10:25
"X" näbellilik nyşany hökmünde

Mekdep programmasyndan, "X" näbellilik nyşany hasap edilýär. "X"-y tapmaly diýen meseleler ählimiziň ýadymyzda bolsa gerek? Eýsem "X" diňe bir matematikada däl, ol harp (näbellilik nyşany hökmünde) kino sungatynda hem bar: "X-mens" çeper filmy, näbelli adamlar diýen manyny berýär. "X-files" atly kino serialy, mister X we başga obrazlar. Ilon Maskyň "Space X" atly korporasiýa "kosmos näbelli" diýen manyny berýär. Näme üçin X harpy näbelliligiň alamaty bolandygy barada internetde her dürli pikirler bar, ýöne ol pikirler meni kän bir kanagatlandyranok. X-yň ýerinde islendik harp bolup bilerdi, ýöne näme üçindir öz wagtynda alymlar X-y saýlapdyrlar. Meň pikirime görä, bar zat beýle ýönekeý däl we X tötänden näbelliligiň nyşany bolmady. Meniñ pikirime görä ine näme üçin:
Isa pygamberi jöhitler haja çüýlediler, we şol jöhitleriň pikirine görä Isa pygamber ady ýok adam. Jöhitler ady ýok adamy, iň pes adam hasap edýärler, (çöpdüýbi hasap edýärler, —goý Alla meni şeýle sözler üçin bagyşlasyn). Nireden gelip çykany näbelli adam, bu ýagdaý jöhitler üçin geň däl, sebäbi Isa pygamberiň kakasy ýokdy, ony Bibi Merýem hiç bir erkeksiz dünýä indirdi, bu bolsa Beýik Ýaradyjynyñ öz boluşly alamaty. Ýöne jöhitleriň gözi bilen seretseň, Isa pygamber tohumy näbelli adam, ady ýok adam, sebäbi kakasynyň kimdigi belli däl. Şol sebäpden dünýä alymlary, matematika we başga ylymda, näbelliligiň nyşany hökmünde haýsam bolsa bir harpy saýlamaly bolanda, Isa pygambere we Hudaýa ýamanlyk hökmünde, haja meňzeş harpy saýlapdyrlar.
Ýewropa ýurtlarynda we Orta Aziýada, şol bir ylym standartlary höküm sürýär. Bu ýagdaý birinji we ikinji jahan urşlaryndan soň ýola goýuldy. Ýewropa standartlaryny bize ruslar getirdiler, olardan öň bizde medreseler bardy. Ruslar bolsa öz bilim sistemasyny Ýewropadan aldylar. Diýmek X harpy näbellilik hökmünde Ýewropada we ABŞ-da ulanylýan bolmaly? Kino sungatynyň üsti bilen bolsa, X harpy näbelliligiň nyşany hökmünde gowja berkitdiler. (Kimde-kim bihabar bolsa, Zemini şeýtana çokunýanlar dolandyrýar, bu zatlaryň barsy şolaryň işi).
Göräýmäge ýönekeýje hereketler bolsa-da, beýle işler näme üçin edilýär? Hristian dininiň üstünden gülmek üçinmi? Ýa-da has çüňüräk maksatlar bilenmi? Meniň pikirimçe bar zat has çylşyrymlyrak. Hajyň özi bizde Isa pygamber bilen assosiasiýalaşýar. Haç görenimizde Isa pygamber göz öňümize gelýär. Indem biziň döwrümiziň täze medeniýeti, hajy "X" harpyň üsti bilen, näbellilik bilen assosiasiýalaşdyrjak bolýar. Hamala Isa pygamber näbelliligiň alamaty hökmünde. Elbetde biziň aňymyz beýle zatlara kän bir üns berenok, ýöne biziň "podsoznaniýa" diýýän zadymyz, bar zady hasaba alýar. 

Категория: Makalalar | Просмотров: 47 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Penjireden giren aýal, (ene hakda).
Çagalaryň özüňden bolar ýaly näme etmeli?.
Googlyň gelejegi.
20-ýyl aýlaw.
QAnon hereketi we Adrenahrom.
Täze Paradigma: Bizi iýýärler.
Içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol (Oçerk).
Gürleýän guýy (gyzykly waka).
Işanym (dini hekaýa).
Teňňe (esse).

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: