12:07
Altyn goşun

Salman haýaljakdan gözlerini açdy, ol açyk meýdanda ýalaňaç ýatyrdy, daş töwerekde bolsa adam ýokdy. Salman hiç bir ýagdaýda gözlerini açmaly däldi, ol bir mahal ýogalypdy we oň jesedini oda ýakypdylar. Ol ölmezinden öň öz çagalaryna wesýet edipdi: —Meň bedenimi kül bolynça oda ýakyň we küli ýygnap, şemally gün ýele sowuryň. Salmanyň çagalary bar zady aýdylşy ýaly edipdiler. Ol öz çagalaryna diýseň kän pul goýup gidipdi. Indem welin ähli edilen işler biderek bolýan bolmagy ähtimal? Ine Salman, edil kül bolmadyk ýaly.
- Men nämeler etdim? - diýip Salman boýuna dikeldi.
Ol entek diri wagty eden işlerinden ökünýärdi, gorkýardy. Daş töwerekde bolsa, entegem hiç kim ýokdy, iň bärkisi birje guşşagaz, ýa-da mörmöjek, iň bärkisi birje otjagaz hem gögerenokdy. Zemin üýtgäpdi, öňki zemin bir eýýäm ýokdy. Salman asmana seretdi, asman hem öňkisi ýaly däldi. Öň pessaý görünýän asmana bir zatlar bolupdy. Asman indi has çüňdi, gök ögüşgin ýokdy. Bir söz bilen aýdaňda, söz berilen gün gelipdi, ol gün bolsa Salman ýalylara diýseň agyr degjekdi. Diňe "Altyn goşun" taslamasyna umut bardy. Salman diri wagty, şol taslamaň üstinde diýseň köp zähmet çekipdi. Eýsem diňe bir ol däl, ýer ýüzünde ençeme hünärmenler zähmet çekipdi. Altyn goşunyň irde giçde gerek boljagyna, Salman şol wagtlar ynananokdy, ýöne Salmany iş bilen üpjin edýän şereket ynanýan bolmalydy? Eger beýle däl bolsa, näme üçin ol taslama ençeme pul harç etsinler diýsene? Salman diri wagty örän ökde programmaçydy, ol harby robotlar üçin söweşjeň programmalary düzýärdi. Ol ilki öz watany üçin zähmet çekýärdi, ýöne günleriň birinde ony halkara bir şereket öz tarapyna çekipdi. Ol şereket Salmana diýseň kän pul töleýärdi, Salman bolsa hiç zadyň aladasyny etmän, özini tutuşlygyna işe beripdi. Salman harby robotlaryň emeli aňynyň üstinde iň soňky güne çenli işläp geçipdi. Dogrysy işi diňe Salmanyň özi alyp baranokdy, ýer ýüzünden dürli hünärmenler ol şereketiň gullugyndady. Hünärmenleriň ählisi üýşip, harby robotlaryň üstinde işleýärdiler. Hiç hili adamsyz we dolandyrmasyz, öz başdak söweşip bilýän robotlar. Ýöne şeýle robotlaryň haýsy urşlara gatnaşmalydygy Salman üçin şol wagtlar syrdy, indi welin ähli syrlar aýan boldy. Ol robotlar şu güne taýýarlanýan bolup çykdy, kyýamat günine. Ahyrzamandan soň, ýer ýüzünde ähli janly jemende ýitip gitmelidi, deňizler guramalydy, daglar küle öwrülmelidi, ýöne diňe altyndan ýasalan robotlar galmalydy. Ol robotlara "Altyn goşun" diýýärdiler. Altyn diýen zat, üstinden näçe ýyl geçsede, hiç haçan çüýränokdy, şol sebäpden hem ol metalyň bahasy gymmatdy. Salmanyň işlän şereketi, ençeme ýyllap, ýer ýüzünde önýän ähli altyny satyn alyp, ondan emeli aňly robotlary ýasap, ýeriň teýinde gizläp goýupdy. Salman ähli zatdan habarlydy, ýöne şereketiň näme üçin beýle edýänine düşinenokdy. Sebäbi ol känbir Hudaýa-da ynananokdy. Salman şereket bilen şertnama baglaşanda, Kyýamat güni oň goragy üçin, bir altyn robody mugut berýäs diýipdiler, ýöne şol günler, Salman ol habaryň üstinden hezil edip gülipdi, indem Kyýamat diýen gün gelipdi, eger bu gün çyndan hem kyýamat bolsa?
Salman hiç ýerik bytnaman oý pikire batyp oturdy, ol nirä ýöremelidigi bilenokdy. Ol şereketde işleýän wagty, ýörüte Kyýamat barada leksiýalar okaýardylar, ýöne kim ol leksiýalary çyny bilen diňledi diýsene? Şol günler bar zatlar diýseň geň we gülkinç bolup eşdilýärdi. Altyndan ýasalan harby robotlaryň Kyýamat güni işlemeli boljagy sebäpli, şeýle leksiýalar ýer alypdy. Eger leksiýalar ýalan sözlemedik bolsa, Salmany bir jandar Magşar meýdanyna kowup alyp gitmelidi, ol jandar Perişde bolmalydy. Alty sany elli, arkasy ganatly bir jandar. Şeýle jandar dogrudan hem göz ýetimde peýda boldy, Salman ol jandary gördi we ýerinden dikeldi. Gizlenere ýer ýokdy, ol jandar uly ädimler bilen ýakynlaşyp gelýärdi. Ol jandaryň elinde zynjyr bardy, ol jandar Salmanyň yzyndan gelipdi we ony Magşar meýdanyna sürüp gitmelidi. Leksiýada okalan ähli zatlar çyn bolup çykdy we birden Salmanyň ýadyna düşdi. Şereketiň söz beren mugut goragçy robodynyň tüýs gerek wagty gelipdi. Salman robotlar üçin ýörüte programma ýazypdy, özem şol robotlar, şu wagt oň ýanyna golaýlap gelýän jandara hüjim eder ýaly programma ýazypdy. Salman başda geň galypdy, näme üçin robotlar hiç ýerde ýok fantastiki jandarlara hüjim etmeli? Şol günler birinji kellä gelen pikire görä, robotlar başga planetalarda söweşmeli ýalydylar. Ýöne şereket bar zady diýseň çalt düşündirdi, robotlaryň kyýamat güni perişdelere we olaryň gullaryna garşy söweşmelidiklerini aýtdy. Salmanyň özine 12 sany perişdäň suratyny görkezdiler, ol şol perişdelere hüjim etjek robot üçin programma ýazmalydy, Salman ýazypdam. Indem şol suratdaky perişdeleriň biri, salmana tarap ýöräp gelýärdi, ol "Çopan Perişdedi", ol perişdäň esasy işi, adamlary magşar meýdanyna alyp barmakdy. Edil goýun sürüsi ýaly alyp barmakdy. Salmanyň aýaklary titräp başlady, sebäbi elhenç jandar ýakynlaşyp gelýärdi. Birden Salmanyň aýaklarynyň aşagynda ýer titräp başlady we aýak titremesi hiç zat bolup galdy. Ýeri böwsüp äpet eller göründi, soň äpet kelle. Ýeriň teýinden bir zat çykyp başlady. Ol zat äpet demir robotdy, özem altyndan robotdy. Robot ilki başda Salmana öz üç sany gözini dikdi we bir näçe sekunt nazaryny egledi. Salman nämeleriň bolýanyny bilýärdi, demir äpet oň şahsyýetini kesgitleýärdi. Salman ýüzine düşýän saçlary aýyl-saýyl etdi we ýerinden bytnaman roboda seretdi. Soň äpet yzyna öwürlip, alty elli jandara hüjim etdi. Demir äpet tutuşlygyna altyndandy, ýeriň aşagynda ençeme ýyllap ýatyp, ol azajyk kirlän ýalydy. Ýöne ol birjede könelmändi, robodyň ellerinden iki sany ýogyn gylyçlar peýda bolupdy we ol ýetip gelen perişdäni ikä bölüpdi. Daş töwerege gana meňzeş gök suwuklyk syçrapdy.
- Meň ýazan programmam - diýip Salman buýsandy.
22 ýyllap programma ýazyp, hamala ähli zat biderek ýalydy, ýöne diňe şu gün hiç zadyň biderek däldigi aýan bolupdy. Salman Altyn goşun şereketinde işleýän wagty, haýsam bolsa bir aklyndan azaşan baý adamyň isleglerini ýetine ýetirýändir diýip pikir edýärdi, ýöne wagt ol baýyň diýseň öňden görüjidigini görkezdi. Tylla robot öz programmasyny ýerine ýetirip, Salmana tarap öwrüldi we dyzyna çökdi. Oň ellerinden çykan iki sany äpet gylyçlar ýene ýerine ýygnandy. Salman robody haýaljakdan synlady. Ol robotda diňe sowuk ýarag bardy, ýaragyň başga görnüşleri barada hiç hili gürrüň ýokdy. Ot açýan ýarag wagt diýen zada döz gelip biljek däldi. Salman robodyň energiýa çeşmesi barada oýlandy. Ol nireden iýmitlenýärkä? Altyndan başga haýsy element wagta döz gelip bildi? Salman robodyň diňe söweşjeň programmasyny ýazany üçin, robodyň başga taraplary oňa aýan däldi. Bu robody düzmek üçin, 300-den gowrak hünärmen zähmet çekipdi. Onsoňam Altyn goşun şereketi ahyrzamanyň haçan düşjeginden habarly bolmaly çemeli? Eger robotlary gijikdirmän ýasap başlan bolsa? Ýa-da altyn goşun ahyrzaman düşer ýaly ýer ýüzünde bir zatlary özi eden bolmaly? Ahytzaman iň soňky çäre, adamzadyň düzelmejegine göz ýetirilse, hökman bolaýmaly zat. Ahyrzamandan öň zeminde gör nämeler boldy? Belki 3-nji we 4-nji jahan urşlary, Detjalyň ýere gelmegi, Ysa Pygamberiň oňa garşy söweşmegi, soň Äjit-mäjitleriň bosgunçulygy. Garaz zeminde bolan zatlar kän, ýöne altyn goşun robotlary hiç bir dawwa jenjele goşulman, ýeriň aşagynda öz wagtyna garaşyp ýatan bolmalyda? Kyýamat wagtyna? Onsoň bu robotlar näçe asyr ýeriň aşagynda gizlendiler, olar ýokaryk çykmagyň wagtynyň gelendigini nireden bildiler? Belkem bir alamatlar bolandyrda? —Salman oýlandy. Indi näme etmeli, nirä ýöremeli? Belki robot bir zatlar bilýändir? Robot hakykatdan hem bilýän bolup çykdy. Robot Salmana ses ýazgyny okap berdi:
- Salman, biz sizi şu günde hoş gördük, "Altyn goşun" şereketiniň direktorlar maslahatynyň baştutany. Bu ýazgy awtomatik görnüşde galdyrlan. Bu robot seň şahsy robotyň we seni ähli bela beterlerden gorar. Biz şeýle robotlaryň milionlarçasyny ýasap goýduk. Sen ýeke däl, sen ýalylar diýseň kän. Sen öz robodyň bilen Magşar meýdançasyna tarap ugur al, ol ýerde bize iň soňky söweş garaşýar. Biziň esasy goşunymyz eýýäm şol ýerde. Perişdelere we Hudaýa garşy söweşleri alyp barýar. Sen hem bize goşulmaly.
Robot ses ýazgyny aýdyp bolup has hem ýere golaýlady. Robodyň böwründe bir ýerde gapy açyldy. Ol ýerik birje adam sygyp biljekdi. Salman ol ýeriň özine nýetlenendigine düşündi we şol ýerik ýerleşdi. Robot ýene ör boýuna dikeldi we günbatara tarap ýolugdy. Magşar meýdanyna çenli ýol uzakdy, ol ýerik ýol bir gün däldi. Eger Altyn goşun bolmadyk bolsa, Salman belkem täzeden direlen badyna Hudaýdan dileg ederdi. Ýaşan wagty ähli eden günäleriniň geçmegini sorardy? Ýöne altyn goşun bar zady üýtgetdi. Salman indi Hudaýa garşy uruşmakçydy.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 150 | Добавил: Rahman | Рейтинг: 5.0/ 1

Başga hekaýalar

Zümerret ýa-da däliň oýlanmasy.
Azazylyň hatlary (Fantastiki hekaya).
Cagyrylmadyk myhman (Mistiki hekaya).
Epilepsiýa.
20-ýyl aýlaw.
Kerimi Kuran edebiýat eseri hökmünde.
Kyýamat —ölümden soň bize näme garaşýar?.
Adalat enjamy (fantastiki hekaýa).
Ahmediň ölümi.
Manadyň başdan geçirenleri.

Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Код *: