdiňiz? —Näzik oň nirede ýatanyny bilsede ýene bir gezek sorady.

—114-njy palatada, sizi ugradaýynmy?

—Ýok sag bol, ol ýeriň nirededigini men bilýän.

114-nji palata adaty palata bolmandygy üçin oň ýerleşýän ýeri hem aýratyndy. Ol palata ýokary wezipeli adamlar üçin nýetlenipdi. Ol adamlara bolsa artykmaç syn gerekdäldi. Palata karidoryň soňynda ýerleşýärdi we edil şol ýerden daşyna çykýan aýratyn gapy bardy. Palataň içi iki sany otagdan durýardy. Otaglaryň biri aşhanady, ikinjisi bolsa adaty ýatylýan otagdy. Şeýle palata 3-nji bölümde ýekejedi. Näzik ökjesini uryp karidoryň soňyna ýöredi. Oň aýak urşy edil ok atylýan ýaly ýaridorda ýaňlanýardy. Ol bilgeşleýin şeýle ýöreýärdi, ol näsaga öziniň gelýänini bildirjek bolýardy. Goý oň ýanyna aýal maşgalaň gelýänini bilsin, özini tertibe salsyn. A belki ol otagyň içinde ýalaňaç ýatandyr? Bölümiň boşap galanyna öwrenşendir? Näzik 114-nji palataň gapysyny kakman girdi. Ol asla gapyny hiç wagt kakanokdy. Palataň içinde bar zat öz durmaly ýerinde durdy, hamala palataň içinde hiç kim ýaşamaýan ýaly. Diňe krowat daş töwerekdäki tertip düzgünden daşyna çykýardy. Krowatda ýaman hor adam ýatyrdy, özem edil ak kagyz ýaly akdy we edil şol kagyz ýaly ýuwkady. Näzik oňa gözi düşüp bir bada gorkdy, ýöne özini ýaman çalt ele aldy. Ol adamyň göwresi gymyldanokdy. Ýöne başy edil sallançak ýaly çepe saga hallan atýardy. Näzik şeýle näsaglary öň hem görüpdi. Kelläň eýläk beýläk hallan atmasy nerwy ulgamyň çenden aşa bozulmagyny aňlatýardy.

—Salam, men siziň täze lukmamyňyz Näzik Weliýewna, —Näzik özini tanyşdyrdy.

Näsag öň sözlerinden soň başyny çepe saga hallan atdyrmasyny goýdy we oturan ýerinden dikelip Näzige seretdi. Ol adamyň ýaşy 38-di, ýöne edil çöp ýaly horlanany üçin mekdep okuwçysyny ýatladýardy.

—Eger sen meň ýanyma girip bilen bolsaň diýmek sen ýönekeý gyz bolmaly däl, —näsag gürledi.

Öň gürleýşi örän çalty. Adaty adamlaryň gürleýşinden iki esse ýaly çaltdy. Sen çalt gürleýän bolsaň diýmek göreçlerden gelýän habara daýanýaň. —Näzik belledi. Diýmek sen görýän zadyňdan lezzet alýaň. Ertir seň ýanyňa gelemde azajyk açygrak geýinip gelerin.

—Men siziň täze lukmanyňyz, şu günden başlap siziň saglygyňyzyň aladasyny men ederin, siz näme üçin iýmitden boýun gaçyrýaňyz?

—Sen kakasyz ösdiňmi? —Näsag Näzigiň sözlerini böldi.

Näzik çyndanam kakasyz ösüpdi we şonuň üçin bu sorag ony deňagramlykdan çykarypdy. Ol men barada nirden bilýär? —Näzik oýlandy. Belki meň ýüzümden aňandyr, ýa-da biri aýdandyr, aýdar ýaly bärde adam ýok. Bilgiçdir palçylarada men ynanamok.

—Boş gürrüňleri goýalyňda siziň saglygyň barada pikir alyşalyň. —Azajyk oýlanmadan soň Näzik dowam etdi.

—Gapyň agzyndan duran şepagat uýasyny görüdüňmi? Nobatçy gelin? —Näsag ýatan ýerinden sag tarapa elini uzatdy. Oň eli guran süňki ýatladýardy. —Ol hem edil sen ýaly kakasyz ösen. Keselhanaň başlygy hem edil sen ýaly kakasyz ösen. Men hem siz ýaly kakasyz ösen. Geň zat şeýle dälmä? Ýetimleriň bary bir ýerde jemleşen ýaly? Elebetde biz bir eýýäm ýetim däl, biz ullakan adamlar, ýöne barybir biziň balbymyz ýetimleriň kalby.

Näzik ýene täzeden doňdy, ol gyzy deňagramlykdan çykaryp biljek zatlar dünýede az azdy. Ýöne oň öňünde duran adam kim bolsada ol durgrusyny aýdýardy. Nobatçy şepagat uýasy hem ýap-ýaňja kakam ir wagt aradan çykdy diýipdi. Keselhanaň başlygy hem kakasyz ösüpdi. Näzik hem edil şeýledi. Eger ýalan sözlemeýän bolsa näsag hem kakasyz ösen bolmalydy. Bir günüň dowamynda 4 sany kakasyz adam. Beýle gabat gelmeler Näzigi geň galdyrdy, ýöne ol bu barada pikir alyşmaga milt etmedi.

—Siziň adyňyz we familiýaňyz? —Näzik geň galanyny bildirmejek bolup soragy dowam etdi.

—Siziň keselhanaňyzda men barada ähli maglumatlar bolmaly, şonuň üçin bilýän zadyňyzy soramaň.

—Ondana men siziň adyňyzy öz agzyňyzdan eşidesim gelýär, men siziň ruhy ýagdaýyňyza baha kesmeli.

—Rahman Zulfikarow, —Näsag gysgaça jogap berdi.

—Ýalan sözlemäň bu siziň hakyky adyňyz däl.

—Bolýar, men size öz hakyky adymy we familiýamy aýdaýyn, ýöne barybir siz meň adymy Rahman diýip tutuň, ylalaşdykmy?

Näzik razylygyň şanyna başyny atdy we näsag öz resmi adyny aýtdy. Adaty at we familiýa, ýüz döndürer ýaly hiç hili üýtgeşik ýeri ýok.

—Hany aýdyň, siz näme üçin öz hakyky adyňyzyň tutulmagyny isläňzok? —Näzik sorady.

—Men tutulanyny islämok diýmedim. Meň tanyşlarymyň bary meň çyn adymy tutýar, emma edebiýat dünýäsinde meň adym Rahman Zulfikarow.

—Siz ýazyjymy? —Näzik gysgaça sorady.

—Hawa, —edil şolar ýaly gysgaçada Rahman jogap berdi.

—Eger ýazyjy bolsaňyz siz akylly paýhasly adam bolmaly. Eger şeýle bolsa siz näme üçin bu ýerde bir giden adamy işden goýup samsyk syrap otyrsyňyz? Eýýäm näçe gün bäri hiç zat iýeňzok, siz kime näme subut etjek boşýaňyz? Ýa-da edil lälik çagaň yzyna düşüşleri ýaly, siziň yzyňyza düşseler göwnüňize ýaraýarmy?

Näzik başlangyç üçin näsagda azajyk hem bolsa utanç duýgularyny oýarjak boldy. Ýöne başa barmady öýdýän, sebäbi näsag hamala hiç zat eşitmedik ýaly ýerine geçip täzeden aýaklaryny uzatdy.

—Size ýüzlenýärkäler ýeriňizden turuň, siz bilen aýal maşgala gürleşip dur. —Näzik ýene bir gezek ymtyldy.

Näsaga oň sözleri täsir eden bolmaly, sebäbi ol çyndanam ýerinden turdy. Soň näsag Rahman üstbaşyny düzedip Näzige ýüzlendi:

—Meni diňläň, size näme gerek? Eger meni bejermäge gelen bolsaňyz göni yzyňyza gidiberiň, men size endamyma ýekeje derman däri sançmaga ýol bermerin. Meň agzym bekli, maňa hiç zat iýmek içmek bolmaýar.

Agzym bekli sözi Näzigi ýenede oýa batyrdy. Ol gyz din bilen arasy bolmansoň agyz bekleme oň üçin ýöne bir samsyk zatlaryň biridi. Ýöne barybir bu wagt agyz beklenýäň aýmy eýsem? Eger agyz beklenýän aý bolaýandada günde gün ýaşanyndan soň agyz açylýar dälmi näme?

—Diňläň, siz hökman bir zatlar iýäýmeli, bolmasa biz size hiç hili derman serişdeleri ulanyp bilmeýäris. Siz agzyňyzy bekläp öz aşgazanyňyzy zaýalarsyňyz, —aşgazan diýen sözüň türkmençesi Näzigiň diline zordan geldi. Ol asla türkmençe az gürleýärdi, düşünşmek üçin rus dili has ykjamdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 543 | Добавил: Awtor | Рейтинг: 3.0/ 1

Başga hekaýalar

Hudaýdan gorkaý adam hiç zatdan gorkanok. Hudaýdan gorkmanaý ähli zatdan gorkýar..
Işanym (dini hekaýa).
Googlyň gelejegi.
2048 (absurd hekaýa).
Daş töwerek durşuna ýalan.
Kyýamat —ölümden soň bize näme garaşýar?.
Döwülen ganatlar (oýlanma).
Mollanepes teatrynda (t.
139-njy tussag.
Jeza (antiutopiýa).

Ähli teswirler: 1
1 Muhammet   [Материал]
Awtor munyñ dowamy ÿokmy?

Имя *:
Email *:
Код *: